Taryh

Türkmen beglikleri – 1

Taryhy çeşmelerde Türkmenleriň otuzdan hem köpräk beglik döredendikleri barada maglumatlar bar. Beglikleriň döremegini iki topara bölmek mümkin. Birinjisi, heniz Beýik seljukly türkmenleriň döwleti döremezinden öňki türkmen beglikleri, olara türkmenleriň tulynylar we türkmenleriň ihçidiler beglikleri girýär. Ikinjisi bolsa, Beýik seljukly Türkmenleriň imperiýasynyň döremegi we dargamagy hem-de ondan soňky türkmen hökümdarlyklarynyň we soltanlyklarynyň ýykylmaklary netijesinde, şolaryň dürli […]

Türkmen beglikleri – 1 Giňişleýin oka »

Türkmen atabeglikleri

Seljuklylar zamanasynda ýörgünli bolan atabeglik “ata” we “beg” sözlerinden ybarat bolup, ol ilkinji gezek Nyzamylmülke berlen hormatly atdyr. Atabegler özleriniň terbiýeleýän seljukly şazadalarynyň adyndan bellibir welaýaty, ülkäni dolandyrypdyrlar. Olar şazadalara geljekki hökümdar hökmünde  döwleti dolandyrmagy öwredipdirler we harby tälim beripdirler. Atabegler şazadalaryň tagt üstündäki dawalarynda hem möhüm rol oýnapdyrlar. Kähalatlarda atabegler özbaşlaryna atabeglik döredipdirler. Atabeglik

Türkmen atabeglikleri Giňişleýin oka »

Türkmenleriň memluklylar döwleti

Müsürde Türkmenleriň memluklylar döwleti Eýýuby Türkmenleriň döwletini dowam etdirijidir. Asly Türkmenlerden bolan memluklylar Eýýuby Türkmenieriň döwletinde päk ýürekli hyzmat edipdirler. Çingiz hanyň goşunynyň ýakyp-ýandyryp, uly howp döreden wagtlarynda Eýýuby soltany Mälik Salyh Türkmen memluklarynyň sanyny köpeldýär. O1 Nil derýasynyň gündogar kenarynda, Rawza adasynyň demirgazygynda oňat ýatakhanalar gurdurýar. Mälik Salyh 1244-nji ýylda memluklylaryň kömegi bilen Kudusy

Türkmenleriň memluklylar döwleti Giňişleýin oka »

Türkmenleriň Müsürde guran Eýýubylar döwleti

Salyr Türkmenleriniň gurt tiresinden bolan Şady Eýýuby soltan Masudyň garamagyndaky Tigrit goşun galasynda serkerdebaşy wezipesini ýerine ýetiripdir. Şady Eýýubynyň Nejmeddin diýen oglunyň aýalyndan 1138-nji ýylda Salaheddin Eýýuby dünýä inýär. O1 ýaşka dini okuwlara köp üns berýär. Şol bir wagtda Salaheddin goşun galada ýaşap, harby tälim hem alýar. Salaheddiniň ukybyna göz ýetiren Siriýadaky atly goşunyň ýolbaşçysy,

Türkmenleriň Müsürde guran Eýýubylar döwleti Giňişleýin oka »

Yrakdaky seljukly türkmenleriň döwleti

Beýik seljukly türkmenleriň imperiyasynyň Mälikşanyň hökümdarlyk eden döwründe merkezi Yspyhan bolsa-da, Yrak imperiýanyň ýüregi hasap edilýärdi. Abbasy halyfy-da şu günki Yragyň merkezi Bagdatda oturýardy. O1 Togrul begiň 1055-nji ýylda Bagdada soltan bolup geleli bäri, seljukly soltanlary bilen ylalaşykdady. Mälikşa aradan çykandan soň, seljukly şazadalaryň arasynda tagt üstünde gandöküşikli söweşler başlanýar. Haçparazlar imperiyanyň serhetlerine haçly ýörişler

Yrakdaky seljukly türkmenleriň döwleti Giňişleýin oka »

Şamdaky seljukly türkmenleriň döwleti

Malazgirt söweşinde gazanylan ýeňişden soň, soltan Alp Arslan Anadolyny, Şamy türkmenleriň görnükli serdarlaryna berýär. Şam heniz eýelenilmedik ülkelerden biridi. Gaýduwsyz türkmen ýigidi Atsyz ibn Uwak 1069-1071-nji ýyllarda Gurly beg bilen Palestina gelýär. Şol ýerde Gury beg öz begligini esaslandyrýar. 1071-nji ýylda Gurly beg ölýär. O1 ölenden soň Atsyz ibn Uwak begligiň başyna geçýär. Öňi bilen

Şamdaky seljukly türkmenleriň döwleti Giňişleýin oka »

MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk

MÄLIKGULY BERDIMUHAMEDOW (1932 — 2021) Giňişleýin oka »

Eýranda – Kermanda seljukly türkmenleriň döwleti

Seljukly türkmenleriň hökümdarlyk eden ýerleriniň biri-de Kermandyr. Kerman welaýatyy Eýranyň günortasynda ýerleşip, ol welaýatyň merkezi şäheridir. O1 Eýranyň uly çöllüginiň günorta-günbatarynda ýerleşip, gündogarynda sähralyk we daglar bilen bölünip, Pakistan bilen serhetleşýär. Eýranyň çäklerinde gündogarda Seýistan, Bulujystan, demirgazykda Horasan, demirgazyk-günbatarda Yspyhan we günbatarda Pars, Oman aýlaglary bilen serhetleşýär. Dag ulgamy welaýatyyň demirgazyk gündogaryndan günorta-gündogaryna uzalyp gidyar.

Eýranda – Kermanda seljukly türkmenleriň döwleti Giňişleýin oka »

Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew (1887-1937)

Gaýgysyz Atabaýew sowet partiýa we döwlet işgäri, Orta Aziýada sowet häkimiýetini gurmak hem pugtalandyrmak baradaky işe işjeň gatnaşyjy, Türkmenistanyň ilkinji hökümet başlygy. Gaýgysyz Atabaýew 1887-nji ýylyň oktýabr aýynda Tejen uýezdiniň Mäne obasynda Täçgök serdaryň maşgalasynda dünýä inýär. Alty ýaşynda ýetim galýar. Ol başlangyç bilimi Tejendäki ýerli rus mekdebinde alýar. 1907-nji ýylda Daşkentdäki mugallymçylyk seminariýasyny gutarýar.

Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew (1887-1937) Giňişleýin oka »

X – XII asyrlarda Türkmenistanda medeniýet – 2

X asyryň ahyrlarynda Horezmşa Mamun ibn Muhammet Horezmde güýçli döwlet  döredýär. Onuň mirasdarlary şol döwrüň ady belli alymlaryny Gürgenje ýygnap, Mamun akademiýasyny, ýagny ösen ylym ojagyny döredipdirler. Şol akademiýada tebigat hadysalaryny içgin derňeyji, lukman, akyldar Abu Aly ibn Sina, Abu Sahl Masihi, alym Abul Hasan Hammar, şahyr Abu Mansur al Salyby, matematik we astronom Abu

X – XII asyrlarda Türkmenistanda medeniýet – 2 Giňişleýin oka »

Scroll to Top