Biologiýa

Aşgazanasty we böwrekleriň üstündäki mäzler

Aşgazanasty mäz. Aşgazanasty mäzde aşgazanasty şire emele gelýär. Şire mäzden çykaryş ýollary boýunça onikibarmak içegä dökülýär. Aşgazanasty şire iýmit siňdiriş ulgamynyň şu bölüminde ýokumly maddalaryň dargama hadysasyna gatnaşýar. Bu aşgazanasty mäziň daşky sekresiýa wezipesidir. Aşgazanasty mäzde toplumlary – adajyklary emele getirýän aýratyn öýjükler bar. Olaryň öz çykaryş ýollary bolmaýar. Bu öýjükler öz gormonlaryny adajyklaryň içinden […]

Aşgazanasty we böwrekleriň üstündäki mäzler Giňişleýin oka »

Bedeniň fiziologik işiniň sazlanyşygy

Merkezi nerw ulgamy – kelle beýnisi we oňurga ýiligi nerwler arkaly ähli synalar bilen baglanyşyklydyr. Merkezi nerw ulgamy nerw öýjükleriniň üsti bilen berilýän habarlary nerw impulslarynyň kömegi bilen synalara geçirip, olaryň işlerini sazlaýar, ýagny synalaryň ýerine ýetirýän işlerini oýandyrýar ýa-da togtadýar. Bedende bolup geçýän ähli hadysalar daşky gurşawyň şertleri bilen kesgitlenilýär. Çünki merkezi nerw ulgamy

Bedeniň fiziologik işiniň sazlanyşygy Giňişleýin oka »

Deriniň arassaçylyk düzgünleri, saça, dyrnaga, egin-eşiklere, aýakgaba seretmek-2

Deri sowuk alanda, ýananda ilkinji kömegiň berlişi. Deriniň sowuk almagy. Sowuk ýurtlarda geleňsizlik netijesinde bedeniň açyk ýerleriniň derisini, ýagny burny, gulak ýelkenlerini, şeýle hem eliň we aýagyň barmaklaryny sowuk alýar. Ilki bilen sowuk alan ýeri agarýar, soňra ol duýujylygyny ýitirýär, soňra ölýär. Şeýle ýaramaz ýagdaý bolmaz ýaly sowuk alan ýere ýylylyk geçirmeýän pagta ýa-da ýüň

Deriniň arassaçylyk düzgünleri, saça, dyrnaga, egin-eşiklere, aýakgaba seretmek-2 Giňişleýin oka »

Deriniň arassaçylyk düzgünleri, saça, dyrnaga, egin-eşiklere, aýakgaba seretmek

Deriniň saglygyny saklamagyň düzgünleri (gigiýenasy). Adamyň saglygynyň möhüm şertleriniň biri deriniň arassa, sagdyn bolmagydyr. Çünki hapa deride epidermisiň soýulýan öýjükleri bilen deri ýagy ýelmeşip, ýag we deri mäzleriniň akymlaryny ýapýarlar. Bu bolsa deriniň bölüp çykaryş işlerini bozýar. Hapa deride has ownuk bedenleriň köpelmekleri üçin amatly şertler hem döreýär. Şonuň üçin hem hapa deriniň bir sm2-da

Deriniň arassaçylyk düzgünleri, saça, dyrnaga, egin-eşiklere, aýakgaba seretmek Giňişleýin oka »

Mikrosungat eserleri – bakteriýalar

Ýer ýüzünde bakteriýasyz gurşaw ýok diýen ýaly. Olar biziň bedenimizde, dem alýan howamyzda we içýän suwumyzda-da bar. Diňe içegelerimizde we derimizde mukdary beden öýjüklerimiziň iki essesine golaý bakteriýa ýaşaýar. Bu mikroskopiki jandarlaryň köpüsi bize dost bolup, tebigatda ekosistemanyň deňagramlylygynyň saklanmagyna uly ýardam berýär. Özlerine mahsus birnäçe aýratynlygyň esasynda dürli ýerlerde möhüm wezipeleri ýerine ýetirýärler. Bakteriýalar

Mikrosungat eserleri – bakteriýalar Giňişleýin oka »

Deriniň gurluşy, ýerine ýetirýän işi we ýylylyk sazlaşygyndaky orny

Deriniň gurluşy.  Deri-bedeniň daşky örtügidir. Deriniň gurluşy bilen tanyşmak üçin onuň kese kesigine seredip göreliň. Deri esasy üç gatlakdan ybaratdyr. Deriniň daşky gatlagyna epidermis – deri ýüzlügi diýilýär. Onuň aşagynda dykyz birleşdiriji dokuma gatlagy-derma ýerleşýär. Bu deriniň hut özüdir. Ýene has içräkde deriasty ýag kletçatkasy ýerleşýär. Bu ýerde ýag maddasy toplanýar. Deride ýerleşýän buýnuzly emele

Deriniň gurluşy, ýerine ýetirýän işi we ýylylyk sazlaşygyndaky orny Giňişleýin oka »

Bölüp çykaryjy synalaryň keselleriniň öňüni almak we olaryň bejeriliş düzgünleri

Peşew bölüp çykaryjy synalara düşen dürli del maddalar olaryň işleriniň näsazlyklaryny döredip bilerler. Böwrekler, aýratyn hem, çagalaryň böwrekleri dürli zäherli maddalaryň täsirine örän duýgurdyrlar. Zäherli maddalar bolan gurşun, simap, naftalin, benzol we başgalar böwrekleriň öýjüklerini zaýalaýarlar. Çendenaşa ýiti tagamly naharlary iýmeklik hem böwrekleriň ýokarky öýjüklerine zyýanly täsir edýär. Şeýle ýagdaýda böwrekleriň süzüjilik ukyby bozulýar. Netijede,

Bölüp çykaryjy synalaryň keselleriniň öňüni almak we olaryň bejeriliş düzgünleri Giňişleýin oka »

Bölüp çykaryş ulgamy

Madda çalşygynyň önümleriniň bölünip çykarylmagynyň ähmiýeti. Suw we kömürturşy gazy bedendäki uglewodlaryň hem-de ýaglaryň dargamaklarynyň ahyrky önümleridir. Beloklar darganda suwdan we kömürturşy gazyndan başga-da moçewina (kristal görnüşli azotly madda), peşew kislotasy we birnäçe duzlar emele gelýärler. Bu maddalar gana düşýärler we onuň bilen böwrege, öýkene, derä barýarlar. Ol ýerden hem daşaryk çykarylýar. Şeýlelikde, öýken, böwrek

Bölüp çykaryş ulgamy Giňişleýin oka »

Öýjük teoriýasy (taglymaty)

Öýjügi öwrenýän ylma sitologiýa (grekçe kytos–öýjük, logos–ylym) diýilýär.Özbaşdak ylym hökmünde sitologiýa XIX asyryň ahyrlarynda ýüzeçykan hem bolsa, öýjügi öwrenmek boýunça işler ondan has öň başlandy.Öýjügiň açylyşy we öwrenilişi ulaldyjy gurallaryň oýlanyp tapylmagy bilen berk baglanyşykly. Şeýle gurallaryň biri bolan mikroskopy (grekçe mikros–kiçi, skopeo – seredýärin)1610-njy ýylda italiýaly alym we astronom Galileo Galileý ýasady. Emma ilkibaşda mikroskop

Öýjük teoriýasy (taglymaty) Giňişleýin oka »

Biologiýa adalgasy – 2

Geçen postumyzyň dowamy…  Janly organizmleriň esasy alamatlary. Janly organizmleriň her biri bitewüligi ýa-da ulgamy emele getirýän tertipleşen hem-de özara täsir edişýän gurluşlaryň jeminden ybaratdyr. Janly organizmlere aýratyn alamatlar mahsus. Bu alamatlar jansyz ulgamlara mahsus däldir. Emma şol alamatlaryň arasynda dine janly organizmlere mahsus bolanlaryň biri-de dirilikdir. Janly organizmleriň diriligini ýazyp beýan etmegiň mümkin bolan usuly

Biologiýa adalgasy – 2 Giňişleýin oka »

Scroll to Top