Nerw ulgamy we onuň ähmiýeti

Nerw ulgamynyň ähmiýeti. Adamyň nerw ulgamy ýokary derejeli ösüşe eýedir. Bedeniň hemme wezipeleri nerw ulgamynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär, nerw ulgamynyň işine bagly bolmadyk ýekeje-de ýaşaýyş wezipesi ýokdur. Nerw ulgamy synalaryň işini ugrukdyrýar, synalar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar. Şeýlelikde, bütin bedeniň birligi üpjün edilýär. Mysal üçin, ylgalanda aýagyň myşsalarynyň güýçli işlemegi bilen şol myşsalarda madda çalşygy güýçlenýär, ýüregiň urşy we dem alyş ýygylanýar. Şol bir wagtda iýmit siňdiriş ulgamynyň işi peselýär, çünki olara ganyň akymy azalýar. Tüýküligiň we aşgazan şiresiniň bölünmegi, deriň çykmagy, gan damarlarynyň daralyp-giňelmegi ýaly hadysalaryň hemmesi nerw ulgamynyň gatnaşmagynda bolup geçýär.

Synalaryň işi olaryň öýjüklerinde bolup geçýän madda çalşygyna baglydyr. Eger-de madda çalşygy ýokarlansa, onda boşaýan energiýanyň mukdary artýar, synalaryň bolsa işjeňligi güýçlenýär. Madda çalşygy peselse, az energiýa emele gelýär, synalaryň işi hem gowşaýar. Öýjükdäki madda çalşygynyň üýtgemegini bolsa merkezi nerw ulgamyndan düşýän oýanyş emele getirýär. Nerw ulgamyndaky ýüze çykýan näsazlyklar bolsa synalaryň kadaly işjeňliginiň bozulmagyna sebäp bolýarlar. Nerw ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri hem bedeni gurşap alýan daşky gurşaw bilen arabaglanyşygy üpjün etmekden ybaratdyr. Daşky gurşawyň hemme hadysalaryna bedeniň täsirleşmesi nerw ulgamynyň işi bilen ýerine ýetirilýär. Mysal üçin, gyzgyn enjama ýanaşylanda deri reseptorlarynyň gyjynyjylygy gyzgyn enjamdan reflektorlaýyn çekilmegini döredýär. Şeýlelikde, nerw derini ýanmakdan gorap saklaýar. Howanyň temperaturasynyň peselmegine beden deri-gan damarlarynyň daralmagy, deriň çykyşynyň azalmagy, ýüregiň işiniň çaltlanmagy, dem alyş hereketiniň ýygylanmagy we çuňlaşmagy bilen jogap berýär.

Nerw öýjükleri we olaryň häsiýetleri. Nerw öýjükleri ýa-da neýronlar nerw dokumasyny emele getirýärler. Her bir neýron bedenden we sitoplazmatik ösüntgilerden durýar. Olaryň bedenleri togalak, süýri, ýyldyz şekilli, köp burçly we armyt görnüşinde bolmagy mümkin. Ösüntgiler iki görnüşde bolýar. Olara dendridler we aksonlar diýilýär. Dendridleriň aglabasynyň (grek dendron – agaç) gysga, güýçli şahalanýan ösüntgileri bolýar. Olar neýron bedeniniň golaýynda köp gezek şahalanýarlar. Dendridler boýunça nerw impulslary nerw öýjüginiň bedenine aralaşýar. Akson (grek aksis – ösüntgi) impulsy öýjügiň bedeninden gidýän uzyn, köplenç, az şahalanýan ösüntgidir. Her bir nerw öýjüginiň uzynlygy onlarça santimetre ýetip bilýän diňe 1 aksony bolýar. Uzyn ösüntgiler, köplenç, ak reňkli, ýaga meňzeş madda bilen örtülendir. Olaryň merkezi nerw ulgamyndaky toplumy ak maddany emele getirýär. Gysga ösüntgiler bilen birlikde, nerw öýjükleriniň bedenleriniň toplumy kelle beýnisiniň we oňurga ýiliginiň çal maddasyny emele getirýärler. Olar diňe uçlarynda şahalanýarlar. Neýronlaryň köpüsinde bir uzyn we birnäçe gysga ösüntgiler bardyr. Käbir neýronlaryň uzyn ösüntgileri merkezi nerw ulgamynyň edil özünde galýarlar. Olar kelle beýnisiniň hem-de oňurga ýiliginiň ak maddasyny emele getirýärler. Beýleki neýronlaryň uzyn ösüntgileri bolsa, bir bogdajyga toplanyp, merkezi nerw ulgamynyň çäginden çykýarlar. Olar merkezi nerw ulgamyndan daşlaşdygyça has inçe şahalara bölünýärler we ähli synalaryň içine ýaýraýarlar.

Şol nerwler çetki (periferiki) nerw ulgamyny emele getirýärler. Eger-de öldürilen gurbaganyň myşsasyndan oňa gelýän nerwler bilen bir bölejigini kesip alsaň we onuň üstüne nahar duzunyň kristaljygyny (bölegini) goýsaň, onda myşsa ýygrylýar.

Şeýle tejribeler dürli gyjyndyryjylaryň (himiki, fiziki, mehaniki) täsiri netijesinde nerwde oýanyjylygyň döreýändigini görkezýär. Ol oýanyjylyk myşsa süýümlerinde geçirilýär we olarda ýygrylma emele getirýär. Diýmek, nerw öýjükleriniň esasy häsiýetleri oýanyjylyk we geçirijilikdir.

Oýanyjylyk nerw impulslarynyň kömegi bilen beýleki öýjüklere geçirilýär. Neýronlar oýanyşy bir tarapa geçirýärler. Oýanyşy duýgy synalaryndan merkezi nerw ulgamyna geçirýän neýronlara merkeze ymtylýan neýronlar diýilýär. Olaryň bir uzyn we bir gysga ösüntgileri bolýar. Oýanyşy merkezi nerw ulgamyndan dürli synalara geçirýän neýronlara bolsa merkezden daşlaşýan neýronlar diýilýär. Olaryň nädogry ýyldyz şekilli görnüşleri bolýar. Olaryň köp şahalanýan birnäçe gysga ösüntgileri we bir uzyn ösüntgisi bardyr. Bu neýronlardan başga goşmaça neýronlar hem bar. Olar merkezi nerw ulgamynyň esasy bölegini düzýärler we çal maddany emele getirýärler. Bu neýronlaryň kömegi bilen oýanyş merkeze ymtylýan neýronlardan merkezden daşlaşýan neýronlar geçirilýär.

Adamyň nerw ulgamy iki bölekden, ýagny merkezi we çetki (periferiki) böleklerden durýar. Merkezi nerw ulgamy kelle beýnisinden we oňurga ýiliginden emele gelendir. Olardan aýrylyp gidýän nerwler periferiki nerw ulgamyny düzýärler. Adam özüniň hereketini güýçlendirip ýa-da ony gowşadyp biler. Adamyň iýmit siňdirişi, dem alşy we gan aýlanyşy we ş.m. wegetatiw nerw ulgamy arkaly amala aşyrylýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top