Ekologiýa hukugy barada düşünje

Ekologiýa hukugy barada düşünje. Ekologiýa diýen adalga grek sözlerinden gelip çykan (oikos – öý, ýaşaýyşýeri, watan, logos – ylym), daşky gurşawy, tebigaty goramak baradaky ylym diýmegi aňladýar. Häzir dünýäniň ähli ýerlerinde «ekologiýa» diýilse, tebigaty goramaga düşünilýär. Adam ýaşamak üçin tebigatdan peýdalanmaly. Tebigatdan rejeli peýdalanmak üçin kanunçylyk belli bir kadalary beýan edýär. Diýmek, adamlaryň tebigatdan peýdalanmak we ony goramak baradaky kadalarynyň jemine (toplumyna) ekologiýa hukugy diýilýär. Tebigy baýlyklary we adamyň ýaşaýşy üçin zerur bolan daş-töweregi gorap saklamak maksady bilen jemgyýetiň we tebigatyň özara gatnaşygyny kadalaşdyrmak ekologiýa kanunçylygynyň wezipesidir. Hojalyk işlerini ýerine ýetirmekde tebigy serişdeleri ulanmak bilen tebigy gurşawy aýawly saklamaga çalyşmaly. Tebigata eýeçiliksiz çemeleşmegiň geljekde has agyr düşjekdigini, ony dikeltmek üçin uly serişdeleri harçlamaly boljakdygyny hiç wagt ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiliginiň tebigaty goramak boýunça köp sanly konwensiýalaryny (ylalaşyklaryny) ratifikasiýa (ykrar edip gol çekmek) edendigi onuň ekologiýa meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň mysalydyr. Olar klimaty öwrenmek boýunça, çölleşmäge garşy göreş boýunça, ozon gatlagyny goramak boýunça we beýlekilerdir.Ýurdumyzyň ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça işler netijeli alnyp barylýar. Ekologiýa hukugynyň kanunçylygy tebigaty nähili goraýar diýen soraga şeýle jogap bermek bolar: Birinjiden, kadalaşdyrmak bilen, ikinjiden, şol kadalary bozan adamlara jogapkärçilik çäreleri görülýär we jogapkärçilige çekilýär. Kada-kanuna hormat goýýan adamlar tebigatdan rejeli peýdalanmagy, oňa zyýan ýetirmezligi, ony goramagymeýletin ýerine ýetirýärler. Kim ol kadalary bozsa, döwletiň mejbur ediş çäreleri, ýagny, jogapkärçilik ulanylýar. Türkmenistanyň ekologik taglymatynyň esasy mazmuny adamyň ýaşaýşynyň we işiniň çeşmesi hökmünde çykyş edýän tebigatyň abat saklanmagy hem-de onuň baýlyklaryndan rejeli peýlalanmagy üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Bu taglymat ekologiýa kanunçylygynyň ýörelgelerinde öz beýanyny tapdy. Türkmenistanda tebigaty goramak,onuň serişdelerini rejeli peýdalanmak we täzeden dikeltmek, tebigy gurşawy sagdynlaşdyrmak milli döwlet wezipeleridir, ähli halkyň işidir, Türkmenistanyň her bir raýatynyň ahlak borjudyr.

Türkmenistanyň tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty şu ýörelgelerden ugur alýar: adamyň ýaşaýşyny we saglygyny goramagyň, ilatyň ýaşaýşy, zähmet we dynç alşy üçin amatly ekologik şertlerini üpjün etmegiň ileri tutulmagy; jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitleriniň ylmy esasda utgaşdyrylmagy; tebigatyň kanunlaryny, tebigatyň mümkinçiliklerini, tebigy baýlyklaryň üznüksiz önümçiliginiň zerurlygyny hasaba almak bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagy; tebigaty goramak kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek; tebigaty goramak meselelerini çözmekde jemgyýetçilik guramalarynyň we ilatyň jebis aragatnaşygy tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistan daş-töwerege degişli meseleler barada dünýä bileleşiginiň ynjalykdan gaçýandygyny ykrar edip, özüniň ekologiýa howpsuzlygyna we durnukly ösüşe ýykgyn edýändigini tassyklaýar.

Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygy. Türkmenistan ekologiýa kanunçylygy Garaşsyzlyk ýyllarynda ösdi, kämilleşdi. Ekologiýa kanunçylygynyň esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndaky tebigy gurşawy abat saklamak, onuň serişdelerinden rejeli peýlanmak, ekologiýa howpsuzlygy üpjün etmek baradaky kadalar düzýär. Adamyň amatly töwerekdäki gurşawa bolan hukugyny üpjün etmeküçin ýurdumyzda hukuk, ykdysady, guramaçylyk çäreleri amala aşyrylýar. Türkmenistany bagy-bossana öwürmek, milli seýilgähleri, dynç-alyş zolaklaryny döretmek babatda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Ägirt uly suw howdanyny– Türkmen kölüni, beýleki suw desgalaryny gurmak boýunça möhüm işler amala aşyrylýar. Şäherleri, şäherçeleri we oba ilatly ýerlerini abadanlaşdyrmak, täze uly binalary, desgalary, demir ýollary we awtomobil ýollary gurmak hem ýurtda ekologik ýagdaýy gowulandyrýan çärelerdir. Türkmenistanyň ekologiýa kanunçylygy diýlende, şu kanunlary mysal getirmek bolar: Tebigaty goramak hakyndaky kanun (1991 ý), Ýerasty baýlyklary hakynda kanun(1992ý), Döwlet ekologiki ekspertizasy hakynda kanun (1995ý), Atmosfera howasyny goramak hakynda kanun (1996 ý), Haýwanat dünýäsini goramak we rejeli peýlanmak hakynda kanun (1997 ý), Ýer hakynda Bitewi kanun (2004ý), Suw hakynda Bitewi kanun, (2004 ý), Uglewodorod serişdeleri hakynda kanun (2008 ý), Sanitariýa kodeksi (2009 ý), Ozon gatlagyny goramak hakynda (2009 ý), Agyz suwy hakynda kanun (2010 ý), Tokaý kodeksi (2011 ý), Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda kanun (2012 ý), Ösümlik dünýäsi hakynda kanun (2012 ý) we beýleki hukuknamalar. Bu hukuknamalara ekologiýa hukugynyň çeşmeleri diýilýär. Ekologiýa kanunçylyk ulgamyna girýän hukuknamalardaky kadalary umumylaşdyryp alanymyzda, esasy ileri tutulýan ugrlar barada şulary bellemek bolar.

Türkmenistan döwleti daşky gurşawy goramak we bütündünýä bileleşiginiň ählumumy ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksatnamalaryna işjeň başlangyçlar bilen mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyz ekologiýa babatda giň we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerurlygyndan ugur alýar. Türkmenistanyň ekologik kanunçylygynda tebigy gurşawy goramak, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek üçin zerur bolan düzgünler bar, ýagny, raýatlaryň tebigy hukuklarynyň (şol sanda, amatly töwerekdäki gurşawa bolan hukugynyň) döwlet tarapyndan goralýandygy, tebigy gurşawyň abat saklanmagy üçin hemmeleriň jogapkärçiligi göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň ekologik gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunlar döwlet edaralary, kärhanalar hem-de raýatlar tarapyndan tebigatyň ýagdaýyna täsir edýän hojalyk dolandyryş işi we başga iş amala aşyrylanda hökmany tertipde ugur alamaga degişli bolan düzügnleri kesgitleýär. Bu kanunlarda üns merkezinde adam, onuň ýaşaýşyny we saglygyny goramak kadalaryny berjäý etmegiň düzgünleri beýan edilen.

Ýere eýeçelik etmek we peýdalanmak hukugy. Ýer kärendesi. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi kanuny 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edildi we 2004-njiýylyň 1-nji noýabryndan güýje girizildi. Bitewi kanun 21 bapdan ybarat bolup, 122  maddany özünde jemleýär. Onda Türkmenistanda ýeriň türkmen halkynyň baýlygydygy, döwletiň goragy astynda durýandygy, onuň rejeli we netijeli peýlanmalydygy hakyndaky hukuk kadalary berkidilýär. Ýer kanunçylygyna düşünje berilýär we kanunyň esasy wezipeleri hem-de ýer gatnaşyklary babatda döwlet kepillikleri beýan edilýär. Kanunyň haýsy gatnaşyklary düzgünleşdirýändigi görkezilýär. Ýer hakyndaky Bitewi kanunyň 17-nji maddasyna laýyklykda: Ýer bölekleri eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berlip bilner. Ýere eýeçilik hukugy Türkmenistanyň raýatlaryna berilip bilner. Şahsy hojalygyny alyp barmak üçin – mellek ýeri, ýaşaýyş jaýynyň we hojalyk desgalarynyň tutýan meýdanyny goşmak bilen 0,16 gektara çenli, gür ilatly, ýer we suw serişdeleriniň ýetmezçilik edýän etraplarynda(şäherlerinde) her maşgala 0,12 gektardan az bolmadyk şerti bilen ýer bölekleri berlip bilner (Türkmenistanyň Ýer hakyndaky bitewi kanunynyň 25-nji maddasy.). Şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna mirasa goýmak hukugy bilen hususy eýeçilige özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak we oňa hyzmat etmek üçin 0,10 ga çenli möçberde ýer bölekleri berlip bilner (26-njymadda.)

Öz hususy tehnikasy we serişdeleri bilen 10 ýylyň dowamynda kärendä alan ýerinden netijeli peýdalanyp, obahojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almagy üpjün eden kärendeçilere Türkmenistanyň Prezidentiniň kararynyň esasynda 3 gektara çenli ýer bölekleri berlip bilner (27-njimadda). Ýer bölegi hemişelik ýa-da wagtlaýyn peýdalanmaga Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplara berlip bilner. Ýer bölekleri kärendesine şahsy adamlara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriň edara görnüşindäki taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalaryna berlip bilner (44-nji maddanyň 2-nji bendi.).Ýere eýelik etmek, ondan peýdalanmak hem-de oňa ygtyýar etmek baradaky hukuklaryň jemine ýer hukugy diýilýär. Adamyň ýaşaýşynyň we işiniň gözbaşy bolan ýer eýeçilik hukugynda bolup bilýän tebigy zatdyr. Ýer – islendik baýlygyň gözbaşy. Bu ýagdaý onuň ykdysady, syýasy durmuş ähmiýetini kesgitleýär. Ýeriň hasyla ukyply gatlagy oba hojalyk önümçiliginiň, tokaý hojalygynyň esasyny düzýär. Tebigatda ýer bilen suw özara baglanyşyklydyr. Şonuň üçin 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda ýer, suw hakyndaky bitewi kanunlar bilelikde kabul edildi. Umuman, ýer, suw,tebigy gurşawyň esasy serişdeleridir. Türkmenistanyň kanunçylygy konstitusion ýörelgelerden ugur alyp, ýer-suw gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Bu kanunlar ýer-suw serişdeleribilen baglanyşykly gatnaşyklaryň ählisini öz içine alýar, şeýle-de kanuna laýyk hukuknamalarda anyklaşdyrylýar.

Daýhan birleşikleri hakyndaky kanuna laýyklykda, bu birleşiklere ýer hemişelik peýdalanmaga berilýär. Ýer hakyndaky Bitewi kanuna laýyklykda senagat, ulag, aragatnaşyk, energetika we beýleki oba hojalyk däl kärhanalara we guramalara ýerler peýdalanmak hukugy esasynda ýörite maksatlar üçin berilýär. Ýerden peýdalanmagyň hukuk görnüşleriniň biri-de ýer kärendesidir. Ýer kärende gatnaşyklary ýurdumyzyň oba hojalygynda netijeli ulanylýar. Ýer hakyndaky bitewi kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda, ýerleriň kärendesi, ýerden şertnama esaslanýan möhletli muzdly peýdalanmakdyr; raýatlar Türkmenistanyň we daşary yurt döwletleriň edara-kärhanalary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary ýerleriň kärendeçisi bolup biler; kärendeçiniň we kärende berijiniň hukuklary, borçlary, kärende hukugynyň ýüze çykmagynyň we bes edilmeginiň esaslary, kärende şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenýär; ýer bölekleri kärende şertnamasy boýunça, hojalykda ulanmak üçin zerur ýaşaýyş jaýlary we hojalyk desgalary bilen ýa-da olarsyz berlip bilner; ýerleriň kärende ýer böleginiň araçägini ýerinde bellemek ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasy tarapyndan amal aşyrylýar. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä 10 ýyl we ondan köp möhlet bilen şol hojalyklaryň agzalarynyň maşgalalaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine berilýär (46-njy madda).

Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä, olaryhökmany suratda maksatly niýetlenilişi boýunça peýdalanmaküçin berilýär. Kärendä berilip, bir ýylyň dowamynda kärendeçiniň günäsi bilen peýdalanylmadyk ýer bölekleri dolylygyna ýa-da bölekleýin yzyna alynmaga degişlidir. Her bir daýhan birleşigi we beýleki oba hojalyk kärhanasy boýunça uzak möhletli kärendä berilýän ýer bölekleriniň möçberleri ýer we suw serişdeleriniň möçberlerine, ýerleriň ýerleşýän ýerine we oba hojalyk önümçiligine gatnaşmaga isleg bildirýän kärendeçileriň sanyna baglylykda kesgitlenilmäge degişlidir. Suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä bermek daýhan birleşiginiň we beýleki oba hojalyk kärhanasynyň Toparynyň çözgidi boýunça amala aşyrylýar. Wagytlaýyn dükançalary, ulag duralgalaryny, ulag jaýlaryny, ammarlary, ussahanalary we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek üçin ýer bölekleri etrabyň (şäheriň), welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň çözgüdi boýunça berilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top