Modelleriň görnüşleri

Adam obýektleriň (jandarlaryň, predmetleriň ýa-da hadysalaryň ) häsiýetleri barada olara gözegçilik etmek esasynda bilýär. Eger-de gözegçilik etmek kyn ýa-da howply bolsa, onda obýektleriň ýerine olary “çalşyryjylar”: suratlar, maketler, heýkeller, fotografiýalar, filmler ulanylýar. Bu “çalşyryjylar” obýektleriň häsiýetleriniň bölegini şöhlelendirýärler. Mysal üçin, “Waharman” gawunynyň suraty onuň reňkini, formasyny berse-de ysyny we tagamyny berip bilmez. Modele obýekti çalşyryjy hökminde garamak bolar, ony döretmek we ulanmak prosesine modelleşdirmek diýilýär. Siz awtoulaglaryň, uçarlaryň, demir ýollaryň modelleri bilen tanyşsyňyz. Modelleriň dürli görnüşleri okuw we oýun maksatlary üçin ulanylýar, olar bilen alymlar, inženerler, bezegçiler, arhitektorlar we kolleksionerler iş salyşýarlar.

Adamlar modelleri döredýärler we peýdalanýarlar sebäbi olar hakyky obýektlerden elýeterli, howpsuz we arzandyr.

Obýektiň modelini kagyzdan, agaçdan, metaldan we ş. m. gurmak bolar. Obýektiň häsiýetlerine at bermek bolar. Eger-de obýekt söz arkaly beýan edilýän bolsa, onda ol onuň modelidir. Mysal üçin söz arkaly beýan etmek bilen şäherden gerekli köçäňi, kitaphanadan gerekli kitabyňy tapmak bolar.

Söz arkaly beýan etmek obýektleriň kompýuter modelleri gurulanda hem gerek bolýar.

Modelde obýektiň nyşanlary näçe köp beýan edilýän bolsa, ol şonça-da doludyr. Obýekt-esasyň hemme häsiýetlerini görkezmek mümkin däldir, köplenç onuň geregem ýok. Mysal üçin, eger uçaryň modeli kolleksiýa üçin döredilýän bolsa, onda onuň daşky görnüşi ýasalyp, uçuş häsiýetleri göz öňünde tutulmaýar.

Modelleşdirmegiň maksadyndan modele bolan talaplar – hususan-da ol obýekt-esasyň haýsy nyşanlaryny şöhlelendirmelidigi gelip çykýar.

Modelde obýekt-esasyň häsiýetlerini iki usulda görkezmek bolýar.

Birinjiden, nyşany nusgalamak we ýerine ýetirmek mümkin. Şeýle modellere tebigy (naturalaýyn, materiallaýyn) modeller diýilýär.

Tebigy modellere: mulýažlar we maketler – ulaldylan ýa-da kiçeldilen nusgalar, obýektiň daşky görnüşini (globus), gurluşyny (Gün sistemasynyň modeli) ýa-da özüni alyp barşyny (awtoulagyň radiodolandyryş modeli) kesgitleýän modelleşdirmeler mysal bolup biler.

Ikinjiden obýekt-esasyň (originalyň) nyşanlaryny informasiýalary kodlama dilleriniň birinde beýan etmek mümkin – söz arkaly beýan etmek, formulasyny, shemasyny ýa-da çyzgysyny getirmek. Şeýle modellere informasion modeller diýilýär.

Modelleri toparlaşdyrmak

Obýektiň häsiýetlerine baglylykda modeller toparlara bölünýär: matematiki, fiziki, biologiki.

Teswir ýaz

Scroll to Top