Wegetatiw nerw ulgamy. Gurluşyň aýratynlygy

Çetki nerw ulgamynyň esasy bölegi, nerw oýanyşlary skelet myşsalaryna geçirip, olaryň ýygrylmagyny döredýär. Olaryň kömegi bilen dürli gyjyndyryjylara jogap edip, bedeniň täsirleşmesi amala aşyrylýar.

Oňurga ýilik refleksleri şunuň ýalydyr. Emma bedende başga häsiýetli refleksler hem, mysal üçin, tüýkülik bölüp çykaryş refleksi ýüregiň we dürli mäzleriň işleriniň nerw sazlanyşygy, deriň bölünip çykmagy, gan damarlarynyň giňelip-daralmagy we ş.m duş gelýärler. Bu hadysalaryň hemmesi nerw ulgamynyň wegetatiw nerw ulgamy diýlip atlandyrylýan bölüminiň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Wegetatiw nerw ulgamy köp synalaryň we synalar ulgamynyň işlerini sazlaşdyrýar, ol işleri bedeniň talabyna we daşky gurşawyň şertlerine görä uýgunlaşdyrýar. Gurluşy boýunça wegetatiw nerw ulgamy hereket ediş işlerini ýerine ýetirýän nerwlerden birneme tapawutlanýar. Mysal üçin, skelet myşsalarynyň ýygrylmagyny emele getirýän oýanyş myşsalary bedenleri merkezi nerw ulgamynyň çal maddasynda ýerleşen nerw öýjükleriniň uzyn ösüntgileri boýunça geçirilýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň merkezden daşlaşýan nerw öýjükleriniň ýerleşişleri başgaçadyr.

Merkezi nerw ulgamyndan wegetatiw Nerwleriň üsti bilen synalara ýetirilýän oýanyş bir-biriniň yzynda ýerleşen iki sany nerw öýjükleriniň kömegi bilen amala aşyrylýar. Birinji nerw öýjüginiň (neýronyň) bedeni oňurga ýiliginde, ikinjiniňki bolsa nerw düwnünde ýerleşýär. Oýanyşyň birinji nerwden ikinji nerwe geçirilişi hem şol nerw düwünlerinde bolup geçýär. Şol wegetatiw merkezi nerw ulgamynyň çäginden daşda, nerw süýümleriniň synalara gidýän ýolunda ýerleşýärler. Wegetatiw nerw ulgamynyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem oýanyşy beýleki çetki nerwler bilen deňeşdirilende haýal geçirýär.

Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümleri. Wegetatiw nerw ulgamy – simpatik we parasimpatik diýen bölümlerden durýar. Olaryň her biriniň hem merkezi we periferik bölümleri bar. Merkezi bölümini oňurga ýiliginde we kelle beýnisinde ýerleşen goşmaça nerwler we birinji nerw öýjükleriniň bedenleri emele getirýärler. Nerw öýjükleriniň şular ýaly toplumyna wegetatiw ýadrolary diýip at berilýär. Şol ýadrolardan aýrylyp gidýän nerw süýümleri, nerwleriň wegetatiw düwünleri, içki synalaryň diwarlaryndaky nerw birikmeler (utgaşmalar) çetki bölümine degişlidirler. Wegetatiw nerw ulgamynyň iki bölegi bir-birinden anatomik gurluşlary boýunça-da, fiziologik işjeňlikleri boýunça-da tapawutlanýarlar.

Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik bölümi oňurga ýiliginiň döş we bil bölekleri bilen baglanyşyklydyr. Ol ýerde birinji nerw öýjükleriniň bedenleri ýerleşýärler. Bu nerw öýjükleriniň merkezi nerw ulgamyndan gaýdýan ösüntgileri oňurga ýiliginiň öňdäki kökjagazlaryndan çykýarlar. Olar oňurga ýiliginiň iki gapdalynda zynjyrjyk görnüşinde ýerleşen simpatik düwünlerde şahalanyp gutarýarlar. Şol düwünlerde synalar bilen baglanyşykly bolan ikinji simpatik nerw öýjükleriň bedenleri ýerleşýärler.

Wegetatiw nerw ulgamynyň parasimpatik bölümi kelle beýnisiniň ortaky we süýri beýnilerinden, şeýle hem oňurga çatalba (guýmaç) ýiliginiň bölüminden gaýdýan birnäçe nerwlerden emele gelendir. Ortaky beýnidäki wegetatiw ýadrolardan çykýan nerw süýümleri görüş synalaryna barýar. Parasimpatik wegetatiw nerwleriniň arasynda kelle-süňk beýni nerwleriniň onunjy jübüti aýratyn ähmiýete eýedir. Ol süýri beýniden aýrylyp gaýdýar. Muňa azaşan nerwler diýilýär. Ol döş we garyn boşlugynyň köp synalaryny parasimpatik süýümler bilen üpjün edýär. Onuň ösüntgileri köp synalara, ýagny ýürege, aşgazana, içegä, köp sanly gan damarlaryna barýarlar. Şonuň üçin hem olara azaşan nerwler diýilýär. Guýmaç oňurga ýiliginiň bölümindäki ýadrodan çykýan parasimpatik nerwler ýogyn içegä, peşew haltajygyna, jyns synalaryna barýarlar. Simpatik nerwlerden tapawutlylykda, parasimpatik nerwler wegetatiw düwünleri merkezi nerw ulgamynyň ýanynda döretmän, synalaryň golaýynda ýa-da olaryň diwarlarynda emele getirýärler. Şeýlelikde, wegetatiw nerw ulgamynyň täsir edýän synalaryna çenli ýol elmydama iki nerw öýjükleriniň üstünden geçýär.

Wegetatiw nerw ulgamynyň ýerine ýetirýän işleri. Bedende geçýän käbir hadysalar adamyň islegine görä ýerine ýetirilmeýär. Olary adam özüçe üýtgedip bilmeýär. Şeýle hadysalara tüýküligiň ýa-da deriň bölünip çykmagy, ýüregiň işleýşi, iýmitiň siňdirilişi, gan damarlarynyň daralypgiňelmegi we ş.m. degişlidirler. Şular ýaly hadysalary bedeniň talabyna görä sazlaşdyrmaklyk wegetatiw nerw ulgamynyň esasy wezipesidir. Içki synalaryň köpüsi şu nerwler bilen üpjün edilendir. Wegetatiw nerw ulgamyna awtonom (grekçe öz-özüňi dolandyrýan) nerwler hem diýilýär.

Wegetatiw nerw ulgamynyň bölümleriniň gatnaşmagynda, bedende gapma-garşylykly işler amala aşyrylýar. Mysal üçin, simpatik nerw tarapyndan geçirilýän oýanyş ýüregiň işini güýçlendirýär, parasimpatik nerw bolsa ýüregiň ýygrylyp-ýazylmagyny gowşadýar. Gan damarlarynyň daralmagy, simpatik nerwleriň, giňelmegi bolsa parasimpatik nerwleriň täsir etmekleri netijesinde bolup geçýär. Wegetatiw nerw ulgamy başga-da birnäçe synalaryň işine täsir edýär. Wegetatiw nerw ulgamynyň simpatik nerwleriniň ösüntgileriniň süňk myşsalaryna-da barýandygyny barlaglar görkezdi. Emma olaryň üsti bilen barýan oýanyşlar myşsalaryň işine gatnaşmaýarlar. Olar süňk myşsalarynda geçýän madda çalşygyny sazlaşdyrýarlar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top