Informasiýa barada düşünje. Informasiýanyň görnüşleri

Informasiýa sözi «informatio» diýen latyn sözünden gelip çykýar we türkmen diline terjime edilende maglumat, habar, düşündirmek ýaly manylary berýär. Häzirki wagtda informasiýa düşünjesiniň aýdyň kesgitlemesi ýokdur.

Informasiýa düşünjesi adamzat jemgyýetiniň ähli pudaklarynda ulanylýar. Ylymda informasiýa düşünjesi şol ylymdaky düşünjeler bilen baglanyşdyrylýar.

Fizikada termodinamiki sistemanyň tertipsizliginiň ölçegi bolup entropiýa hyzmat edýär. Şol bir wagtda sistemanyň tertipliliginiň we çylşyrymlylygynyň ölçegi bolup informasiýa (antientropiýa) hyzmat edýär. Sistemanyň çylşyrymlylygynyň ösmegi netijesinde entropiýanyň ululygy kiçelýär, informasiýanyň ululygy bolsa artýar. Informasiýanyň ulalmagy açyk, daşky sreda bilen madda hemde energiýa çalyşmasy bolan, janly tebigatyň öz-özünden ösýän sistemalaryna (belok molekulalary, organizmler, haýwanlaryň görnüşleri we başgalar) mahsusdyr. Şeýlelik bilen, fizikada informasiýa antientropiýa hökmünde seredilýär.

Biologiýada informasiýa düşünjesi janly organizmleriň özlerini belli bir kanunlara laýyklykda alyp barmaklary bilen baglanyşdyrylýar. Şeýle häsiýet organizmiň daşky gurşaw baradaky informasiýalary ulanmagy we almagy esasynda döreýär.

Şeýle hem, biologiýada informasiýa düşünjesi nesle geçijilik mehanizmlerini öwrenmekde ulanylýar. Genetiki informasiýalar nesilden-nesle geçýär we janly organizmleriň ähli öýjüklerinde saklanýar. Genler janly organizmleriň gurluşy barada informasiýany saklaýan çylşyrymly molekulýar gurluşdyr. Bu bolsa klonirlemek, başgaça aýdylanda, bir kletkadan organizmiň takyk nusgasyny döretmek boýunça ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Kibernetikada (dolandyryş baradaky ylym) informasiýa düşünjesi çylşyrymly sistemalardaky (janly organizmlerdäki ýa-da tehniki gurluşlardaky) dolandyryş prosesi bilen baglanyşyklydyr. Islendik organizmiň ýaşaýşy ýa-da tehniki enjamyň kadaly işleýşi dolandyryş proseslerine baglydyr. Şol proseslere baglylykda olaryň ýaşaýşyny (işleýşini) üpjün edýän parametrleriniň bahalary zerur çäklerde saklanylýar. Dolandyryş prosesi informasiýanyň alynmagyny, saklanmagyny, özgerdilmegini we geçirilmegini özünde jemleýär.

Adam informasiýany daşky gurşawdan duýgy organlarynyň kömegi bilen alýar, seljerýär we pikir etmek bilen belli bir kanunalaýyklygy ýüze çykarýar. Alnan informasiýany ýadynda saklaýar. Ylmy derňewler tebigat baradaky informasiýalaryň bilim görnüşinde toplanmagyna getirýär. Şeýlelikde, informasiýa düşünjesi bilim düşünjesi hökmünde hem seredilip bilner.

Ýokardaky aýdylanlar esasynda informasiýa düşünjesine bizi gurşap alan dünýäniň obýektleri barada kesgitsizligi aýyrýan, saklamaga, gaýtadan işlemäge we geçirmäge niýetlenen maglumat hökmünde garamak bolar.

Informasiýa öz aňladylyşyna we adamyň ony kabul ediş usulyna laýyklykda şu aşakdaky görnüşlerde bolýar:

– tekst, san, grafik, tablisa we ş.m.;

– ylmy, durmuşy, syýasy, ykdysady we ş.m.;

– gündelik, önümçilik, tehniki, dolandyryş;

– görüş, eşidiş, ys alyş, tagam biliş, syzyş.

Signal, habar, maglumat düşünjeleri informasiýa düşün jesi bilen ýakyn baglanyşykdadyr.

Maglumat formallaşdyrylan görnüşde aňladylýan we tehniki serişdeleriň kömegi bilen täzeden işlenmäge niýetlenilen ýa-da işlenen informasiýalardyr.

Habar kesgitli formada aňladylan we aralyga ibermäge niýetlenilen informasiýadyr.

Signal – bu haýsy hem bolsa bir hadysa hakyndaky informasiýany geçiriji (äkidiji) fziki prosesdir.

Meselem, telegraf boýunça berlen telegrammanyň teksti – bu habardyr. Mazmuny – informasiýadyr. Telefon simi boýunça gelen elektrik togy – signaldyr.

Informasiýa aşakdaky esasy häsiýetlere eýe bolmalydyr:

  1. Düşnüklilik. Adamlar özara duşuşanlarynda haýsy hem bolsa bir dilde informasiýa alyşýarlar. Mysal üçin, türkmen, rus, iňlis we beýleki dillerde. Adamlaryň ählisi şol bir dilde gürleýän bolsalar, onda olaryň alyşýan informasiýalary duşuşyga gatnaşýan ähli adama düşnükli bolýar.
  2. Peýdalylyk. Informasiýa ony alyşýanlar üçin peýdaly bolmalydyr. Peýdasyz informasiýalaryň toplanmagy gerekli informasiýany tapmagy kynlaşdyrýar.
  3. Dogrulyk. Informasiýa hakyky ýagdaýy görkezmelidir. Hakyky däl informasiýalar jemgyýetde adamlara zyýan ýetirip we käbir ýaramaz netijelere getirip bilýär.
  4. Wajyplyk. Wajyplygyny ýitiren informasiýa peýdasyzdyr.
  5. Dolulyk. Informasiýa düşünmek üçin we belli bir netije çykarmak üçin doly bolmalydyr. Doly we dogry informasiýalary almak ylmyň öňünde durýan esasy meseledir.
  6. Elýeterlilik. Informasiýa elýeterli bolmalydyr. Eger ol adama elýeterli bolmasa, onda ol peýdasyzdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen “Informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary” okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top