Maşgala hukugy barada düşünje. Nika bozulmagyň tertibi we şetleri (Dowamy)

Nikanyň bes edilmegi. Nikanyň bozulmagynyň tertibi. Nika är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilende; nikanyň bozulmagy bellige alnanda; nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende bes edilýär. Nika iki tertipde bozulup bilner. Birinji tertip – RÝNÝ edarasy tarapyndan, ikinji tertip – kazyýet üsti bilen geçirilýär. Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedel bolmadyk mahalynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär. Eger-de arzany bermek üçin är-aýalyň biriniň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, äriniň (aýalynyň) nikany bozmak hakynda erk-islegi aýratyn arza bilen resmileşdirilip bilner. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna kepillendiriş tertibinde güwä geçirilen bolmalydyr.

Nika bozulmagynyň ikinji tertibi kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen hak islegi önümçiligi tertibinde amala aşyrylýar. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolan halatynda, şeýle hem nikanyň bozulmagyna är-aýalyň biriniň razylygy bolmasa; bilelikdäki emläk hakynda jedel bolanda; kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň nikasynyň bozulmagy hakynda onuň hossarynyň arzasy bar bolsa; jenaýat edenligi üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesileniň özüniň nikasynyň bozulmagy hakynda arzasy bar bolsa. şu ýagdaýlar bolan mahalynda geçirilýär. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy haçanda är-aýalyň biriniň garşylygynyň ýoklugyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan nikanyň bozulmagyndan ýüz dönderilen halatynda hem (är-aýalyň özara razylygy boýunça bilelikdäki nika bozmak barada arzany bermek üçin gelmek islemeýän bolsa we ş.m.) geçirilýär. Kazyýet är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklap galmak üçin mümkin çäreleri görýär we ol är-aýalyň ýaraş magy üçin alty aýa çenli möhlet belläp, işi seljermegi gaýra goýmaga borçlydyr. Är-aýalyň ikisiniň nikanyň bozulmagyna razylygy bolanda we olaryň arasynda jedel bolmadyk halatynda nikany bozmak üçin üç aýa çenli möhlet bellenilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämilik ýaşyna ýeten çagalaryň är-aýalynyň haýyşy bilen ýaşajakdygyny, kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary ýa-da zähmete ukypsyz äri (aýaly) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemegiň tertibini, möçberini, emläk hakynda jedelleriň bardygyny är-aýaldan anyklamaga kazyýet borçlydyr. Nika bozulýar, eger kazyýet tarapyndan mundan beýläk är-aýalyň bile ýaşamagynyň we maşgalanyň saklanyp galmagynyň mümkin däldigi anyklanylsa; eger är-aýaly ýaraşdyrmak üçin çäreler netije bermese we är-aýal (olaryň biri) nikanyň bozulmagyny talap etse; är-aýalyň biriniň bolmadyk mahalynda (gelmese, ýaşaýan ýeri belli bolmasa we ş. m.).

Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, eger är-aýalyň beýlekisi jenaýat edenligi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa, nikany bozmak hakynda arza berlen günden iki aý geçenden soň, eger kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, bir aý geçenden soň arza beren äriniň (aýalynyň) gatnaşmagynda geçirilýär. Kazyýetiň çözgüdi esasynda nikanyň bozulmagynyň, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen döwlet tarapyndan bellige alynmagy är-aýalyň (olardan biriniň) arzasy boýunça ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça är-aýalyň (olardan biriniň) ýaşaýan ýerindäki ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär. Nikanyň bozulmagynyň bellige alnandygy hakynda nikasy bozulan adamlaryň pasportynda (ýa-da onuň ornuny tutýan res minamada) nikanyň bozulmagynyň bellige alnan ýerini we wagtyny hem-de nikanyň bozulmagy bellige alnandan soň äriniň (aýalynyň) aljak familiýasyny görkezmek bilen bellik edilýär (ýazgy geçirilýär).

Bozulan nikanyň hukuk netijeleri. Aliment tölemek borjyny ýüklemek we aliment tölemegi ýatyrmak. Türkmenistanyň maşgala kanunynyň esasynda nikanyň bozulmagy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alnan gününden, şeýle hem är-aýalyň biriniň ölen ýa-da kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen gününden, bes edilýär. Nika bozulanda äriniň (aýalynyň) özüniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlamaga ýa-da nika baglaşylanda saýlan familiýasyny saklamaga haklydyr. Nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlan halatynda, ol bu hakda nikanyň bozulmagy bellige alnanda hökman mälim etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilýär. Är-aýalyň bilelikdäki emlägi olaryň özara ylalaşygy boýunça bölünip bilner. Är-aýalyň islegi boýunça bilelikdäki emlägini bölmek hakynda ylalaşyk kepillendiriş tertibinde tassyklanylyp bilner. Jedel bolan halatynda är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek, şeýle hem är-aýalyň bu emläkdäki paýlaryny kesgitlemek, kazyýet tertibinde geçirilýär. Är-aýalyň talap etmegi boýunça bilelikdäki emläk bölünende kazyýet emlägiň är-aýalyň haýsysyna berilmäge degişlidigini kesgitleýär. Eger är-aýalyň birine bahasy oňa tölenilmäge degişli paýdan ýokary geçýän emläk berlen halatynda är-aýalyň beýlekisine degişli pul ýada başga öwez tölegi berlip bilner. Nikasy bozulan är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek hakynda talaplaryna hak islegiň üç ýyllyk wagt möhleti ulanylýar.

Kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin alnan zatlar (geýim, aýakgap, mekdep we sport esbaplary, saz gurallary, çagalar kitaphanasy, şahsy şaý-sep önümleri we ş.m.) bölünmäge degişli däldir we onuň öwezi dolunmazdan çagalary bilen ýaşaýan är-aýalyň birine berilýär. Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ataenäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar. Haçan-da çagalaryň ene-atalary nikasyny bozan bolsalar ýa-da olardan aýry ýaşap maddy kömek bermeseler, onda olar çagalaryna aliment (hossarlyk hakyny) tölemäge borçly bolup durýarlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar. Çagany ekläp-saklamak üçin aliment ata-enesinden (olaryň birinden) her aýda bir çaga üçin – girdejiniň dörtden biri; iki çaga üçin – girdejiniň üçden biri; üç we şondan köp çaga üçin – girdejiniň ýarysy möçberde alynýar. Еger aliment tölemäge borçly atanyň (enäniň) kämillik ýaşyna ýetmedik başga çagalary bolup, aliment alynýan mahalynda şol çagalaryň maddy taýdan üpjünçiligi aliment alýan çagalaryňkydan az bolsa, şeýle hem aliment töleýän ata (ene) I ýa-da II topar maýyp bolan halatlarynda, ýa-da çagalar işleýän we olaryň ýeterlik girdejisi bar bolsa, ýa-da başga esasly sebäpler bolanda, aliment tölemegiň şol bellenilen möçberleri kazyýet tarapyndan azaldylyp bilner.

Eger-de çaga kemala gelen, ýöne welin işe ýarawsyz bolsa, onda ata-eneden alynýan alimentiň möçberi ata-enäniň we kömege mätäç çagalaryň maddy hem-de maşgala ýagdaýyndan ugur alynyp her aýda tölenip durulýan belli bir pul möçberinde özara ylalaşygy boýunça ýa-da jedel ýüze çykan halatynda kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär. Kemala gelen, işe ukyply çagalar öz kömege mätäç, zähmete ukypsyz ene-atalaryna hossarlyk hakyny tölemäge borçlydyrlar. Haçan hossarlyk hakyny tölemäge sebäp bolan ýagdaýlar аradan aýrylsa, onda aliment tölemek borjy ýatyrylýar.         

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby 

Teswir ýaz

Scroll to Top