Flash wektor grafiki redaktory barada düşünje we onuň gurallary

Flash programma animasion (latynça animare sözi “janlandyrmak” diýen manyny berýär) filmler, kompýuter oýunlary işlenip taýýarlananda şeýle hem web-sahypalar, interaktiw okuw gollanmalary we prezentasiýalar döredilende ulanylýar.

Flash programmasynyň mümkinçilikleri:

  • kompýuterde özbaşdak (awtonom) seretmek we olary internetde ýerleşdirmek üçin interaktiw multimedia dokumentlerini döretmek;
  • animasiýaly şekilleri we multiplikasiýa filmleri döretmek;
    (Flash-animasiýa beýleki islendik kompýuter animasiýasyndan çalt ýerine ýetirilýär);
  • brauzeriň penjiresiniň ölçegine bagly bolmadyk web-sahypalary döretmek (Flash programmasynda döredilen we Flash player-de seredilýän grafikanyň şekillendirilişi hil taýdan örän ýokarydyr);
  • interfeýsiň elementlerini döretmek we oňa haýsy-da bolsa bir hereketi ýerine ýetirmegi berkitmek;
  • dokumente ses we wideo goýmak (düwmejige basmak arkaly sazy diňlemek ýa-da wideo tomaşa etmek).

Programma ýüklenenden soň açylan penjireden programmanyň interfeýsi bilen gysgaça tanyşalyň. Animasiýa döretmekde AdobeFlash programmasynyň mümkinçilikleri uludyr.

Häsiýetler (Свойства) paneli esasy panelleriň biridir. Bu panel haýsy obýekt bilen ýa-da haýsy gural bilen işlenýändigine baglylykda daşky görnüşini üýtgedip durýar. Onuň kömegi bilen obýektiň häsiýetini (koordinatalaryny ýa-da ony başga obýekte çalşyryp) üýtgedip bilýäris.

Gurallar paneli – bu obýektleri döretmek we redaktirlemek üçin niýetlenýär.

  1. Ugurgörkezgiç – obýekti saýlamaga we onuň bilen zerur bolan işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
  2. Ýörite tapawutlandyrma – obýektiň formasyny üýtgetmek üçin ulanylýar. Obýekt tapawutlandyrylanda obýektde sudur nokatjyklary peýda bolýar, olary tutup çekmek arkaly obýektiň formasyny erkin üýtgetmek mümkin.
  3. Kement (Lasso) – erkin formada bölekleri tapawutlandyrmak üçin ulanylýar.
  4. Pero – bu guralyň kömegi bilen göni ýa-da egri çyzyklaryň segmentlerini döredip, burçlaryň ululyklaryny, göni çyzyklaryň uzynlyklaryny, segmentleriň ýapgytlyklaryny sazlap bolýar. Göni ýa-da egri çyzyklaryň segmentinde syçanyň çep gulagyna basmak bilen düwün nokatlaryny döredip bolýar.
  5. Çyzyk – göni çyzyklary şekillendirmek üçin ulanylýar.
  6. Galam – adaty grafiki redaktorlardaky ýaly erkin çyzyklaryň suratyny çekmekde ulanylýar.
  7. Bezeme (декорирование) – saýlanan meýdany nagyş bilen bezeýär.
  8. Süňk (Obýekte baglamak) – saýlanan obýekte baglylykda öz düzümini üýtgedýär.
  9. Damdyrgyç – boýagyň reňkini ýa-da çyzygyň sazlamasyny (reňk, stil, başga çyzyklara ulanmak üçin çyzygyň inini) kesgitlemek üçin ulanylýar. Şeýle hem bu gural boýag hökmünde rastr şekilleri saýlamaga hem mümkinçilik berýär.
  10. El – iş meýdanyny süýşürmekde ulanylýar.
  11. Sudur (çäk) çyzygyň reňki – sudur çyzygyň reňkini saýlamak.
  12. Boýag reňki – boýagyň reňkini saýlamak.
  13. Ak-gara reňk – ak-gara reňki saýlamak.
  14. Erkin özgertme – obýektiň formasyny islendik ugra üýtgetmäge, ony eplemäge, erkin görnüşde öwürmäge mümkinçilik berýär. Onuň düzümine Gradiýent özgertmesi (gradiýent barada soňra aýdarys) guraly hem girýär ol gradiýent boýagyny üýtgetmäge mümkinçilik berýär.
  15. 3-D obýekti öwürmek 3-D obýekti öwürmäge (ornuny üýtgetmäge) mümkinçilik berýär.
  16. Tekst tekst ýazmak üçin peýdalanylýar.
  17. Gönüburçluk – grafiki ýönekeýleriň (gönüburçluk, kwadrat, owal, we ş. m.) suratyny çekmek üçin peýdalanylýar. Haçan-da onuň sag aşaky burçundaky üçburçluk işjeňleşdirilende sanaw ýüze çykýar, ondan surat çekmek üçin figuralaryň birini saýlamak bolar.
  18. Çotga – bu gural ýörite effektleri (şol sanda kalligrafik) döretmäge we import edilen nokatlaýyn suraty reňklemäge hem mümkinçilik berýär.
  19. Reňkli bedre – Çyzyklar bilen çäklenen bölegi reňkleýär.
  20. Bozguç – çyzyklary we boýaglary öçürmekde ulanylýar.
  21. Ulaltgyç (Lupa) – ulaldyjy we kiçeldiji gural.

Wagt şkalasy (oňa montaž çyzgyjy hem diýilýär) bu çyzgyçda animasiýa wagta görä sinhronlanýar (grek. sinhron – birwagtda) we dürli gatlaklarda grafiki elementler ýerleşdirilýär (6.1-nji surat). Ol gatlak we montaž meýdanlaryndan (oblastlaryndan) durýar. Wagt şkalasy roligiň (möçberi uly bolmadyk film) her bir kadryny görkezýär.

Gatlak meýdanynda gatlagyň ady we häsiýetleri (görkezmek/gizlemek, gatlaklary gulplamak/açmak) we gatlaklaryň şekillendiriş usullary (gatlaklary sudur görnüşinde şekillendirmek) bardyr.

Meýdanyň aşaky çetinde “gatlagy goýmak”, “ýolgörkezijini goşmak”, “gatlaklaryň papkasyny goýmak”, “gatlagy ýok etmek” düwmejikleri bardyr.

Montaž meýdanynyň aşaky çetinde obýektleriň şekillendirilişini dolandyrýan, işjeň kadryň san belgisini, kadrlaryň ýygylygyny, roligiň dowamlylygyny görkezýän düwmejikler ýerleşýär.

Teswir ýaz

Scroll to Top