Obýekt barada düşünje

Adamy hemme ýerde dürli obýektler gurşap alýarlar: janly we jansyz hem-de dürli gurluşly we ölçegli predmetler. Adamlar, ösümlikler we haýwanlar, oýunjaklar we gurallar, maşynlar we otlular, köçeler we şäherler, planetalar we ýyldyzlar – bularyň hemmesi obýektlerdir. Hadysa, waka, çäre – bular hem obýektlerdir. Mysal üçin: futbol topy, mekdep sapagy, spektakl, gezelenç etmek. Obýekt bizi gurşap alýan dünýäde hakyky ýa-da adamyň hyýalynda bolup biler.

Ululyklaryň kömegi bilen obýekti beýan etmek bolar. Mysal üçin: mekdebi gatlarynyň sany, “liftiň barlygy”, “diwarlaryň haýsy materialdan gurlandygy”. Obýekt bilen baglanyşykly ululyklara jansyz obýekt üçin atributlar, janly obýektler üçin bolsa häsiýetler diýilýär.

Atributlaryň ýa-da häsiýetleriň beýanyny düzmek üçin “Ol nähili?” diýen sorag berilýär. Mysal üçin: “ – Nähili mekdep? – ak mekdep, dört gatdan ybarat, kerpiçden”.

Atributyň ady – bu ululygyň ady. Mysal üçin, “mekdep” obýektiniň “jaýyň reňki”, “gatlaryň sany”, “liftiň barlygy”, “material” ýaly atly atributlary bardyr.

Atributyň bahasy – bu ululygyň bahasy bolup, obýekt bilen baglydyr. Mekdebiň mysalynda gatlaryň, liftleriň mukdary atributlaryň bahalary bolup bilerler. Atributyň bahasy mukdar ululygy aňladýar.

Kompýuter programmalary döredilende her bir obýekt baradaky “ol nähili?” diýen soraga takyk we bir bahaly jogap berilýär. Munuň üçin bu obýektiň atributlarynyň atlaryny we bahalaryny görkezmelidir.

Beýleki islendik ululyklar ýaly obýektleriň atributlaryna gysga at bermek bolar.

Teswir ýaz

Scroll to Top