Jenaýatyň görnüşleri

Jenaýatyň görnüşleri. Jenaýatlar görnüşi boýunça ýeke-täk (ýönekeý) we çylşyrymly jenaýatlara bölünýärler. Jenaýatçylykly etmişiň hereketiň ýa-da hereketsizligiň üsti bilen amala aşyrlmagy, günäniň görnüşi boýunça ýeketäk (ýönekeý) we çylşyrymly jenaýatlara bölünmek, jenaýat hukugynyň nazaryýetinde (teoriýa) giňişleýin seredilýär. Ýeke-täk jenaýat diýlip, bir hereketden (hereketsizlikden) we bir netijeden ybarat etmişe aýdylýar. Ol Jenaýat kodeksiň Aýratyn bölümüniň bir maddasynda ýa-da maddasynyň bir bölüminde maddalaşdyrylan, jenaýatyň bir düzümini düzýän, bir görnüşde bir obýekte kast edýän hereket (hereketsizlik)bolup durýar. Çylşyrymly jenaýat bolsa, iki ýada ondan köp hereketiň (hereketsizligiň) üsti bilen amala aşyrylmagy ýa-da birnäçe zyýanly netijeleriň ýüze çykmagy, ýa-da güňäniň iki görnüşi bilen häsiýetlendirilýär. Haçanda, iki ýa-da ondan köp hereketiň (hereketsizligiň) esasynda diňe bir zyýanly netije ýüze çyksa, ýa-da iki we ondan köp hereketiň esasynda köp zyýanly netije dörese, ýa-da güňäniň iki görnüşi bilen bir jenaýat edilse, onda şol jenaýata çylşyrymly jenaýat diýlip aýdylýar. Günäniň agyrlyk derejesiniň we jenaýatyň jemgyýetçilik howpunyň esasynda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiň 11-nji maddasy boýunça hemme jenaýatlary netijäniň derejesi boýunça dört derejelere bölünýärler: uly bolmadyk agyr, ortaça agyr, agyr we aýratyn agyr.

  1. Uly bolmadyk agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda ýokary jezasy iki ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasaplanýar.
  2. Ortaça agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy 8 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz tutulan öňünde bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasap edilýär.
  3. Agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy 15 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn we seresapsyzlykly etmişler hasap edilýär.
  4. Aýratyn agyr jenaýatlar diýlip, edilen etmişler üçin jenaýat kanunynda iň ýokary jezasy 25 ýyla çenli möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasy görnüşinde göz öňünde tutulan bilkastlaýyn jenaýatlar hasaplanýar. Jenaýatlaryň hemmesini derejesi boýunça bölmek uly ähmiýetlidir, sebäbi jeza bellenende, onda jezanyň görnüşi, Güňäniň görnüşi boýunça jenaýata seredeniňde, onda jenaýatlaryň belli bir derejeleri, meselem, uly bolmadyk agyr, ortaça agyr we agyr jenaýatlary hem bilkastdan hem-de seresapsyzlygyň üsti bilen amala aşyrylyp bilner, aýratyn agyr jenaýatlar bolsa diňe bilkastdan edilen bolmaly.

Jenaýatyň düzümi. Jenaýat kodeksiniň haýsy maddasy bilen bolan jenaýatçylykly waka gabat gelýändigini anyklamak we edilen etmişi maddalaşdyrmak üçin zerur. Her bir jenaýat öz düzüminde dört alamaty jemleýär, olar:

1) Obýekt;

2) Obýektiw tarapy;

3) Subýektiw tarapy;

4) Subýekt.

Jenaýatyň Obýekti diýlip, jenaýat kanuny tarapyndangoralýan jemgyýetçilik gatnaşyklarana aýdylýar. Türkmenistanyňjenaýat kanunçylygy şahsyýeti, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini, eýeçiligi, jemgyýetçilik tertibini, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny we Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylygy we adamzadyň howpsuzlygyny jenaýatçylykly hyýanatçylyklardan goraýandyr. Jenaýatyň Obýektiw tarapy– jenaýatyň daşky alamatlaryny özünde jemleýär. Oňa etmişiň özi (hereket ýa-da hereketsizlik), ýüze çykan zyýanly netije, etmişiň we netijäniň arasyndaky sebäpli baglanşyk hökmany girmelidir. Ýöne ondan daşary jenaýatyň ýeri, wagty, ýaragy, usuly we beýlekiler jenaýatyň obýektiw tarapynyň goşmaça alamatlary hökmünde seredilip bilner.

Jenaýatyň Subýektiw tarapy bolsa, jenaýatkäriň eden etmişine içki, psihiki garaýşyny görkezýär. Subýektiw tarapy günäni aňladýar, onuň iki görnüşi bardyr: bilkastlaýyn we seresapsyzlykdan. Jenaýatyň Subýekti jenaýaty amala aşyran, akyly düzüw, jenaýat jogapkärçiliginiň ýaşyna ýeten˝ adamdyr. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 20-21-nji maddalarynda, jenaýat jogapkärçiliginiň umumy şertleri görkezilendir, oňa jenaýat eden wagtyna çenli on alty ýaşy dolan adamlar, akyly düzüw fiziki şahsyýet degişlidir.

Ýöne käbir jenaýatlaryň edilmegi üçin, jenaýat jogapkärçiligine on dört ýaşdan on alty ýaşa çenli bolan adamlar hem degişli bolýarlar, bilkastlaýyn adam öldürendigi üçin (101 madda), saglyga bilkastdan agyr şikes ýetirendigi üçin (107 madda), saglyga bilkastdan orta agyrlykdaky şikes ýetirendigi üçin (108 madda), zorlandygy üçin (134 madda), ogurlyk edendigi üçin (227 madda), talaňçylyk edendigi üçin (230 madda), garakçylyk edendigi üçin (231 madda), gorkuzyp alandygy üçin (232 madda), kesekiniň transport serişdesini bikanun eýeländigi üçin (234 madda), emlägi bilkastdan ýok edendigi ýa-da zaýalandygy üçin (235 maddanyň ikinji bölegi), ýaragy, ok-därileri, partlaýjy maddalary we partladyjy enjamlary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (291 madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary satmak maksady bilen bikanun taýýarlandygy, gaýtadan işländigi, edinendigi, saklandygy, daşandygy, iberendigi üçin(292 madda), neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalary ogurlandygy ýa-da gorkuzyp alandygy üçin (294 madda). Jenaýat eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine, ähmiýetine düşünen, olardan ugur alan adam akyly düzüw diýlip hasap edilýär we jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilner. Jenaýat kanunynda göz öňünde tutulan etmişi eden mahalynda öz hereketleriniň (hereketsizliginiň) häsiýetine we ähmiýetine, olaryň jemgyýetçilik howpludygyna akyl ýetirip bilmedik ýa-dapsihiki (akyl) taýdan kesellemegi, psihiki bozulmagyň wagtlaýyn keselliligi ýa-da akyly kemligi netijesinde şolara erk edip bilmedik adam jenaýat jogapkärçiligine çekilip bilinmez.

Bilkastlaýyn we seresapsyzlyk bilen jenaýat etmek. Jenaýatyň esasy alamaty, günäkärlik bolup durýar. Günäkärlik jenaýatyň günäli edilmegini aňladýar. Günä –jenaýatkäriň içki psihiki (akyl) garaýşyny aňladýar. Günä –günäkär adamyň jenaýatçylykly etmişe we ol etmişiň zyýanly netijesine psihiki gatnaşygy bolup durýar. Ol jemgyýetçilik howply etmişi amala aşyrmakda jenaýatçynyň akyl ýetirişi bilen erkiniň baglanyşygyny beýan edýär. Günä, anyk hereketiň (hereketsizligi) amala aşmagyny we ondan saklanylmagyny saýlap almaklygy düzgünleşdirýär. Günäniň iki görnüşi bardyr, jenaýat diňe bilkastdan ýa-da seresapsyzlyk bilen edilip bilner. Jemgyýetçilik howply etmişibilkastdan ýa-da serasapsyzlyk bilen eden adam jenaýatda günäkär diýlip hasap edilip bilner. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 27-nji maddasynyň esasynda, göni ýa-da gytaklaýyn niýet bilen edilen jemgyýetçilik etmiş bilkastdan edilen jenaýat diýlip hasaplanylýar. Eger jenaýaty eden adam, öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, şolaryň bolmagyny islese ýada şol netijeleriň bolmagynyň gutulgysyzdygyny öňünden görse, jenaýat göni niýetbilen edilen diýlip hasap edilýär. Eger jenaýaty eden adam öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik howply häsiýetine akyl ýetirse, onuň jemgyýetçilik howply netijelerini öňünden görse, islemese, ýöne şeýle netijeleriň bolmagyna düşünjeli ýol berse ýa-da olara parhsyz garasa, jenaýat gytaklaýyn niýet bilen edilen diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 28-nji maddasynyň esasynda, jemgyýetçilik üçin howply netijeleriň bolmagyna getiren, özüňe ynam edijilik ýa-da harsallyk boýunça edilen jemgyýetçilik howply etmiş seresapsyzlyk boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

Eger jenaýaty eden adam, öz hereketiniň ýa-da hereketsizliginiň jemgyýetçilik üçin howpludygyna akyl ýetirse, jemgyýetçilik howply netijeleriň bolmak mümkinçiligini öňünden görse, ýöne olaryň öňüni alaryn diýip, ýeňil kellelik bilen hasap etse, özüňe ynam edijilik boýunça edilen jenaýat diýlip hasap edilýär.

Jenaýata bilelikde gatnaşmak (şäriklik) we onuň görnüşleri. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 32-maddasynda jenaýata bile gatnaşmak düşünjesi şeýle berlen, bilkastdan jenaýaty etmäge iki ýa-da şondan-da köp adamyň bilkastdan bilelikde gatnaşmagy jenaýata bile gatnaşmak diýlip hasap edilýär. Bilelikde edilenligini häsiýetlendirmek üçin bilelikde hereket edýän adamlaryň arasyndaky belli bir baglanşygy bolmalydyr. Jenaýata bile gatnaşma diňe bilkastdan göni ýa-da gytaklaýyn niýet bilen hereket etmegini aňladýar. Şärikleriň dört görnüşi bellenilýär, olar: ýerine ýetiriji, guraýjy, meçew beriji we ýarandyr. Dürli şärikleriň orny, ýerine ýetiren etmişi boýunça birmeňzeş bolup bilmez. Şärikleriň orny etmişi maddalaşdyrmak we jeza bellemek üçin örän zerurdyr. Jenaýaty gös-göni eden adam ýa-da beýleki adamlar (bilelikde ýerine ýetirijiler) bilen bilelikde etmäge gös-göni gatnaşan, şeyle hem kanunyň güýjüne görä jenaýat jogapkärçiligine degişli bolmadyk, beýleki adamlary peýdalanmak arkaly jenaýat eden jenaýaty ýerine ýetiriji diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 36-njy maddasyna laýyklykda beýleki şärikleriň niýetini gurşap almaýan, ýerine ýetiriji tarapyndan jenaýatyň edilmegi ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagy diýlip hasap edilýär. Ýerine ýetirijiniň kadadan çykmagyna beýleki şärikler jenaýat jogapkärçiligine degişli däldir. Jenaýat etmegi guran ýa-da onuň ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk eden, şeýle hem jenaýat etmek üçin topary ýa-da jenaýatçylykly bileleşigi döreden ýa-da olara ýolbaşçylyk eden adam jenaýaty guraýjy diýlip hasap edilýär. Razy etmek, bermit bermek, haýbat atmak ýa-da başga usul arkaly jenaýat etmäge yran adam jenaýat etmäge meçew beriji diýlip hasap edilýär. Ynandyryjy usuly – haýyş, teklip, satyn almak, sowgat arkaly yrmak. Mejbur edilmegine – buýruk, adamyň özüne ýa ýakynlaryna bolan gatnaşykda gorkuzmak, bedeni zorluk, gulluk ýagdaýyndan hyýanatly peýdalanmak ýaly usullar degişli. Jenaýat kanunynda meçew berijini beýan edýän söz «yrmakdyr».

Maslahatlary, görkezmeleri bilen, habarlary, jenaýat etmegiň gurallaryny ýa-da serişdelerini bermek ýa-da päsgelçilikleri ýok etmek bilen jenaýat edilmegine ýardam beren adam, şeýle hem jenaýatçyny, ýaragy ýa-da jenaýat etmegiň gaýry serişdelerini, jenaýatyň yzlaryny ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen edinilen zatlary gizlemegi öňünden wada (söz) beren adam, şeýle hem şeýle zatlary edinmegi ýa-da satmagy öňünden wada beren adam ýaran diýlip hasap edilýär. Jenaýatyň şärikligi barada aýdanymyzda bir zady belläp geçmeli, şäriklik diňe bilkastlaýyn günäniň görnüşi bilen amala aşyrlyp bilner. Özem, şäriklikde jenaýat edilende, hökmany suratda şärikleriň hemme görnüşleri bolmaly däldir, olaryň haýsy-da bir görnüşi bolup ýa-da bolman biler. Meselem, käbir jenaýatlarda meçew beriji ýa-da ýaran bolmaýar. Ýöne, bir jenaýatyň amala aşyrylmagyna iki ýa-da ondan köp adamyň gatnaşmagy şärikligiň alamatyny ýüze çykarýar. Belli bir ýagdaýlarda jenaýat etmegine ýeke bir däl-de, eýsem iki ýa-da ondan köp ýerine ýetiriji gatnaşýar. Şol halatda jenaýatyň esasynda has howply we zyýanly netije ýüze çykyp biler, sebäbi köp adam tarapyndan bir jenaýatyň amala aşyrylmagy şol jenaýatyň edilen wagtyny gysgaldýar we ýerine ýetirijileriň ukybyny has ýokarlandyrýar. Emma kazyýet şäriklik üçin jeza çäresini bellände, şäriklikde jenaýat edenlere berilýän jeza her bir gatnaşyjynyň ýetiren zyýanyna we eden goşandyna laýyklykda belleýär.

Jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlar barada düşünje we olaryň görnüşleri. Jenaýat hukugynda goralýan bähbitlere ýetirilen zyýan we howp, jenaýat jogapkärçiligine getirýän jemgyýetçilik howply etmiş ýaly seredilmese, şeýle ýagdaýlar jenaýatçylygy aradan aýyrýar. Olar kanunalaýyk, jemgyýetçilik bähbitli hasaplanýar. Jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlaryň umumy alamatlary – bu jenaýatlary amala aşyrmakda adamyň özüni alyp baryş ýagdaýy (hereket ýa-da hereketsizlik) bolup durýar. Daşky görnüşi boýunça jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlar jenaýat kanunynda gadagan edilen jemgyýetçilik howply etmişiň alamatlary bilen meňzeş, ýöne olar kanuna laýyk hasaplanýar, ýagny goralýan bähbitleri goramaga we jemgyýetçilik peýdaly maksatlary gazanmaga ugrukdyrylan, ýa-da zyýan ýetirmäge mejbur ediji azat erkin adamyň özüni alyp barşy. Jenaýatçylygy aradan aýyrýan ýagdaýlaryň sanawy altydan ybaratdyr. Oňa zerur goranyş, jenaýat eden adam saklananda zyýan ýetirilmegi, bialaç zerurlyk, fiziki we psihiki taýdan mejbur etmek, esaslandyrylan töwekgelçilik we buýrugy ýerine ýetirmek. Şu etmişler daşky alamatlary boýunça jenaýata meňzeş bolsada, olar jenaýat däl, sebäbi olar kanuny bähbitler goralanda ýüze çykýarlar we olary amala aşyran adam günäli däl, sebäbi olar jemgyýetiň, döwletiň, raýatlaryň we özleriniň bähbitlerini hyýanatçylyklardan goraýarlar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top