XIX asyryň birinji ýarymynda Russiýanyň daşary syýasaty

Russiýanyň Kawkaza hüjüm etmegi. XIX asyryň başlarynda Kawkaz ülkesiniň daş-töweregi rus ýerleriniň gurşawyna düşdi. Patyşa häkimiýeti bu ýerlerde rus agalygyny ornaşdyrmak isleýärdi. Bu bolsa Demirgazyk Kawkazyň musulman halklarynyň garşylyk hereketini döretdi. 1817-nji ýylda Demirgazyk Kawkazda ýaşaýan halklaryň Russiýanyň basybalyjylykly syýasatyna garşy urşy başlanýar. Demirgazyk Kawkazyň gündogar böleginde rusla­ra garşy çeçenler, inguşlar, dagystanlylar, günbatarynda çerkesler, abhazlar çykyş edýärdiler. Olaryň Russiýa garşy urşy milli azat edijilik häsiýetdedi. Bu uruşda daglylary Türkiýe we Eýran ýakyndan goldaýardy.

Dagly halklaryň milli azat edijilik hereketine bütin Kawkaz ülkesinde uly meşhurlyga eýe bolan ymam Şamil ýolbaşçylyk edýärdi. Kawkazdaky uruşlar örän uzaga çek­di we tä 1864-nji ýyla çenli dowam etdi. Emma Kawkaz halklarynyň urşy olaryň ýeňilmegi we bütin Demirgazyk Kawkazyň Russiýanyň düzümine girizilmegi bilen tamam­landy.

Russiýanyň Eýran we Türkiýe bilen uruşlary. Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky uruş 1804 – 1813-nji ýyllar aralygynda dowam edipdir. Eýran goşuny san taýdan agdyklyk etse-de, onuň ýarag üpjünçiligi örän pes bolupdyr. Gysga wagtyň içinde rus goşunlary Eýrana degişli köp ýer­leri basyp aldylar. Hut şol wagt Russiýa Türkiýä garşy hem uruş alyp barýardy. 1806-njy ýylda rus-türk urşy başlandy. Harby he­reketler, esasan, Moldawiýada, Walahiýada we Bolgariýada alnyp barylýardy. 1812-nji ýylda Buharestde parahatçylykly şertnama gol çekildi. Şertnama boýunça Bessarabiýa Russiýa birikdirildi.

Kawkazy gaýtaryp almak maksady bilen, 1826‑njy ýyl­da Eýran Russiýanyň garşysyna täze urşa başlady. Emma söweş hereketleri eýran goşunlary üçin ýene‑de şowsuz tamamlandy we ol ýeňildi. 1828-nji ýylyň Türkmençaý şertnamasy boýunça Russiýa Gündogar Ermenistany we tutuş Demirgazyk Azerbaýjany eýeledi we Hazar deňzinde öz harby flotuny saklamaga hu­kuk aldy.

Eýran-rus urşy tamamlanandan soň, Russiýa Türkiýä garşy uruş yglan etdi. Rus goşunlary bu uruşda-da ýeňiş gazanmagy başardylar. 1829-njy ýylda Russiýanyň we Türkiýäniň arasynda Adrionopol parahatçylykly şertnama gol çekilip, Gara deňziň gündogar kenarýakasyndaky Poti‑Suhu­mi aralykdaky ýerler Russiýanyň düzümine girizildi.

Russiýanyň Fransiýa garşy urşy. 1812-nji ýylyň iýunynda fransuz goşunlary Neman derýasyndan geçip, Russiýanyň çäklerine çozdular. Rus harbylary fransuz goşunlaryna garşy diňe 210 müňden sähelçe gowrak esgeri we serkerdeleri goýup bildi. Dagynyk rus goşunlary baş söweşe girişip bilmediler. Rus goşunynyň yza çekilmegi tutanýerli goranyş söweşleri bilen utgaşdyrylýardy, şol söweşler bol­sa fransuz goşunlarynyň güýjüni gaçyrýardy, olaryň öňe süýşmegini bökdeýärdi. Ilatyň ep-esli bölegi ekinleri, mallary ýok edip, goşun bilen gidýärdi ýa-da tokaýlara gaçýardy. Fransuz goşunlary uly ýitgi çekýärdi we günsaýyn güýçden gaçýardy. Emma güýç agdyklygy henizem fransuzlaryň ta­rapyndady. Napoleon Russiýanyň köne paýtagtyna tarap dyzaýardy.

Mihail Kutuzow (1745 – 1813) meşhur rus serkerdesidi. Kutuzow Moskwadan 120 km uzaklykdaky Borodino obasynyň golaýynda Napoleonyň goşunynyň garşysyna baş söweş meýilnamasyny taýýarlaýar. 1812-nji ýylyň awgustynda gandöküşikli Borodino söweşi bolup geçdi. Söweşden soň ruslar yza çekilip, Moskwany goýup gidýärler. 2-nji sentýabrda Napoleonyň goşuny Moskwa girdi. Fransuz goşunlary Moskwada bir aýlap boldular. Emma rus goşunlary derbi-dagyn edilmän galypdy. Russiýa ýörişleriň netije bermejekdigine göz ýetirip, fransuz goşunlary yza do­lanmak barada buýruk aldylar. Olaryň barýan ýollarynda rus goşunlary çykyp, Napoleonyň goşunlaryna uly zarba urýardylar. Şeýlelikde, Russiýa gelen fransuz goşunlarynyň aglabasy ýok edildi, Napoleonyň özi bolsa zordan Fransiýa gaýdyp bardy.

Aleksandr I-niň teklibi boýunça Ýewropada rewolýusion hereketleriň öňüni almak maksady bilen, Mukaddes bileleşik döredilýär. Oňa gatnaşyjy ýurtlar rewolýusiýalary basyp ýatyrmakda birek-birege kömek bermegi borç edindi­ler. Emma 1820-nji ýylda Mukaddes bileleşigiň ýurtlarynyň arasynda gapma-garşylyklar ýüze çykyp başlapdyr.

Krym urşy we onuň netijeleri. Patyşa Nikolaý I Balkanlarda öz täsirini güýçlendirmek üçin Türkiýäniň garşysyna syýasat alyp barýardy. Munuň üçin ol dürli bahana­lar gözleýärdi. Türk soltany hristianlaryň mukaddeslikleriniň biri ha­sap edilýän Ierusalimdäki ybadathanasynyň açaryny kato­likçi ruhanylara beripdir. Russiýa bolsa açaryň prawoslaw ruhanylaryna berilmegini isleýärdi. Maksadyna ýetip bil­medik Russiýa 1853-nji ýylda Dunaý derýasynyň boýundaky Türkiýäniň tabynlygyndaky ýerlere goşunlaryny saldy we Türkiýä garşy uruş yglan etdi. Emma Russiýanyň garşysyna bütin Ýewropa aýaga galdy. Sebäbi Awstriýa, Fransiýa, Prussiýa we Angliýa Russiýanyň güýçlenmegini islemeýär­diler. 1854-nji ýylda Angliýa bilen Fransiýa hem Russiýa garşy uruş yglan etdiler.

Esasy uruş hereketleri Krymda ýaýbaňlandy. Krym ýarym adasynyň harby taýdan Russiýa üçin ägirt uly ähmiýeti bardy, çünki ol Russiýanyň tutuş günortasynyň howpsuzlygyny üpjün edýärdi. 1854-nji ýylyň sentýabrynda iňlis, fransuz we türk goşunlaryny öz içine alýan 60 müňden köpräk uly goşun Ýewpatoriýa şäheriniň golaýynda düşürildi. Patyşa generallary bu ägirt uly goşunyň düşürilmegine päs­gel berip bilmediler. Bu goşun Krymdaky esasy harby-deňiz nokady bolan Sewastopolyň üstüne hüjüme başlady we ony eýeledi. Krym urşunda rus goşunlary ýeňildi. Krym urşunyň netijesinde 1856-njy ýylda Parižde para­hatçylyk şertnamasy baglaşyldy. Şertnama boýunça Russiýa Gara deňizde harby deňiz goşuny saklamak hukugyndan mahrum boldy, şeýle hem Bessarabiýa, Serbiýa we Walahiýa Türkiýä gaýtarylyp berildi. Bu uruşda Russiýa harby taý­dan agyr ýeňlişe sezewar boldy. Halkara gatnaşyklarynda onuň abraýy pese gaçdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top