Türkmen beglikleri – 3

Türkmenleriň aýdyňogullary begligi (1308 – 1426). 118 ýyllap dowam eden bu beglik 1308-nji ýylda Mubarizeddin Gazy Muhammet tarapyndan döredilýär. Bu beglik Anadolyda Beýik Menderesden başlap, Aýaslug, Birgi sebitlerini öz içine alypdyr. Aýdyňogullary begligi gündogarda Germiýanogullary, Ynançogullary, günortada Menteşeogullary, demirgazykda Saryhanogullary beglikler, demirgazyk-gündogarda Wizantiya degişli Alaşehir bilen serhetleşipdir. Bu begligiň 1332-nji ýylda 700 müň ilaty bolup, ol 20 müň km2 ýeri tutupdyr. Beglik 1426-njy ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň soltany Myrat II tarapyndan ýykylýar. Aýdyňogullary begliginiň ygtyýarynda 60 şäheriň, 300 galanyň, 70 müň goşunyň bolandygyny hem-de gämileri bilen franklara, rumlulara garşy harby ýörişler geçirendiklerini taryhçylar belleýärler.

Türkmenleriň eretnaogullary begligi (1335-1381). Bu beglik 1335-nji ýylda Alaeddin Eretna beg tarapyndan Anadolyda döredilýär. Eretna beg mongol ilhanylaryna hyzmat eden serkerde bolupdyr. Beglige Ankara, Siwas, Kyrşehir, Çorum, Tokat, Ýozgat, Newşehir, Kaýseri, Amasiýa, Nigde, Guluşhane, Tunjeli, Erzinjan, Erzurum, Samsun ýaly şäherler giripdir. Eretna beg 1352-nji ýylda Kaýseride ýogalýar we şol ýerde-de jaýlanýar. Eretna begiň emirleriniň gelen kararyna görä, begin kiçi ogly Gyýaseddin Mehmet hökümdar bolýar.

Türkmenleriň zulkadyrogullary begligi (1337-1522). Türkiýäniň Maraş, Elbistan diýen ýerlerini özüne birikdiren bu türkmen begligi 1337-nji ýylda Zeýneddin Garaja beg tarapyndan döredilip, takmynan, iki asyra golaý dowam edýär. Memluk türkmenleriniň tabynlygynda bolan bu begligiň merkezi Elbistan şäheri bolupdyr.

Türkmenleriň remezanogullary begligi (1325-1608). Oguz türkmenleriniň Uçok golundan bolan üregir taýpasynyň baştutany Remezan beg 1325-nji ýylda Anadolynyň Adana böleginde öz adyna Müsürdäki Memlukly türkmenleriň soltanlygyna bagly bir beglik döredýär. Uçoklar mongollaryň wagşyçylykly hereketlerinden gaçyp, XIII asyryň ýigriminji ýyllarynda Anadola gelip, Adana, Tarsus, Sis, Misis, Ayas, Paýas etraplarynda ýerleşýärler. Beglik 1510-njy ýyla çenli Müsürdäki  Memlukly türkmenleriň, ondan soňra bolsa Osmanly türkmenleriň döwletiniň tabynlygynda bolýar.

Kazy Burhaneddin Ahmediň begligi (1381-1398). Eretnaogullary begligine derek 1381-nji ýylda Siwasda öz adyna begligi esaslandyran Kazy Burhaneddin Ahmet 1345-nji ýylda Kaýseride eneden bolýar. Onuň kakasy Şemseddin Mehmet Kaýseriniň kazysy bolýar. Bu maşgalanyň asly horezmli salyr türkmenlerinden bolupdyr. Emir Temiriň Anadola garşy ýörişe başlamakçy bolmagy sebäpli, Kazy Burhaneddin Ahmet Müsüriň soltany Berkuga, osmanly soltan Ýyldyrym Baýezide, Altyn Ordanyň hany Togtamyşa hat ýazyp, agsak Temire garşy bileleşikde hereket etmegi teklip edýär. O1 diňe çagyrmak bilen çäklenmän, agsak Temiriň öz üstlerinden agalygyny ykrar eden begliklere garşy ýöriş edýär. Şol sebäpli hem Temir bir bada Anadola ýöriş etmekden çekinip, Togtamyşyň ustune gidýär. Şeýle kyn döwürde, Akgoýunly Gara Ýülük Osman doganlary bilen oňuşman, Kazy Burhaneddine tabyn bolýar we onuň ynamyna girýär. Biraz wagt geçensoň, olaryň arasy bozulýar. Şeylelikde, 1398-nji ýylda Siwasyň golayynda bolan söweşde, Gara Ýülük Osman Kazy Burhaneddin Ahmedi öldürýär. Özüniň ömrüniň esasy bölegini söweşlerde geçiren Kazy Burhaneddin Ahmet medeniýete, ylma, bilime howandarlyk edipdir. Şonuň bilen birlikde, Gyrşehirde, Niksarda, Turhalda, Erzinjanda metjit-medreseler, galalar gurdurýar. Burhaneddin Ahmet “Siwasly” lakamy bilen ajaýyp goşgulary düzen şahyrdyr. Arap, pars, türkmen dillerini suwara bilendigi sebäpli, ol üç dilde-de şygyr ýazypdyr. Şahyr milli duýguly watançy şahs bolupdyr. Onuň ýazan şygyrlarynda mertlik, gahrymançylyk, watanparazlyk wasp edilipdir.

Türkmenleriň eşrefogullary begligi (XIII asyr -1326 ý.). XIII asyryň ikinji ýarymynda Anadolyda (Türkiýe) Beýşehir we Seýdişehir sebitlerinde Eşrefogullary begligini esaslandyran Seyfeddin Süleýman beg Eşref ogludyr. Bu begligiň ilkinji merkezi şäheri Garagorum bolup, Seýdişehire degişli obalaryň biri bolmaly. Soňra Süleýman beg tarapyndan gurlan Beyşehir şäheri begligiň hemişelikmerkezi bolýar. Suleyman beg 1301-nji ýylda Beýşehirdäki uly metjide degşirip, ölende jaýlanar ýaly özi üçin aramgäh gurdurýar. O1 1302-nji ýylyň 27-nji awgustynda ýogalan wagty şol kümmetde jaýlanýar. Süleýman begden soň begligiň başyna onuň ogly Mubaryzeddin Muhammet beg geçýär. O1 bolsa begligi giňeldip, Akşehir, Bolwadin taraplaryny beglige birikdiripdir. Beg 1320-nji ýylda ýogalyp, ýerine ogly Süleymanşa II geçýär. Bu beg 1326-njy ýylyň 9-njy oktyabrynda Ilhanylaryň hany Demirdaşa garşy söweşde wepat bolýar. Şol soweşiň netijesinde türkmenleriň Eşrefogullary begligi ýykylýar. Türkmenleriň eşrefogullary begliginiň begleri goňşulary bilen parahatçylykda ýaşapdyrlar. Olar Anadoly seljukly soltanlary, Garamanogullary begliginiň begleri bilen gowy gatnaşykda bolupdyrlar. Türkmenleriň eşrefogullary begliginde ylma, bilime, medeniýete köp üns berlipdir. Olar metjit-medreseler, köprüler gurdurypdyrlar.

Türkmenleriň ýarykogullary begligi (XII asyr). Türkmenleriň ýarykogullary begligi ady bilen gurlan bu kiçijik begligiň XII asyrda gurulmagyna atabeg Ymadeddin Zeňňi sebäp bolýar. O1 Halaba emir bolandan soň, haçparazlara garşy göreşde Ýarykogullaryny-da ýanyna çagyrýar. Şährizor Erbil sebitinde ýaşaýan Siriýadaky ýywa türkmenleriniň başynda Arslanogly Bahaeddin Ýaryk durýardy. Atabeg Ymadeddin Zeňňi haçparazlaryň serhetlerindaki eýelän ýerlerini Ýaryk bege müdimilik bermegi wada edýär. Ýaryk beg öz maşgalasy we töweregindäki ýywalar bilen Halabyň günortasyndaky Kuweýk çaýynyň boýunda bir depede mesgen tutýar. Olar ilata peýdaly işler edip, öz zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Mesgen tutan ýerlerine bolsa Ýarukiýe diýip at berýärler. Şol ýerde hem Ýaryk beg öz ady bilen bagly türkmenleriň ýarykogullary begligini esaslandyrýar.

Türkmenleriň alaýie begligi (1293-1471). Ortaýer deňziniň Türkiye kenarynda ýerleşen Alanýa ady bilen meşhur bolan bu şäher XIII asyrda Alaiýe diýlip atlandyrylypdyr. 1293-nji ýylda Kipriň koroly bu sebitlere deňiz üsti bilen ýöriş edýär. Türkmenleriň garamanogullary begliginiň hökümdary Mejdeddin Mahmyt beg kiprlilerden öňürdip, Alaiýeni eýeleýär. Şol ýerde bolsa Merkezi Alaiýe töwerekleri bilen kiçeňräk Alaiýede türkmenleriň begligini doredýär. Beglik 1471-nji ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň düzümine girizilýär.

Türkmenleriň emirogullary begligi (1313 – XV asyryň başy). Türkmenleriň emirogullary begligi Anadolynyň (Türkiýe) demirgazygynda, Gara deňziň günorta kenarlarynda ýerleşýän Samsun, Trabzon, Ordu sebitlerinde 1313-nji ýylda Bayram beg tarapyndan döredilýär. Emirogullary diýilmeginiň sebäbi, Baýram begiň kakasynyň “emir” derejesi bolupdyr. Ähli Anadoly türkmen beglikleriniň Osmanly imperiýasyna birikdirilişi ýaly, Emirogullary begligi-de şol döwletiň düzümine girmeli bolýar.

Türkmenleriň täjeddinogullary begligi (1348-1427). Gara deňziň günortasynda ýerleşen Bafra bilen Ordunyň arasynda Niksara çenli ýerlerde 1348-nji ýylda Doganjyk beg we onuň ogly Täjeddin beg tarapyndan beglik esaslandyrylýar. Begligiň ady Täjeddin begiň ady bilen baglanyşdyrylýar. Beglik 1427-nji ýyla çenli dowam edýär. Şondan soň Täjeddinogullary begligi Osmanly türkmenleriň döwletiniň düzümine girizilýär.

Bellik: Öňi “Türkmen beglikleri – 2” postynda.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top