Biologiýa

Adam bedeniniň gurluşy

Adamyň içki synalarynyň (organlarynyň) gurluşy we ýerleşişi hem süýdemdirijileriňkä örän meňzeşdir. Muňa towşanyň we adamyň içki synalarynyň gurluşyny we ýerleşişini görkezýän surata gözegçilik etmek bilen göz ýetirmek bolar. Döş boşlugyny, garyn boşlugyndan myşsa diwarjygy – germew (diafragma) bölüp aýyrýar. Döş boşlugynda ýürek, uly gan damarlary, dem alyş ýoljagazy – traheýa, öýken we traheýanyň yz tarapynda […]

Adam bedeniniň gurluşy Giňişleýin oka »

Ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşi

Gadymy döwürlerden bäri Ýerde ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň birnäçesi öňe sürüldi. Garaýyşlaryň köpdürlüligi iki sany taglymatyň (teoriýanyň) ýüze çykmagyna getirdi: biogenez we abiogenez taglymatlary. Biogenez (grekçe «bios» – ýaşaýyş, «genezis» – gelip çykyş, döreýiş) taglymatynyň tarapdarlary organiki maddalardiňe janly organizmlerden döreýär diýip düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, biogenez – ähli jandarlaryň diňe janly organizmlerden döräp bilýändigini tassyklaýan

Ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşi Giňişleýin oka »

Gulak şaňlamasy

Gulak şaňlamasy şüweleňli ýa-da ýakymly bolman biler. Käbiri ony «çelegiň içindäki sykylyk» diýibem atlandyrýar. Şuňa meňzeş duýgynyň iki gulagyňy ýumup gürläniňde-de bolup geçýändigi hem üýtgeşikdir. Eger-de siz gulakda şaňlama eşidýän bolsaňyz, ony bejermegiň aňsat ýoly bardyr. Gulagymyz ses sazlaýjy dört sany içki meýdandan ybaratdyr. Nämedir bir zat sazlaýyş dowamynda ara goşulsa, gulagyňyzda üýtgeşik ritmleri emele

Gulak şaňlamasy Giňişleýin oka »

Möjekler hakynda gyzykly faktlar

Möjekleriň beýnisi iň ýakyn garyndaşlary bolan itlere garanda 30% uludyr. Ýagny olar  itlerden 30% artykmaç maglumaty ýatlarynda saklap bilýärler. Möjekler ýörişe çykanlarynda, sürä olaryň biri ýolbaşçylyk edýär. Onuň guýrugy hökmany ýagdaýda dik ýokaryk galyp durmaly. Bu olaryň abraýyny alamatlandyrýar. Möjekler söýüp saýlap alan ýarlaryna iň wepaly jandardyr. Olaryň 88%-i öz saýlan ýarlary bilen soňky demlerine çenli bile

Möjekler hakynda gyzykly faktlar Giňişleýin oka »

Bilip goýan ýagşy

Jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň dünýäsinde bolup geçýän täsinlikler bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek. • Ýer şarynda garynja iň köp jandar hasap edilýär. Garynjalar mundan 110-130 million ýyl ozal peýda bolupdyrlar diýlip çaklanylýar. Garynja öz agramyndan 50 esse agyr ýüki göterip bilýär. Jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň ýaşaýşynda geň-taňlyklar-da köp. • Kepderiler 2400 kilometr uzaklykdan öýlerini tapyp bilýärler. •

Bilip goýan ýagşy Giňişleýin oka »

Flamingolar näme üçin gülgüne reňkli?

Özleriniň uzyn boýunlary we aýaklary bilen giňden tanalýan flamingo guşlary esasan deňizlerde, köllerde, olaryň kenar ýakalarynda duş gelýärler. Olar göçüp-gonup ýören guşlar däldir. Emma howa şertleriniň ýa-da suwuň derejesiniň birden  üýtgemegi olaryň göçüp gitmegine sebäp bolup bilýär. Ýelekleriniň we derisiniň reňki doglan wagtlary ak ýa-da çal reňkde bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen olaryň gülgüne-mämişi reňke öwrülýändigi täsin ýagdaý

Flamingolar näme üçin gülgüne reňkli? Giňişleýin oka »

2 = 98

Beýni adam bedeniniň 2 göterimini eýeleýär, emma galan 98 göterimini dolandyrýar. Şonuň ýaly hem bedene sorulýan kislorodyň 20 göterimini ýeke özi harçlaýar. Munuň şeýledigini nazarda tutup, beýnä gerek bolan kislorod mätäçligini gandyrmak üçin suwsamasak hem wagtal-wagtal suw içmek, dogry dem almak wajypdyr. Bilşimiz ýaly, beýni sag we çep ýarymşarlaryndan ybarat bolup: sag ýarymşary hyýal etmek,

2 = 98 Giňişleýin oka »

Scroll to Top