Osmanly türkmenleriň döwleti (1299 – 1922)

Oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndan bolan Ärtogrul beg öz kowumdaşlary bilen Horasanyň, ýagny Türkmenistanyň Mahan1 diýen ýerinde ýaşapdyr. O1 mongollaryň Orta Aziýa wagşyçylykly ýörişleri başlanan döwürleri Jelaleddin Meňburnuň esgerleri bilen ilki Häzirbegjana aşýar, soňra Gündogar Anadolyda 400 öýli kowumdaşlary bilen ýerleşýär. Olar Rumdaky seljukly soltany Alaeddin Key Kubat I-e (1219-1235) sygynýarlar. Soltanyň makullamagynda Ärtogrul gazy GÜnbatar Anadolyda Wizantiýanyň ýerleri bolan Garajahisary, Sögüdi eýeleýär. Soltan Ärtogrul gazynyň edermenligine göz ýetirip, basyp alan ýerlerini oňa mülk hökmünde bagyşlaýar. Geljekde döwletiň adyny göterjek Osman 1258-nji ýylda Sögütde dogulýar.

Ärtogrul gazynyň wesýetine görä, kiçi ogly Osman beg öz ady bilen bagly begligiň başyna geçýär. 1299-njy ýylda Alaeddin Keykubadyň başda durmagynda türkmenler  Sulamyş (Türkiýede bir ýeriň ady) diýen ýerde ilhanylaryň agalygyna garşy gozgalaň turuzýarlar. Gozgalaňçylar ýeňlip, Alaeddin Keýkubat gaçýar. Osman beg şol ýagdaýdan peýdalanyp, özbaşdak hereket edip başlaýar. O1 Bilejigi eýeläp, begligiň merkezini Bilejige geçirýär. Gozgalaň eden türkmenleriň hem bir bölegi Osman bege sygynýarlar. Osman begiň begligi güýçlenip, döwlet halyna ýetýär.

Taryhçylar heniz Osmanly türkmenleriň begliginiň ilhanylara tabyndygyna garamazdan, onuň döwlet bolan wagtyny şol sene bilen baglanyşdyrýarlar. Osman beg 1320-nji ýylda döwletiň ygtyýaryny ogly Orhan bege tabşyrýar. Osmanlylar şol döwürde Ilhanylaryň döwletine her ýylda ýyllyk salgyt töläpdirler. Munuň bilen ylalaşman, Orhan beg aýgytly herekete geçýär. O1 Wizantiýanyň ençeme galalaryny, şäherlerini eýeleýär. Osman Gazynyň wesýet eden Bursa şäherini 1326-njy ýylda eýeläp, Orhan beg kakasynyň jesedini Sögütden Bursa getirip jaýlaýar.

 Begligiň merkezini Bilejikden Bursa geçirýär. Osmanlylar yzly-yzyna ýeňiş gazanýarlar. Osmanly türkmenleriň döwletini esaslandyrmakda güýçli patyşalaryň biri hasaplanýan Orhan beg 1359-njy ýylda ýogalýar. Onuň ornuna geçen Myrat Hudawendigär I (1359_1389) Balkanda ýerleşýän döwletler bilen uruşýar. Döwletiň merkezini Bursadan Edirnä geçirýär. 1372-nji ýyla çenli osmanly türkmenleri Bolgariýany, Serbiýany, Makedoniýany boýun egdirýärler. Serbiýanyň koroly Lazar türkmenlere garşy söweşmek üçin serb, alban, walah, wenger, bolgar döwletlerinden ybarat bileleşik döredýär. Iki tarapyň goşuny 1389-njy ýylda Kosowoda duşuşypdyrlar. Şol söweşde Myrat I wepat bolan hem bolsa, türkmenler ýeňiş gazanýarlar. Soltanyň ogly Baýezit Kosowo meýdanynda soltan diýlip yglan edilýär. Ýeňiş bilen gylawlanan Baýezit Anadola gelip, ýyldyrym çaltlygynda türkmen begliklerini soltanlyga birikdirip başlaýar.

Erkana hereket etmekligi, boýun bolmazlygy söýýän türkmen begleri Baýezidiň beýle hereketini oňlamandyrlar. Akylly-başly syýasat alyp barman, güýje daýanandygy sebäpli, oňa “ýyldyrym” diýen lakam dakypdyrlar. Ýyldyrym Baýezidiň türkmen beglikleri baradaky howlukmaçlyk bilen eden ýalňyş hereketi agsak Temiriň Anadola etjek ýörişini ýeňilleşdirýär. 1402-nji ýylda Ankaranyň eteginde bolan söweşde agsak Temir osmanlylary ýeňlişe sezewar edýär. Ýyldyrym Baýezit ýesir alynýar. Samarkanda äkidiler howpuny duýup, özüni kapasada zäherläp öldürýär. Temirleň 1403-nji ýylda Samarkanda dolanýar. Ýöne gaýtmazyndan öň, soltanyň ogullaryny bir-birlerine garşy goýmagy başarýar. Şol sebäpli hem on ýyllap rayatlyk urşy bolýar. 1402-nji ýylda ýogalan Ýyldyrym Baýezidiň ornuna onuň ogly Muhammet soltan bolýar. Özüniň soltanlyk süren döwründe, döwleti syýasy taýdan täzeden dikeltmek oňa başardýar. 1421-nji ýylda soltan bolan Myrat II soltanlygyň her bir işine akylly-başly çemeleşýän parasatly adam bolupdyr.

 Kakasynyň ornuna geçen Muhammet II özüniň bütin ünsüni Konstantinopoly eýelemäge berýär. O1 şol şäheri diňe deňiz arkaly eýeläp boljakdygyna düşünýär. Şonuň üçin hem 125 gämiden ybarat harby deňiz güýçlerini taýýarlaýar. 1453-nji ýylyň maýynda goşun hüjüme geçip, şäheri eýeleýär. Konstantinopol şäherine Stambul ady berlip, ol türkmen döwletiniň paýtagty edilýär. Döwletiň soltany bolsa şol ýeňişden soň “Ýeňiji” (Fatyh) lakamyna mynasyp bolýar. Şol ýeňişden soň Muhammet Fatyhyň goşuny Egeý deňzindäki birnäçe adalary basyp alýar. Şol bir wagtda Belgrady hem gabaýar. Soltan Muhammet söweşde ýaralanyp, şäheri alyp bilmeýär. O1 1455-nji ýylda Rumuň şazadalygyny, Moldawiýany tabyn döwletlere öwürýär. Soltan 1458-nji ýylda Gresiýanyň paýtagty Afinany boyun egdiryar. 1459-njy ýylda ol Serbiýany basyp alýar. 1460-njy ýylda Morawiýadaky iki sany Wizantiýa şazadalygyny we 1461-nji ýylda Jandarogullary begligini öz döwletine birikdirmegi başarýar. Osmanly türkmenleriň döwleti bilen Wizantiýanyň arasynda on alty ýyla çeken uruş 1463-nji ýylda başlanýar. Bu uruşda Wizantiýa tarapdar bolup Aragan, Wengriýa, Germaniýa, Kastiliýa, Burgundiýa, Garaman, Genuýa, Gürjüstan, Milan, Mantua, Moderne, Neapol, Kipr, Rodos, Pisa, Luçça, Sinna, Sawoýýa, Ferraro, Fransiýa, Polşa, Pata, Trento ýaly ululy-kiçili döwletler çykyş edýärler.

Türkmen soltany Muhammet Fatyh şol uruşda özüniň ähli ukybyny görkezip, ýeňiş gazanýar. Trapezun (Trabzon) Rum patyşalygyny-da öz imperiýasyna birikdirýär. Soltan Muhammet II 1473-nji ýylyň awgust aýynda Erzinjana golaý Otlukbel diýen ýerde Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň patyşasy Uzyn Hasanyň goşunyny ýeňlişe sezewar edýär. 1475-nji ýylda Krym hanlygy türkmen imperiýasyna goşulýar. Şeylelikde, Azow, Gara deňizleri imperiýanyň içki deňizlerine öwrülýärler. Soltan Muhammet Fatyh 1481-nji ýylyň maýynda şahsy lukmany tarapyndan zäherlenilip öldürilýär.

Onuň ornuna geçen ogly Baýezidiň döwlet dolandyrmaga ukyby pes bolupdyr. Şol sebäpli hem soltanlygyň emeldarlary, goşun serdarlary Baýezidi ogly Selimiň (1512-1520) peýdasyna tagtdan düşürýärler. Ýowuz  lakamyny göteren soltanyň gysga wagtlyk hökümdarlygynda bitiren işleri uly bolupdyr. Akgoýunly türkmen döwletini ýykyp, türkmenleriň Sefewiler döwletini döreden Ysmaýyl şa bilen 1514-nji ýylda Wan kölüniň golaýynda Çaldyran diýen ýerde (Çaldyran söweşi)  soltan Selim urşa girýär. O1 uruşda soltan uly ýeňiş gazanýar. Ysmaýyl şa goşunyny taşlap, zordan gaçyp gutulýar. Soltan Selim Töwriz şäherini eýeläp, öz adyna hutba okatdyrýar. Şol ýöriş netijesinde, demirgazyk Yrakdaky Mosul, Kerkuk, Erbil ýaly şäherler we Zulkadyrogullary, Remezanogullary beglikleriniň ýerleri imperiýa birikdirilýär.

O1 1516-njy ýylda Halaby eýeleýär. Şol ýerde hem Soltan Selim halyf diýlip yglan edilýär. Halyflygyň merkezi Stambula geçirilýär. O1 1517-nji ýylyň başynda Ruddaniýada (Ruddaniýa söweşi) Müsür memluklylaryny ýeňlişe sezewar edip, dünýäniň iň baý şäherleriniň biri Kairi eýeleýär. Mekgäniň açary soltana tabşyrylýar. Keramatly Mekge, Medine şäherleri, Palestina, Müsür, Siriýa, Hijaz, Asir, Ýemen, Bingaz, Sudan, Eritreýa ýaly şäherlerdir döwletler Osmanly türkmenleriň döwletiniň golastyna geçýär. 1520-nji ýylda soltan Selimiň aradan çykmagy sebäpli, onuň ogly Süleýman imperiýanyň tagtyna geçýär. O1 özüniň soltanlygyny 1566-njy ýyla çenli dowam etdirýär. Şol döwürde soltan imperiýany ýokary derejelere ýetirýär. 1526-njy ýylda soltan Süleýman Orta Ýewropa eden ýörişinde wengerleriň goşunyny yeňlişe sezewar edýär. 1538-nji ýyldaky ýörişinde soltan German imperatoryny Osmanly türkmenleriň döwletine ýyllyk salgyt tölemäge borçly edýär. Italiyanyň günorta-günbataryndaky Otranto galasyny eýeleýär.

Osmanlylaryň deňiz güýçleriniň goşun başlygy  Haýreddin Barbaros paşa deňizde Wenesiýanyň deňiz güýçlerine agyr zarbalar urup, ýeňlişe sezewar edýär. 1541-nji ýylda soltanyň goşuny Budapeştiň golaýynda germanlary ýene-de ýeňýär. 1554-nji ýylda osmanly türkmenler Marokko döwletini ýeňip, ýarym asyrlap, öz täsirlerinde saklaýar. Meşhur deňizçi Turgut Reis hem uly ýeňişler gazanyp, Osmanly döwletiniň ýerlerini giňeldýär, şöhratyny artdyrýar. Soltan Süleýman mümkin bolan ýagdaýynda her bir meseläni, döwletara gatnaşyklary gepleşikler esasynda parahatçylykly ýollar bilen çözmäge çalyşýar. O1 1555-nji ýylda sefewiler bilen ylalaşyp, şertnama esasynda Günorta Yragyň, Gündogar Anadolynyň, Günbatar Gürjüstanyň ýerlerini imperiýanyň düzümine girizýär. Soltan Süleýman tertip-düzgüne, kanunçylyga köp üns berýär. Şonuň üçin hem oňa “Süleýman Kanuny” diýip at berlipdir. Süleýman Kanuny ukyply, paýhasly, sowatly, batyrgaý, ugurtapyjy, adamlar bilen medeniýetli, mylakatly sözleşmegi başarýan häsiýetleri özünde jemläpdir. O1 diňe bir musulman älemine meşhur bolman, dünýäniň köp böleginde hormatlanýan şahsyýete öwrülýär. Soltan barada köp eserler ýazylýar. Waşingtonda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresiniň jaýynda saýlanyp alnan on üç kanuna wepadar şahsyýetleriň arasynda türkmen soltanynyň

şekili hem öz ornuny tapypdyr. Angliýanyň teatrlarynda oňa bagyşlanyp, ýedi sahna eseri taýýarlanylýar. O1 bu hormatlara ýurduň içindäki kanunlary kämilleşdirip, şol bir wagtda kanunyň dogry, arassa, halal işlemegi üçin uly tagalla edendigi sebäpli mynasyp bolýar. Şol bir wagtda Süleýman Kanuny ýurduň içindäki durmuş-ykdysady ýagdaýa-da köp üns berýär. Şäherleri abadanlaşdyrýar. Stambul şäherini abadanlaşdyrmaga uly söýgi bilen çemeleşýär. Şäher ilatynyň sanyny türkmenleriň we başga milletleriň göçürilip getirilmeginiň hasabyna ýarym million adama ýetirýär. Ýurduň ähli ýerinde imisalalyk, parahatçylyk höküm sürüp, talaňçylyk, garakçylyk diýlen zatlar ýok bolup gidýär. Soltanyň döwründe ylma-bilime, medeniýete, binagärçilige köp üns berilýär. Şypahanalar, kerwensaraýlar, metjit-medreseler, köprüler, hammamlar, başga-da durmuşa harajatly desgalar gurulýar. Muhammet Fatyhyň döwründe esaslandyrylan Stambul üniwersiteti ylym-bilimiň merkezi bolupdyr.

Süleýman Kanunydan soňky soltanlar her näçe jan çekseler hem, onuň derejesine ýetip bilmändirler. Onuň ogly soltan Selim II (1566 — 1574) döwründe osmanly türkmenlere harby-deňiz güýçleri bilen Demirgazyk Sumatrany, Singapury, Günorta-Günbatar Malaýziýany imperiýa birikdirmek başardýar. 1571-nji ýylda Kipr, 1574-nji ýylda Tunis osmanlylaryň golastyna düşýär. Şeýle ýeňişlere, üstünliklere garamazdan, osmanly goşuny Ispaniýanyň, Wenesiýanyň baştutanlygyndaky haçparazlaryň goşunyndan 1571-nji ýylda Inebahtan diýen ýerde ýeňilýär. Selim II-niň Türküstandaky ganybir doganlary bilen gatnaşyk açmak üçin, Astrahany eýeläp, Don derýasy bilen Wolga derýasynyň arasynda kanal geçirip, Hazar deňzine çykmak niýeti bilen meýilleşdiren ýörişi şowsuz gutarýar.

Soltan Murat III (1574-1597) döwründe Marokkanyň soltany osmanlylara garşy söweşmek üçin Portugaliýanyň koroly Sebastýandan kömek soraýar. Korol Sebastyan 89 müň goşuny bilen Wadis-Seýl düzlüginde türkmen serkerdesi Remezan paşanyň 30 müň türkmen, 30 müň arap esgerleri bilen 1578-nji ýylda çaknyşýar. Portugallar aýylganç ýeňlişe sezewar bolýarlar. Osmanlylar şol ýyl sefewiler bilen bolan söweşde-de ýeňiş gazanýarlar we Tiflisi, Şirwany eýeleýärler. XVII asyr Osmanly türkmenleriň imperiýasynda durgunlylyk döwri bilen başlanýar. Ýewropa ýurtlary kuwwatlanyp ugraýarlar. Olar özara harby ýaranlyklary emele getirýärler. Olar bilen söweşmek, döwletiň içki ösüşine-de ýaramaz täsirini ýetirýär. Birinji jahan urşunyň netijesinde 1922-nji ýylda Osmanly türkmenleriň imperiýasy ýykylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top