Obýektleriň häsiýetleri baradaky çyn ýa-da ýalan pikir aýtmalar

Haýsy-da bolsa bir zat tassyk ýa-da inkär edilýän sözleme pikir aýtma diýilýär.

Pikir aýtma çyn ýa-da ýalan bolup biler. Hakykata laýyk gelýän pikir aýtmalara çyn, hakykata laýyk gelmeýänlerine ýalan pikir aýtmalar diýilýär. Mysal üçin: “ Aşgabat, Garaşsyz we Bitarap döwlet” – çyn pikir aýtma, “2+2=5” – ýalan pikir aýtma .

Pikir aýtmalar diňe habar sözleminde aňladylýar. Sorag we ýüzlenme sözlemler pikir aýtma bolmaýar. Mysal üçin: “Sagat näçe boldy, aýtsaňyzlaň?”,“Gapyny ýapmagyňyzy haýyş edýärin!”.

Pikir aýtmanyň çynlygy iki bahanyň (“çyn” ýa-da “ýalan”; “hawa” ýa-da “ýok”; ”1” ýa-da ”0” ) diňe birini alyp biler.

Adamyň durmuşynda pikir ýöretmeler wajypdyr, sebäbi berlen maglumatlaryň esasynda netije çykarmaly bolýar. Nämä esaslanyp şeýle netije çykarandygyňy düşündirmek zerurdyr.

Mysal üçin, okuwçy pikir ýöretmeleriň esasynda meseläni çözüp, yzarlaýjy jenaýatçyny tapyp, lukman hassanyň keselini kesgitläp biler.

Pikir ýöretmeler beýan edilende ulanylýan pikir aýtmalar ýörite şertli kabul edilen sözler ýa-da simwollar bilen belgilenýär, olara logiki ululygyň ady diýilýär.

Dürli ýagdaýlar üçin logiki ululyklaryň bahalary barada pikir ýöredilende olaryň bahalaryny tablisa ýerleşdirmek amatly bolýar.

G – güneş (açyk howa);

B – bulut (bulutly howa).

 

Pikir aýtma

(logiki ululyklaryň ady)

Bulut

 

Güneş

G

0

1

B

1

0

Teswir ýaz

Scroll to Top