Bedeniň refleks täsirleşmesi üçin oýanyşyň we päsgellenmäniň ähmiýeti.

Janly bedenleriň hereketleri oýanyşyň döremeginden emele gelen myşsa ýygrylmagynyň netijesinde bolup geçýärler. Oýanyş myşsalara merkezden daşlaşýan (hereketlendiriji) nerwler boýunça kelle beýnisinden we oňurga ýiliginden gelýär.

Hereketiň güýji we çylşyrymlylygy, onuň gerimi we dowamlylygy nerw ulgamynyň işjeňligine baglydyr. Mysal üçin, tüýkülik mäzlerinden tüýküligiň bölünip çykmagyny merkezi nerw ulgamyndan gelýän oýanyş döredýär. Şol oýanyşyň täsiri netijesinde dürli mukdardaky tüýkülik bölünip çykarylýar. Onuň suwuk ýa-da şepbeşik bolmagy düzümindäki ptialin şiresiniň (fermentiniň) köp ýa-da az bolmagyna baglydyr.

Bedende elmydama ganyň paýlanyşygy bolup durýar: işleýän synalara köp, işlemeýänlere gan az barýar. Synalaryň üstünden geçýän ganyň mukdary, olaryň damarlarynyň giňligine-darlygyna baglydyr. Damarlaryň içki boşlugy bolsa merkezi nerw ulgamyndan damary hereketlendiriji nerwler boýunça gaýdýan oýanyşyň täsiri bilen kiçelýär, käte bolsa ulalýar.

Merkezi nerw ulgamynda diňe bir oýanyş hadysasy bolup geçmän, päsgellenme hadysasy-da bolýar. Ol merkezi nerw ulgamynyň hemme bölümleriniň işjeňliginde örän möhüm ähmiýete eýedir. Mysal üçin, ýürege iki jübüt merkezden daşlaşýan nerw barýar. Olaryň bir jübütiniň gyjyndyrylmagy ýüregiň işini oýarýar, onuň ýygrylmagyny ýygylandyrýar, her ýygrylanda üstünden geçirilýän ganyň mukdary köpelýär. Nerwleriň beýleki jübüti gyjyndyrylanda, ýüregiň işi gowşaýar – päsgellenýär. Ýüregiň ýygrylyşy seýreklenip başlaýar. Iki

ýagdaýda-da ýüregiň işiniň üýtgemegi refleks täsirleşmedir. Ol içki synalaryň gyjynyjylygyna jogap hökmünde merkezi nerw ulgamynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Merkezi nerw ulgamynda päsgellenme hadysasy 1862 -nji ýylda I.M.Seçenow (1829–1905) tarapyndan açyldy. Päsgellenme merkezi nerw ulgamynyň hemme bölümlerine mahsusdyr. Ol islendik refleks hadysasynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar.

Ýokarky mysallardan görnüşi ýaly, oýanyş we päsgellenme nerw ulgamynda bolup geçýän bir-birine garşylykly möhüm hadysalardyr. Olar öz aralarynda elmydama baglanyşyklydyrlar. Olaryň özara baglanyşygy nerw ulgamynyň we beýleki synalaryň sazlaşykly işlemeklerini üpjün edýär. Häzirki döwürde merkezi nerw ulgamynda hem oýaryjy, hem päsgellendiriji nerw öýjükleriniň (neýronlaryň) bardygy anyklanyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 8-nji synplar üçin “Biologiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top