Howpsuzlyk düzgünleri

Kompýuterde işläniňde ýadamazlyk üçin dogry oturmaly, klawiaturanyň üstünde elleriňi dogry saklap, barmaklaryň bilen düwmeleri dogry basmaly.

Kompýuterde işlenende dogry oturmagyň düzgünleri:

  • aýaklaryň ýerde ýa-da ýörite aýak goýulýan enjamyň üstünde dogry durmaly;
  • oturgyçda göni ýa-da biraz yza çekilibräk, biliňi dogry, dik tutup oturmaly;
  • küýkerilip, bükülip, eglip, boýnuňy süýndürip oturmak bolmaýar;
  • tirsegiňi biliňe, göwräňe ýakyn saklamaly;
  • tirsekden başlap bilege çenli eller sähel egik bolmaly;
  • elleri, bilekleri bükmek bolmaýar;
  • bilekler direg bolup durmaly;
  • monitoryň ekrany bilen gözüň aralygy azyndan 50-60 santimetr bolmaly.

Kompýuteriň başynda oturyşyňyz düzgüne laýyk bolsa, onda ýadawlyk duýmazdan uzak wagtlap işläp bilersiňiz. Ýadanyňyzda ýeriňizden turup, göz we el maşklaryny ýerine ýetirmeli.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenen 3-nji synplar üçin «Informatikanyň esaslary» dersi boýunça okuw kitaby

1 thought on “Howpsuzlyk düzgünleri”

Teswir ýaz

Scroll to Top