Jenaýat jogapkärçiligi barada düşünje

Jenaýat jogapkärçiligi barada düşünje. Jenaýat jogapkärçiliginiň esaslary. Jenaýaty etmek günäkäriň jenaýat jogapkärçiligine çekilmegine we onuň iş kesilen şahsyýet diýip ykrar edilmeginden ybarat bolan jenaýat hukuk netijelere getirýär. Jenaýat jogapkärçiligi – edilen etmişlere garşy döwletiň çäresidir. Jenaýat jogapkärçiligi döwlet tarapyndan mejbur ediş çäreleriň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Döwlet mejbur ediş çäreleri jenaýat jogapkärçiliginiň mazmuny hökmünde ýüze çykýar we döwletiň ýörite edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Jenaýat jogapkärçiligini döwlet mejbur edişinde amala aşyrmagyň üç görnüşi bardyr:

  1. a) günäkäre jeza çäresini bellemezdençäre görmek,
  2. b) günäkäre jeza çäresini belläp, şol çäränihakykat ýüzünde berjaý etmezlik görnüşinde,

ç) günäkärejeza çäresini belläp, şol çäräni hakykat ýüzünde berjaýetmek şerti bilen. Jenaýat kodeksi tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetirmek ýa-da zyýan ýetirmek howpuny doretmek, jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykmagynyň esasy bolup durýar. Jenaýat jogapkärçiligi günäkäriň düzelmäge mejbur bolan belli bir mahrum etmeleri bilen häsiýetlendirilýär. Bu jogapkärçiligiň obýektiw häsiýeti jenaýatçy tarapyndan ýetirilen zyýana döwletiň jogap beriş hereketidir. Jenaýat jogapkärçiligi diňe amala aşyrylan jenaýat üçin ýüze çykýar. Jenaýat jogapkärçiligi we jeza, biri-biri bilen özara gatnaşykly düşünjeleridir. Şol bir wagtyň özünde jeza jenaýat jogapkärçiliginiň esasynda ýüze çykýar. Jenaýat eden şahsyýet islendik mejbur ediş çärelerine däl-de, diňe jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan döwlet tarapyndan takyk kesgitlenen mejbur ediş çärelerini sezewar edilip bilner. Jenaýat jogapkärçiligi diýen düşünje şu aşakdakylary girizmegi ýerlikli hasap edýär, eden jenaýaty üçin günäkäriň halk öňünde döwlet tarapyndan ýazgarylmasy, jezalandyrmak, ýagny jenaýat kanuny tarapyndan göz öňünde tutulan şahsy, emläk we ahlak häsiýetli mahrumlyklara sezewar etmek. Şahsy jogapkärçilik bolanda, azatlykdan mahrum etmek, tussag etmek we ş.m. Jenaýat jogapkärçiligi emläk bilen bagly bolanda, oňa jerime salmak, emlägi muzdsuzalmak degişlidir. Jogapkärçilik ahlak häsiýetli bolanda, oňa bolsa günäni boýun almak, ýazgarmak degişlidir.

Jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bilen hökmany suratda jezanyň bellenmegi döränok. Jenaýat jogapkärçiligi edilen jenaýatyň hukuk taýdan netijesi hökmünde diňe kesgitli wagtyň dowamynda öz hukuk güýjini saklaýandyr. Ýagny onuň başlangyç we gutaryş möhleti bardyr. Jenaýat jogapkärçiligi günäkäre günä yglan edýän hökümiň çykarylmasy bilen başlanylýar we oňa şonuň esasynda döwlet tarapyndan jeza bellenilýär. Jenaýat jogapkärçiligi jezalandyrylanyň döwlet tarapyndan bellenilen jeza möhletini doldurylmagy we iş kesilenlik aýybynyň öz-özünden aýrylmagy ýa-da aýrylmagy bilen tamamlanýar.

Jenaýat jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlar. Jenaýat jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän ýagdaýlar Jenaýat kodeksiniň 57-nji maddasynda görkezilen. Olar şu aşakdaky ýagdaýlardan ybaratdyrlar:

  1. Uly bolmadyk agyr jenaýatyň ilkinji gezek edilmegi; 2) günäkär kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa; 3) göwrelilik; 4) günäkäriň köp çagaly maşgalasynyň ýa-da kiçi ýaşly çagalarynyň bolmagy; 5) kyn durmuş ýagdaýlarynyň gabat gelmegi zerarly jenaýatyň edilmegi; 6) jenaýat haýbat atmagyň, gorkuzmagyň, mejbur etmegiň täsiri astynda, maddy, gulluk taýdan garaşlylyk ýa-da başga bir garaşlylyk zerarly edilen bolsa, şeýle hem jenaýatçylykly ýa-da bikanun buýrugy ýa-da görkezmäni ýerine ýetiren halatynda edilen bolsa; 7) zorluk ulanmak, erbet masgaralamak sebäpli ýüze çykan ruhy tolgunmanyň täsiri astynda ýa-da heläkçilik çekeniň başga bikanun hereketleri netijesinde jenaýat edilen bolsa; 8) zerur goranyşyň kanunylygynyň şertleriniň bozulan ýagdaýynda, jenaýat eden adamyny saklanda, ýiti zerurlyk ýüze çykanda,esasly töwekgelçilik ýagdaýynda jenaýat edilmegi; 9) psihiki taýdan syrkawlyk ýagdaýyň täsiri astynda ýa-da psihiki ösüşinde yza galmagy, akyly düzüwligi aradan aýyrmaýan ýagdaýynda jenaýat edilen bolsa; 10) jebir çekeniň hukuga ters gelýän hereketleri ýa-da ahlaksyzlygy jenaýat edilmegi üçin sebäp bolan bolsa; 11) günä boýun alnyp gelnen halatda, jenaýatyň üstüniň açylmagyna, jenaýata beýleki gatnaşanlary paş etmäge, jenaýat netijesinde edinilen emlägi gözläp tapmaga işeňňir ýardam edilmegi; 12) jenaýat edilmeginiň gös-göni yz ýanynda jebir çekeni lukmançylyk we başga kömekleriň berilmegi: jenaýat zerarly maddy we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy ýa-da düzedilmegi, jebir çekene ýetirilen zeleli düzetmek üçin gönükdirilen beýleki hereketler.

Ýöne kazyýetiň garamagynda, jenaýat jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryň sanawy uzaldylyp biliner, diýmek kanunda görkezilmedik ýagdaýlar günäni ýeňilleşdirýänýagdaýlar hökmünde ulanyp biliner. Jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan ýagdaýlar bolsa Jenaýat kodeksiniň 58-nji maddasynda görkezilen. Olar şu aşakdaky ýagdaýlardan ybaratdyrlar:

1) jenaýatlaryň gaýtadan edilmegi, jenaýatlaryň gaýtalanmagy, pişe görnüşinde jenaýatlaryň edilmegi; 2) edilen jenaýatyň agyr netijelere getirmegi; 3) iki ýa-da şondanda köp adam bolup deslapdan dilleşmezden jenaýatyň edilmegi, deslapdan dilleşmek boýunça adamlaryň toparynyň, guramaçylykly toparyňýa-da jenaýatçylykly bileleşigiň düzüminde jenaýatyň edilmegi; 4) jenaýat etmekde aýratyn işjeň orun oýnan bolsa; 5) psihiki taýdan syrkawlyk zerarly bozulmalardan ejir çekýänligi günäkäre görnetin mälim bolan ýa-da serhoş ýagdaýynda bolan adamlar, şeýle hem jenaýat jogapkärçiligine ýaşy ýetmedik adamlary jenaýat etmäge çekmegi; 6) milli ýada dini duşmançylyk bahanasy boýunça, beýleki adamlaryň kanuny hereketleri üçin ar almak sebäbi boýunça, şeýle hem başga bir jenaýatyň edilmegini aňsatlaşdyrmak ýa-da jenaýatyň üstini basyrmak maksady bilen jenaýatyň edilmegi; 7) göwrelidigi günäkäre görnetin mälim bolan aýal babatynda jenaýat edilen bolsa, şeýle hem ýaş çaga, beýleki goragsyz ýa-da biçäre ýagdaýda galan adamlar babatynda ýa-da günäkäre garaşly bolan adam babatynda jenaýatyň edilmegi; 8) aýratyn rehimsizlik bilen, masgaralamak bilen ýa-da jebir çekeni ýa-da onuň ýakynlaryna ezýet bermek bilen jenaýatyň edilmegi; 9) ýarag ulanmak arkaly ýada fiziki ýa-da psihiki zorluk ulanmak arkaly jenaýatyň edilmegi; 10) adatdan daşary ýagdaýyň şertlerinde, tebigy ýa-da başga jemgyýetçilik betbagtçylygyny peýdalanmak arkaly şeýle hem köpçülikleýin bidüzgünçilikler mahalynda jenaýatyň edilmegi; 11) gulluk ýa-da jemgyýetçilik borjuny ýerine ýetirýän adam babatynda jenaýatyň edilmegi; 12) jenaýat umumy howply usul bilen edilen bolsa; 13) jenaýatyň betnebislik meýiller bilen edilmegi.

Ýöne, jeza bellenende, jenaýat işiň ýagdaýlaryna baglylykda, 58-nji maddanyň sanalyp geçilen ýagdaýlary jogapkärçiligi agyrlaşdyrýan ýagdaýlar diýip hasap etmezlige kazyýetiň haky bardyr. Jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan ýagdaýlaryň sanawy kesgitlidir, olary dowam edip bolmaýar.

Jeza barada düşünje we onuň görnüşleri. Jenaýat jogapkärçiliginden we jezadan boşatmak barada düşünje we olaryň görnüşleri. Jeza – ol edilen jenaýat üçin berilýän jeza çäresidir. Döwletiň mejbury çäresi hökmünde, kazyýetiň hökümi bilen bellenýän jeza, jenaýat etmekde günäkär diýlip ykrar edilen adama ulanylýar we jenaýat kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, ony hukuklaryndan we azatlyklaryndan mahrum etmekden ýa-da çäklendirmekden ybarat bolup durýar. Jenaýat etmekde günäkär diýlip, kazyýet tarapyndan ykrar edilen adama Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginiň degişli maddasy tarapyndan bellenilen çäklerde kesgitlenilýän jeza bellenilýär. Jezanyň görnüşi we möçberi bellenen wagtynda jenaýatyň häsiýeti we agyrlygy, şeýle jenaýat etmegiň maksatlary we äheňleri, netijeleri, jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary, günäkäriň şahsyýeti, şeýle hem bellenilen jezasyny çekeninden soňra durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşmagyna we onuň maşgalasynyň durmuş şertlerine ýetirjek täsiri göz öňünde tutulýar. Jenaýat kanunynda bellenişi ýaly jezanyň görnüşleri şulardan ybarat: 1) ýetirilen zyýany düzetmek borjuny üstüne ýüklemek, 2) jerime, 3) belli bir wezipede işlemek ýa-da belli bir iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum etmek, 4) döwlet sylaglardan, harby atlardan we beýleki atlardan mahrum etmek, 5) düzediş işleri, 6) belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek, 7) emlägi muzdsuz almak, 8) azatlykdan mahrum etmek.

Jenaýateden adama adalatly jeza bellenilmelidir we onuň düzelmegi üçin zerur we ýeterlikli bolmalydyr. Harby gullukçylara bolsa harby gulluk boýunça çäklendirmeler we harby-düzediş bölüminde saklamak görnüşdäki jeza çäresi ulanylyp bilner. Jenaýat kanuny jenaýat jogapkärçiliginden boşadylmagynyň esaslaryny göz öňünde tutýar. Diňe jenaýaty amala aşyran günäkäri jenaýat jogapkärçiligine çekýän edaralar we şol edaralaryň wezipeli adamlary jenaýat edenleri kanun esasynda jenaýat jogapkärçiliginden boşadyp bilýärler. Jenaýat kanunyna görä adam jenaýat jogapkärçiliginden şu aşakdaky esaslaryň bar wagty boşadylyp bilner:

 1) Jenaýatdan meýletin boýun gaçyran bolsa. 2) Çynlakaý ökünmegi mynasybetli. 3) Jebir çeken bilen ýaraşmagy sebäpli. 4) Ýagdaýyň üýtgemegine görä. 5) Wagt möhletiniň dolmagy sebäpli.

Jenaýat kanuny jezadan boşadylmagyň esaslaryny hem görýär, olar şulardan ybaratdyrlar: 1) Jezadan şertleýin-möhletinden öň boşadylmagy; 2) Jeza möhletiniň doldurylmadyk bölegini onuň ýeňilräk görnüşi bilen çalşyrmak; 3) Agyr kesellilik zerarly jezadan boşatmak; 4)Göwreli aýallaryň we kiçi ýaşly çagalary bolan aýallaryň jezasyny çekmegini yza süýşürmek; 5) Aýyplap höküminiň wagt möhletiniň geçmegi sebäpli jeza möhletini doldurmakdan boşatmak.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top