Hukuk esaslary

Miras hukugy

Miras hukugynyň umumy düşünjesi. Miras almakbermek her bir jemgyýetçilik gurluşynyň esasynda durýan eýeçilik bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ölen adamyň emläginiň başga bir şahsa ýa-da şahslara geçmegine miras almak-bermek diýilýär. Ölen şahsyň (miras berijiniň) emläginiň beýleki şahslara (mirasdarlara) geçmegi kanun boýunça ýa-da wesýetnama boýunça, ýa-da esaslaryň ikisi boýunça-da amala aşyrylýar. Kanun boýunça miras – öleniň emläginiň kanunda […]

Miras hukugy Giňişleýin oka »

Raýat-hukuk şertnamalary

Raýat-hukuk şertnamalaryny baglaşmagyň tertibi. Şahslar kanunyň çäklerinde şertnamalary erkin baglaşyp we bu şertnamalaryň mazmunyny kesgitläp bilerler. Eger jemgyýetiň ýa-da şahsyýetiň düýpli bähbitlerini goramak maksady bilen, şertnamanyň hakykylygy döwletiň rugsadyna bagly bolsa, onda munuň özi aýratyn kanun arkaly düzgünleşdirilmelidir diýip Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 333-nji maddasynda bellenen. Şertnamalaýyn borçnamalar şertnama baglaşylmagy netijesinde ýüze çykýar. Munuň özi borçnamalaryň

Raýat-hukuk şertnamalary Giňişleýin oka »

Raýat-hukuk borçnamalary

Raýat-hukuk borçnamalary barada düşünje. Borçnama esasynda bir şahs (bergidar) başga bir şahsyň (kreditoryň, algydaryň) peýdasyna belli bir hereketi etmäge, ýagny emlägi bermäge, işi ýerine ýetirmäge, pul tölemäge ýa-da belli bir hereketi etmekden saklanmaga borçludyr, algydaryň bolsa bergidaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegini talap etmäge haky bardyr. Borçnama durmuşda has köp ýaýran şol bir wagtyň özünde köpdürli

Raýat-hukuk borçnamalary Giňişleýin oka »

Raýat-hukuk gatnaşyklary

Raýat-hukuk gatnaşyklary barada düşünje. Mälim bolşy ýaly, jemgyýet dürli gatnaşyklardan, ýagny ahlak, hukuk, gatnaşyklaryndan ybaratdyr. Döwlet hukuk-namalaryň kömegi bilen adamlaryň bähbitlerini gozgaýan has möhüm gatnaşyklary kadalaşdyryp, ol jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk gatnaşyklaryna öwürýär. Diýmek, haýsy jemgyýetçilik gatnaşyklary kanunlara ýa-da beýleki hukuk namalar tarapyndan kadalaşdyrylýan bolsa, olara hukuk gatnaşyklary diýmek bolar. Hukuk gatnaşyklary dürli-dürlüdir. Mysal üçin, olar

Raýat-hukuk gatnaşyklary Giňişleýin oka »

Raýat hukugy barada düşünje

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe ykdysady kanunçylygy Kämilleşdirmäge uly üns berilýär, sebäbi geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijeli bolmagy üçin berk hukuk binýady gerek. Bu işler Prezidentimiziň »Döwlet adam üçindir” diýen şygarynyň amala aşyrylmagyny aňladýar.  Türkmenistanyň raýat kanunçylygy esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň konstitusiýasynyň kadalaryna esaslanýar. Türkmenistanda telekeçilik, emläkleýin we emläkleýin däl şahsy gatnaşyklar 1993-nji ýylyň

Raýat hukugy barada düşünje Giňişleýin oka »

Zähmet-düzgün nyzamy

Zähmet düzgün-nyzam barada düşünje. Zähmet düzgün- nyzamy her bir işiň netijeli bolmagy üçin zerurlykdyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň zähmet kodeksinde zähmet düzgün- nyzamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen kadalara uly orun berilýär. Kodeksiň onunjy bölümi, 160-170-nji maddalar zähmet düzgün-nyzamyna bagyşlanandyr. Zähmet düzgün-nyzamy diýip, işgäriň we iş berijiniň zähmet hakyndaky umumy kadalary, içerki zähmet-düzgün tertibini, köpçülikleýin baglaşylan şertnamany, zähmet şertnamasyny,

Zähmet-düzgün nyzamy Giňişleýin oka »

Işe kabul etmekligiň we işden  boşatmaklygyň tertibi

Işe kabul etmekligiň esaslary. Zähmet gatnaşyklarynda  eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, alyp barýan işiniň häsiýetine  laýyklykda hukuklara we borçlara eýe bolup, işgäri  işe kabul edip bilýän edara, kärhana, gurama, hususy  telekeçä iş beriji diýilýär. Zähmet-hukuk gatnaşygynyň  ikinji  tarapyna ýaşy boýunça umumy bildirilýän talap, ýagny  işgär 16 ýaşan raýat bolup biler. Zähmet şertnamasy 15  ýaşyny dolduran adam bilen

Işe kabul etmekligiň we işden  boşatmaklygyň tertibi Giňişleýin oka »

Zähmet hukugy barada düşünje

Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy.  Adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösüşine täsir edýär. Zähmet adamy bezeýär. Zähmet çekmek bilen adam öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirýär, durmuşda öz ornuny tapýar, beýleki adamlaryň özüni ykrar etmegini gazanýar. Şu uly jemgyýetçilik ähmiýetli gatnaşyklar kanunçylyk bilen kadalaşdyrylýar we zähmet hukugy pudagyny emele getirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň

Zähmet hukugy barada düşünje Giňişleýin oka »

Administratiw jogapkärçiligi

Administratiw jogapkärçiligine düşünje. Türkmenistanda jogapkärçilik hakyndaky hereket edýän kada-kanunlara laýyklykda hukuk jogapkärçiliginiň dört görnüşi bardyr, olar jenaýat jogapkärçiligi, raýat jogapkärçiligi, düzgün- nyzam jogapkärçiligi we administratiw jogapkärçiligi. Bularyň hemmesi döwlet tarapyndan ulanylýan mejbury çäre bolup, degişlilikde jeza we temmi çäreleri diýlip atlandyrylýar. Bularyň içinde iň köp ýaýranlarynyň biri hem administratiw jogapkärçiligidir. Sebäbi administratiw etmişlerini her günüň

Administratiw jogapkärçiligi Giňişleýin oka »

Döwlet gullugy (gullukçylar)

Özüniň mazmuny boýunça döwlet gullugy we döwlet diwany biri-birinden aýrylmaz düşünjelerdir. Döwlet edaralarynyň işleriniň oňaýly alnyp gidilmegi ýeke bir olaryň içki gurluşyna bagly bolman, onuň şahsy düzümine hembaglydyr, başga söz bilen aýdylanda olarda işleýän gullukçylaryna hem baglydyr. Beýle arabaglanşyk işgärleriň ählisiniň arasyndaky ygtyýarlaryň bölünmegi netijesinde durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ähli döwlet edaralarynda işleýän işgärler administratiw hukugynyň

Döwlet gullugy (gullukçylar) Giňişleýin oka »

Scroll to Top