Nyşanlary we häsiýetleri boýunça obýektleri tapawutlandyrmak

Obýektleriň atributlaryny olaryň nyşanlary we ýerine ýetirýän işleri boýunça bölüşdirmek bolýar. Siziň bilişiňiz ýaly obýektiň nyşany “ol nähili”, onuň ýerine ýetirýän işi “ol näme edip bilýär” (ýa-da ol bilen näme edip bolýar) diýen soraga jogap berýär.

Mysal üçin, awtoulag: «nähili» – ýeňil, dört tigirli, çalt, ak reňkli, ýaponlaryňky;

«ony näme etmek bolýar» – satyn almak, satmak, sürmek, bejermek, sökmek bolýar; «ol näme edýär» – poslaýar, könelýär, döwülýär.

Obýektiň häsiýetleri beýan edilende hemme häsiýetleri däl-de, onuň belli bir ýagdaýy üçin wajyplary beýan edilýär. Mysal üçin awtoulag satyn alnanda onuň bahasyny, markasyny we görnüşini, hereketlendirijisiniň kuwwatyny bilmek gerek bolýar. Diýmek, berlen obýektiň möhüm atributy ony ulanylan wagtynda ýerine ýetirýän işleri bilen baglanyşyklydyr.

Kompýuter programmalary döredilende atributlary saýlamak hem obýektiň ýerine ýetirýän işleri bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin başda obýekt bilen ýerine ýetirilmeli işler anyklamak zerurdyr.

Wagtyň her bir kesgitlenen ýagdaýynda obýekt bilen onuň atributlarynyň takyk bahalarynyň toplumynyň arasynda baglanyşyk bardyr. Şol ýagdaýa obýektiň ýagdaýy diýip atlandyrmak kabul edilen.

Obýektleriň düzümi

“Ol näme edýär?” diýen soraga jogap berýär we obýektiň nämäni ýerine ýetirýänligini görkezýär şeýle hem “nämeden durýar?” (ýa-da içinde näme bar?) diýen soraga jogap berýän häsiýetler hem bar.

Mysal üçin, “Welosiped nämeden durýar?” diýen soraga ol: tigirlerden, ramadan, çarhlardan, zynjyrdan, eýerden , pedallardan we ş. m. durýar diýip jogap bermek bolar.

Oturgyjyň we stoluň haýsy umumy bölekleri bar? Jogap: aýaklary.

Obýekti beýan etmek üçin ony pikiriňde böleklere bölmeli. Mysal üçin, öýüň düzümini beýan etmek üçin, ilki binýady, diwarlary, üçegi soňra diwarlaryň düzümindäki gapylar, penjireler tapawutlandyrylýar hem-de penjire çarçuwa we aýna bölünýär.

Obýekt dürli obýektleriň toplumyndan durýar. Mysal üçin, kompýuter biri-birine meňzeş bolmadyk obýektleriň toplumyndan (sistema blogy, monitor, klawiatura we ş. m.) durýar, olaryň alamatlary dürli-dürlidir.

Obýektleriň düzümi beýan edilende kesgitli bir obýektiň düzümine ýa-da obýektleriň köplüginiň umumy düzümine seredilýär. Mysal üçin:

  • jaýyň düzümine diwarlar, üçek, gapylar, penjireler we ş. m. girýär;
  • awtoulagyň düzümine hereketlendiriji, kuzowy, tigirleri we ş. m. girýär;

Kompýuter programmalary döredilende obýektiň häsiýetlerini beýan etmeklige diňe onuň nyşanlary girmän, eýsem, obýektiň düzümleri hem girýär. Şonuň üçin ilki obýektiň bütewiligini emele getirýän düzümi anyklamaly.

Obýektler ýönekeý we düzme bolup bilerler. Düzme obýektler deň – birjynsly, birmeňzeş obýektlerden ybarat bolup bilerler.

Teswir ýaz

Scroll to Top