Maşgala hukugy barada düşünje. Nikalaşmagyň we nika bozulmagyň tertibi we şetleri

Maşgala hukugy barada düşünje. Maşgala hukuk gatnaşyklary we olaryň görnüşleri. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary hem-de borçlary bilen baglanyşykly şahslaryň topary maşgala diýlip hasap edilýär. Türkmen maşgala terbiýesiniň gözbaşynda ata-babalarymyzdan galan asylly däp-dessurlar, edim-gylymlar, Ogyz hanyň ýörelgeleri ýatyr. Maşgala ojagynyň mukaddesligi, enä we ululara hormat goýmak, geçirimlilik, sadalyk we zähmetsöýerlik ýaly ahlak häsiýetleri biziň halkymyzyň taryhy köklerinden ugur alýarlar. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe garaşsyzlygynyň ähli gazananlaryny berkitmäge, jemgyýetiň ähli pudaklaryna mundan beýläk bolup geçýän düýpli özgerişiklere öz mynasyp goşantlaryny goşýan Türkmenistanyň aýal-gyzlaryň tutýan ornuna belent baha berýär. Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Onda gatnaşyklaryň köp ugurly görnüşleri kemala gelýär we dürli meseleler çözülýär. Her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr, ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýeläp ýetişdirmek üçin özbaşdak we jogapkär bolmalydyr. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet şonça-da hemmetaraplaýyn baý bolýar. Biziň wezipämiz türkmen maşgalasynyň sütünlerini gorap saklamakdan we berkitmekden, onuň maddy üpjünçiligini gowlandyrmakdan ybaratdyr diýip, Türkmenistanyň mähriban Prezidenti öz çykyşlarynda belledi.

Maşgala hukugy – hukuk namalaryň toplumy bolup, maşgalany dolandyrýan, ýagny degişli şahsy we emläkhukuk gatnaşyklaryny, nikada duran adamlaryň hukuk ýagdaýyny, garyndaşlygyny we perzentlige almaklygy kadalaşdyrýan hukukdyr. Maşgala hukugy, özbaşdak hukuk bolup, är-aýalyň, ene-atalaryň we çagalaryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň, perzentlige alanlaryň we perzentlige alynanlaryň, hossarlaryň, howandarlaryň we hossarlyga, howandarlyga alynan adamlaryň arasynda nika, nikany ýatyrmak we bozmak, aliment (hossarlyk hakyny) töletmek we aliment tölemekden boşatmak, enelik we atalyk, perzentlige almaklyk, hossarlyk we howandarlyk babatda ýüze çykýan hukuk şahsy we emläk gatnaşyklary kadalaşdyrýan hukuk pudagydyr. Maşgalanyň beýleki agzalary diýip öweý enä, öweý ata we öweý çagalara, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlara, garry enä, garry ata we agtyklara aýdylýar.

Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 1-nji maddasynda maşgala hukugyna degişli adamlara (subýektlere) şeýle düşündiriş berilýär. Är-aýal – öz aralarynda nikada durýan adamlar (äri we aýaly); çaga – on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam; ata-ene – çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda onuň ata-enesi hökmünde bellige alnan adamlar (kakasy we ejesi); süýtdeş doganlar – bir ataeneden bolan doganlar; doly süýtdeş däl doganlar – bir kakadan we aýry ejeden ýa-da bir ejeden we aýry kakadan bolan doganlar; perzentlige alan – çagany terbiýelemäge (perzentlige) alan kämillik ýaşyna ýeten adam ýa-da äraýal (olaryň biri); öweý kaka – çagalaryň ejesiniň soňky nika baglaşan adamsy; öweý eje – çagalaryň kakasynyň soňky nika baglaşan aýaly; öweý ogul – är-aýalyň biriniň beýlekisi babatda, onuň üçin ganybir bolmadyk ogly; öweý gyz – är-aýalyň biriniň beýlekisi babatda, onuň üçin ganybir bolmadyk gyzy bolýar. Garyndaşlar bolanda, ol – öz aralarynda ganybir garyndaşlygy bilen baglanyşykly we biri-beýlekisinden ýada umumy ata-babadan gelip çykýan adamlar. Garry ata (garry ene), garry baba (garry mama), ata we ene, baba we mama, kaka (eje), ogul (gyz), agtyklar, çowluklar, doganlar, daýylar (daýzalar), ýegenler we beýlekiler garyndaşlar bolup durýarlar. Ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlar – ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa zürýatdan ata-baba garalanda: agtyk, ogul, kaka, ata. Ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlyk – ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa ata-babadan zürýada garalanda: ata, kaka, ogul, agtyk. Maşgala hukuk gatnaşyklary diňe maşgala hukugyna degişli adamlaryň arasynda döräp bilýärler we Türkmenistanyň Maşgala kanunçylygynyň kadalarynyň esasynda düzgünleşdirilýärler. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Maşgala kodeksinden hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Maşgala kodeksde bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. Maşgalany goldamaga we goramaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslarynyň kemala getirilmegi, onuň ykdysady taýdan özbaşdaklygy we ähli agzalarynyň halýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleri döretmek arkaly maşgala hakynda aladanyň edilmegine, maşgalalara döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi, olaryň saglygyny goramagyň guralmagy, ata-eneleriň zähmet işini maşgala borçlaryny ýerine ýetirmek bilen utgaşdyrmagy üçin şertleriň döredilmegi, durmuş infrastrukturasyny ösdürmek, şeýle hem maşgalany, eneligi we çagalygy, atalygy goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kemala getirmek Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar. Şu aşakdakylar Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň esasy wezipeleri bolup durýar:

1) maşgala gatnaşyklarynyň erkek bilen aýalyň meýletin nika baglaşmagynda, är-aýalyň maşgaladaky hukuklarynyň deňliginde, biri-birine söýgi we hormat bilen düşünişmegi, kömek bermegi esasynda we ähli maşgala agzalarynyň maşgalanyň öňündäki jogapkärçilik duýgusynda gurulmagy;

2) maşgalanyň umumadamzat ahlak ýörelgelerinde pugtalandyrylmagy;

3) maşgala işlerine başga biriniň gatyşmagyna ýol berilmezligi;

4) är-aýalyň, ata-enäniň we maşgalanyň beýleki agzalarynyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýola goýulmagy we olaryň amala aşyrylmagynyň üpjün edilmegi;

5) çagalaryň hukuklarynyň ýola goýulmagy we olaryň ileri tutulmagynyň üpjün edilmegi;

6) çaganyň dogulmagyna çenli we doglandan soňky hukuk we beýleki goragy, her bir çaganyň ösmegi we kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi;

7) eneligiň we çagalygyň, atalygyň goralmagy.

Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy nika baglaşylmagynyň şertlerini we tertibini belleýär, är-aýalyň, ataeneleriň we çagalaryň, perzentlige alanlaryň we perzentlige alnanlaryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň arasyndaky şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklary, perzentlige almak, hossarlyk (howandarlyk) bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we çäklerde – beýleki garyndaşlar bilen başga adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary maşgala ýerleşdirmegiň görnüşlerini we tertibini, nikany bozmagyň, ony hakyky däl diýip ykrar etmegiň şertlerini we tertibini, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibini kesgitleýär. Maşgala hukuk gatnaşyklary iki görnüşe bölünýärler. Birinji – şahsy hukuk gatnaşyklar, olara nika baglaşmak, nika ýatyrmak ýa-da bozmak, atalyk we enelik, perzentlik, hossarlyk we howandarlyk bilen bagly gatnaşyklar girýärler. Şu hukuk şahsy gatnaşyklaryň esasynda maşgala gatnaşyklarynyň ikinji görnüşi döreýär, şahsy emläk gatnaşyklar, olar maşgala hukugyna degişli adamlaryň arasynda emläk babatda ýüze çykýarlar. Şolaryň hataryna är-aýalyň emläk gatnaşyklary, ene-atalaryň we çagalaryň umumy we aýratyn emläginiň bolmagy, aliment töletmek (hossarlyk hakyny) ýa-da aliment tölemekden boşatmak, we şuňa meňzeşler degişlidir.

Nika barada düşünje. Nikalaşmagyň tertibi we şetleri. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 7-nji maddasyna laýyklykda, diňe RÝNÝ edaralary ( welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň RÝNÝ bölümlerini, Geňeşleri öz içine alýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary) tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär, ol nika, är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna getirýär. Belläp geçmeli, dini däp-dessur boýunça nikalaşmagyň hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur.

Nika – är-aýalyň (erkek bilen aýalyň) öz aralaryndaky hukuklaryny we borçlaryny döredýän, erkek bilen aýalyň kanunda bellenilen tertipde maşgala gurmak üçin baglaşan meýletin deň hukukly birleşigi. Konstitusiýanyň 27-nji maddasyna laýyklykda, nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýal biribiri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurnamaga hukugy bardyr. Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza berilýär. Arzada olar Maşgala kodeksiniň 20-nji mad dasynda göz öňünde tutulan nika baglaşmaga päsgel berýän ýagdaýlaryň ýokdugyny görkezmelidirler, şeýle hem özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsysynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biriniň ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezmelidirler. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir. Türkmenistanda, nika ýaşy hem oglanlar üçin, hem gyzlar üçin deňdir. Maşgala kodeksiniň 15-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň her bir 18 ýaşa ýeten raýaty nika baglaşmaga hukukly bolup durýar. Aýratyn halatlarda esasy sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolamdyk wagta peseldilip bilner. Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyna görä, RÝNÝ edaralaryna arza berleninden bir aý möhlet geçeninden soň nika baglaşylýar. Esasy sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary bir aý geçmezden öň nika baglaşylmagyna rugsat berip, şeýle hem bu möhleti uzaldylyp bilerler, ýöne ol iki aýdan köp bolmaly däldir. Aýratyn ýagdaýlar (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, taraplaryň biriniň ömrüne gös-göni howp abanmagy we beýleki aýratyn ýagdaýlar) bolan mahalynda nika arza berlen gününde baglaşylyp bilner.

Nika dabaraly ýagdaýda baglaşylýar. Ýöne, nika baglaşmak üçin bäş şertleriň bolmaklygy zerurdyr. Birinji, nikalaşýanlaryň özara razylaşmagy bolmaly. Ikinji, nikalaşýanlar nika ýaşyna ýeten bolmalydyrlar. Üçünji nikalaşýanlaryň psihiki bozulmagyň (ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň) netijesinde haýsy-da bir biri kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip, ykrar edilen adam bolmaly däldir. Dördünji, nikalaşýanlar başga bir resmi nikada duran bolmaly däl, eger-de olaryň haýsydyr biri nikada duran bolsa, onda ol nikalaşmak üçin nika bozulanlygy ýa-da ýanýoldaşy ölenligi babatda şahadatnama görkezmeli. Bäşinji, nikalaşýanlar biri-birine gös-göni garyndaş bolmaly däl (ene-atalar bilen çagalaryň, süýtdeş doganlar bilen uýalaryň, süýtdeş däl doganlar bilen uýalaryň arasynda, garry ene-ata we agtyklarynyň arasynda, şonuň ýaly-da perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda nika baglaşylyp bilinmez). Talap edilýän şertiň bäşden biri bolmasa, onda şol nika baglaşmagyna ýol berilmeýär. Eger-de päsgelçilik bolan halatynda nika baglaşylan bolsa, onda şol nika kazyýetiň çözgüdiniň esasynda hakyky däl diýilip ykrar edilýär we şol nikadan ýüze çykan är-aýalyň hemme hukuklary we borçlary ýatyrylýar.

Är-aýalyň arasynda ýüze çykýan şahsy we emläk gatnaşyklary. Är-aýalyň hukuklary we boçlary nika baglaşylan gününden ýüze çykýar. Nika baglaşylan mahalynda olaryň arasynda şahsy hukuk gatnaşyklar döreýär, şonda äraýal islegi boýunça özleriniň umumy ady (familiýasy) hökmünde är-aýalyň biriniň adyny saýlap alýarlar ýa-da äraýalyň her biri özüniň nikalaşmazdan öň ozalky adyny saklaýar. Eneligiň, atalygyň, çagalary terbiýelemegiň, olaryň biliminiň meseleleri we maşgala durmuşynyň beýleki meseleleri är-aýalyň deňlik ýörelgesinden ugur alnyp äraýal tarapyndan bilelikde çözülýär. Är-aýal maşgalada öz gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we özara kömek bermek esasynda gurmaga, maşgalanyň abadançylygyna we pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge, öz çagalarynyň maddy hal-ýagdaýy we ösüşi barada alada etmäge borçludyrlar. Är-aýalyň her biri işi, käri we ýaşaýan ýerini erkin saýlap alyp biler. Nika baglaşylandan soň är-aýalyň arasynda şahsy hukuk gatnaşyklaryň esasynda emläk hukuk gatnaşyklary hem döreýär.

Är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň äraýalyň haýsysyna ýa-da haýsysy tarapyndan harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň bilelikdäki emlägine alan pensiýalary, döwlet kömek pullary, şeýle hem ýörite niýetlenen maksady bolmadyk gaýry pul möçberleri (maddy kömek pul möçberleri, zähmete ukyplylygyny ýitirmegi bilen baglanyşykly ýa-da saglygyna başga şikes ýetirilmegi netijesinde zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna tölenen pul möçberleri we başgalar) degişlidir. Är-aýalyň bilelikdäki emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we erk etmäge deň hukuklary bardyr. Haçan-da olaryň biri öý hojalygyny ýöretmek, çagalara seretmek bilen meşgullanan halatynda ýa-da başga esasly sebäpler boýunça özbaşdak girdejisi bolmadyk mahalynda hem bilelikdäki emläge är-aýalyň deň hukuklary bardyr. Nika baglaşylmazdan öň är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi diýlip ykrar edilýär, gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli däldir.   

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslary” dersi boýunça okuw kitaby 

Teswir ýaz

Scroll to Top