Ýyldyz toplumlary

Asman gümmezinde özara dartyşma bilen ýa-da hereket ugurlajy boýunça belli kanunalaýyklykda hereket edýän ýyldyz üýşmeleňlerine, ýagny kiçijik toplumlara gözegçilik etmek bolýar. Olary teleskopsyz hem görüp bolýar. Şeýle ýyldyz üýşmeleňlerine Ülker we Giaidler mysal bolup biler. Ülker Öküzçe ýyldyz toplumynda ýerleşýän çaklaňrak ýyldyzlar toparydyr. Ülkeriň tutýan meýdany Aýyň üstüniň meýdanyndan sähelçe uludyr. Emma Giaidleriň meýdany Ülkeriň meýdanyndan biräçe esse uludyr. Üns berip synlan adam Ülkeriň düzüminden 7-den 10-a çenli ýyldyzy saýgaryp biler. Ülkeri köp halatlarda Kiçi Ýedigene meňzedýärler. Munuň sebäbi onuň hakykatdan hem Ýedigen ýaly bolup görünýändigidir. Türkmenistanda Kiçi Ýedigen asla ýaşmaýan ýyldyzlaryň hataryna girýär. Emma Ülker dogup-ýaşýan ýyldyzlaryň hataryna degişlidir. Türkmenlerde „Ülker desse astynda ýatmaz“ diýilmeginiň sebäbi, ol arpa oragyna başlanan wagtlary peýda bolýar. Ülkeriň ýagty ýyldyzlaryna gadymy rowaýata görä, Atlantyň, ýagny asmany arkasynda saklaýan äpet uly adamyň gyzlarynyň atlary dakylypdyr. Olar Alsiona, Atlas, Asterona, Selena, Elektra, Maýa, Merena, Pleýona we Taýgetadyr. Ülker bizden 460 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Ülkeriň golaýynda ýerleşýän Giaidler ýyldyz topary bolsa bizden, takmynan, 120 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Ýyldyz üýşmeleňlerini togalak we seçelenen diýen iki ýyldyz toplumyna bölmek bolar. Seçelenen ýyldyz toplumynda merkezden uzaklaşdygyça, ýyldyzlaryň sany azalýar. Gersşprung-Rasseliň yzygiderligi boýunça seçelenen ýyldyz toparynyň merkezi onlarça, ýüzlerçe ýyldyzlardan ýa-da has äpet ýyldyzlardan düzülendir. Seçelenen ýyldyz toplumynyň bir tarapyndan beýleki tarapyna çenli aralyk birnäçe  parsele ýetýär.

Togalak ýyldyz toplumynyň düzümi onlarça, ýüzlerçe müň has gyzyl ýyldyzlardan ybaratdyr. Olaryň käbirlerinde gysga wagtlaýyn şöhleleri üýtgeýän sefeidler hem gabat gelýär. Sefeidler ýagtylyklary wagta görä yzygiderli üýtgeýän ýyldyzlar toparydyr. Olar ak ýa-da sarymtyl ýyldyzlardyr. Togalak we seçelenen ýyldyz toplumynyň ýyldyzlarynyň häsiýetleri “reňk-şöhle saçyş” diagrammasynyň umumy yzygiderligindäki ýyldyzlarynä meňzeş däldir. Bu bolsa toparlary biri-birinden tapawutlandyrmaga kömek edýär. Seçelenen ýyldyz toplumynyň düzüminde togalak ýyldyz toplumlarynda göze görünmeýän gazlar hem-de tozanlar bar.

Togalak ýyldyz toplumyna çenli aralyk olaryň düzümindäki gysga wagtly sefeidler boýunça kesgitlenilýär. Şonda görünýän ululyk olar üçin mälim bolan absolýut ýagtylyklar bilen deňeşdirilýär. Seçelenen ýyldyz toplumyndaky ýyldyzlar üçin “reňk – görünýän ýyldyz ululygy” diagrammasyny gurup, ony „reňk – absolýut ýyldyz ululygy“  diagrammasy bilen deňeşdirip, olara çenli bolan uzaklyklary kesgitläp bolýar. Şol bir reňkli ýyldyzlar üçin görünýän we absolýut ýyldyz ululyklarynyň arasyndaky tapawutlar, olara çenli bolan uzaklyga baglydyr.

Häzirki wagtda astronomlara togalak we seçelenen ýyldyz toplumlarynyň ýüzlerçesi mälimdir. Has äpet uly seçelenen ýyldyz toplumlary hem görünýär. Olara ermeni alymy Ambarsumýan O-assosiasiýalar diýip at beripdir. Olardaky ýyldyzlar biri-birinden örän uzakda ýerleşip, özara täsirleşmeýärler. Olar ýyldyzara boşluklardan, seýrek, neýtral däl gazlardan, kosmos şöhlelerinden, neýtrinolardan, elektromagnit şöhlelerinden, esasan hem galyndyly köne şöhlelerden düzülen boşluklardan ybaratdyr. Bularyň hemmesi Galaktikalar dünýäsiniň boşlugydyr. Galaktikalaryň aralarynda emele gelen dykyzlyga görä, Galaktikalaryň ösüş ýoluny anyklamak bolýar diýlip çak edilýär. Galaktikada dykyzlyk 10‘29‘31 g/sm3 deňdir.

Ýyldyzara tozanlar we gazlar. Galaktikada galyň bolmadyk, insiz, uzynlygy 200-300 parsege ýetýän ýyldyzara boşluklarda tozanlaryň bardygy mälimdir. Olar uzakdaky ýyldyzlaryň şöhlelerini özüne siňdirip, olaryň ýagtylyklaryny peseldýärler. Bu tozan buludy Galaktika tekizliginiň boýunda jemlenendir. Ýyldyzara boşlukda kä köpelip, käte bolsa azalýan dürli dykyzlykly tozan bulutlary bardyr. Galaktikanyň tekizliginde 100 parsek ýol geçen ýagtylygyň derejesi, takmynan, 1,5 ýyldyz ululygyça peselýär. Ýyldyzara boşluklardan geçýän şöhleleriň ýa-da ýyldyzara boşluklaryň ýagtylyklary kesgitlenilende, şöhläniň ýyldyzara boşluklara siňýän mukdaryny hasaba almak zerurdyr. Olar öz tebigaty boýunça meňzeş we düzümi boýunça gaz-tozan bulutlar ýaly dürli-dürli bolup görünýär. Geçýän şöhläni kän siňdirýän bulutlar gara duman sypatyny özünde jemleýär. Eger tozan buludynyň golaýynda uly ýagty ýyldyz bar bolsa, onda ol, elbetde, şol buludy hem ýagtylandyrýar, netijede, bulut ýagtylyp görünýär.

Gaz-tozan buludyny örän gyzgyn ýyldyz ýagtylandyrýan halatynda ýyldyzyň ultramelewşe şöhlelenmesi wodorody, buludyň beýleki gazlaryny ionlaşdyrýar we olary şöhle saçmaga mejbur edýär. Gaz ultramelewşe şöhleleri özüne siňdirip, spektriň gyzyl we beýleki tolkunlardaky şöhlelerini daşary ýaýradýar.

Şekilleri we şöhle saçyşlary boýunça planeta çalym edýän, merkezinde bolsa O spektral (iň gyzgyn) ýyldyzlar ýerleşýän dumanlyklara planetar dumanlyklar diýilýär. Mälim bolan 1000-den gowrak planetar dumanlyklaryň orta giňligi Neptunyň aýlawynyň ululygyna barabardyr. Planetar dumanlyklar, esasan, Galaktikanyň merkeziniň golaýynda ýerleşýär. Olarda ýyldyzlaryň emele geliş hadysasy bolup geçýär diýlip çak edilýär.

Ýyldyzara gazlaryň Äleme radioşöhlelenmesini öwrenmek bilen, olar barada köp gymmatly maglumatlary alyp bolýar. Ýyldyzara gazlaryň golaýlarynda gyzgyn ýyldyzlar bar bolsa, onda wodorod ýagty dumanlyklarda ionlaşýar we ýagtylanýar. Oňa garamazdan, Galaktikadaky wodorodyň esasy massasy neýtraldyr. Kosmos şöhlelerinde bolsa neýtral wodorod ýagtylanmaýaram, görünmeýärem. Olar diňe 0,21 m uzynlykly radio tolkunlaryny goýberýärler. Şol tolkunlar wodorod gatlagynyň içinden geçende, onuň massasy we dykyzlygy kesgitlenilýär. Dopleriň hadysasy boýunça wodorod buludynyň tizligi kesgitlenilýär. Alnan maglumatlara görä, neýtral wodoroddan düzülen bulutlaryň temperaturasy orta hasap bilen 100 K bolýan bolsa, ionlaşyp, ýagtylanýan bulutlaryň temperaturasy 10000 K töweregi bolýar. Dykyz gaz bulutlarynda wodorodyň atomlary N, molekulalara birleşýär. Ýyldyzara wodorodyň mukdary Galaktikanyň umumy massasynyň käbir göterimini, kosmos tozanynyň massasy bolsa ondanam 100 esse az bölegini diizýär. Galaktika tekizliginde neýtral wodorodyň dykyzlygy orta hasap bilen 10‘21 kg/m3 golaýdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top