Duýuş synalary we olaryň ähmiýeti

Daşky gurşawyň duýulyşy. Adama hemişe içki we daşky gyjyndyryjylaryň üznüksiz akymy we organizmiň içindäki we daşyndaky hadysalar barada köpdürli maglumat (informasiýa) täsir edýär. Bu maglumaty (informasiýany) kabul etmek we daş-töwerekdäki köp sanly bolup geçýän hadysalary dogry kabul etmäge we jogap bermäge adama duýuş synalary:

göz, gulak, dil tagam duýujy organ hökmünde, burun ys alyş synasy hökmünde we ş. m. mümkinçilik berýär. Bu organlaryň her haýsysy daşky gurşawyň diňe bir kesgitli hadysalaryna: göz – ýagtylyga, gulak – sese gatnaşyk eder ýaly gurlandyr. Duýuş organlary daşky dünýäniň habarlaryny (signallaryny) (ýagtylyk, ys, ses, mehaniki täsirler ) nerw ulgamynyň habarlaryna – nerw impulslaryna öwürýärler.

Beýni duýuş organlaryndan habary (signaly) kabul edýän, olary gaýtadan işläp ýerine ýetiriji organlara «buýruk» iberýär: adam swetoforyň gyzyl çyrasyny görüp durýar, ýanan iýmitiň ysyny duýup, aşhana howlugýar,telefon jyňňyrdysyny eşidip, trupkany galdyrýar. Duýuş organlary hemişe işleýärler, olar hereketleri ugrukdyrýarlar we olara gözegçilik (kontrollyk) edýärler.

Duýuş organlarynda reseptor daşky dünýäniň habarlaryny (signallaryny) nerw impulslaryna öwürýärler. Reseptorlaryň her görnüşi diňe bir gyjynmalar, mysal üçin, gözüň reseptorlary – ýagtylygy, gulagyň reseptory – sesi öwürýärler. «Öz» gyjyndyryjylaryny reseptorlar ýokary derejede duýujydyrlar. Görüş duýujylygynyň döremegi üçin ýagtylygyň diňe birnäçe kwanty ýeterlikdir. Eşidiş reseptorlary haçanda gulak perdesi wodorodyň atomyndan on essekiçi ululyga süýşende beýnä (signal) habar iberip başlaýar. Ysy duýmak üçin ysly maddanyň iki-üç molekulasy ýeterlikdir.

Seljermeler (analizatorlar). Adamlara mahsus bolan gyjyndyrmany inçeden seljermekligiň, belli bir gyjyndyryjylaryň täsiri astynda oýanyşyň döredýän ýeri bolan reseptorlardan başlanýandygyny I.P.Pawlow anyklady. Soňra oýanyş nerwler arkaly uly ýarym şarlaryň gabygynyň degişli zolagyna geçirilýär, şu ýerde beden gyjyndyrmany gutarnykly seljerýär. Şeýlelik bilen reseptorlar nerw we gabygyň kesgitli zolagyna bedeniň gyjyndyrmanyň kabul edilip alynmagyny we onuň tapawutlandyrylmagyny üpjün edýän ýeke-täk birligini emele getirýärler. Reseptorlar, olardan gyjynmalaryň geçirilýän ýollary, kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gabygynyň ýörite zolaklary duýgynyň oýanýan we dürli gyjynmalaryň geçýän ýeke-täk ulgamyny düzýärler. Şeýle ulgam I.P.Pawlow tarapyndan seljerme diýlip atlandyryldy.  Seljermeleriň üç böleginiň haýsy hem bolsa birine şikes ýetende gyjyndyrmalary seljermek ukyby ýitýär. Meselem, göz reseptorlarynyň kesel zerarly üýtgemegi-de, görüş nerwiniň ýerine ýetirýän işleriniň bozulmagy-da, uly ýarym şarlaryň görüş zolagyna şikes ýetmegi-de adamyň görşüni ýitirmegine eltmegi mümkindir. Daş-töwerekdäki zatlary adamlaryň kabul etmekligi köp seljermeleriň sazlaşykly işlemegine baglydyr. Gurşap alýan daşky gurşawy (dünýäni) duýmagyň ähli baýlygy köp analizatorlaryň: görüş, eşidiş, ys alyş, tagam duýuş, deri-myşsa işleri bilen üpjün edilýär.

Görşüň ähmiýeti. Görüş synasynyň kömegi bilen biz daş-töweregimizdäki zatlary seljerýäris, reňkli habarlary – harplary, sanlary, suratlary we ş. m. saýgarýarys, howpy wagtynda duýýarys. Görüş zähmet işjeňliginiň ähli görnüşleri üçin möhümdir. Köri zähmete ugrukdyrmak üçin nähili uzak we tutanýerli zähmetiň çekilmelidigi mälimdir. Müňlerçe ýyllaryň geçmegi bilen adamzat tejribe toplaýar. Ylym, sungat ösýär. Bu tejribeleriň ählisi geljekki nesle görşüň kömegi bilen kabul edilýän kitaplaryň ýazuw sözleriniň, suratlaryň, teleýaýlymyň üsti bilen geçýär.

Gözüň gurluşy. Göz kelle süňküniň göz hanasynda ýerleşýär. Göz hanasynyň diwarjyklaryndan göz almasynyň daşky üstüne myşsalar barýarlar, şolaryň kömegi bilen göz hereketlenýär. Gözi gurşap alýan synalar ony daşky gurşawyň zyýanly täsirlerinden gorap saklaýar.

Mysal üçin, gaşyň tüýleri maňlaýdan akyp gelýän deri ikiýana sowýar. Gabaklar we kirpikler bolsa göze tozanjyklaryň düşmegine päsgel berýär. Gözüň daşky burçunda ýerleşen gözüň ýaş mäzi göz almasynyň üstüni çyglandyrýan, gözi ýyladýan, oňa düşýän del bölejikleri ýuwup aýyrýan, soňra bolsa gözüň içki burçundan gözýaş akary boýunça burun boşlugyna syrygýan suwuklygy bölüp çykarýar. Göz almasy dykyz belok bardajygy bilen örtülendir. Bardajyk ony mehaniki we himiki şikes ýetmelerden,daşky del bölejikleriň, has ownuk bedenleriň aralaşmagyndan goraýar. Bu bardajygyň gözüň öňünde ýerleşen bölegi durudyr, oňa göz perdesi diýilýär. Göz perdesi ýagtylyk şöhlelerini erkin geçirýär.

Ortaky damarlak bardajyklardan göz almasyny gan bilen üpjün edýän gan damarlarynyň gür tory geçýär. Bu bardajygyň iç ýüzünde reňkleýji maddanyň – gara pigmentiň ýukajyk gatlagy ýerleşýär. Ol ýagtylyk şöhlelerini özüne siňdirýär. Gözüň damarlak bardajygynyň öň tarapy älemgoşar diýlip atlandyrylýar. Onuň reňki (açyk gökden gara çenli) pigmentiň mukdaryna we düzümine baglydyr. Göz perdesi bilen älemgoşar bardajygynyň arasy açyk ergin bilen doldurylan. Älemgoşar bardajygynyň ortasy birleşmeýär, ol ýerde göreç emele gelýär. Göreç gözüň içine ýagtylyk şöhleleriniň düşüşini sazlaýar. Güýçli ýagtylykda göreç pitewalaýyn (reflektorlaýyn) giňelýär. Görejiň aňyrsynda iki tarapy güberçek hrustaljyk ýerleşýär. Ol kirpikjimek myşsalar bilen örtülen. Göz almasynyň içini büs-bütin aýna görnüşli beden doňdurma şekilli madda doldurýar. Göz ýagtylyk şöhlelerini, şekilleri, göz almasynyň içki bardajygyndaky torjagazda toplanar ýaly edip goýberýär.

Torjagazda gözüň reseptorlary – taýajyklar we çüýşejikler (kolbajyklar) ýerleşýär (gözüň gurluşy barada internet maglumatlara seredip bilersiňiz). Taýajyklar iňrik garalandaky ýagtylygyň reseptorlarydyr. Çüýşejikler diňe ýagtyda gyjynýarlar. Olaryň kömegi bilen reňkler saýgarylýar. Torjagazda ýagtylyk nerw impulslaryna öwrülýär. Olar görüş nerwleri boýunça uly ýarym şarlaryň gabygynyň görüş zolagyna geçirilýär. Bu zolakda gyjynmalar, ýagny zatlaryň şekilleri, olaryň reňki, ululygy, ýagtylanyşy, ýerleşişi, hereketi seljerilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top