Ene-atanyň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan şahsy we emläk gatnaşyklary

Ene-atalaryň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklarynyň esaslary. Ata-ene bilen çagalaryň özara hukuklary we borçlary çagalaryň gelip çykyşynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde tassyklanan wagtynda ýüze çykýar we çagalaryň kimden bolandygyna esaslanýar. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna onuň ata-enesi hakynda maglumatlar nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň esasynda girizilýär.

Çaga öz aralarynda nikada durýan adamlardandoglanda, çaganyň kakasy diýip çaganyň ejesiniň äri hasaplanylýar, eger çaganyň ejesi nikada durmaýan bolsa we nikanyň bozulan, nika hakyky däl diýlip ykrar edilen pursatynda ýa-da çaganyň ejesiniň äriniň ölen pursatyndan başlap, üç ýüz günüň dowamynda çaga dogulsa, onda çaganyň ejesiniň öňki äri çaganyň kakasy diýlip hasaplanylýar. Ejesiniň äriniň çaga babatda atalygy RÝNÝ edarasy tarapyndan tassyklanylýar. Eger çaganyň ejesi öz äriniň (öňki etse, onda çaga babatdaky atalyk çaganyň ejesiniň we onuň hakyky kakasynyň arzasy esasynda anyklanylýar. Şunda onuň haýyşy diňe bu hakda ejesiniň we onuň äriniň (öňki äriniň) ýazmaça arzasy, ýa-da onuň äriniň (öňki äriniň) ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilendigi hakynda kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bolan mahalynda kanagatlandyrylyp bilner. Äri (öňki äri) şeýle arzany bermekden ýüz dönderende, ýa-da ol bolmadyk mahalynda, şeýle hem çaganyň ejesi bilen onuň äriniň (öňki äriniň) arasynda atalyk babatda jedel bolanda atalyk babatda jedel kazyýet tarapyndan çözülýär. Çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnanda onuň familiýasy, ady we atasynyň ady, onuň ata-enesi hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär.

Çaganyň doglan gününden bir aýdan gijä galman çaganyň doglan ýerindäki ýa-da onuň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ýazmaça görnüşde arza berilýär. Çaga öli doglan halatynda çaganyň doglan gününden üç iş günden gijä galman arza berilýär. Çaganyň dogluşyny döwlet tarapyndan bellige almak arzanyň esasynda, dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Ene-atalaryň we çagalaryň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklarynyň esaslary çagalaryň dogulyşy baradaky şahadatnama bolup durýar. Çaganyň doguluşy baradaky şahadatnama çaganyň dogulan ýerindäki ýa-da ene-atasynyň, ýa-da olardan biriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan berilýär.

Ene-atanyň we çagalaryň arasynda ýüze çykýanşahsygatnaşyklaryň görnüşleri. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak olaryň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar üstüne ýüklenilýär. Ata-enäniň öz çagasyny terbiýelemäge, onuň indiwiduallygyny,ýaşyny we jynsyny nazara almak bilen oňa hossarlyk etmäge, onuň saglygy, beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, ony kanunlara, taryhy we milli dep-dessurlara sarpa goýmaklyga uýgunlaşdyrmaga hukugy bardyr we borçludyrlar. Ata-enäniň çagany terbiýelemekde ähli başga adamlardan artykmaç hukugy bardyr. Ata-ene çaganyň ýaşyny we hukuk ukyplylygyny nazara almak bilen, çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge we goramaga gönükdirilen özbaşdak hereketleri amala aşyrmagynda oňa ýardam edýär. Ata-ene çaganyň kanuny wekilleri bolmak bilen, üçünji taraplar bilen gatnaşyklarda, şol sanda derňewde we kazyýetde onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goraýarlar. Eger hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan ata-enesi bilen çaganyň bähbitleriniň arasynda düşünişmezlikleriň bardygy anyklanylsa, ata-ene çaganyň bähbitlerine wekilçilik etmäge hakly däldir. Ata-enesi bilen çaganyň arasynda düşünişmezlikler bolan halatynda hossarlyk we howandarlyk edarasy onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin wekil bellemäge borçludyr. Ata-ene çagalarynyň umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge borçludyr. Olaryň öz çagalarynyň pikirini nazara almak bilen, bilim edarasyny we olary okatmagyňgörnüşini saýlamaga hukugy bardyr. Ata-eneler çaganyň terbiýesi we ösüşi üçin jogapkärçilik çekýärler. Ata-enäniň öz çagalary babatda deň hukuklary we borçlary bardyr.

Ata-enäniň arasyndaky nika bozulan halatynda hem öz çagalary babatda deň hukuklary we borçlary bardyr. Аta-enelik hukuklary çagalar doly kämillik ukybyna eýe bolan halatynda bes edilýär. Çaganyň doglan pursatyndan başlap raýatlygyny, milletini, adyny, atasynyň adyny, familiýasyny we maşgala gatnaşyklaryny goşmak bilen, öz indiwiduallygyny saklamaga hukugy bardyr. Çaganyň ady ata-enesiniň razylygy bilen dakylýar. Çaga atasynyň ady kakasynyň ady boýunça dakylýar. Çaga nikada durmaýan ejeden doglan halatynda, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy bolmadyk mahalynda ýa-da atalygy anyklamak, ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdi bolmadyk mahalynda, çaganyň kakasynyň familiýasy ejesiniň familiýasy boýunça çaganyň dogluş hakyndanama ýazgysyna girizilýär, çaganyň kakasynyň we atasynyň ady – ejesiniň görkezmesi boýunça, milleti we raýatlygy– ejesiniň milleti we raýatlygy boýunça girizilýär. Girizilen maglumatlar atalygy anyklamak hakynda meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup bilmez. Eger ejesi çaganyň kakasy hakynda maglumatlary görkezmekden ýüz dönderse, onda «çaganyň kakasy» diýen setirde kese çyzyk goýulýar. Eger çaganyň kakasy bilen nikada durmaýan ejesiniň islegi boýunça çaganyň kakasy hakynda maglumatlar çaganyňdogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýän bolsa, onda atasynyň ady oňa ejesiniň görkezmesi boýunça dakylyp bilner. Çaganyň familiýasy ata-enesiniň familiýasy bilen kesgitlenilýär. Eger ata-ene umumy familiýany göterýän bolsa, çaga ata-enesiniň familiýasy dakylýar. Ata-enesiniň familiýasy dürli bolanda, şeýle hem ata-enesiniň (olardan biriniň) familiýasy üýtgände, çaga ata-enesiniň razylygy bilen kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasy dakylýar. Ata-enesiniň islegi boýunça çaga kakasynyň ýa-da atasynyň, ýa-da babasynyň ady boýunça familiýa berlip bilner. Çaganyň ady ýa-da familiýasy babatda ata-enesiniň arasynda ylalaşyk bolmadyk mahalynda ýüze çykan düşünişmezlikler hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan çözülýär.

Çaganyň milleti onuň ata-enesiniň milleti bilen kesgitlenilýär. Eger ata-enesiniň milleti dürli bolsa, çaga passport berlende, milleti onuň islegi boýunça kakasynyň ýa-da ejesiniň milletine görä kesgitlenilýär. Biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) arzasy boýunça, ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça, ýa-da onsekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar. Çaganyň atalygy anyklanylanda, kazyýet çaga dogulmazyndan öň çaganyň ejesiniň we jogapberijiniň bile ýaşandygyny we umumy hojalygy ýöredendigini ýa-da çagany bilelikde terbiýeländigini, ýa-da ekläp-saklandygyny, ýa-da jogap beriji tarapyndan atalygyň ykraredilmegini anyk tassyklaýan başga kanuny subutnamalary nazara alýar.

Ene-atanyň we çagalaryň arasynda ýüze çykýanemläk gatnaşyklary. Ene-atanyň we çagalaryň arasynda şahsy hukuk gatnaşyklaryň esasynda emläk hukuk gatnaşyklary ýüze çykýar. Ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz kömege mätäç bolan çagalary, şeýle hem, bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça,ýöne ýigrimi üç ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň we ene-atalaryň emlägi umumy bolup durýar, diýmek her bir kemala gelmedik çaga ene-atasynyň emlägi bilen ulalyp bilýär. Çaga 18 ýaşy dolandan soň, onuňemlägi ene-atasynyň emläginden aýry bolup durýar. Şol wagtdan başlap, ene-atalar we çagalar bir-biriniň emlägi bilen diňe razylygy boýunça ulanyp bilýärler.

Perzentlige almaklyk we perzentligi ýatyrmak. Hossarlygywe howandarlygy bellemek we ony ýatyrmak. Perzentlige almaklyk diýlip, maşgalanyň keseki, ýagny ýetim ýa-da ene-atanyň terbiýesinden kesilen (enäniň, atanyň näsaglygy sebäpli, ene-atanyň çagany terbiýelemekden ýüz öwürmegi ýa-da ene-ata hukugyndan mahrum edilmegi) çagalary terbiýelemeklige alynmagyna aýdylýar. Perzentlige almaklyk – bu hukuknama bolup, perzentlige alýanyň we perzentlige alynýanyň arasynda garyndaşlyk derejede edil hakyky ene-ata we çagalaryň arasyndaky ýaly ýüze çykýan hukuklary we borçlary döredýär. Diňe kemala gelmedik çagalary, olaryň bähbitlerini goramak üçin perzentlige alyp bolýar. Ýöne käbir halatlarda, perzentlige alanyň we perzentlige alynýanyň arasynda ata-ene bilen çaganyň arasyndakyýaly gatnaşyklaryň hakykatdan hem öň bardygy kazyýet tarapyndan anyklanylsa, kämillik ýaşyna ýetenden soň hem adamy perzentlige almak geçirilip bilner. Perzentlige alyjylar bolsa tersine, diňe kämillik ýaşyna ýeten adamlar bolup bilerler. Perzentlige almaklyk bilen raýatlar döwlete ene-atasyz galan çagalary terbiýelemekde uly ýardam edýär.

Çagany perzentlige aljak adamlar öz arzasy bilen häkimlikleriň hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ýüz tutýarlar. Perzentlige almak hakynda resminamalary hossarlyk we howandarlyk edaralary taýýarlaýarlar we olaryň gatnaşmagynda şol resminamalara häkim tarapyndan bir aýyň dowamynda garalýar. Perzentlige alýanyň we perzentlige alnan çaganyň özara hukuklary we borçlary çagany perzentlige almak baradaky çözgüt çykarylan gününden başlap ýüzeçykýar. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy esasynda kazyýetiň çözgüdi boýunça ata-enelik hukugyndan mahrume dilen, ýa-da kazyýet tarapyndan ata-enelik hukuklary çäklendirilen adamlar, kazyýetiň çözgüdiniň esasynda kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar, kanun tarapyndan öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi sebäpli, hossaryň (howandaryň) borjuny ýerine ýetirmekden çetleşdirilen adamlar, öňki perzentlige alanlar, eger perzentlige almak olaryň günäsi boýunça kazyýet tarapyndan ýatyrylan bolsa, saglyk ýagdaýy boýunça ata-eneleriniň hukuklaryny we borçlaryny amala aşyryp bilmeýän adamlar, mugallymçylyk we terbiýeçilik işi bilen baglanyşykly jenaýatlary, şeýle hem bilkastlaýyn agyr we aýratyn agyr jenaýatlary edendigi üçin iş kesilen adamlar, eger olaryň iş kesilenlik aýby ýatyrylmadyk bolsa, hemişelikýaşaýan ýeri, şeýle hem bellenilen sanitariýa we tehnikitalaplara laýyk gelýän ýaşaýyş jaýy bolmadyk adamlar, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da taksikamaniýadan ejirçekýän adamlar perzentlige alyjylar bolup bilmeýärler. Öz aralarynda nikada durmaýan adamlar şol bir çagany almaklyk çaganyň bähbitlerine ters gelýän bolsa we perzentlik kanuny düzgünlerini bozulup geçirilen bolsa,onda perzentlige almaklyk kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýlip ýa-da ýatyrylyp bilner. Ata-enesiniň ölmegi, ata-enesiniň ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmegi, ata-enesiniň kesellemegi zerarly ýa-da beýleki sebäplere görä, ata-enäniň hossarlygyndan mahrum bolan kemala gelmedik çagalary terbiýelemek üçin, şonuň ýaly-da şol çagalaryň şahsy we emläk hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin olaryň üstünden hossarlyk we howandarlyk bellenilýär. Hossarlyk we howandarlyk kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin bellenip bilner.

Özleriniň saglyk ýagdaýy sebäpli, öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyryp bilmeýän we öz borçlaryny özbaşdak ýerine ýetirip bilmeýän kemala gelen adamlaryň şahsy we emläk hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin hossarlyk we howandarlyk bellenilýär. Kämillik ýaşyna ýetmedik ýedi ýaşa çenli çagalara, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara hossarlyk bellenilýär. Hossarlar kanuna laýyklykda hossarlyk edilýänleriň wekilleri bolup durýarlar hem-de olaryň adyndan we olaryň bähbitleri üçin ähli zerur geleşikleri baglaşýarlar. Kämillik ýaşyna ýetmedik ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çagalara, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlara howandarlyk bellenilýär. Kämillik ýaşly kämillik ukyby bolan saglyk ýagdaýy sebäpli özleriniň hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän adamlara howandarlyk diňe şol adamlaryň haýyşy boýunça bellenilip bilner. Howandarlar howandarlyk edilýänleriň öz hukuklaryny amala aşyrmagynda we borçlaryny ýerine ýetirmeginde olara ýardam edýärler, şeýle hem olary üçinji adamlaryň hyýanatçylyklaryndan gorap saklaýarlar. Howandarlar howandarlyk edilýänleriň özbaşdak baglaşmaga hakly bolmadyk geleşiklerini baglaşmaga razylyk berýärler. Hossarlaryň we howandarlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuklary we borçlary bardyr. Hossarlaryň hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan deslapdan ygtyýarlyk alman hossarlyk edilýänleriň adyndan durmuş geleşikleriniň çäklerinden çykýan geleşikleri baglaşmaga haky ýokdur, howandarlaryň bolsa – şolar ýaly geleşikler baglaşylmagyna razylyk bermäge haky ýokdur. Kepillendiriş tertibinde tassyklanylmaga degişli şertnamalary baglaşmak üçin, hossarlyk edilýänleriň degişli hukuklardan ýüz döndermek üçin, emlägi paýlaşmak üçin, ýaşaýyş jaýlaryny çalyşmak we emlägi almak üçin hossarlyk we howandarlyk edarasynyň deslapdan ygtyýarlyk bermegi talap edilýär. Hossarlyk we howandarlyk boýunça wezipeleri hossarlyk we howandarlyk edaralary amala aşyrýarlar.

Hossarlyk we howandarlyk etmek kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara– bilim edaralarynyň, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlara – saglygy goraýyş edaralarynyň, saglyk ýagdaýy boýunça howandarlyk edilmegi zerur bolan kämillik ukybybar adamlara – durmuş taýdan goramak edaralarynyň üstüne ýüklenilýär. Hossar ýa-da howandar saýlanyp alnan mahalynda onuň şahsy sypatlary, hossarlyk ýa-da howandarlyk borçlaryny ýerine ýetirmäge ukyby, onuň bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç bolan adamyň arasyndaky gatnaşyklar şonuň ýaly-da eger mümkin bolsa, howandarlyk edilýäniň islegi nazara alynmalydyr. Kämillik ukyby bolan, ýöne saglyk ýagdaýy sebäpli, özbaşdak öz hukuklaryny goramagawe öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk, kemala gelen adama howandar, diňe howandarlyk edilýän adamyň razylygy bilen saýlanylyp alynýar.

On sekiz ýaşyna ýetmedikler; kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilenler; ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilenler; ozal perzentlige alanlar, eger perzentlige almak perzentlige alanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi sebäpli ýatyrylan bolsa; özleriniň üstüne ýüklenilen borçlary ýerine ýetirmändigi ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirmändigi sebäpli hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryndan çetleşdirilenler; mugallymçylyk we terbiýeçilik işi bilen baglanyşykly jenaýatlary, şeýle hem bilkastlaýyn agyr we aýratyn agyr jenaýatlary edendigi üçiniş kesilen, eger olaryň iş kesilenlik aýby aýrylmadyk bolsa; arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejirçekýänler hossar ýa-da howandar edilip bellenilip bilinmezler. Hossarlyga we howandarlyga bellenen adamlar özborjyny talaba laýyk ýerine ýetirip bilmeseler ýa-da hossarlygy-howandarlygy talap edýän esaslar aradan aýrylsa, onda hossarlyk we howandarlyk ýatyrylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top