Informatika

Operasion sistema bilen işlemegiň düzgünleri

Operasion sistema – bu kompýuteriň işini dolandyrýan, ulanyjy bilen gepleşigi alyp barýan programmalaryň toplumydyr. Operasion sistema kompýuteriň her bir gurluşyna näme etmelidigini we haýsy yzygiderlikde ýerine ýetirmelidigini salgy berýär. Mundan başga-da ulanyjy üçin peýdaly işleriň toplumyny ýerine ýetirýär, ol esasy programmalaryň biridir. Mekdepleriň kompýuter otaglaryndaky kompýuterlerde Microsoft korporasiýasynyň Windows operasion sistemasy oturdylandyr. Windows sözi türkmençä […]

Operasion sistema bilen işlemegiň düzgünleri Giňişleýin oka »

Kompýuter otagynda howpsuzlyk düzgünleri

Mekdeplerdäki kompýuter otaglarynda kompýuterler hem-de olar bilen işlemek üçin beýleki zerur enjamlar gurnalandyr. Bularyň hemmesi adamyň ýaşaýşyna howply bolan elektrik toklaryna birikdirilendir. Şonuň üçin kompýuter otagyna gireniňizde seresap we ünsli bolmak gerekdir. Islendik seresapsyz hereket erbet netijelere getirip biler. Siz kompýuter otagyna gireniňizde, kompýuterde işlemegiň howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünlerini ýatlaň. Kompýuter otagynda işläniňizde örän ünsli bolmalydyr.

Kompýuter otagynda howpsuzlyk düzgünleri Giňişleýin oka »

Informatika barada düşünje

Informatika we informasiýa tehnologiýalary dersi informasiýalar, olaryň ýygnalyşy, ýatda saklanylyşy, işlenip taýýarlanylyşy hem-de kompýuter tehnikalarynyň kömegi bilen aňlatmak baradaky ylymdyr. Informatika kompýuterler hem-de informasion sistemalar bilen iş salyşýar. Informatikada maglumatlar, informasiýalar we bilimler esasy düşünjeler bolup durýar. Maglumat düşünjesi data diýen latyn sözünden gelip çykyp fakt – bolan zady aňladýar. Informasiýa düşünjesi information diýen latyn

Informatika barada düşünje Giňişleýin oka »

Informasiýa mukdaryny ölçemegiň birlikleri

Kompýuterlerde islendik informasiýany beýan etmekde 2-lik hasaplaýyş sistemasynyň 0 we 1 sifrlerden düzülen belgiler toplumyndan peýdalanylýar. Diýmek kompýuter ikilik sanlara düşünýär. 0 ýa-da 1 sifirler  bit diýip atlandyrylýar. Edil uzynlygyň metr, wagtyň sagat, massanyň kilogram we ş. m. arkaly ölçenilişi ýaly informasiýanyň mukdary hem degişli ölçeg birlikleriň kömegi bilen ölçenilýär. Bit informasiýanyň mukdaryny ölçemegiň iň

Informasiýa mukdaryny ölçemegiň birlikleri Giňişleýin oka »

Iň meşhur programma dilleri

Iň köp ulanylýan 10 programma dili Eger siz programma üpjünçilik dünýäsine täze girişen bolsaňyz, siziň kelläňize geljek ilkinji sorag şu bolsa gerek: «Nireden başlamaly?». Tehnologiýa taýdan pajarlap ösýän dünýämizde ýüzlerçe programma dillerine duşmak bolýar. Olaryň içinden özüňiziň maksadyňyza laýygyny we jemgyýetimiz tarapyndan talap edilýänini saýlamagyň iň gowy ýoly hem dünýä bazaryna ser salmakdyr. Bu makalamyzda

Iň meşhur programma dilleri Giňişleýin oka »

Haker kim? Ulanýan usullary we gurallary haýsylar?

Internet dünýäniň iň tizlikli ulalýan maglumatlar okeanydyr. Işlerimizi etmek, maglumatlar öwrenmek we wagt geçirmek üçin internete islegimiz çäksizdir. Her gün millionlap adam bu bu okeana çümüp çykýar. Bu dünýä toruny döreden millionlap kompýuter eýelerinden diňe bir bölegi internetiň howplaryndan habarly bolup, örän az kişi abanýan howplary tanamak we olaryň öňüni almak üçin wagt sarp edýär.

Haker kim? Ulanýan usullary we gurallary haýsylar? Giňişleýin oka »

Modelirleme akyl ýetirme hökmünde

Modelirleme – bu akyl ýetirmegiň modelleri döretmäge we derňemäge esaslanýan usulydyr. Tebigatda we tehnikada ähli obýektler köpdürli häsiýetlere eýedir. Modeller döredilende bolsa obýektiň häsiýetleriniň iň esasylary göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, elektrik zynjyrynyň modeli döredilende, zynjyryň elementleriniň özara ýerleşýän ýerlerine bagly bolmadyk, birikdirilmeginiň tertibi göz öňünde tutulýar. Her bir ylym obýektleri we prosesleri dürli nukdaýnazardan derňemek bilen,

Modelirleme akyl ýetirme hökmünde Giňişleýin oka »

Informasiýalar we olaryň kompýuterde aňladylyşy

Informasiýa – bu  degişli ulgamlar (janly organizmler, dolandyryjy maşynlar we tehnikalar) tarapyndan daşky gurşawyň obýektleri we hadysalary, olaryň häsiýeti, ölçegi we hili baradaky kabul edilip alynýan habardyr. Häzirki döwürde informasiýalary döredýän, ýatda saklaýan, gaýtadan işleýän her bir tehnologiýa informasiýa tehnologiýasydiýilýär. Informasiýalary belgiler bilen beýan etmeklik işine kodlaşdyrmak diýilýär. Informasiýalary beýan etmeklik üçin ulanylýan şertli belgileriň toplumyna kod diýilýär. Häzirki zaman kompýuterleri informasiýalaryň

Informasiýalar we olaryň kompýuterde aňladylyşy Giňişleýin oka »

C++

C++ – bu programmalaşdyrmagyň bir görnüşidir. Ol C programmasyndan gelip çykýar. C++-yň derejesi uly we kiçi effektler we ýazgylar bolansoň, orta derejeli programma hasap edilýär. C++ programmalaşdyrmak görnüşi hem edil Java, Ruby, Python, C, Pascal we C# ýaly işleýär. Bu programmalaşdyrmak dilleriniň tapawudy, olarda kod ýazanyňda, üytgeşik ýazgylar we funksiýalar, grafikalar we başga kiçi aýratynlyklar ulanylýar. C++ bilen programma ýazmak alkhorizmler, ýagny

C++ Giňişleýin oka »

Scroll to Top