XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň içeri syýasaty

Russiýanyň halklary, dinleri. XVIII asyryň ahyrynda Russiýa özüniň çägi boýunça dünýäde iň uly döwletdi. Russiýanyň ilaty XVIII asyryň içinde 11 mln adam bolanlygyndan 44 mln adama çenli artdy. Russiýa köpmilletli döwletdi. Onuň düzümine adamzat ösüşiniň dürli basgançaklarynda duran dürli halklar (ruslar, ukrainler, belaruslar, polýaklar, tatarlar, başgyrtlar, finler, litwalylar, çuwaşlar, mari­ler, mordwinler, burýatlar, ýakutlar, ewenkler we birentek beýleki halklar) girýärdi. Ýurduň ilatynyň 60 – 70%-i bo­lup duran ruslardy. Russiýada dünýäniň esasy dinleri bolan hristiançylyk, musulmançylyk, buddaçylyk ýaýrapdyr. Döwlet dini hristiançylygyň prawoslaw akymy bolup, oňa ruslar, ukrainler, belaruslar we dürli milletler uýýardylar.

Ykdysady we syýasy ýagdaýy. XIX asyryň başlarynda Russiýada içeri we daşary söwda ösýärdi, söwda merkezleri, sergi ýarmarkalar özleriniň pul dolanyşyklaryny has-da artdyrýardylar. Oba hojalygy senagat bilen barha ysnyşykly baglanyşdyrylýardy, oba bazar gatnaşyklarynabarha giň çekilýärdi – begzadalar we daýhanlar bazarlarda oba hojalyk önümlerini satýardylar we senagat önümlerini satyn alýardylar. Oba hojalyk harytlarynyň daşary ýurtlara satylyşy artýardy. Russiýa oba hojalyk (agrar) ýurtdy: onuň ilatynyň 95,5%‑i obada ýaşaýardy we oba hojalygy bilen meşgullanýardy, diňe 4%-den gowragy şäherlilerdi. Ylmyň, tehnikanyň gaza­nanlary Russiýanyň önümçilik pudaklaryna-da ornaşýardy. Senagat ösýärdi, aýratyn hem nah-mata önümçiligi ösendi.

Russiýada senagatyň we söwdanyň ösüşi täze gatlaklaryň – söwda-senagat buržuaziýasynyň we hakynatutma işçileriň döremegine getiripdir. Emma bu ýagdaý örän haýal barýardy. Senagatyň, söwdanyň ösüş depginleri pesdi we ýurduň barha artýan isleglerini ödemeýärdi, zähmet öndü­rijiligi senagatyň, aýratyn hem oba hojalygynyň tehniki ýag­daýy entek pes derejededi. Ykdysady ösüşiň esasy bökdenji daýhanlaryň hukuksyzlygydy we olaryň begzadalaryň elin­de bolmagydy. Senagatyň ösmegi üçin artykmaç işçi güýji ýetmeýärdi. Özüniň syýasy gurluşy boýunça Russiýa çäklendirilme­dik häkimiýetli patyşalykdy. Döwlet başynda Bütinrussiýa hökümdary durýardy. Onuň tagty nesilden-nesle geçýärdi.

Aleksandr I-niň ýurdy dolandyrmagy. 1801‑nji ýylda rus tagtyna Aleksandr I (1801–1825) çykdy. 1803‑nji ýylda erkin daýhanlar barada kanun çykaryldy, şol kanunboýun­ça ýer eýeleri uly töleg alyp, öz daýhanlaryny ýeri bilen er­kinlige goýbermäge hukuk aldylar. Iş ýüzünde bu kanunyň hakyky netijeleri uly bolmady: Aleksandr I patyşalyk eden tutuş döwründe diňe birnäçe begzada şol kanundan peýda­landy. Şeýle-de bolsa bu kanunyň bellibir derejede ähmiýeti boldy: hökümet hukuksyz daýhanlary azat etmegiň mümkinçiligini resmi taýdan ykrar etdi.

Russiýada häkimiýetiň merkezi edaralary ep-esli üýt­gedildi. Täze edaralar – ministrlikler döredilýärdi, şolarda ministr ýeke-täk ýolbaşçydy we ol gös-göni patyşa tabyndy. Munuň özi döwlet dolandyryşynyň ol ýa-da başga pudagyna has gowy ýolbaşçylyk etmäge mümkinçilik berýärdi. Senat döwletiň ýokary kazyýet edarasyna öwrüldi. Mundan başga-da, onuň üstüne ýurtda kanunlaryň berjaý edilişine we dolandyryş edaralaryň işine gözegçilik etmek wezipesi ýüklenildi. 1810-njy ýylda döredilen Döwlet maslahaty ýokary dolandyryş edarasy boldy. Onuň düzümine patyşa tarapyn­dan bellenilýän ministrler we beýleki uly gullukçylar girýär­diler. Patyşanyň ýanyndaky maslahatçy edara bolan Döwlet maslahatynda täze kanun taslamalaryna we iňňän möhüm döwlet işlerine garalýardy. Bu özgerişlikler dolandyryşyň mundan beýläk-de merkezleşmegine we çäklendirilmedik patyşalyk düzgüniniň güýçlenmegine eltýärdi.

Jemgyýetçilik akymy we hereketi. 1812-nji ýylyň Watançylyk urşundan soň Russiýada gizlin jemgyýetçilik guramalary we hereketleri peýda bolup ugraýar. Şeýle guramalaryň ilkinjisi Halas ediş birleşigi bolup, ony ýaş ser­kerde A. N. Murawýow esaslandyrdy we S. P. Trubeskoý, M. S. Lunin, P. I. Pestel, N. N. Murawýow ýaly serkerdeler bolsa onuň iň işjeň agzalarydy. Bu guramanyň maksady Rus­siýada daýhanlaryň hukuksyzlygyny ýatyrmak, patyşanyň häkimiýetini çäklendirmek bolup durýardy. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda erkinlik hakyndaky pikirleri ýaýratmagy, halky sowatly etmegi, kitaplary we žurnallary neşir etmekligi göz öňünde tutýardy. Guramanyň agzalary Günbatar Ýewropa ýurtlarynda özgertmeleriň tarapdarlary tarapyndan amala aşyrylan döwlet agdarylyşyklary hakynda eşidýärdiler. Şol sebäpden hem olar öz maksat-hyýallaryny amala aşyrmak üçin gozgalaň turuzmaga we döwlet agdarylyşygyny geçirmäge ugur aldylar.

Şol döwürde iki sany jemgyýetçilik-syýasy akymlary hem ýüze çykýar. Slawýanofiller öňki düzgüni dikeltmek is­leýärdiler, çünki olaryň pikiriçe diňe köne düzgün slawýan halklarynyň ruhuna laýyk gelýärdi. Olara günbatarçylar garaýrylmazbölegi hökmünde görýärdiler, şonuň üçin hem Russiýa öz ýolunda Günbatara ýüzlenmelidi. Olaryň arasyndaky je­deller şol döwürde Russiýada jemgyýetçilik pikiriniň ösendi­gine şaýatlyk edýär.

1821 – 1822-nji ýyllarda Günorta hem Demirgazyk gizlin jemgyýetleri döredilýär. Günorta jemgyýetiň merkezi Ukrainada, Demirgazygyňky bolsa Peterburgda ýerleşýärdi. Bu guramalar gizlinlikde işlän hem bolsalar, patyşa häki­miýeti olar barada doly habarlydy. 1822-nji ýylda ähli giz­lin guramalar gadagan edilýär we häkimiýetler tarapyndan yzarlanylyp başlanýar.

Günorta jemgyýetiniň ýolbaşçysy P. I. Pestel Russiýaüçin geljekki konstitusiýanyň taslamasyny işläp düzdi. P. I. Pestel öz konstitusiýasyny Rus hakykaty diýip atlandyrypdyr. Bu resminama boýunça Russiýa respublika bolmalydy, häkimiýet bolsa şahalara bölünmelidi. Kanun çykaryjy häkimiýet Halk weçesine (maslahatyna) degişli bolmalydy. Halk weçesi ýurduň 20 ýaşa ýeten erkek adamlary tarapyndan saýlanýardy. Ýerine ýetiriji häkimiýet bäş adamdan ybarat bolan Döwlet dumasyna degişli edilipdir. Konstitusiýanyň ýerine ýetirilişine 120 adamdan durýan Ýokary sobor (ýygnak) gözegçilik etmelidi.

1825-nji ýylyň ýazynda Aleksandr I aradan çykýar. Täze patyşa Nikolaý I-niň kasam etmek dabarasy 1825-nji ýylyň 14-nji dekabryna bellenilýär. Bu dabarany Demirgazykjemgyýetiniň agzalary peýdalanmagy makul bilýärler. Çykyşlaryň dekabr aýynda bolandygy üçin olary dekabristler diýip atlandyrdylar. Dekabristleriň patyşa garşy çykyşy Peterburgda kasam dabarasy wagty başlanmalydy. Harby ýolbaşçy edilip S. P. Trubiskoý bellenildi.

1825-nji ýylyň 14-nji dekabrynda ir säher bilen Peterburgda dekabristleriň gozgalaňy başlandy. Emma NikolaýI-niň buýrugy bilen patyşa häkimiýetine garşy çykan goşunlaryňhemmesi oka tutuldy. Gozgalaňyň netijesinde iki tarapdan 300-e golaý adam öldi.

Peterburgdaky gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň Günorta jemgyýet tarapyndan Ukrainada hem gozgalaň turzulýar. Emma bu çykyşlar hem şowsuz tamamlandy. Patyşa häkimiýetleri dekabristleri jenaýat jogapkärçiligine çekdi. Olaryň 5-si jezalandyryldy, 100-den gowragy bolsa Si­bire sürgün edildi.

Nikolaý I. Patyşa Nikolaý I (1825 – 1855) döwlet dolandyryş işlerinde diňe bir möhüm mese­leleri däl, eýsem ownuk meseleleri hem bir özi çözmäge çalşypdyr. Içerisyýa­satda Nikolaý I daýhanlaryň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak üçin işleri alyp barypdyr. 1837 – 1841‑nji ýyllarda daýhanlaryň içki öz-özüňi dolandyryş edarasy döredilýär. Obalarda daýhan­lar üçin mekdepler we keselhanalar açylypdyr. Ýer ýetmeýän daýhanlary ýurduň gündogaryna göçürmek boýun­ça işler amala aşyrylypdyr.

Daýhanlara hasylsyzlyk döwründe kömek bermek üçin jemgyýetçilik ýerleri döredildi. Şol ýerlerde daýhanlar bileleşip zähmet çekýärdiler we önümibile paýlaşýardylar. Hukuksyz daýhanlary bergileri üçin maşgalasyndan aýryp satmak gadagan edildi. Emma häkimiýetleriň daýhanlara üns bermegine garamazdan, hukuksyz daýhançylyk syýa­saty Russiýada dowam edýärdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top