Suwuň peýdasy hakynda

Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynlygyna hem täsir edýär.

***

Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem, suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamy dok halda saklamaga hem ukyplydyr.

***

Suw adamyň derisini çyglandyrýar. Suw böwrekleriň has netijeli we sazlaşykly işlemegi üçin zerur. Ol kadaly we oýlanyşykly içilende, bedenden gerekmejek galyndylary, zäherli maddalary çykarmaga ýardam edýär.

***

Suwuň düzüminde adam bedeni üçin zerur maddalar bardyr. Olara kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar degişlidir. Şonuň üçin hem suw ýürek myşsalarynyň işjeňligini, nerw ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün edýär.

Suw ýetmezçiliginde bedende damarlaryň çekmegine, agyrynyň peýda bolmagyna mümkinçilik döreýär. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlygynyň gowşamagyna ýardam edýär.

***

Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam günüň dowamynda iki-üç litr suw içmeli. Eger howa yssy bolsa, gaýnadylyp sowadylan suwy içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnag suw bedende madda alyş-çalşyny güýçlendirýär.

***

Ses bilen köp işleýän adamlara (aýdymçylara, alyp-baryjylara, lektorlara) diňe çykyş edýän wagtynda däl, eýsem, hemişe gaýnag suw içmek maslahat berilýär. Bu olaryň sesiniň hemişe dury we belent bolmagyna oňyn täsir edýär.

Gaýnag suw bedeniň wiruslara garşy göreşijiligini ýokarlandyrmakda, çuslugy, çalasynlygy artdyrmakda, dümewiň öňüni almakda, nerw dartgynlylygyny gowşatmakda, zehini ýiteltmekde, saçyň düşmeginiň öňüni almakda peýdalydyr.

 

Toplan we taýýarlan Mahym Allaberdiýewa

Çeşme: «Bilim» žurnaly, 5/2021.

Teswir ýaz

Scroll to Top