Kelle beýnisiniň uly ýarym şarlarynyň gurluşy  

Uly ýarym şarlaryň gurluşy. Adam beýnisiniň esasy bölegini öňdäki beýniniň ýarym şarlary emele getirýärler. Olar beýniniň beýleki bölümleriniň hemmesiniň üstüne abanyp durýar. Bu beýniniň agramy ortaça 1350-1400 g-a ýetýär. Ýarym şarlaryň üsti çal madda bilen örtülen, ol ýarym şarlaryň gabygyny düzýär. Ýarym şarlaryň gabygy köp sanly gasynlary, joýajyklary we egrem-bugramlyklary emele getirýär. Gasyn-gasynly gurluş gabygyň üstüni giňeldýär, ol 2000-2500 sm2 ýetýär. Ýarym şarlaryň gabygynyň galyňlygy ortaça 2-3 mm-e deňdir. Onda, takmynan, 14 mlrd nerw öýjükleri bar. Olar görnüşleri we ýerine ýetirýän işleri boýunça köpdürlüdirler. Gabygyň aşagynda ak madda ýerleşýär. Ol nerw öýjükleriniň köpsanly uzyn ösüntgilerinden emele gelendir. Bu ösüntgileriň süýümleri ýarym şarlary kelle beýnisiniň sütüni we beýnijigi bilen hem-de oňurga ýiligi bilen baglanyşdyrýar. Şeýlelikde, ol süýümler geçirijilik işini ýerine ýetirýärler. Ýarym şarlaryň özlerini bolsa bir-biri bilen aýratyn süýümler birleşdirýär. Olar ýarym şarlaryň arasynda ýaý şekilli germew emele getirýärler. Ýarym şarlaryň her biriniň üsti çuň joýajyklar bilen bir- näçe böleklere bölünendir. Bular ýarym şarlaryň maňlaý, depe, çekge we ýeňse bölekleridir. Has çuňragy maňlaý we depe ülüşlerini bölýän merkezi we çekge ülşüni çäklendirýän gapdal joýajyklarydyr.

Ýarym şaryň gabygynyň ähmiýeti. Uly ýarym şarlaryň gabygynyň işi örän çylşyrymlydyr we köpdürlüdir. Haýwanlarda geçirilen tejribeler we näsag adamlarda geçirilen gözegçilikler gabygyň işleriniň käbirlerini takyklamaga kömek etdi. Beýni gabygynyň ýeňse ülşünde görüş zolagy ýerleşýär. Ol görüş habarlaryny kabul etmegi we görüş şekillerini kemala getirmegi ýerine ýetirýär. Görüş gyjyndyryjylaryny tapawutlandyrmak dine gabygyň şol böleginiň kadaly ýagdaýynda amala aşyrylýar. Kelle beýnisiniň gabygynyň çekge ülüşlerinde eşidiş zolaklary ýerleşýär. Şu meýdanlaryň üstünden ses gyjyndyryjylaryny tapawutlandyrýan refleksleriň ýaýy geçýär. Başgaça aýdylanda, şu meýdanlara eşidiş reseptorlarynda ýüze çykan oýanyşlar gelip ýetýärler.

Kelle beýnisiniň gabygynyň depe ülşünde duýgy merkezleri ýerleşýär. Ol merkezlere deriden, süňklerden, bogunlardan we myşsalardan duýgy maglumatlary gelip düşýärler. Bu ýerde derimyşsa duýuş zolagy ýerleşýär. Şonuň üçin hem merkezi joýajygyň iki gapdalyndada ýerleşen gabygyň zaýa bolmagy, deri duýgurlygynyň ýitmegine we hereketiň bolmagyna getirýär. Mundan başga-da uly ýarym şarlaryň gabygynyň çekge ülüşleriniň hersiniň içki ýüzlerinde tagam biliş we ys alyş (5) zolaklary ýerleşýär. Adamyň kelle beýnisiniň gabygy, özüniň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri boýunça çylşyrymlydyr. Onuň käbir ýerleri diňe adam bedeni üçin mahsusdyr. Mundan başga-da adamyň ýarym şarlarynda ýöriteleşdirilen bölümleri bar. Şol bölümleriň işjeňlikleri netijesinde, beýniniň käbir ýokary derejeli işleri ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, beýniniň maňlaý ülşi adamyň özüni alyp baryş derejesiniň hem-de zähmet işjeňliginiň düzgünlerini gurmak ukybynyň ösmegini üpjün edýär. Adamyň duýgy ukybynyň has ýokary bolmagy, hut kelle beýnisiniň gabygynyň maňlaý bölüminiň ösenligi bilen düşündirilýär. Adamyň beýnisiniň çep ýarym şarynda gepleýşiň duýujy we hereketlendiriji merkezleri ýerleşýär. Olar dil we ýazuw sözlerini duýmagy we emele getirmegi üpjün edýärler. Ýaralananda ýa-da kesellände şol merkezlere zeper ýetmegi gepleýişde dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna, hatda gepleýşiň doly ýitmegine-de eltip biler. Çep ýarym şarlar matematiki hasaplamalary amala aşyrmaga hem jogapkärlidirler.

Şeýlelikde, çep ýarym şarlaryň gabygy howaýy pikirlenme synasy bolup hyzmat edýär. Kelle beýnisiniň sag ýarym şary adamyň sesden tanamak, sazy kabul etmek ukybynyň ösmegine jogap berýär. Şeýle hem adamyň çeperçilik döredijiliginiň ösmeginde-de esasy orun tutýar. Has takygy, sag ýarym şar aýdyň pikirlenmäniň merkezidir. Haýwanlarda geçirilen tejribeleriň netijesinde, her bir synanyň işjeňliginiň ýarym şarlaryň gabygynyň gözegçiliginde bolup geçýänligi takyklanyldy.

Dürli reseptorlarda ýüze çykýan hemme oýanyşlar beýni gabygynyň degişli bölümlerine ýetirilýär. Ol ýerden hem islendik synalara geçirilen oýanyşlar, olaryň işine täsir edýärler. Kelle beýnisiniň gabygynda emele gelýän nerw hadysalary, bedende ýüze çykýan refleks täsirleşmeleriň bir-birleri bilen örän inçe sazlaşygyny üpjün edýärler. Şonuň bilen birlikde bedeniň daşky gurşawyň elmydama üýtgäp durýan şertlerine uýgunlaşmaklaryny hem amala aşyrýar. P. Pawlow köp ýyllaryň dowamynda barlag işlerini geçirmek bilen şertli pitewalary (refleksleri) açdy. Onuň bu möhüm açyşy beýniniň gabygynyň ýerine ýetirýän işini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top