Garagoýunly türkmenleriň döwleti

Oguz taýpa birleşikleriniň esasynda birnäçe uly döwletleri döreden Garagoýunly we Akgoýunly  türkmenleriň dünýä möçberindäki ornunyň uly bolandygy türkmeniň baý geçmiş taryhynda hakyky öz beýanyny tapýar. Garagoýunlylaryň kimler bolandygy we nireden gelendikleri hakynda taryhçylaryň arasynda dürli garaýyşlar bar. Şol taýpa neberesine bagyşlap, taryhy eser ýazan Faruk Sümer taryhy çeşmeleri öwrenip, olaryň Anadola gelişleri hakda iki rowaýatyň bardygyny belleýär. Bu iki maglumaty iň ygtybarly taryhy çeşme hasaplamak bolar.

Maglumatlaryň birinjisinde Akgoýunlylaryň öz doganlary Garagoýunlylar bilen Türküstandan Häzirbegjana gelip, ol ýerden hem Akgoýunlylaryň Diyarbekir welayatyna baryp, şol ýerde mekan tutandyklary, Garagoýunlylaryň bolsa, Erzinjan, Siwas etraplarynda ýer-ýurt tutandyklary barada aýdylyar. Ikinji maglumata görä, Garagoýunlylar Çingiz hanyň çozuşlaryndan aman sypmak uçin, 30 müňden gowrak çadyrly il bolup, Türküstandan Eýranyň üsti bilen Gündogar Anadola goçup barypdyr.

Garagoýunly birleşigini esaslandyranlaryň iwe, eýmir we beyleki oguz türkmen taýpalarydygy taryhy çeşmelerde agzalýar. O1 birleşigi esaslandyranlardan biri hem baharly türkmenleridir. Garagoýunly begligini 1330-njy ýylda baharly türkmenleri esaslandyrýar. Garagoýunlylaryň baýdaklarynda gara goýnuň suraty şekillendirilipdir. Bu begligiň ilkinji serdarlaryndan Baýram Hoja 1380-nji ýylda aradan çykandan soň, onuň häkimlik eden ýerlerinde dogany Berdi Hojanyň ogly Gara Mämmet (1380-1389) hökümdarlyk edýär. Gara Mämmet Wan we Urmiýa kölleriniň demirgazyk tarapynda merkezi Wan şäheri bolan döwleti döredýär. O1 döwlet ýuwaş-ýuwaşdan öz täsirini Häzirbegjana we Gündogar Anadola ýetirýär. Gara Mämmet Garagoýunlylardan düzgün-nyzamly, batyrgaý, söweşjeň goşun toplamagy başarýar. O1 hatda jelaýyr şazadalarynyň tagt üstünde özara söweşlerine-de gatnaşýar. Ýöne şol wagt Garagoýunly türkmen begleriniň öz aralarynda-da tagt ugrunda göreş gidýär. Gara Mämmet 1389-njy ýylda Siriýada söweş meydanynda doganoglany Pirhasan tarapyndan öldürilýär. Onuň ornuna ogly Jemaleddin Gara Ýusup (1389-1420) geçýär.

XIV asyryň ikinji ýarymynda Akgoýunly türkmenleriň birleşigi güýçlenip başlaýar. O1 bolsa iki sany özara garyndaş taýpalaryň arasynda gandöküşikli çaknyşyklaryň döremegine getirýär. Bu çaknyşyklar XIV asyryň 80-nji ýyllarynda türkmenleriň ýaşaýan ýerlerine Temiriň ýöriş etmegi bilen has-da güýçlenýär. Akgoýunlylar Temiriň agalygyna boýun bolýarlar. Garagoýunlylar bolsa jelaýyrlardan we osmanly türkmenlerden kömek alyp, Temiriň we Akgoýunlylaryň garşysyna göreşmeklerini dowam etdirýärler. Temir 1393-nji ýylda birinji gezek Yraga ýöriş edip, Bagdady töwerekleri bilen eýeleýär.

Gara Ýusup Temire garşy barlyşyksyz göreş alyp barýar. Taryhy çeşmelerde Gara Ýusubyň 1395-nji ýylda bäş müň goşun bilen Temiriň ýigrimi müň goşunyny ýeňlişe sezewar edişi agzalyar. Bu söweş Garagoýunlylaryň ähli türkmen beglikleri bilen agzybirlikde guran gaýduwsyz göreşleriniň ýanbermezdigini görkezen söweşdi.

Gara Ýusup 1403-nji ýyla çenli ençeme gezek Temiriň goşunyna garşy söweşýär we güýjüniň deň gelmejegine gözi ýetip, Damaska gelip, memlukly soltany Farajdan kömek soraýar. Şeyle haýyş bilen şol wagt Bagdadyň häkimi Ahmet Jelayyr hem Damaska gelýär. Emma memlukly soltany Faraj Temirden gorkusyna Gara Ýusuby-da, Ahmet Jelaýyry-da zyndana taşladýar. Zyndandaky iki bendi ömürleriniň ahyryna çenli dost boljakdyklary we eger bendilikden boşaýsalar, soltan Ahmediň Bagdatda, Gara Ýusubyň bolsa Töwrizde hokumdar bolmalydygy barada özara wadalaşýarlar. 1405-nji ýylyň ahyrynda Temiriň ölmegi Gara Ýusup bilen Ahmet Jelayyryň bendilikden boşamaklaryna amatly şert döredýär. Bular wadalaşyşlary ýaly, ilki Bagdada gelip, Temiriň agtygy Ebubekir mürzäniň elinden tagty alýarlar. Soltan Ahmet tagta geçýär. Gara Ýusup bolsa, emir Temiriň agtygy Abubekiriň agalygyndan Häzirbegjany azat etmäge taýýarlyk görüp başlaýar.

Temirilerden ahmyrly Garagoýunly türkmen begleri olar bilen söweşmäge howlugýarlar. 1406-njy ýylyň dekabrynda Nahçywanyň günbatarynda, Araz çaýynyň boýunda temiriler bilen bolan söweşde türkmenler ýeňiş gazanýarlar. Gara Ýusup köp olja alýar. Şol aýgytly söweşde Temiriň ogly Miranşa hem öldürilýär.

Garagoýunly türkmenler Günorta Häzirbegjany temirilerden arassalap, temirileriň ýarany bolan Akgoýunlylara garşy söweş edýän wagtlary – 1410-njy ýylda soltan Ahmet Jelaýyr Gara Ýusup bilen eden ähtini bozýar-da, Töwrizi eýeleýär. Garagoýunlylar bilen jelayyrlaryň arasynda 1410-njy ýylyň awgustynda Töwriziň eteginde bolan söweş türkmenleriň ýeňşi bilen tamamlanýar. Garagoýunlylar döwletiniň düzümine Häzirbegjanyň Kuradan günortadaky ýerleri, Ermenistan, Kürdüstan, Yrak Arabystany girýär. Döwletiň merkezi şäheri Töwriz bolýar. Gara Ýusup Günorta Häzirbegjanda güýçli döwlet gurmak üçin Şirwany-da özüne birikdirmek isleýär. Güýçli atly goşun ýygnap, Şirwanşanyň üstüne ýöriş etmäge taýýarlanyp başlaýar. 1412-nji ýylyň noýabrynda Şirwanşa Ybrayym I-niň, gürji patyşasy Konstantiniň we Şekiniň hökümdary Sidi Ahmediň birleşen goşuny Kura derýasynyň boýunda Garagoýunlylaryň garşysyna çykýar. Bir aýa çeken gandöküşikli uruşda Garagoýunlylar ýeňiş gazanýarlar, köp ýesir alýarlar. Garagoýunlylar Şirwandan ýüzlerçe müň maly sürüp äkidýärler. 1200 yrak tümenini töläp hem-de öz üstünden Garagoýunlylaryň agalygyny ykrar edip, Şirwanşa Ybraýym I ýesirlikden boşaýar. 1417-nji ýylda Ybrayym ölenden soň, onuň ornuna geçen ogly Halylulla I (1417-1462) Şirwany ýene-de garaşsyz döwlet hökmunde yglan edýär. O1 Horasanyň häkimi Şahruh (1405-1447) bilen dostlukly gatnaşykda bolmaga çalyşýar.

Gara Ýusup bolsa, öz garşysyna Şahruhyň goşun toplaýandygyny eşidip, 1417-nji ýylyň aýagynda onuň bilen ylalaşyk gazanmak üçin Hyrada ilçi iberýär. Beýleki tarapdan, Gara Ýusup kurt serdarlarynyň, Akgoýunlylaryň goşunlaryna garşy hem söweşmeli bolýar. O1 ömrüniň soňky ýyllarynda üznüksiz şowsuzlyklara uçraýar. Heniz ol dirikä mirasdüşer bellan ogly Pirpudak ýogalýar. Şahruhyň Gara Ýusubyň garşysyna goşun toplap ýöriş etjekdigini eşiden memlukly soltany-da Garagoýunlylara garşy çykyş edýär.

1420-nji ýylda Şahruh Garagoýunly türkmenleriň özüne tabyn bolmagyny talap edýän habar bilen Sadyk atly adamy Töwrize ugradýär. Gara Ýusup ol talaby ret edýär. Şonuň üçin hem şol ýylyň awgustynda Şahruh ägirt köp goşun bilen Hyratdan ugraýar. Şahruhyň goşuny iki ýüz müň atlydan-da köpräk bolupdyr. Özüniň agyr ýarawsyzlygyna, at üstünde oturmaga gurbatsyzlygyna garamazdan, Gara Ýusup hem 50 müň atly goşun bilen Töwrizden çykyp, olaryň garşysyna ugraýar. Emma Seýidabat diýen oba gelende ýarawsyzlygy agyrlaşyp, ol 1420-nji ýylyň sentyabrynda ýogalýar. Şöhraty örän beýik, batyrgaý, gaýduwsyz kişiniň ýogalan pursadynda onuň ýanynda ogullarynyň hiç birisi-de ýok eken. Agyr goşun serdarsyz galyp, dumly-duşa dargaýar. Şahruh bu habary Rey şäherine gelende eşidýär. O1 tizlik bilen Soltaniýe şäherine ugraýar. Ogly Baýsungar mürzäni bolsa goşun bilen Töwrize ýollaýar. Baýsungar Töwrizi eýeläp, Garabagda gyşlaýar.

Garagoýunly döwletini esaslandyryp, onuň beýik hökümdary bolan Gara Ýusup Kazwinden Erzinjana, Bagdatdan Şirwana çenli aralykdaky ýerlerde öz hökümini ýöredipdir. Onuň edermen, başarjaň serkerde bolandygyny Temiriň taryhçysy Hafizi Abru hem öz işlerinde ýörite nygtaýar. Taryhçy Gara Ýusup bilen Abubekir mürzäniň arasyndaky söweşi şygyr bilen şeyle beýan edýär:

Gahryman, edermen ol Gara Ýusup,

Göýä Isgender dek söweşe girdi.

Misli süýşýän dag dek atyn daradyp,

Ýüz kişini jähenneme iberdi.

Gara Ýusup duşman goşunynyň gowşak ýerlerini owrenip, ondan okdelik bilen peydalanmagy başarypdyr. Iki yuz müň adamdan ybarat atly goşunyň garşysyna 50 müň esgeri bilen söweşe ugramagy hem onuň duşmandan birjik-de eýmenmeýändigini, onuň duşmanyň garşysyna täze söweş usulyny ulanmakçy bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. O1 söweş tilsimlerini ussatlyk bilen ulanyp, duşmany aldawa salyp bilýän, garym gazdyryp, öz esgerleriniň howpsuzlygyny-da üpjün edip  bilýän eserdeň  serkerde bolupdyr. Temire boýun bolman, onuň garşysyna çykanlaryň arasynda Gara Ýusup iň bir başarnykly hereket eden serkerdedir. Duşmanyň söweşde ejiz ýerlerine ondan belet başga bir harby adam bolmandyr. Eýranda türkmen döwletiniň täzeden dikeldilmegi-de garadan gaýtmaz söweşijiniň görkezen gaýraty, edermenligi bilen baglydyr. O1 öz aladasyny etmän, halk ugrunda janyny orta goýýan adamlardan bolupdyr. O1 Şahruhyň garşysyna söweşe gitmekçi bolanda-da ähli altyn-kümşi hazynadan çykaryp, esgerlerine paýlaýar. Olaryň hak-heşdegini-de wagtynda beripdir. Bu beýik türkmen şahsyýeti barada Hasan beg Rumly: “Söweş meýdanynda gan içen bir arslan dek, dynç alynýan mahalynda bolsa göwher seçýän bir bulut kimin bolup, adalatly hem merhemetli adam hökmünde tanalyp, ahlak ýolunda her kesden ýokarda saýlanyp duran kişidi. Zalymlaryň degerli temmisini berýän, ekerançylygy ösdürmäge çalyşyan, ulkesinde asudalygy, duzgun-tertibi saklamagy başaryan şahsyyetdi. Esgerleriniň hak-heşdegini wagtynda artygy bilen bererdi” diýip belleýär.

Gara Ýusup Garagoýunlynyň payhasly adam bolandygyny ermeni taryhçylary-da belläp geçýärler. Onuň döwründe köpsanly salgyt tölenilýän hem bolsa, ilatyň bolelinlikde ýaşandygyny, ýurduň abadançylykda saklanandygyny, isayy ybadathanalarynyň işlemegine-de rugsat edilendigini olar buýsanç bilen belleýärler. Gara Ýusup ölenden soň, onuň ornuna ogly Isgender (1420-1439) geçýär. 1421-nji ýylda Alaşkerte diýen ýerde Isgender üç gije-gündizläp Şahruha garşy söweşse-de, ondan ýeňlip gaçýar. Şahruh Horasana dolanandan soň, Isgender Töwrize gelip, kakasynyň tagtynda oturýar. Isgender 1422 -1436-njy ýyllarda Şahruha we Şirwanşa Halylulla I-a garşy söweşmeli bolupdyr. O1 Şahruhdan ýeňlip, goşuny bilen Osmanly türkmenleriň ýerine gidýär. Şol arada Gara Ýusubyň ogly Jahanşa Şahruhyň özüne tabyn bolup, Töwriz tagtynda oturmak teklibini kabul edýär. Jahanşa temiriler bilen ylalaşykda bolup, Şahruhyň agalygyny ykrar edýär. Şahruh Horasana dolanandan soň, Isgender 1438-nji ýylyň gyşynda Töwrize gelip, Jahanşa bilen söweşip, ondan ýeňilýär. Isgender yanyndaky goşuny bilen Nahçywanyň golayyndaky Alynjak galasyna gelyar. Jahanşa goşuny bilen galany gabayar. Galada Isgender 1439-njy ýylyň başynda öz ogly Kubat tarapyndan öldürilýär. Şol wagtdan soň Jahanşa resmi yagdayda döwleti dolandyryp başlaýar. Garagoýunly taýpa birleşiginiň beýleki bölegi-de Jahanşa tabyndyklaryny ykrar edýärler. Jahanşanyň patyşalyk eden döwürlerinde (1437-1467) Garagoýunlylar döwleti has berkeýär. Boýun bolmaýan çarwa begzadalarynyň merkezi döwlete boýun egmegini başaran patyşa döwletde dürli özgerişlikler geçirýär.

Jahanşa Şahruh ölýänçä (1447) onuň agalygyny ykrar edip, oňa we onuň ýarany Şirwanşa garşy açyk çykyş etmekden saklanýar. Şahruh ölenden soň, Jahanşa 1453 – 1457-nji ýyllar aralygynda Pars Yragyny, Huzystany, Parsy, Kermany, Omany basyp alýar. Şeýlelikde, Garagoýunly döwletiniň patyşasy Günbatar Eýrandan el üzen Temiriler döwleti bilen 1459-njy ýylda harby ýaranlyk ylalaşygyny baglaşyar. Jahanşa 1467-nji ýylda Akgoýunly Uzyn Hasan bilen bolan söweşde ölýär. Kakasynyň ölenini eşiden Hasan Aly Töwrize dolanýar. Emma ony Garagoýunly emirleri goldamaýar-lar we ol 1469-njy ýylda öldürilýär. Şeýlelikde, Garagoýunly türkmen döwleti dargaýar. Orta asyr taryhçylarynyň berýän maglumatyna görä, Jahanşa öz döwrüniň binagärlik ýadygärlikleriniň içinde owadanlygy bilen tapawutlanýan “Gök metjit” ymaratyny gurdurypdyr. Hakyky diýen lakam bilen meşhur bolan Jahanşa türkmen we pars dillerinde gazal, rubagy düzüpdir. Onuň golüazmalary Britan muzeýinde we Ermenistanyň ylmy-barlag institutyna degişli Matenadaranyň golýazmalar gaznasynda saklanýar. Şahyryň Ermenistandaky golýazmasyna onuň 85 sahypadan ybarat diwany hem-de 105 sany gazaly, şeýle-de beýleki eserleri ýerleşdirilipdir. Jahanşa Hakyky Abdyrahman Jamy we Alyşir Nowaýy bilen ýakyndan aragatnaşykda bolupdyr. Şygyrlarynyň 29-syny Abdyrahman Jama iberipdir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top