Jenaýat hukugy we jenaýat barada düşünje

Jenaýat hukugy we jenaýat kanuny barada düşünje. Jenaýat hukugy, hukugyň bir ulgamy bolup, döwletiň ýokary kanun çykaryjy edarasy tarapyndan bellenen, jenaýat eden adamlar babatda jeza bermek, döwlet mejbur edişiniň beýleki çärelerini ulanmak ýoly bilen jemgyýetçilik gatnaşyklaryny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goraýan, şonuň ýaly-da jenaýat jogapkärçiliginiň esasyny, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmagyň we jeza bermeginiň iş kesilenlik aýbynyň ýatyrmagyny, lukmançylyk we terbiýeçilik häsiýetli mejbur ediş çäreleri ulanmagyň şertlerini we tertibini düzgünleşdirýän hukuknamalaryň jemini beýan edýän pudakdyr. Jenaýat hukugy jenaýaty, jenaýatyň derejelerini, jenaýat jogapkärçilige degişli adamlary, jenaýat jogapkärçiliginiň bellenmeginiň we boşadylmagynyň esaslaryny, jenaýat jogapkärçiligini agyrlaşdyrýan we ýeňilleşdirýän ýagdaýlaryny, jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlaryny jezany we onuň görnüşlerini kadalaşdyrýan hukuk pudagydyr.

Jenaýat hukugy jenaýat eden adamyň we döwletiň adyndan çykyş edýän, hukugy goraýjy edaralaryň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Jenaýat hukuk gatnaşyklary jenaýatçylykly wakanyň başlan pursatyndan ýüze çykýarlar we jenaýat eden adamyň iş kesilenlik aýybynyň aýyrylmagy bilen tamamlanýar. Hukukugy goraýjy edaralar diňe döwletiň adyndan jenaýatçylykly waka baha berýärler we şolary eden adamlara hökümiň esasynda jeza çärelerini ulanýarlar. Jenaýat kanunçylygynyň wezipeleri Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 2-nji maddasynda beýan edilen, оlaryň esasynda jenaýat hukugynyň wezipeleri kesgitlenilýär, olaryň sanyna şahsyýeti, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýeti we döwletiň bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylygy we adamzadyň howpsuzlygyny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goramak, şeýle hem jenaýatlaryň öňüni almak hem girýär. Türkmenistanyň jenaýat kanuny häkimiýetiň jenaýat diýlip ykrar edilen jemgyýetçilik üçin howply etmişleri gadagan edýän we jenaýat etmekde günäkär adamlar barada jezalary we beýleki döwlet mejbur ediş hem jemgyýetçiliktäsiriniň çärelerini belleýän namadyr. Jenaýat kanunçylygy jenaýat bolup durýan etmişleriň gutarnykly san ýazgysyny berýär. Jenaýat kanunlaryny diňe Mejlis çykaryp biler, soň bolsa olara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekýär. Başga döwlet edaralaryň jenaýat kanuny çykarmaga we kabul etmäge haky ýokdur.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň gurluşy wemazmuny. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi 1997-nji ýylyň iýun aýynyň 12-ne kabul edilen, oňa gysgaça Türkmenistanyň JK diýilýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi kabul edileni bäri oňa ençeme üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şol sebäpli 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanda kanun esasynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň rejelenen görnüşi kabul edildi. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine düýpli üýtgetmeler 2010-njy ýylda girizildi, şol sanda 15 ýyl azatlykdan mahrum etmek jezanyň iň ýokary möhleti diýlip bellenildi. Diňe aýratyn agyr jenaýatlaryň edilmegi üçin 25 ýyl azatlykdan mahrum edilmek jezasy bellenip bilner. Şol sanda, köp jenaýatlaryň sanksiýasyna (maddada göz öňünde tutulan jeza), esasanam eýeçilige garşy jenaýatlaryň sanksiýasyna jerime jezasy goşuldy. Türkmenistanyň Jenaýat kanunçylygyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar Türkmenistanyň ykrar eden halkara şertnamalaryň we borçnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň milli kanunçylygy ýyl-ýyldan kämilleşdirilýär we ony dünýä standartlaryna gabat getirmek üçin döwletimizde uly-uly işler alyp barylýar. Türkmenistanyň Jenaýat kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistanyň JK-sy Umumy we Aýratyn bölümlerden ybarat bolup, özünde 359 madda jemleýär. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän kanunlaryň we namalaryň hemmesi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyk gelmelidir. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi 14 sany bölümden we 34 sany bapdan düzülen. Umumy bölekde jenaýat kanunçylygynyň we jenaýat hukugynyňesasy düşünjeleri kadalaşdyrylan, Aýratyn bölekde bolsaaýratyn ýeke-täk jenaýatlaryň düşünjeleri, görnüşleri we maddalaşdyrylyş alamatlary görkezilen.

Jenaýat hukugynyň esasy ýorelgeleri. Jenaýat hukugynyň esasy ýörelgeleri (esasy düzgünler) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 3-nji maddasynda görkezilendir, olar şulardan ybarat: 1) kanunlyk; 2) kanunyň öňünde raýatlaryňdeňligi; 3) günäkärlik jogapkärçiligi; 4) adalatlylyk; 5) ynsanperwerlik.  Kanunlyk ýörelgesi – her bir raýatyň kanunlaryhormatlamalydygyny we berjaý etmelidigini aňladýar. Etmişiň jenaýatçylyklydygy, şoňa jeza berilmelidigi we gaýry jenaýat-hukuk netijeleri jenaýat kanuny arkaly kesgitlenilýär.

Raýatlaryň jenaýat eden halatynda kanunyň öňünde deňligi bolanda – adamyň jynsyna, teniniňreňkine, milletine, gürleýän diline, wezipesine, emlägine,dinine garamazdan,jenaýat jogapkärçiligi deň ýüzeçykýar. Şu ýörelge demokratiýa düzgünlerini beýanedýär.

Günäkärlik ýörelgesi – diňe jenaýat eden adamyň günäsi bes-belli bolsa, hem-de zyýanly netijeleriň we edilenetmişiň arasynda sebäpli baglanşyk bolsa, dine şonda jenaýatjogapkärçiligi ýüze çykýar. Kazyýetiň hökümi boýunçawe kanuna laýyklykda aýyplanylýan günäkär diýlip hasaplanylmasa we oňa jenaýat jezasy berilmedik halatynda, hiç kim jenaýat etmekde günäkär diýlip hasap edilip bilinmez, oňa jenaýat jezasy berlip bilinmez.

Adalatlylyk ýörelgesi – adalatlylyk öz mazmuny boýunça kanunçylygyň mahsus alamatydyr. Adalatlylygyňesasynda ýagşylykwe ýamanlyk düşünjeleri bardyr. Her bir jenaýat edenadam diňe öz eden jeneýaty üçin jeza çäresine çekilip bilner.Jenaýatkäre ulanylýan jeza, adalatly, onuň eden etmişinelaýyklykda bellenmelidir. Berilýän jeza, jenaýatyňagyrlygyna, onuň edilen ýagdaýlarynawe günäkäriň şahsyýetinegabat gelmelidir.

Ynsanperwerlik ýörelgesi – ol adamkärçilikdir. Her bir raýatyň, onyň eden jenaýatyna garamazdan, hukuklary we bähbitleri hökmany suratda berjaý edilmelidir. Adamyň mertebesine, namysyna degýän, beden taýdan ony kemsidýän hereketler jenaýat eden adamyň garşysyna ulanyp bilinmez.

Jenaýat barada düşünje we onuň alamatlary. Jenaýatyň beýleki hukuk bozulmalardan tapawudy. Şahsyýet bilen jemgyýetiň arasyndaky jedel haýsysynyň ýokary jemgyýetçilik howpy döredýändiginiň we jenaýat hukuk täsiri üçin çäre ulanmagy talap edýändiginiň kesgitlemesi jenaýat kanunçylygyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 10-njy maddasyna laýyklykda, jenaýat kanuny tarapyndan goralýan obýektlere zyýan ýetirýän, ýa-da zyýan ýetirmäge howp döredýän, edilen jemgyýetçilik howply günä etmişi (hereketýa-da hereketsizlik) jenaýat diýilip hasap edilýär. Jenaýatyň alamatlary (esasy taraplary), kanunda jenaýat düşündirişiniň kanuny kesgitlemesiniň esasynda düzülýär. Jenaýatyň alamaty dört hökmany düzümden ybaratdyr:

1) jemgyýet üçin howply;

2) günäli;

3) jenaýat kanunynagarşy;

4) jenaýat jogapkärçilikli (jezaly).

Jenaýat kanunçylygy jenaýatyň kesgitlemesini jemgyýetçilik howply hereket ýada hereketsizlik astynda göz öňünde tutýar. Onuň esasynda maddy alamat, onuň jemgyýetçilik howpy goýlan. Jemgyýetçilik howpy bu jenaýatyň aýratyň durmuş düzgünlerine garşy ýagdaýdyr. Ol kanunyň goragy astynda goýlan jemgyýetçilik gatnaşyklaryna hakyky zyýan ýetirmekde mümkinçiligini özünde jemleýän jenaýatyň kanuna ters gelýän alamatlaryny we düzümini baglanyşdyrýar. Hukuk bozulma hereketiň giň toplumyna dürli düşünýär. Jenaýat hem, özüniň esasy alamatlary boýunça hukuk bozulmadyr. Ýöne hukukçylaryň bellemegine görä, jenaýat beýleki hukuk tertibiniň bozulmalaryndan, ýagny özüniň raýatlara, jemgyýete we döwlete ýetirýän uly howpy bilen tapawutlanýar. Jenaýat jemgyýete howplylyk derejesi we häsiýeti boýunça beýleki jemgyýetçilik hukuk bozulmalaryndan tapawutlanýar. Jenaýatçylykly etmiş günäniň bilkastlaýyn ýa-da seresapsyzlyk görnüşi bilen amala aşyrylyp bilner. Jenaýat Türkmenistanyň jenaýat kanunyň kadasyna ters gelýändir. Diňe jenaýat edilenligi üçin jenaýat jogapkärçiligi hökmünde jeza çäresi bellenip bilner. Jenaýatyň we beýleki hukuk bozulmalarynyň çäklendirmesiniň maddy alamaty ýetirilen zyýan bolup durýar.Ýetirilen zyýanyň möçberine görä köp halatlarda hukuk bozulma jenaýat hökmünde hasaplanylýar. Özüniň mazmuny boýunça diňe jemgyýet üçin howply hereket ýa-da hereketsizlik jenaýat bolup durýar. Jemgyýetçilikli howply hereketleriň hukuk tarapyndan goralýan bähbitlere zyýan ýetiriş howpuny görkezýär. Hereket, işjeň hereket bolup, oňa diňe hereketler we şonuň bilen baglanşykly zatlar girmän, eýsem aýdylan sözler, haýbatlar girýär.  Hereket «urmak, basmak, zyňmak, açmak, iteklemek, almak» üsti bilen amala aşyrylýar. Hereketsizlik bolsa adamyň özüni passiw alyp barşyny aňladýar, diýmek, belli bir borjuna girýän hereketlerden saklanmak. Hereketsizlik dürli hereketiň saklanmagy bilen kesgitlenýär. Ol jemgyýetçilik howply akyl ýetirilişi, erkin özüni alyp barşy, berlen şertlerde adamyň belli bir hereketi amala aşyrmaga borçly bolup, ýöne amala aşyrylmadyk halatynda, herketsizligiň üsti bilen jenaýat edildi diýip aýdylýar. Hereketsizligiň üsti bilen jenaýaty amala aşyran adam jenaýatjogapkärçiligineçekilende, jenaýatkäriň özüni alyp barşynyň häsiýeti we mazmuny nazara alynman, eýsem hereketsizligiň çägi 3 kadadançykma bilen kesgitlenýär:

  1. Adamyň belli bir hereketi ýerine ýetirmeginiňhökmanylygy.
  2. Şol hereketleri görkezilen şertlerde amala aşyrmagyňmümkinçiligi.
  3. Adamdan talap edilýän hereketleri ýerineýetirilmezligi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

1 thought on “Jenaýat hukugy we jenaýat barada düşünje”

Teswir ýaz

Scroll to Top