Modeller barada düşünje

Adam özüni gurşap alan dünýä akyl ýetirmäge çalyşýar, ol bar bolan obýektler bilen gatnaşykda bolup, täze obýektleri döredýär.

Bizi gurşap alan dünýä düşünmegiň usullarynyň biri modelleşdirmedir. Modelleşdirmek arkaly hakyky obýektler olaryň modelleri bilen çalşyrylýar. Obýekti çalşyryjyny model, başdaky obýekti bolsa asyl nusga (original) diýip atlandyrmak kabul edilendir. Mysal üçin, gepleşikde biz hakyky obýekti onuň ady bilen çalşyrýarys, dükanyň bezegçisi manekenden – ýasalan adam heýkeliniň modelinden peýdalanýar, konstruktorlar uçaryň we awtoulagyň, arhitektorlar jaýlaryň, köprüleriň we seýilgähleriň modelini gurýarlar. Islendik görkezme esbaplar, mekdepde sapakda ulanylýan: globus, karta, mulýaž (predmetiň gipsden, mumdan, parafinden öz hakyky ululygynda taýýarlanan modeli), tablisa, shema we ş. m. model bolup biler.

Modele obýekti göz öňüne getirmegi, oňa düşünmegi ýeňilleşdirýän gural hökmünde garamak bolar.

Model döretmeklige ýüzlenilýär:

  • öwrenilýän obýekt örän uly (Gün sistemasynyň modeli) ýa-da örän kiçi (atomyň modeli) bolanda;
  • proses örän çalt (içinden ýandyrylan hereketlendirijiniň modeli) ýa-da haýal (geologiki model) bolup geçende;
  • obýekti derňemek daş-töwerek üçin howply (atom partlaýşynyň modeli)
    bolanda;
  • özüniň weýran bolmagyna getirip biljek (uçaryň modeli) bolsa;
  • hakyky obýekti döretmek örän gymmat düşýän bolsa.

Hemme modelleriň nähili umumylyklary bar? Olaryň nähili häsiýetleri bar?

Birinjiden model esasy-obýektiň takyk nusgasy däldir: ol esasy-obýektiň häsiýetleriniň, bölejigini şöhlelendirýär. Manekene eşik geýdirmek bolar, emma onuň bilen gürleşmek mümkin däldir. Awtoulagyň modeli hereketlendirijisiz, jaýyň modeli suw we elektrik geçirijisiz bolup biler.

Ikinjiden islendik model esasy-obýektiň nyşanlarynyň bir bölegini şöhlelendirýär.

Şol bir obýektiň dürli modellerini döretmek we peýdalanmak bolýar. Mysal üçin: oýnalýan top Ýer planetasynyň bir häsiýetine (onuň görnüşine) eýe bolup biler.

Modelleriň ulanylýan ýerleri:

  • material predmetler barada düşünje bermekde (ýaşaýyş etraplarynyň gurmagyň maketi);
  • belli fakt barada düşünje bermekde (haýwanyň skeletiniň maketi);
  • barlag geçirilýän obýekt hakyndaky ylmy çaklamalary barlamakda we täze bilimleri almakda (täze düzümli uçaryň uçuşynyň modeli);
  • çaklaýyşda (kosmosdan alnan suratlar boýunça netije çykarmak);
  • dolandyryşda (otlularyň ganawynyň tertibi).

Teswir ýaz

Scroll to Top