Raýat-hukuk jogapkärçiligi

Raýat hukuk jogapkärçiliginiň şertleri. Hukuk jogapkärçiliginiň esasy wezipesi hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, bozulan hukuklary öňki derejesine dikeltmek bolup durýar. Şeýlelikde, hukuk gatnaşyklarynyň talabalaýyk kadaly bolmagy üpjün edilýär. Hukuk jogapkärçiligi özünde şu alamatlary jemleýär: Döwletiň mejbur ediş çäresi; Hukuk bozulmasy üçin kanunda bellenen; Bu döwlet mejbur ediş çäresini diňe ygtyýarly döwlet edaralary ulanyp bilýär; Haýsydyr bir ýagdaý üçin kanunyň bellän hukuk netijesi. Türkmenistanyň kanunçylygy jogapkärçiligiň dört görnüşini belleýär: raýat, jenaýat, dolandyryş, düzgün-nyzam. Olaryň içinde has köp ulanylýany raýat-hukuk jogapkärçiligidir, sebäbi ol bazar ykdysadyýetiniň usullaryna laýyk gelýär. Jogapkärçiligiň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda, raýat-hukuk jogapkärçiligini islendik jogapkärçilik bilen bilelikde ulanyp bolýar. Raýat-hukuk jogapkärçiligi diýip, kanun ýa-da şertnama boýunça bellenilen borjuny bozan şahsyň garşysyna ulanylýan oňaýsyz maddy, mejbur ediş çäresine aýdylýar. Beýleki jogapkärçilikler diňe kanun esasynda döreýär, emma raýat-hukuk jogapkärçiligi şertnama esasynda hem döräp bilýär.

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň esasy wezipesi hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, bozulan hukuklary öňki derejesine dikeltmek bolup durýar. Raýat-hukuk jogapkärçiligine çekmegiň dört sany şerti bar:

1.Kanunyň ýa-da şertnamanyň bozulmagy.

2.Zyýanyň, zeleliň bolmagy.

3.Ýetirilen zyýan bilen dörän netijäniň arasyndaky sebäpli baglanyşyk.

4.Günä. Şu şertleri synlanyňda, raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ählumumylygy we aýratynlyklary ýüze çykýar.

Jenaýat, dolandyryş jogapkärçilikleri diňe kanun bozulanda ýüze çykýan bolsa, raýat-hukuk (maddy) jogapkärçilik şertnama esasynda hem döräp bilýär. Şeýle aýratynlyk zyýanyň, zeleliň bolmagy diýen şert barada-da ýüze çykýar. Zyýan, zelel bolmasa, raýat-hukuk (maddy) jogapkärçilige çekip bolmaýar, emma jenaýat jogapkärçiligine (Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 13-14-nji maddalary), jenaýata taýýarlyk görmek ýa-da jenaýatyň kastyna düşmek üçin jogapkärçilige çekip bolýar. Raýat kanunçylygy boýunça, eger bir adam başga biriniň emlägine zelel ýetiriji hereketi ýa-da hereketsizligi eden hem bolsa, zyýan döremedik bolsa, onda maddy jogapkärçilige çekip bolmaýar. Baglaşylan şertnama boýunça öz borçlaryny bolmalysy ýaly ýerine ýetirmekleri boýunça taraplaryň borçnamalary emläk jogapkärçiliginiň serişdeleri arkaly kepillendirilendir, olar beýleki tarapyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmeýän ýa-da bolmalysy ýaly ýerine ýetirmeýän tarapa ýüklenilýär. Kanunçylyk şertnamany bozujylar babatynda esasy düzgünleri öz içine alýar. Umumy düzgünler raýat kodeksiniň 418-425-nji maddalarynda bar, aýryaýry düzgünler bolsa raýat kodeksiniň şertnamalaýyn borçlaryň dürli görnüşlerine bagyşlanan baplarynda göz öňünde tutulandyr. Şol kadalar umumy netijelere gelmäge mümkinçilik berýärler:

  1. Şertnama boýunça bir tarap öz borçlaryny ýerine ýetirmedik, bolmalysy ýaly ýerine ýetirmedik ýa-da bu borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwren halatynda, bir tarap beýleki tarapa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmalydyr.
  2. Borçnamanyň ýerine ýetirilmedik halatynda, aýratyn kesgitlenen zady beýleki tarapyň eýeçiligine ýa-da peýdalanmagyna geçirmeli, ol tarap hem bu zadyň bergidardan öz haýryna alynmagyny ýa-da ýetirilen zyýanyň öweziniň doldurylmagyny talap etmäge haklydyr.

    3. Belli bir işi ýerine ýetirmek borjunyň ýerine ýetirilmedik halatynda, algydar onuň ýerine ýetirilmegini üçünji                tarapa tabşyryp hem-de bergidardan zyýanlaryň öweziniň doldurylmagyny talap edip bilýär.

Şertnamanyň ýerine ýetirilmezligi üçin telekeçiniň islendik halatda, eger munuň sebäbini ýeňip geçip bolmajak güýjüň (tebigy betbagtçylyk, harby hereketler we ş.m.) täsiridigini subut etmese, jogapkärçilik çekýändigi kanunçylykda bellenendir. Şeýlelik bilen, jogapkärçiligi şertnama boýunça taraplaryň birine ýüklemegiň zerur şerti beýleki tarapyň çeken zyýanlary bolup durýar. Kanunçylyga laýyklykda zyýan diýip, şertnama boýunça bir tarapyň çeken harajatlaryna, onuň emläginiň ýitirilmegine ýa-da zaýalanmagyna, şonuň ýaly-da beýleki tarap borçnamasyny ýerine ýetiren bolsa, onuň almagy mümkin bolan alynmadyk girdejilere düşünilýär. Şeýlelikde, zyýanlar düşünjesi şu böleklerden durýar: Emlägiň ýitirilmegi, emlägiň fiziki taýdan ýok edilmegi ýa-da onuň hojalyk dolanyşygyndan çykmagy; Emlägiň zaýalanmagy, oňa sarp ediş sypatlarynyň, daşky görnüşiniň ýaramazlaşmagy, gymmatynyň kemelmegi bilen baglanyşykly zeper ýetmegi Düzgün bolşy ýaly, zyýanlar jogap berijiden kazyýetiň karary boýunça pul görnüşinde alynýar, emma jogap berijide pul serişdeleri ýok bolan halatynda, talap edijiniň kazyýetiň kararyny ýerine ýetirmekligiň usulyny alynmaly puly jogap berijiniň emläginden almaklyga gönükdirmek arkaly üýtgetmek barada kazyýete arza bilen ýüz tutmak mümkinçiligi bar. Bazar gatnaşyklary ösdügiçe, şertnamanyň ähmiýeti hem artýar. Ol diňe bir jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda borçnamalaryň ýüze çykmagynyň esasy hemde taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny bellige alýan resminama bolman, eýsem şertnamanyň taraplarynyň özüni alyp barşyny kadalaşdyrmagyň resminamasydyr.

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň alamatlary we görnüşleri. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň alamatlary diýlende, onuň mejbur ediş çäresidigini, hukuk bozulmasy üçin bellenilendigini, bu mejbur ediş çäresini taraplaryň özleri biri-birine meýletin ýa-da ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ulanyp bolýandygyny bellemek gerek. Şeýlede jogapkärçilige çekilende, kanunyň ýa-da şertnamanyň haýsydyr bir ýagdaý üçin bellän çäreleri (sanksiýalary) ulanylýar. Raýat- hukuk maddy jogapkärçiligine zyýan, zelel bolmasa çekip bolmaýar. Jogapkärçiligiň görnüşleri baradaky kadalar raýat kodeksiniň 138, 407, 413, 681, 713, 818 we beýleki birnäçemaddalarynda beýan edilýär. Jogapkärçiligiň görnüşleri diýlende, biz şol maddy täsir ediş serişdelerini dürli usullar bilen kanunda ýa-da şertnamada beýan edilişine düşünýäris. Şonuň üçin olary dürli hili atlandyrýarys: paýly, raýdaş, garyşyk (raýat kodeksiniň 1027-1051-nji maddalary).

 Şertnamalaýyn jogapkärçilik. Adyndan görnüşi ýaly bu jogapkärçilik şertnamanyň şertleriniň bozulmagyna esaslanýar. Şertnama – bu iki ýa-da ondan köp tarapyň arasynda baglaşylan ylalaşykdyr. Şertnamalaýyn jogapkärçiligiň esasy çäresi puşmana puludyr. Puşmana puly öňünden şertleşilen pul möçberi bolup, ony şertnamany ýerine ýetirmedik tarap beýleki tarapa töleýär. Taraplar şertnama baglaşanlarynda, puşmana puluny erkin kesgitläp bilýärler. Puşmana puly hakyndaky ylalaşyk ýazmaça görnüşde bolmalydyr. Puşmana puly şertnamalarda dürli hili atlandyrylyp bilner. Eger-de anyk pul möçberinden ýa-da üýtgemeýän göterim möçberinde beýan edilen bolsa, oňa jerime diýilýär. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky jogapkärçilik (delikt). Kanuna garşy bilkastlaýyn ýa-da seresapsyz hereketleri bilen başga şahsa zyýan ýetiren şahs şol zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr.

Eger zelel ýetiren adam zeleliň öz günäsi boýunça ýetirilmändigini subut etse, onda ol şol zeleli tölemekden boşadylýar. Raýat kodeksiniň 1029-njy maddasyna laýyklykda, on ýaşyna ýetmedik şahs başga şahslara ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär. On ýaşyny dolduran kemala gelmedik şahs eger zyýan ýetiren wagtynda öz hereketiniň (eden işiniň) ähmiýetine akyl ýetirip bilmeýän bolsa, ol özüniň başga şahsa ýetiren zyýany üçin jogapkärçilik çekmeýär. Onuň deregine kemala gelmedigiň ata-enesi ýa-da oňa gözegçilik edýän jogapkär şahslar kemala gelmedigiň bikanun hereketleri bilen başga şahsa ýetiren zyýanyň öwezini doldurmaga borçludyr. Gözegçilik etmäge jogapkär şahslar zyýanyň öňüni alypbilmedik halatlarynda, jogapkärçilik aradan aýrylýar. Şeýle kadalar ruhy taýdan keselli (dälilik keseli) şahs tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmakda hem ulanylýar (raýat kodeksiniň 1030-1031-nji maddalary). Eger mal adamyň bedenine (synasyna) degip, onuň ömrüne ýa-da saglygyna zeper ýetirse ýa-da zatlaryny zaýalasa, malyň eýesi zyýan çekene ýetirilen zeleliň öwezini dolduryp bermäge borçludyr diýlip, 1038-nji maddada bellenen. Raýat kodeksinde pes hilli önümden ýeten zyýan üçin jogapkärçilige aýratyn üns berilýär we ýörite bapda, 1044-1051-nji maddalarda kadalaşdyrylýar.         

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby 

 

Teswir ýaz

Scroll to Top