Türkmen beglikleri – 2

Kurly begiň Palestinada guran Türkmen begligi. Gurly beg 1070-nji ýylda Palestinada begligi esaslandyryp, ony Beyik seljukly türkmenleriň imperiýasyna tabyn edýär. Remle begligiň paýtagty bolup, ol Kudusdan (Iyerusalimden) 50 km günbatarda ýerleşýär. Beglik 1079-njy ýylda ýykylýar.

Türkmenleriň barçemogullary begligi. XII asyryň ortalarynda Ýiwe türkmenleri Hemedanyň günbatarynda, ýagny Dinawer, Kermanşah, Hulwan, Şehrizor şäherlerinde köpçülikleýin ýaşapdyrlar. Şol ýerde hem olar Barçemiň ýolbaşçylygynda öz begliklerini esaslandyrypdyrlar. Begligiň begi Süleýmanşa halyfa tüýs ýürekden berlin adam bolupdyr. 1258-nji ýylda mongollar Bagdady gabanlarynda goragçylaryň arasynda ol hem bar eken. Bagdat mongollaryň eline geçende, ol halyfy gorap, beyleki türkmen esgerleri bilen bilelikde wepat bolýar. Beglik şol söweşden soň mongollar tarapyndan ýatyrylýar.

Türkmenleriň çopanogullary begligi (1211-1309). Husameddin Çopan Beyik seljukly türkmenleriň imperiýasynyň serhetlerini gorap, araçäkde ýerleşýän Kastomonuda (Türkiye) 1211-nji ýylda öz begligini döredýär. 1309-njy ýylda Jandarogly Süleýman paşa Kastamonu topraklaryna ýöriş edip, begligi ýykýar.

Türkmenleriň garamanogullary begligi (1256 -1483). Bu beglik Orta Anadolynyň günortasynda esaslandyrylan beglikleriň arasynda iň meşhurlarynyň biridir. Beglik 1256-njy ýylda gurlup, 1483-nji ýylda ýykylýar. O1 227 ýyllap dowam edýär. Adyndan belli bolşy ýaly, garaman oguz türkmenleriniň salyr taýpasynyň bir tiresiniň adydyr.

Garamanlylar hem beýleki türkmen taýpalary ýaly, XIII asyryň birinji ýarymynda mongollaryň howpundan gaçyp, Kiçi Aziýa gelipdirler. Anadolydaky seljukly türkmenleriň soltany Alaeddin Keý Kubat I olary 1228-nji ýylda Ermenak welaýatyna ýerleşdiripdir. Şol wagtlar garamanlylaryň serdary Nury Sopy bin Sadeddin diýen adam eken. Türkmenleriň garamanogullary begliginiň meşhur hökümdary Garaman begiň ogly Mammet beg bolupdyr. O1 mongollara garşy söweşip, olary Göksuwda ýeňlişe sezewar edipdir. Şondan soň 1277-nji ýylyň 15-nji mayynda Konýa girip, seljukly Alaeddin Siýawuşy Anadolydaky seljukly türkmenleriň döwletiniň soltany diýip yglan edipdir. Özi bolsa Alaeddin Siýawuşyň weziri bolupdyr. Şol wagt Mämmet begiň teklibi esasynda, soltan Alaeddin Siyawuş diwanda, mejlislerde türkmen diliniň döwlet dili bolmagy we dine şol dilde gürleşilmelidigi barada perman beripdir. Mongollaryň täze güýçleri 1277-nji ýylda Konýa gelip, Mämmet begi we onuň inilerini öldüripdirler. Garamanogullary begleri 1350-nji ýyla çenli ençeme gezek mongol basybalyjylaryna garşy göreşip, kä ýeňip, kä ýeňlipdirler.

XIV asyryň ikinji ýarymynda Alaeddin Aly beg bolupdyr. O1 goňşy türkmen beglikleriniň hasabyna öz ýerini giňeldipdir, begligini güýçlendiripdir. Hökümdar osmanly türkmenleriň ýerlerine-de ýöriş edipdir. 1387-nji ýylda osmanlylaryň güýçli herekete gelmegi bilen, Aly beg basyp alan ýerlerini yzyna berip, olar bilen parahatçylykly şertnama baglaşypdyr. 1394-nji ýylda Garamanogullary begligi Teýmiriň agalygyny ykrar etmäge mejbur bolýar. Aly begiň beýle netijä gelmegini türkmen begleriniň birnäçesi we soltan Ýyldyrym Baýezit unamandyr. 1397-nji ýylda soltanyň goşuny Konýany gabapdyr. Şäher eýelenenden soň, Aladeddin Aly beg öldürilipdir. Begiň ogullary Mämmet we Aly beg Bursa iberilipdir. Olar diňe Ankara söweşinden soň, Temirleňiň goşuny tarapyndan tussaglykdan boşadylypdyrlar.

Garamanogullary begliginiň başyna Mämmet beg geçipdir. Begligiň hökümdarlary Osmanlylara garşy duşmançylykly hereket edip, elmydama diýen ýaly uruş yagdayynda bolupdyrlar. Şol sebäpli hem 1473-nji ýylda soltan Fatyh (ýeňiji) Muhammet begligiň ýarany Uzyn Hasany Otlukbel diýen ýerde yeňlişe sezewar edipdir. Garamanogullary türkmen begligi bolsa osmanlylara tabyn edilipdir. Begligiň soňky wekili Kasym beg 1483-nji ýylda ýogalandan soň, beglik ýykylýar.

Türkmenleriň ynançogullary begligi (1261 – 1368). Türkiýäniň Anadoly böleginiň günbatar-günortasynda ýerleşyan Deňizlide ýaşan türkmenler 1261-nji ýylda Hulagu hana tabyn bolmak şerti bilen Muhammet begiň ýolbaşçylygynda beglik döredýärler. Ýöne beglik gowşak bolupdyr. Şol sebäpli hem taryhy çeşmelerde begligiň hakyky esaslandyryjysy Ynanç beg hasaplanýar. O1, takmynan, 1291-1335-nji ýyllar aralygynda begligiň hökümdary bolýar. Şonuň üçin hem beglik şonuň adyny göterýär. Türkmenleriň ynançogullary begligi 1368-nji ýylda germiýanogullary begligi tarapyndan ýykylýar.

Türkmenleriň sahypataogullary begligi (1275 -1341). Bu begligiň ady Anadolydaky seljukly Türkmenleriň döwletiniň weziri Sahypata Fahreddin Alynyň ady bilen bagly bolup, Garahysar şäherini we onuň töwereklerini öz içine alýan bu beglik 1275-nji ýylda onuň ogullary, agtyklary tarapyndan döredilýär. Garahysardan başga bu beglige degişli şäher bolmasa-da, Bolwadyn, Barçynly, Sandykly, Şuhut ýaly etraplar we müň oba degişli bolupdyr.

Türkmenleriň perwanaogullary begligi (1277-1322). Bu begligi Gara deňziň kenarynda (Türkiýe) söwda ähmiyetli şäher bolan Sinopda 1277-nji ýylda Muineddin Süleýmanyň ogly Muhammet esaslandyrýar. O1 ukyply ýolbaşçy, güýçli syyasatçy bolupdyr. Onuň döwründe Anadolyda mongollar agalyk edýärdi. 1243-nji ýylda Kösedagda seljuklylar bilen mongollaryň arasynda bolan söweşden soňra, Muineddin Süleýman mongol serkerdesi Baýju Noýondan haýyş edip, seljuklylaryň Anadolydaky häkimligini saklap galmagy başaran adamdyr. Perwana begleriniň arasynda iň meşhurlarynyň biri hem Gazy Çelebidir. O1 gahryman deňizçi adyna mynasyp bolupdyr. Perwana beg deňze çümüp, esli wagt durmagy başarypdyr. Şol başarnygy bilen ol duşman gämilerini ýeke özi aşagyndan burawlap, suwa gark edipdir. Gazy Çelebi 1322-nji ýylda atdan ýykylyp ölýär. Onuň oglunyň ýokdugy sebäpli, beglik Jandarogullary begligine goşulýar.

Türkmenleriň menteşeogullary begligi (1290-1424). Bu begligi 1290-njy ýylda gunorta-günbatar Anadolyda Menteşe beg gurýar. Onuň ýolbaşçylygyndaky türkmenler deňiz bilen gelip, deňiz ýakalaryny, Deňizli welaýatyna çenli aralygy eýeleýärler. Beglik 1424-nji ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň soltany Myrat II döwründe ýykylýar.

Türkmenleriň garasyogullary begligi (1297-1361). Türkmenleriň garasyogullary begligi 1297-nji ýylda Garasy beg tarapyndan Türkiýäniň günbatarynda – Balykesirde, Egey deňziniň Çanakgala töwereklerinde gurulýar. Bu begiň gelip çykyşy Oguz türkmenleriniň gaýy taýpasy bilen baglydyr. Balykesir şäheri begligiň paýtagty bolýar. Beglik 1361-nji ýylda Myrat I-niň soltan bolan wagty Osmanly türkmenleriň döwletine tabyn edilýär.

Türkmenleriň jandarogullary begligi (1299-1462). 1299-njy ýylda begligi esaslandyran Şemseddin Demir Ýaman Jandar Oguz türkmenleriniň gaýy taýpasyndandyr. Köşkde soltany goraýan janpena bolanlygy üçin, oňa “Jandar”  lakamy berlipdir. Onuň esasy wezipesi köşgüň, hökümdaryň howpsuzlygyny üpjün etmek bolupdyr. Gara deňziň golaýynda ýerleşen Kastamonu, Sinop şäherleri töwerekleri bilen Jandarogullarynyň guran begligine degişli bolýar. Beglik 163 ýyllap dowam edýär. Merkezi şäheri Eflany bolýar. Beglik 1462-nji ýylda Muhammet Fatyh tarapyndan Osmanly türkmenleriň döwletine birikdirilýär.

Türkmenleriň germiyanogullary begligi (1300-1429). Türkmenleriň germiyanogullary begligini Ýakup beg esaslandyrýar. Begligiň adyny göterýän Germiýanyň neberesi ilkinji gezek XIII asyrda Malatiya (Türkiýe) töwereklerinde peýda bolýar. Taryhçylar olaryň Jelaleddin Meňburun bilen gelip, soňra bolsa seljukly türkmenleriň hyzmatynda bolandyklaryny belleýärler. Ýakup beg seljukly soltany Alaeddin Keý Kubat III döwründe Ankara töwerekleriniň emiri bolýar. O1 1300-nji ýylda merkezi Kütahýa bolan begligi döredýär. Ýakup begiň guran begligi türkmenleriň Anadolyda guran beglikleriniň arasynda iň ulularyndan biridir. 1314-nji ýylda Aýdyňogullary, Menteşeogullary, Saryhanogullary beglikleri öz üstlerinden Germiýanogullary begliginiň agalygyny ykrar edýärler. Begligiň garamagynda 700 şäher bolup, onuň esgerleriniň sany 40 müňe ýetipdir. Şonuň üçin hem goňşular bu beglikden atiýaç edipdirler. Wizantiýalylar beglige ýylda 100 müň dinar, gymmat bahaly zatlar salgyt tölemeli bolupdyrlar. Beglik 1429-njy ýylda Osmanly türkmenleriň döwletine goşulýar.

Türkmenleriň Hamytogullary begligi (1297-1391). Merkezi ilki Ulyborly, soňra Egridir (Türkiýe) bolan türkmen begligini 1297-nji ýylda Hamyt beg esaslandyrýar. Ýöne beglik XIV asyryň başyna çenli özbaşdak bolmaýar. Hamyt beg XIV asyryň başynda aradan çykyar. O1 heniz dirikä begligiň işlerini ogly Ylýas bege tabşyrýar. Köp wagt geçmän, Ylýas begiň ogly Dündar beg begligiň başyna geçip, begligiň ozbaşdaklygyny yglan edýär. O1 1321-nji ýylda günortadaky Golhisar, Gorkutili, Antaliýa sebitlerini öz begligine  birikdirýär. Begligiň ýerleri 1391-nji ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň hem-de Garamanogullary begliginiň arasynda paýlaşylýar.

Hamytogullary begliginiň “Tekeogullary” şahasy (1321-1390). 1321-nji ýylda Dündar beg Antaliýany (Türkiye) basyp alyp, ony dogany Ýunus bege berýär. Ýunus beg bolsa şol ýyl begligiň “Tekeogullary” şahasyny döredýär. Begligiň bu şahasy 1390-njy ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň soltany Ýyldyrym Bayezit tarapyndan basylyp alynýar. Begligiň bu şahasy kiçi bolsa-da, Antaliya ýaly deňiz guzeri bolup, daşary yurtlar bilen sowda işlerini alyp barmakda mohum ahmiyete eye bolupdyr.

Türkmenleriň saryhanogullary begligi (1313 -1412). Iň soňky Horezm şasy Jelaleddin Meňburun bilen Gürgençden Anadola gelen Saryhan begiň Alpagy atly oglunyň ogly Saryhan beg 1313-nji ýylda öz adyna (Türkiýe) beglik esaslandyrýar. Begiň atasy Saryhan beg soltan Jelaleddiniň goşun başlygy bolýar. Horezmşa öldürilenden soň, ol Anadolydaky seljuklylar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Saryhan beg 1313-nji ýylda Manysa sebitlerini eýeleýär. O1 doreden begligine Alaşehirden başlap Izmir, Egeý deňziniň kenarlary aralygy birikdirýär. Beglige Adola, Akhisar, Gaýajyk, Gözelhisar, Gördük, Gördeş, Demirçi, Ýylyja, Manisa, Mendelorýa, Menemen, Urganly şäherleri degişli bolýar. Şolardan Menemen şäheriniň ady Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Nohur obasynyň gündogar tarapyndaky oba ýokardan bakyp duran, rowaýatlarda Nuhuň gämisiniň gelip durup geçen ýeri hasap edilýän Manaman dagy bilen asly bir bolmagy mümkin. Çünki Orta Aziýadan giden türkmenleriň öňki ýaşan ýerleriniň atlaryny täze ýurtlaryna dakan wagtlary bolupdyr. Beglik gündogarda Alaşehirden, günbatarda Izmir bogazy, demirgazykda Pergaleden, günortada Kemaliýe, Nif, Turgutly aralygynda ýerleşipdir. Beglik 1412-nji ýylda Osmanly türkmenleriň döwletiniň golastyna düşýär.

Bellik: Öňi “Türkmen beglikleri – 1” postynda.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitab

Teswir ýaz

Scroll to Top