Türkmenleriň sefewiler döwleti

XVI asyryň başynda, Sefewiler döwleti ady bilen taryha giren döwleti Ysmaýyl I (1502-1524) esaslandyryar. O1 1499-njy ýylda  sefewileriň başyna geçýär. Sefewiler Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň şalary bilen garyndaşlyk açypdyrlar. Jüneyit akgoýunly patyşasy Uzyn Hasanyň uýasyna, onuň ogly Haýdar bolsa Uzyn Hasanyň gyzy Älem şa hatyna (onuň ikinji ady Halyma bike) öýlenipdir. Ondan hem Ysmaýyl I dünya inipdir.

XV asyryň ahyrlary Akgoýunly türkmenleriň döwletiniň pese gaçan döwri bolýar. Anadolydaky, Diýarbekir, Töwriz töwereklerindäki akgoýunlylardan närazy türkmen taýpalary  12 ýaşly Ysmaýyly goldaýarlar. 1502-nji ýylda Ysmaýyl bütin Günorta Häzirbegjany paýtagty Töwriz bilen eýeläp, özüni şalaryň şasy diýip yglan edýär. Şeýlelik bilen, XVI asyrda täze bir güýçli türkmen döwleti döreýär. Döwletiň çäkleri giňäp, ol Eyranyň, Yrak Arabystanynyň, Häzirbegjanyň, Gürjüstanyň, Dagystanyň we 1510-njy ýyldan başlap Türkmenistanyň ýerlerini, Anadolynyň we Gündogar Arabystanyň käbir böleklerini öz içine alypdyr. Şeýle uly döwleti gurmakda sefewiler ýerlerde güýçli garşylyklara duçar bolupdyrlar. Şol wagt XVI asyryň başynda Orta Aziýada Temirileriň döwletini ýykan Muhammet Şeýbany han (1500 – 1510) hem güýçli döwlet gurup, Sefewiler döwletine garşy durýar. Sefewiler we şeýbanylar ilaty urşa çekmek üçin, urşy dini (gazawat) uruş hökmünde alyp barmaga çalşypdyrlar.

Şeýlelikde, şeýbanylaryň hanynyň gyzylbaşlaryň şasy Ysmaýyl şa ýazan kemsidiji hatynyň netijesinde, 1510-njy ýylda  Ysmaýyl şa Mary şäherini goşuny bilen gabaýar. Birnäçe güne çeken uly bolmadyk söweşden soň, berk galany köp ýitgi çekmän alyp bolmajakdygyna göz ýetirip, ol hilegärlige ýüz urup, Talhatanbaba diýen ýere yza çekilýär. Şeýbany han sefewi patyşasynyň yza çekilmegine ejizlik diýip düşünýär. Şeýlelikde, Talhatanbabada iki goşun çaknyşýar we Şeýbany han ýeňlişe sezewar edilýär. Şeýbany han we onuň goşuny emirleri bilen gyzylbaşlar tarapyndan öldürilýär.O1 söweşden soň, Ysmaýyl şa Mara gelýär. Şäheriň ilaty Hoja Kemaleddin Muhammet Sagerçiniň ýolbaşçylygynda, tabaga altyn salyp, şanyň öňünden çykýar. Şa bu ýagdaýy görüp, Marynyň ilatyna azar bermeýär. Talhatanbaba söweşinden soň, Ysmaýyl I has gylawlanýar we özüniň Osmanly türkmenleriň imperiýasyna bolan syýasatyny üýtgedýär. Şeýlelikde, olaryň özara gapma-garşylyklary netijesinde 1514-nji ýylda  Çaldyran düzlüginde gazaply söweş bolup, söweşde sefewi patyşasy Osmanly döwletiniň Soltany Selimden ýeňilýär.

Şol söweşden soň, Ysmaýyl şa uly söweşlere gatnaşmaýar we 1524-nji ýylda 35 yaşynda dünýeden ötýär. Ysmaýyl patyşanyň tarpa-taýyn ölümi sefewileriň döwletini kyn ýagdaýda goýýar. 10-11 ýaşly Tahmasp I (1524 – 1576) tagtda oturdylýar. Şol wagtlar Osmanly türkmenleriň döwleti bilen serhetde parahatçylyk ýokdy. Osmanly türkmenleriň döwletiniň soltany Süleýman Kanuny tarapyndan guralýan yzygiderli uruşlar Tahmasp I-i kyn ýagdaya düşürýär. Şeýle kynçylykly ýagdayda, Tahmasp I syýasy-diplomatik ýeňiş gazanýar. Onuň Soltan Kanuny bilen ylalaşygy netijesinde, 1555-nji ýylda  Amasýa şäherinde iki döwletiň arasynda ýaraşyk şertnamasyna gol çekilýär. Netijede, Arap Yragy, Kürdüstan, Günbatar Ermenistan, Günbatar Gürjüstan Osmanly döwletiniň garamagyna geçýär. Häzirbegjan, Gündogar Ermenistan, Gündogar Gürjüstan Sefewileriň döwletiniň düzüminde galýar.

1576-njy ýylda  Tahmasp I yogalandan soň, tagta Ysmaýyl II (1576-1578) geçýär. Soňra bolsa 1578-nji ýylda Tahmasp beyleki ogly Muhammet Hudabende (1578-1587) patyşa bolýar. Şol dowurlerde sefewi şazadalarynyň arasynda tagt ustunde ozara goreş gidyar. Netijede, 1587-nji ýylda  16 yaşly Abbas I (1587-1628) tagta çykyar. O1 ýaşlygyna garamazdan, özüni gysajynda saklaýan gyzylbaş atalyk emirlerinden dynmagy başarýar. Ýurduň içindäki topalaňçylary basyp ýatyrýar. Şol döwür taryhda Sefewi türkmenleriň döwletiniň has güççlenen döwri hasaplanylýar.

O1 özüniň hökmürowanlygy wagtynda türkmen döwletinde köp özgertmeler geçirýär. Goşunda patyşa ynamly ýörite harbylardan ybarat “şa söýenler” diýen goşun topary döredilýär. Paýtagty 1598-nji ýylda  Kazwinden Yspyhana geçirýär. O1 “apbasy” atly täze pul birligini girizýär. Döwlet has giňän çagynda Eýranyň, Gündogar Horasanyň, Yragyň, Gürjüstanyň, Häzirbegjanyň, Dagystanyň, Türkmenistanyň ýerlerini, Gündogar Arabystan kenarlaryny, Gündogar Anadolynyň käbir böleklerini öz içine alypdyr. Aýratyn-da, onuň iň güýçli döwlet bolan wagty şa Abbasyň wagtyna gabat gelýär. Döwletiň pajarlap ösüşi tä 1628-nji ýyla, ýagny onuň ölümine çenli dowam edýär.

O1 ýurtdaky ykdysady ösüşi Kawkaz welaýatlaryny, Bahreýn adalaryny, Ormuz adasyny, Kandagary basyp alyp, baýlyk ýygnamak esasynda gazanýar. Buhara hanlygy bilen 1597-1598-nji ýyllarda bolan söweşlerde uly üstünlikler gazanyp, Horasany gaýtadan öz döwletine birikdirýär. Osmanly döwletine garşy üstünlikli uruş alyp barýar. Ýewropa döwletleri bilen syýasy we söwda gatnaşyklaryny berkidýär. Içki syýasatda ol söwdany we senetçiligi ösdürýär. Gurluşyk güýçli depginlerde alnyp barylýar. Merkezi şäher Yspyhan yslam binagarçiliginiň ajayyp merkezine öwrülýär. Şa Abbasyň mürzesi Isgender beg Türkmen oňa bagyşlap, “Taryhy Alam ara-i Abbasy” atly ajaýyp taryhy işini ýazýar.

Şa Abbas tagta çykan ilkinji gunlerinden başlap, seresaply syýasat alyp barýar. O1 Öleninden soň, Sefewi türkmenleriniň döwletiniň tagtyna onuň ogly Sefi I (1629-1642) geçýär. Ýöne onda kakasynyň ägirtliginden, döwleti dolandyrmakdaky ukybyndan nam-nyşan ýokdy. Onuň üstesine-de, Abbas şanyň öňki zehinli, başarnykly egindeşleri, serdarlary köşkden daşlaşdyrylypdy ýa-da jezalandyrylypdy.

Ýerliksiz bahanalar bilen Abbas şanyň görnükli serkerdesi Ymamguly han jezalandyrylyp öldürilýär. Ýurduň içerki we daşarky syýasatynda çökgünlik başlanýar. Halkyň hal-ýagdayy erbetleşýär. Agyr salgytlar zerarly 1629-njy ýylda  Gilýanda ilat topalaň turuzýar. Gozgalaňçylaryň sany 30 müňe ýetipdir. Olar talaňçylyga-da baş goşup, köp bidüzgünçilikler edýärler. Gozgalaň şa goşuny tarapyndan basylyp ýatyrylýar.

1642-nji ýylda Sefewi türkmenleriniň döwletiniň tagtyna Sefi şanyň ogly Abbas II (1642-1666) geçýär. O1 ýumşak häsiýetli blanlygy sebäpli daşyna üýşüp başlaýarlar. Şolaryň biri hem türkmenleriň owşar taýpasyndan bolan Nedirguly bolupdyr. O1 özüniň köp sanly ýigitleri bilen 1726-njy ýylda Tahmaspyň ýanyna gelýär. Nedirguly Horasanda öz garşydaşlaryndan üstün çykyp, özüni şol ýeriň häkimi hasap edýär. Ol 1729-njy ýylda Hyrady owganlardan arassalaýar. Şol ýylyň sentýabrynda Damganyň eteginde Nedirguly Aşrafyň goşununy ýeňlişe sezewar edýär. Owganlaryň goşuny şol ýylyň noýabrynda bolan söweşde-de ýeňilýär. Şondan soň Tahmasp Yspyhana geçirilip, şa diýlip yglan edilýär.

Şeýlelikde, 1730-njy ýyla çenli owganlar ýurtdan kowlup çykarylyar. Owganlaryň agalygy döwründe ýurt 1 mln adam ýitirýär. Yspyhanyň ilaty birnäçe esse azalýar. Owganlar kowlup çykarylandan soň, Nedirguly Osmanly türkmenleriň döwletiniň garşysyna üstünlikli ýöriş geçirýär. 1730-njy ýylda  Hemedan, Kermanşa, Erdebil, Töwriz şäherlerini eýeleýär. Ýurtda Nedirgulynyň abraýy artyp başlaýar. Şa bilen ikisiniň arasynda bäsleşik başlanýar. Nedir 1732-nji ýylda  Tahmasp II-ni tagtdan düşürýär. Şanyň 8 aýlyk ogly Abbas III-ni (1732-1736) şa diýip yglan edýär we ýurdy onuň adyndan dolandyrýar. Nedirguly ýurdy keseki basybalyjylardan arassalaýar, elden giderilen ähli ýerleri gaýtaryp alýar. 1736-njy ýyla çenli ony merkezleşen döwlet halyna getirýär. Şeýlelikde, 1736-njy ýylda  sefewiler döwlet hökmünde synyp, onuň ýerine täze bir güýçli hökümdar – türkmenleriň owşar taýpasyndan bolan Nedir şanyň patyşalygynda Owşar türkmenleriniň döwleti döreýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň taryhy” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top