Galkan görnüşli mäz, mäzleriň «soltany» (gipofiz), epifiz we timus mäzleri

Galkan görnüşli mäz. Içki sekresiýa mäzleriniň bu görnüşi boýnuň öň tarapynda ýerleşýär. Ol bokurdagyň öň tarapky diwaryny – galkan görnüşli kekirdewügini emele getirýän uly kekirdewügiň üstünde ýerleşýär. Onuň ady hem şondan gelip çykandyr. Galkan görnüşli mäziň örän köpsanly kiçijik örtüji dokumalardan emele gelen gabarçaklardan ybaratdygy ulaldyjy abzal astynda görünýär. Bu gabarçaklary has inçe gan damarlary gurşap alýar. Galkan görnüşli mäziň öýjüklerinde emele gelýän gormonlar has inçe gan damarlardan akýan gana düşýärler.

Olaryň bedende madda çalşygy hadysasynda möhüm ähmiýeti bar. Şonuň üçin hem galkan görnüşli mäziň wezipesiniň bozulmagy madda çalşygynyň bozulmagyna eltýär. Onuň işläp çykarýan gormonynyň ýetmezçiliginde madda çalşygynyň derejesi peselýär. ýüregiň işleýşi gowşaýar. Nerw ulgamynyň gyjynyjylygy ep-esli azalýar. Galkan görnüşli mäziň gormonlarynyň ähmiýeti anyklanylandan soň, bejerip bolmaýar diýip hasaplanylýan käbir keselleri bejermegiň usullary tapyldy. Mysal üçin, adamlarda miksedema diýlen agyr kesel duş gelýär. Onuň alamatlary galkan görnüşli mäz aýrylanda ýüze çykýan alamatlara meňzeşdir. Anyklanylyşyna görä, bu kesel galkan görnüşli mäziň gormonynyň azalmagy sebäpli döreýär. Şonuň üçin hem bu kesel bilen kesellän adamlar lukmanlaryň görkezmesi boýunça her gün haýwanlaryň galkan görnüşli mäzinden taýýarlanylan gormon dermanlaryny içýärler. Şeýlelikde, wagtyň geçmegi bilen bedende kadaly madda çalşygy dikelýär. Emma näsag şol gormon dermanlaryň yzyny üzmän, ömürboýy içmeli bolýar. Eger-de ol bes edilse, kesel ýene-de ýüze çykýar. Bazedow keseli diýilýän başga bir kesel bolsa galkan görnüşli mäziň aşa işlemegi netijesinde döreýär. Bu keseliň esasy alamatlary haýsylar?

Bazedow keseli bilen näsaglan adamlaryň galkan görnüşli mäzi ulalýar, ýüregiň ýygrylyp-ýazylmasy çaltlanýar we güýjeýär. Dokumalarda turşamak täsirleşmeleri örän tiz geçýär, bedeniň temperaturasy ýokarlanýar. Kesellileriň has işdämen bolmaklaryna garamazdan, olar gaharjaň bolup, tiz-tizden aglaýarlar. Şular ýaly näsaglarda, köplenç, mölegözlülik ýüze Bazedow keselini bejermek üçin galkan görnüşli mäzi doly kesip aýyrmaklyk agyr keselledýär. Şonuň üçin hem şeýle çäre geçirilmeýär. Şeýle bolsa-da keseliň agyr ýagdaýynda galkan görnüşli mäziň bir bölegi, ýagny ulalan bölegi kesilip aýrylýar. Emma keseliň agyr bolmadyk ýagdaýynda saglygy saklaýyşda täze tapylan dermanlaryň ulanylmagy keselliniň ýagdaýyny ýeňilleşdirýär. Galkan görnüşli mäziň gormony bedeniň ösmegine hem täsir edýär. Şol gormony ýetmezçilik edýän çagalar örän erbet ösýärler. Muny haýwanlarda geçirilen tejribe hem subut edýär. Mysal üçin, galkan görnüşli mäzi kesilip aýrylan towşanyň ösmegi saklanýar.

Mäzleriň soltany barada düşünje. Mäzleriň soltany aşaky beýniniň goşmaça ösüntgisidir. Ol kelle beýnisiniň esasynyň aşagynda ýerleşýär. Ol 0,5–0,7 g agramly kiçijik mäz. Gipofiziň bedeniň örän köp ýerine ýetirýän işlerine täsir edýän kyrkdan gowrak gormony işläp çykarýandygy anyklanylan. Bu mäziň öňki, aralyk we yzky bölümleri tapawutlandyrylýar. Öňki bölüminde ösüş (boý alyş) gormony işlenip çykarylýar. Ol bedeniň göwrüminiň artmagyna, ähli synalaryň ölçegleriniň ulalmagyna, süňküň ösmegine alyp barýar . Şol gormonyň ýetmezçiligi haýal ösmeklige, kitirdewükleriň süňkleşmesiniň saklanmagyna eltýär. Şeýle ýagdaýda uly ýaşdaky adamlar 5-6 ýaşdaky çagalardan uzyn bolmaýarlar. Olara girdenek adamlar diýilýär. Bedeniň ýaşlygynda mäzleriň soltany ösüş gormonyny köp işläp çykarsa, ol bedeni çendenaşa ulalmaklyga – mähnetlige alyp barýar. Ulalanda adamyň boýy iki metrden hem uzyn bolýar. Eger-de uly ýaşly adamlarda gipofiz gormonyny artyk işläp çykarsa, adamyň bedeniniň aýry-aýry synalary keselleýär. Mysal üçin, eli, aýagy betgelşik, burny, dili has ulalýar. Mäzleriň soltanynyň öňki bölümi süýt mäzinden süýdüň emele gelmegine hem täsir edýär. Bu bölümiň gormony ýetmezçilik etse, süýt mäziniň önümi peselýär. Şu gormon jyns mäzleriniň ösmegine-de täsir edýär. Mäzleriň soltanynyň öňki bölüminde galkan görnüşli mäziň kadaly işlemegi üçin hem gormon işlenip çykarylýar. Onsuz galkan görnüşli mäz ýeterlik derejede gormon işläp çykaryp bilmeýär. Mäzleriň soltanynyň öňki bölüminde böwregiň üstüniň mäzleriniň kadaly işlemekleri üçin hem gormon işlenip çykarylýar. Mäzleriň soltanynyň aralyk bölüminiň işläp çykarýan gormonlaryndan biri, özünde pigment dänejiklerini saklaýan melanofor gormony deriniň reňkine täsir edýär. Şol pigment dänejikleriniň deriniň öýjükleriniň ösüntgileriniň hemme ýerine ýaýramagy, öýjükde melanafor gormonyň emele gelmegini güýçlendirýär. Bu bolsa deriniň ýüzüniň garalmagyny üpjün edýär. Eger-de ol gormon ýetmezçilik etse, pigmentiň dänejikleri öýjügiň merkezine ýygnanýarlar, deri bolsa agarýar. Mäzleriň soltanynyň yzky bölüminiň bir gormonynyň (oksitosin) çaganyň dogrulmagynda uly ähmiýeti bardyr. Ol ýatgynyň ýylmanak myşsalarynyň ýygrylyjylygyny güýçlendirýär, şeýle hem süýt mäzleriniň ýygrylyjy öýjüklerini gyjyndyrýar. Bu bölümiň başga bir gormony (antidiuretik) özüniň çylşyrymly täsiri bilen bellidir. Ol böwrekleriň damarlaryndaky birinji peşewden suwuň yzyna sorulmagyny güýçlendirýär. Bu gormon böwregiň gabyk gatlagynyň gormony bilen bilelikde bedeniň suw-duz çalşygyny-da sazlamaga gatnaşýar.

Epifiz we timus mäzleri barada düşünje

Epifiz (beýniniň ýokarky ösüntgisi) görüş düwnüniň yzky gutaran ýerinde ýerleşýär. Uly adamda onuň agramy çen bilen 0,2 g deňdir. Adamyň ýaş wagtynda epifiziň içki secretor funksiýasy ösüşe eýe bolýar. Ýedi ýaşdan soň adamyň epifiz mäziniň üýtgeşmesi başlanýar. Epifiz gana jyns mäziniň sekresiýasyny togtadýan gormony işläp çykarýar. Adamyň çagalyk döwründe mäziň dargamagy ýa-da kiçelmegi netijesinde agyryly hadysada jynsy ýetişmeklik wagtyndan öň ikinji jynsy alamatlarynyň ösüp ýetişiş we irki akyl taýdan ösüşi ýüze çykýar. 8-10 ýaşyndaky oglanlar uly adamlaryň ähli jyns alamatlaryna eýe bolýarlar. Epifiziň kadasyz ulalmagynda semizlige alyp barýanyny görmek bolýar. Epifiziň melamonin gormony jynsy taýdan ýetişmedik süýdemdirijilerde jynsy ýetişmegi yza galdyrýar, jynsy ýetişenlerinde bolsa jyns mäzleriniň ýerine ýetirýän işini togtadýar.

Epifiz we timus mäzleri juwanlygyň «çeşmesiniň» hut şu 2 mäzde ýerleşýän bolmagy ähtimal. Timus döşde ýerleşýär. Bu mäz çagalyk döwründe immunitetiň işine jogap berýär. Soňabaka ol bu funksiýasyny ýerine ýetirmegi bes edýär. Alymlar timus we epifiz mäzleriniň üýtgeşik molekulalary – peptidleri işläp çykarýandygyny anykladylar. Görlüp oturylsa, peptidler ähli beden agzalaryna we ulgamlaryna nähili işlemelidigini habar berýän eken.

Hünärmenler haýwanlaryň bedenine olaryň öz mäzlerinden alnan peptidleri ornaşdyrmak arkaly ýüregiň, galkan şekilli mäziň, böwrekleriň hem-de adam bedeniniň beýleki agzalarynyň işindäki näsazlyklary düzetmegi öwrendiler. Peptidler organizm üçin howpsuz, ulanmaga endik döretmeýär. Alymlaryň tekrarlamagyna görä, olar öýjükleriň gözegçiliksiz köpelmegine, ýagny howply çişleriň döremegine getirmeýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top