Refleks we reflektor ýaýy (dugasy)

Daşky gurşawyň dürli gyjyndyrmalaryna merkezi nerw ulgamynyň gatnaşmagynda bedeniň jogap bermek häsiýetine refleks (pitewa) diýilýär. Nerw ulgamynda duýujy reseptorlarynda başlanan oýanyşyň we bedeniň jogap täsirleşmesiniň geçýän ýoluna reflektor ýaýy diýilýär. Reflektor ýaýy reseptorlardan, olardan gaýdýan duýujy (merkeze ymtylýan) nerwlerden merkezi nerw ulgamynyň belli bir böleginden (goşmaça nerw öýjüklerden), ýerine ýetiriji (merkezden daşlaşýan) nerwlerden we işjeň synalardan emele gelýär.

Ýerine ýetiriji nerwler özleriniň ösüntgilerini göni myşsalara ýa-da mäzlere ýetirýärler. Iň ýönekeýje refleks diňe iki sany – merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerw öýjükleriniň gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Deride merkeze ymtylýan nerw öýjükleriniň reseptorlary ýerleşýärler. Gyjyndyryjynyň täsir etmeginde reseptorlarda oýanyş döreýär. Oýanyş merkeze ymtylýan nerw öýjükleriniň üsti bilen merkezi nerw ulgamyna ýetirilýär. Ol ýerde bolsa oýanyş başga bir nerw öýjüklerine geçirilýär.Ol nerw öýjügi hem oýanyşy iş synasyna geçirýär. Munuň üçin bir aýagyňy beýleki aýagyň dyzynyň üstünde goýup oturmaly. Soňra dyz çanagynyň aşagyna, siňir baglanyşygynyň bar ýerine rezin çekiç ýa-da penjäniň gapdaly bilen urmaly. Şolar ýaly urgy dyzyň ýokary galmagyny, aýagyň reflektorlaýyn gönelmegini emele getirer. Ol nähili bolup geçýär?

Siňre urgy düşende myşsa dartylýar. Çünki myşsalarda ýerleşen nerw öýjükleriniň reseptorlarynda oýanyş döreýär. Oýanyş merkeze ymtylýan nerwleriň uzyn ösüntgileriniň üsti bilen yzky kökjagazda ýerleşen bu nerwiň bedenine ýetirilýär. Ol ýerden bu nerw öýjükleriniň gysga ösüntgileriniň üsti bilen oýanyş gös-göni merkezden oýanyş myşsalara ýetirilip, olaryň ýygrylmagyny we aýagyň gönelmegini amala aşyrýar. Şeýlelikde, dyz refleksine nerwleriň ikisi – merkeze ymtylýan we merkezden daşlaşýan nerwler gatnaşýarlar.

Oňurga ýilik refleks ýaýlarynyň köpüsiniň has çylşyrymly gurluşy bar. Olar merkeze ymtylýan, goşmaça we merkezden daşlaşýan nerwleriň birleşmeginden emele gelýärler. Şeýle refleks ýaýlarda duýujy nerw öýjükleriniň ösüntgileri gös-göni hereketlendiriji (merkezden daşlaşýan) nerwler bilen baglanyşmaýarlar. Duýujy nerwlerde dörän oýanyş hereketlendiriji nerwlere bir ýa-da iki sany goşmaça nerw öýjükleriniň üsti bilen geçirilýär.

Ýokarda görkezilen hereket refleksleri dogabitdi refleksleredegişlidirler. Adamda we haýwanlarda dogabitdi reflektorlaryň bellibir mydamalyk toplumy bardyr. Olaryň amala aşyrylmagy üçin bedende taýyn reflektor ýaýlar bolýar. Dogabitdi refleksleriň döremegi üçin haýsy hem bolsa bellibir aýratyn goşmaça şertler talap edilmeýär. Şonuň üçin hem olara şertsiz refleksler diýilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top