Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygynda ynsanperwerlik

Jenaýat kanunçylygynda ynsanperwerlik hakynda düşünje. Halkymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerinden we dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryndan ugur alyp, Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy diýip ykrar etdi. Biz ynsanperwerligi, demokratiýany, adam azatlyklarynyň we hukuklarynyň amala aşyrmagynyň ýoluny millilik bilen geçirýäris.

Jeza çäreleriniň terbiýeçilik maksady. Jeza täze Jenaýatlaryň edilmeginiň öňüni almak maksatlary bilen ulanylýar. Jeza özüniň mazmuny we mejbury täsiriniň göwrümi bilen beýleki çärelerden tapawutlanýar. Jeza berk şahsy häsiýetde bolmak bilen, diňe iş kesilýäne, onuň günäkäre gönükdirilýär. Günäkäriň jezasy başga bir adama geçirilip bilinmez. Jeza iş kesilenlik aýbyny emele getirýär. Jezanyň esasy maksady jenaýat eden adamlary mejbury terbiýelemek, olaryň geljekde özlerini kanuna laýyk alyp barmagy we jemgyýete peýdaly raýatlaryň sanawyna goşmaklygy. Jezanyñ mazmuny – bu günäkärleriñ eden etmişine laýyklykda olaryñ hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmekdir. Jeza – bu edilen jenaýat üçin bellenilen ýowuz çäre bolman, ol iş kesilenleri zähmete bolan ýokary ruhda täzeden terbiýelemäge, kanunyň doly we dogry ýerine ýetirilmegine, türkmen jemgyýetine hormat goýmaga we jemgyýetiň beýleki adamlary tarapyndan täze jenaýatlaryň bolmazlygyna örän ähmiýetli çäredir. Düzelmek we täzeden terbiýelenmek jenaýat işiniň derňelýän döwründen başlanýar, ol kazyýet seljerişi döwründe hem dowam edýär, şeýle hem jeza çäresini çekýän möhletinde hem-de iş kesilenlik aýby aýrylýança dowam edýär. Iş kesilenleri täzeden terbiýelemek olary düzetmegiň esasy döwrüdir.

Rehim etmek we günä geçmek barada düşünje we olaryň ähmiýeti. Türkmenistanda 1999-njy ýylyň dekabr aýynda jemgyýetçilik durmuşyny kamilleşdirmek, ynsanperwerleşdirmek maksady bilen mukaddes «Gadyr gijesi» mynasybetli Rehim etme we Günä geçme hakynd aKanuny kabul etdi. Mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagy bilen, halkyň isleglerini göz öňüne tutup,bendilikdäki adamlary, ýagny öz etmişine puşman edýänleri ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn göz öňünde tutup, olaryň günäsini geçmek barada ýörite kanun kabul edilýär. Ol ynsanperwerlikden, musulmançylykdan, adalatlylykdan, adamkärçilikden bir nyşan bolup, demokratik özgertmeleriň ugrunda edilen ynamly ädimdir. Türkmenistanyň Konstitusiyasynyň 53-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyn Prezidenti tarapyndan Günä geçmek we Rehim etmek namalary kabul edilyär. Günä geçmek namasy kesgitli we anyk bolmadyk adamlara we adamlaryň toparlaryna ulanylyp bilner. Günä geçiş namasy jenayat eden adamlaryň tutuş toparyna ulanmaga mümkin, mysal üçin, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bar aýallara, kämillik ýaşyna ýetmediklere, birinji we ikinji topar maýyplara we beýlekilere. Günä geçmegiň hukuk netijeleri dürli-dürli bolup biler:

jenayat jogapkärçiliginden boşatmak;

jezadan boşatmak;

bellenilen jezany gysgaltmak;

bellenilen jezanyýeňil görnüşi bilen çalyşmak;

jezanyň goşmaça görnüşindenboşatmak;

iş kesilenlik aýybyny aýyrmak. Jenaýat jоgapkärçiligine çekilen adama rehim etmek hakyndaky namanyň ulanmagy bilen, ol mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadylyp bilner, ýa-da jeza möhleti gysgaldylyp, ýa-da jezalaryň ýeňil görnüşi bilen çalşylyp bilner. Rehim etmek namasy jenaýat jogapkärçiliginden, jezadan we beýlekilerden boşatmak üçin hukuk taýdan esas diýlip hasaplanýar. Rehim etmeklik çäresi belli bir takyk şahsy ýa-da birnäçe kesgitli şahslara degişli bolup durýar. Eden jenaýaty üçin iş kesilen adam rehim etme namasy esasynda jezasyny mundan beýläk çekmekden şertli ýa-da şertsiz boşadylyp, berlen jeza çäresi kemeldilip, jezasynyň has ýeňil görnüşi bilen çalşyrylyp bilner. Rehim etme jenaýat edilenligi üçin iş kesilen adamlar barasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentine rehim etmek hakynda haýyşbilen jenaýatkärleriň özi, olaryň dogan-garyndaşlary, edara, kärhana ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalary we beýlekiler ýüz tutýar. Eger-de jenaýatçy azatlykdan mahrum edilen ýerinde bolsa, onda haýyşnama azatlykdan mahrum edilen ýerindäki ýolbaşçylyk tarapyndan gozgalýar. Rehim etmek hakyndaky haýyşnamalar esasynda Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Günä geçmek permanyň esasynda iş kesilenler jezadan boşadylýarlar.

Türkmenistanda ömürlik ölüm jezasynyň ýatyrylmagy. Türkmenistan demokratik, hukuk, dünýewi döwlet bolmak bilen, öz garaşsyzlygyna eýe bolanda, jemgyýetiň we döwletiň iň okary gymmatly hazynasy adamdyr, onuň ömridir, saglygydyr, howpsyzlygydyr, onuň doly manydaky ahlak we beden ösüşidir diýip berkitdi. Ýurtda ilaty durmuş taýdan goramak iň öňdäki hatara sürildi we bu ugur durmuşa geçirildi. Bu bolsa jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek bilen gelejege, durmuşa bolan ynamy has hem güýçlendirdi. Türkmenistanyň raýatlarynyň bagtly ýaşajakdygyna bolan berk ynamy döwletiň jenaýat hukuk syýasatynyň ynsanperwerligini mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we Aziýa sebitinde ilkinji bolup Türkmenistanda ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda döwlet derejesinde kabul etmäge mümkinçilik döredildi. 2000-nji ýylyň maý aýynyň 12-sine döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga tarap ugry yzygiderli durmuşa geçirlip, adamyň ýaşaýyşynyň tebigy we mizemez hukugyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanda ölüm jezasy doly ýatyryldy. Türkmenistanda ölüm jezasynyň girizilmegi we ulanylmagy ömürlik gadagan edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda ölüm jezany ýatyrmak hakyndaky» Permanyň esasynda Jenaýat kodeksindäki ölüm jezasy baradaky madda ýatyryldy, onuň ornuna 25 ýyla çenli möhletde azatlykdan mahrum etmek jezasy bellenildi.

Türkmenistanda Jenaýat iş ýörediş we Jenaýat-ýerine ýetiriş kanunçylygyny döwrebap ynsanperwerleşdirmek baradaky Permanlar döwletiň ykdysadyýetine we syýasatyna uly ýardam berýärler. Türkmenistanda ynsanperwerligiň netijesinde müňlerçe ýalňyşan, jenaýatçylykly ýola düşen adamlar tussaglykdan boşadylýarlar we toba gelýärler. Jenaýatkärleriň köpüsi üçin gaýtadan durmuşy ýöretmäge şert döredilýär, olara Prezidentimize, ata Watanyna, maşgalasynabolan söýgüsini we sylagyny görkezmäge ynam bildirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top