Akgoýunly türkmenleriň döwleti

Akgoýunly taýpa birleşigi türkmen taýpalarynyň birleşmesi esasynda döredilýär. Olaryň döreden döwletiniň esasyny türkmeniň baýyndyr taýpasy düzýär. Döwletiň baýdagynda ak goýnuň şekiliniň bolandygy üçin, döwlete Akgoýunly türkmenleriň döwleti, onuň şalaryna bolsa “Akgoýunly türkmenleriň patyşalary” diýlipdir. Akgoýunly türkmenleriň döwletini guran, Gara Ýülük ady bilen meşhur bolan Gara Osman begdir. O1 özüniň nesil daragtyny Oguzyň 24 agtygynyň biri bolan Baýyndyrdan alyp gaýdýar. Akgoýunly taýpa birleşigi we begligi 1340-njy ýylda esaslandyrylýar. Akgoýunly begligi Gara Ýülük Osmanyňn 389- 1435) döwründe has güýçlenýär we döwlet derejesine ýetýär. O1 Osmanly türkmenleriň imperiýasynyň we garagoýunly türkmenleriň garşysyna durmak üçin, 1399-njy ýylda Temiriň agalygyny ykrar edýär. Temiriň özi we onuň ogullary Akgoýunlylar bilen bolan ýaranlyga uly ähmiýet beripdir. Sebäbi ol Temiriň türkmenleriň agzyny alardyp, üstlerinden agalyk etmek syýasatyna mümkinçilik berýärdi. Garagoyunlylara, osmanly türkmenlere garşy alnyp barlan söweşlerde Akgoýunlylar Temire wepaly hyzmatlar edýärler. Temir ölenden soň hem Akgoýunlylar Temiriň ogly Şahruh bilen gowy aragatnaşykda bolýarlar we Şahruhyň adyna zikge kakdyryarlar. Gara Ýülük Osmanyň döwründe Akgoýunlylar Erzinjany, Siwasy eýeleýärler.

Akgoýunly, garagoyunly türkmenleriň arasynda Ermenistanyň, Häzirbegjanyň, Kürdustanyň ýerlerine eýelik etmek ugrundaky söweşler häli-şindi bolup durýar. Gara Ýülük Osman 1435-nji ýylda Gara Ýusubyň ogly Isgender bilen bolan söweşde ölýär. Gara Ýülük Osman ölenden soň, ogullarynyň hersi ülkäniň bir welaýatynda häkim bolýarlar.

Akgoýunly döwletiniň zehinli, başarnykly, akylly, pähimli patyşasy Uzyn Hasanyň (1453-1478) döwründe döwlet ösüp, giňäp, güýçlenip, ýetjek derejesine ýetýär. O1 adaty adam boýundan hem ýokary saýlanyp duran uzyn boýly, arryk adam bolupdyr. Şonuň üçin hem Hasan bege türkmenler Uzyn Hasan diýipdirler. O1 1453-nji ýylda garamanogullarynyň üstüne ýöriş eden Arslan begi ýeňlişe sezewar edip, yza çekilmäge mejbur edýär. 1459-njy ýylda bolsa Gürjüstanda alty galany eýeläp, birnäçe asyrdan bäri hökümdarlyk edip gelýän Egil beglerini dargadýar. Şondan soň Akgoýunly begi goňşusy  osmanly türkmenleriň soltany Muhammet II Fatyh bilen syýasy göreşe girişýär. Uzyn Hasan osmanly türkmenleriň garşysyna söweşmek üçin isaýy dinine uýýan döwletler bilen ýaranlyga girýär. Gara deňziň kenarynda ýerleşen Trabzon Rum imperatory Komninos Kalo Ioanes IV (1429-1458) bilen 1456-1457-nji ýyllarda gepleşikler geçirýär. Rum imperatory 1458-nji ýylda yogalyar. Onuň mirasdüşeri we dogany Dawid agasy Komninos Kalo Ioanes IV gyzy Teodorany Uzyn Hasana durmuşa çykarýar. Uzyn Hasan bolsa, osmanlylara garşy birleşige girýändigi we Rum imperatoryna arka durýandygy baradaky hata gol çekýär.

Uzyn Hasanyň döwründe Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň esasy garşydaşlarynyň biri Osmanly türkmenleriň imperiýasy bolupdyr. Uzyn Hasan osmanlylaryň garşysyna söweşmek üçin Wenesiya bilen ýaranlyga girýär. O1 Wengriýa, Polşa we başga Günbatar döwletlerini-de ýaranlyga çekmäge çalyşýar.

Uzyn Hasanyň köşgünde hemişelik diýen ýaly Wenesiya ilçileri – Katerino Zeno, Barbaro, Kontarini bolupdyrlar. Wengriýanyň, Polşanyň ilçileri-de gelip-gidip durupdyrlar. Bu bileleşige Rim papasy, Wenesiýa, Neapol korollygy, Wengriýa we Kipr Osmanly döwletiniň garşysyna göreşmek üçin gatnaşypdyrlar. Akgoýunly döwleti hem osmanly türkmenleriň garşysyna döredilen bileleşige giripdir. Akgoýunly türkmenleriň serdary Uzyn Hasan Günorta Häzirbegjany, Garabagy, Ermenistany, Kürdüstany, Diýarbekiri, Eýrany, Yragy we günortada Horasana we Pars aýlagyna çenli aralygy öz içine alýan uly döwlet gurýar.

XV asyryň 70-nji ýyllarynda Uzyn Hasanyň ýöriş geçirmedik ýyly bolmandyr. O1 birnäçe gezek Gürjüstanyň üstüne ýöriş edip, Tiflisi, Görini basyp alýar. Şol şäherleri we olaryň töweregindäki obalary hem öz golastyna geçirýär. Ýurduna dolananda ýany bilen baş müň ýesir alyp gidýär. Gürji patyşasy Bagrat VI ýaraşyk şertnamasyny baglaşmaga mejbur bolýar. Şeýlelikde, Tiflis bilen birlikde Gürjüstanyň gündogar bölegi Akgoýunlylaryň golastyna düşýär.

Uzyn Hasan ýurduň içinde we daşynda osmanlylaryň garşysyna urşa taýýarlyk görüp başlaýar. Şol wagtlar Akgoýunly türkmenleriň atly goşuny dünýäde iň ýokary meşhurlyk gazanypdyr. 1472-nji ýylda Garamanogullary begligi Osmanly türkmenleriň imperiýasyna garşy çykyş edýär. Uzyn Hasan, “Garamanogullaryna hemaýat edýärin”  bahanasy bilen, atly goşunyny Kiçi Aziýa iberip, şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa ýurtlaryndan özüne ýaran gözleýär. O1 munuň üçin Günbatar Ýewropa döwletlerine ilçiler iberýär. Olaryň arasynda Nahçywandan bolan ermeni täjiri Hoja Mirak (1471) we başgalar aýratyn tapawutlanypdyrlar. Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň arasynda osmanlylara garşy çykyş etmek meselesinde söweşmek üçin agzalalyk döreýär. Şonuň üçin hem osmanlylaryň garşysyna Uzyn Hasanyň ýeke özi göreşmeli bolýar. 1473-nji ýylyň baharynda soltan Muhammet II Fatyh ýüz müň adamly goşun bilen Siwasdan Erzinjana – Uzyn Hasanyň garşysyna ugraýar. Malatiýanyň golaýynda,

Ýewfrat derýasynyň boýunda 1473-nji ýylyň awgustynda bolan ilkinji söweşde Uzyn Hasan ýeňiş gazanýar. Emma şondan ýedi gün soň, Ýewfrat derýasynyň boýunda, Tarjan (Otlukbel) diýen ýerde soltan Muhammet II Fatyh doly ýeňiş gazanýar. 1478-nji ýylyň ýanwarynda Uzyn Hasan 54 ýaşynda ýogalýar. O1 öz eden wesýetine görä, Töwrizde Nasyryýe medresesinde jaýlanýar.

Uzyn Hasanyň patyşalyk eden döwründe Akgoýunlylaryň döwleti uly hem güýçli döwlet derejesine ýetýär. Uzyn Hasanyň Halyl, Ugurly, Mammet, Ýakup, Mesih, Ýusup, Maksut we Zeýnel atly ogullary, Elwent, Myrat atly agtyklary bolupdyr. Uzyn Hasanyň wesýetine görä, uly ogly Halyl 1478-nji ýylyň ýanwar aýynda 35 ýaşynda tagta çykýar. Uzyn Hasan ýogalandan soň, onuň ogullarydyr agtyklarynyň arasynda tagt üstünde göreş başlanýar. Onuň hersi bir şäheriň häkimi bolan mirasdüşerleri merkezi häkimiýete boýun bolmajak bolýarlar. Halyl kakasy ölen badyna inisi Maksudyň ýanyna ýörite adam iberip, ony zäherläp öldürdýär. Beýle ýagdaýy duýan doganlary Halyldan ätiýaç edip başlaýarlar. Halylyň şeyle hereketine gahary gelen doganlarynyň tagt üstündäki göreşi has-da güýçlenýär. 15 yaşly Ýakup (1479-1490) goşun ýygnap, Halylyň garşysyna ýöriş edýär.

1479-njy ýylyň iýulynda iki doganyň goşuny Mardiniň eteginde duşuşýar. Şol söweşde Halyl öldürilýär. Ýakup bolsa ýeňiji hökmünde Uzyn Hasanyň tagtyna geçýär. Uzyn Hasandan soň, Ýakup patyşa Akgoýunly döwletinde iň bir başarnykly adam bolup ýetişýär. O1 1490-njy ýylda ýokanç keselden ýogalýar. Ýakup patyşa kakasy ýaly a l y m la r y, şahyrlary we sungat işgärlerini goldaýan hem-de döwlet işlerinden boş wagtyny olar bilen sohbetdeşlikde geçirmegi gowy gören adam bolupdyr. O1 türkmen hem pars dillerinde goşgy ýazypdyr. Soltan Ýakupdan soň, Akgoýunly türkmenleriň tagtyna Baýsunkar (1490-1491), Rüstem (1491-1496), Ahmet (2496-1496) geçýärler we şol bir wagtda hem Akgoýunly döwletiniň dargamak döwri başlanýar. 1499-njy ýylda Töwriziň golaýynda Abhar diýen ýerde tagt üçin göreşýän iki şazadanyň arasynda ýaraşyk şertnamasy baglaşylýar.

Şol şertnama görä, Günorta Häzirbegjan, Garabag, Ermenistan Elwent mürzäniň paýyna düşýär, ol Töwrizi paýtagt edinýär. Eýran, Yrak, Pars bolsa Myrat patyşanyň ygtyýaryna geçýär. Myrat Yspyhan şäherini paýtagt edinýär. O1 bölünişik Uzyn Hasanyň köp azap bilen guran döwletiniň dargamagyna getirýär. Şeyle pajygaly ýagdaýda türkmen adyny göteren ikinji bir türkmen döwleti öz möwritini tamamlaýar. Döwletiň ýerine Uzyn Hasanyň gyzyndan bolan Ysmaýyl şa I Sefewiler döwletini esaslandyrýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top