Syçanyň ulanylyşy

Informasiýalary girizmek üçin, klawiaturadan başga­da syçan ulanylýar.

Kompýuteriň ekranynda obýektleri görkezmek, surat çekmek we ş.m. işler üçin syçany ulanmak bolar. Tekst kursory – bu ýanyp­-sönüp duran dik kesimi ýada salýar. Ol klawiaturadan giriziljek belginiň ýazyljak ýerini görkezýär.

Syçanyň kursory bolsa ýapgyt ugur görkezgiç (peýkam) görnüşindedir. Syçanyň süýşürilmegi bilen ekranda kursor hem süýşýär.

Syçanyň bir tigirjigi we iki sany gulagy (çep we sag düwmesi) bolýar. Tigirjik adatça tekst gözden geçirilende ulanylýar. Syçanyň çep gulagy bir gezek ýa-­da iki gezek çalt basylyp ulanylýar.

Eger siz sag eliňiz bilen işleýän bolsaňyz, onda syçanyň çep gulagy esasydyr.

Syçanyň kömegi bilen ýerine ýetirilýän amallar aşakdaky tablisada getirilendir:

Amallar Onuň netijesi
1 2
Syçanyň görkezijisini haýsy­-da bolsa bir obýekte getirmeli we saklamaly. Ekranda bu obýekt baradaky informasiýany saklaýan gönükdirme peýda bolar.
Obýektiň üstünde syçanyň çep gulagyna basyp goýbermek. Üstüne basylan obýekt tapawutlanýar, ýagny ol ýagtylanar.
Obýektiň üstünde syçanyň çep gulagyna iki gezek basyp goýbermek. Obýekt peýdalanylar (programma işe goýberilýär ýa-­da resminama açylýar).
Obýektiň üstünde syçanyň sag gulagyna basyp goýbermek. Kontekst menýu açylar (menýunyň düzümi haýsy obýektiň saýlanyp alnyşyna baglydyr).
Syçanyň görkezijisini obýektiň üstüne getirmeli we onuň çep gulagyna basyp saklap, kursoryň ornuny başga ýere üýtgetmeli. Obýekt başga ýere ornuny üýtgeder.
Syçanyň kursory iki ugurly bolsa ↕, ↔ onda çep gulagyna basyp, ornuny üýtgetmeli. Obýektiň ölçegleri üýtgär.
Syçanyň çep gulagyna basyp, obýektleriň toplumyny tapawutlandyrmaly. Obýektler toparlaýyn saýlanyp alnar.
Syçanyň görkezijisini obýektiň üstüne getirmeli we onuň sag gulagyna basyp, goýbermän ornuny üýtgetmeli (ýörite çekip eltmek) Buýruklarynyň birini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän menýu (ýörite çekip eltmek) açylar.

Teswir ýaz

Scroll to Top