Italýan döwletlerindäki rewolýusiýalar

Italiýa döwletleriniň ýagdaýy. 1815-nji ýyldaky Wena maslahatyndan soň Italiýa sekiz sany korollyga bölünip­di. Ähli ýerde korollaryň çäklendirilmedik häkimiýeti ber­karar edildi. Syýasy dagynyklyk, ownuk hökümdarlaryň, begzadalaryň, gullukçylaryň eden-etdiligi, daýhanlaryň iri ýer eýelerine garaşlylygy – bularyň hemmesi iri buržuaziýanyň nägileliginiň güýçlenmegine getirýärdi we halk köpçüliginiň ýigrenjini döredýärdi.

Italiýanyň Lombardiýa we Wenesiýa sebitleri Awstriýa döwletiniň düzümine girýärdi, şeýle bolansoň, Awstriýa häkimiýetleri olardan ägirt uly salgytlar alýardy. Gabsburglaryň neberesinden bolan gersoglaryň dolandyrýan ýerleri bolan Parma, Modena we Toskana hem Awstriýanyň golastyndady. Rim sebitinde papanyň dünýewi häkimiýeti saklanyp galýardy. Bu Italiýanyň milli taýdan birleşmeginiň we ykdysady ösüş ýolunda esasy päsgelçilikleriň biri bolup durýardy. Sisiliýa we Neapol korollyklary Burbonlaryň Ispaniýa­daky nesliniň häkimiýeti astyndady, olar Italiýanyň iň yza galan bölekleridi. Ol ýerlerde doly diýen ýaly feodalçylyk gatnaşyklary höküm sürýärdi.

Milandaky, Wenesiýadaky we Rimdäki bolan gozgalaňlar. Hasylsyzlyk we ykdysady çökgünlik halk köpçüliginiň betbagtçylygyny güýçlendirdi hem-de rewolýusionýagdaýyň emele gelmegine ýardam etdi. 1848-nji ýylyňýanwarynda Palermoda (Sisiliýa) köpçülikleýin çykyşlar başlandy we ol ýurduň bütin demirgazygyna ýaýrady. Halk köpçüliginiň zor salmagynda birentek döwletlerde hökümetler döredildi we konstitusiýalar yglan edildi.

Mart aýynda Awstriýanyň italýan mülklerinde gozgalaň turdy. Gozgalaň Awstriýa agalygyndan azat bolmak, Awstriýanyň gaznasyna gidýän ägirt köp salgytlardandynmak üçin turdy. Milanda (Lombardiýanyň esasy şäherinde) halk çykyşlary başlandy. Bäş güne çeken gazaply köçe söweşlerinden soň Awstriýa goşunlary Milandankowlup çykaryldy we ýerli hökümet döredildi. Milan hökümetiniň esasy maksady milli sütemi ýok etmek we konstitusiýany jar etmegi gazanan goňşy Sardiniýa korollygyna birleşmekdi. Halkyň zor salmagy bilen Sardiniýa koroly özüniň Pýemont­daky goşunlaryny awstriýalylaryň garşysyna iberdi. 1848-nji ýylyň martynda Wenesiýada hem Awstriýa sü­temine garşy gozgalaň turup, ol ýerde respublikan dolandyryşy yglan edildi. 1848-nji ýylyň mart aýynda Parmada we Modenada Awstriýanyň tabynlygyndaky hökümetler ýykyldy.

Sardiniýanyň koroly Awstriýanyň garşysyna uruş alyp barmaga gorkdy, ol özüne kömege gelen meýletinçileriň harby bölümlerine ynanmaýardy. Netijede, iýul aýynda onuň goşuny derbi-dagyn edildi we öz ýerine yza çekildi. Şonuň yzysüre Milandaky gozgalaň hem ýeňlişe sezewar boldy. Beýleki italýan döwletlerinde hem respublika garşy güýçler hüjüme geçdi. Neapolda korol Konstitusiýany ýatyrdy, Par­lamenti dargatdy, hökümetiň düzüminden demokratlary çetleşdirdi.

Emma halk we demokratik güýçler ýaraglaryny taşlamadylar. Rewolýusion demokratlar: «Korolyň urşy gutardy, indi milletiň azatlyk ugrundaky urşy başlanýar» diýen şygary öňe sürdüler. 1849-njy ýylyň başlarynda Rimde halkgozgalaňy turdy. Rim papasy gaçyp gitdi. Halkyň şatlanmagy we top atylmagy bilen Rimde respublika yglan edildi. Papa kömek sorap Fransuz Respublikasynyň Preziden­ti Lui Napoleona ýüz tutdy, ol bolsa Rim Respublikasynyň garşysyna köp sanly fransuz goşunyny iberdi.

Rimiň goranyşyna italýan demokraty Juzeppe Garibaldi (1807 – 1882) baştutanlyk etdi. Garibaldi baryp 30-njy ýyllarda Sardiniýa korollygynda bolan gozgalaňa gatnaşypdy. Gaýybana ölüm jezasyna höküm edilen Garibaldi Günorta Amerika gaçyp gidip, ol ýerde ispan sütemine garşy milli azat ediji­lik göreşe gatnaşypdy. 1848-nji ýylyň ýazynda Garibaldi watanyna dolanyp geldi we Italiýany daşary ýurt süte­minden azat etmek ugrundaky göreşe goşuldy. Garibaldiniň baştutanlygynda italiýan respublikaçylary Rim şäherini gahrymanlarça goraýardylar, emma fransuz harby goşunynyň ody olaryň garşylygyny syndyrdy. Fransuz naýzasynyň kömegi bilen papanyň dünýewi häkimiýeti dikeldildi, Rimde bolsa fransuz harby bölümi galdyryldy, çün­ki papa italiýan goşunlaryna bil baglap bilmeýärdi. Garibaldi göreşe gatnaşyjylaryň kiçeňräk topary bilen zordan Genuýa çykdy we Italiýadan ýene-de wagtlaýyn çykyp gitdi. Göreşe gatnaşyjylaryň birentegi tutulyp atyldy.

1848 – 1849-njy ýyllarda, beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, Italiýada hem tamamlanmadyk, demokratik rewolýusiýa bolup geçdi. Käbir italýan döwletlerinde rewolýusiýa milli azat edijilik häsiýete hem eýe boldy. Onuň şowsuzlyga uçramagynyň sebäpleri halk köpçüligi tarapyndan gural­manlygydy we jemgyýetçilik gatlaklarynyň dagynyklygydy. Emma Italiýada hem rewolýusiýa çuňňur yz galdyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Täze taryh” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top