Köplükler

Siz durmuşda dürli köplüklere gabat gelensiňiz, emma köplükler barada pikir eden dälsiňiz. Mysal üçin mekdepde dürli synplarda okuwçylar (oglan-gyzlar) okaýarlar. Olary umumy nyşanlar birikdirýär: daşky görnüşleri (formalary) we ýaş derejeleri. Şonuň üçin mekdebiň ähli okuwçylary köplügi düzýär diýip aýtmak bolar.

Haýsy bolsa-da käbir nyşanlary bilen meňzeş bolan obýektleriň toparyna köplük diýilýär.

Obýekti beýan etmek onuň häsiýetlerini sanamakdan däl-de, “Bu näme?” ýa-da “Bu kim?” ýaly soraglara jogap bermekden başlanýar. Mysal üçin: Aždar – bu goýun iti, ol dört ýaşynda. Aýra-Baba dag depesi – bu Türkmenistanyň iň beýik nokadydyr.

Şol bir obýekt bilen dürli atlar baglanyşykly bolup biler. Bir adyň umumy beýleki adyň bolsa ýeke-täk bolmagy mümkin. Umumy at obýektleriň köplügini, ýeke-täk at bolsa bu köplükden belli bir obýekti aňladýar. Bu iki sözlemde “it”, “dag” – umumy atlar.

Aýratyn predmetlere berlen atlar boýunça belli bir köplügiň obýektlerini tapawutlandyrmak bolýar. Şol bir predmet dürli ýagdaýlarda dürlüçe atlandyrylyp bilner. Mysal üçin bagda miwe berýän alma, armyt we şetdaly agaçlary bar, bu agaçlaryň ýanynda ýene-de bir armyt agajyny ekdiler. Eýýäm bu ýagdaýda “garry armyt agajy”, “ýaş armyt agajy” ýaly atlary ulanmaly bolarys.

Adamlaryň, haýwanlaryň, geografik obýektleriň, sungat eserleriniň ýeke-täk atlary olaryň hususy atlarydyr. Mysal üçin, adamlaryň atalarynyň atlary we familiýalary, haýwanlaryň lakamlary, şäher atlary.

Bir köplügiň elementlerini deňeşdirmek we tapawutlandyrmak bolar.

Mysal üçin: jaýlar gurlan materialy, gatlarynyň, otaglarynyň sany, … ; daglar ýerleşýän ýeri, beýikligi, …; atlar görnüşi, reňki, ýaşy, … boýunça tapawutlanýarlar.

Bulardan başga-da köplügiň obýektleriniň näme edip bilýänligi barada hem aýtmak bolar. Mysal üçin: at kişňeýär, buýruklaryňa düşünýär, … .

Obýektleriň köplükleri beýan edilende olaryň özlerini alyp barşyny we atributlaryny görkezmek bolar. Käwagtlar her bir köplük üçin atributlaryň bahalary zerur bolup durýar we olar tablisalarda ýerleşdirilýär.

Teswir ýaz

Scroll to Top