Türkmenistanyň welaýatlary üçin Aýyň we Günüň dogup-ýaşýan wagtyny hasaplamak

Adamlaryň durmuşy, esasan, Günüň dogup ýaşmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýeriň hereket edýän tekizliginiň, ýagny ekliptika tekizliginiň asman ekwatoryndan 23°26′ gyşyklygy gijäniň, gündiziň uzaklygynyň üýtgemegine getirýär. Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäheri üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagty her 5 günden 10-njy jedwelde berlendir.

Türkmenistanyň beýleki welaýatlary üçin Günüň dogýan we ýaşýan wagtyny kesgitlemek üçin 2 sany giňlik we uzaklyk düzedişlerini girizmeli: welaýatlar Grinwiç meridianasyna görä, Aşgabat şäherinden tapawutlydyr. Eger hasaplanylýan ýer gündogarda bolsa, ol ýerde şol tapawuda görä Aşgabatda Gün şonça-da ir dogýar, günbatarda bolsa, şonça giç dogýar.

Geografik uzaklyk boýunça welaýatda Günüň dogýan we ýaşýan wagty kesgitlenilenden soňra, 2-nji düzediş girizilýär. Düzediş geografik giňlik bilen baglydyr. Hasaplama geçirilýän welaýatyň giňliginiň bir gradus tapawudy Günüň dogup-ýaşmagyndaky hasaba, takmynan, 3 minut girizilmegini talap edýär. Eger welaýatyň geografik giňligi Aşgabadyň geografik giňliginden uly bolsa, onda düzedişiň alamaty (+), eger-de kiçi bolsa, onda alamaty (-) bolýar. Türkmenistanyň welaýatlarynyň käbir şäherleriniň masştaby boýunça 1 sm-de 10 km bolan kartadan hasaplanylan geografik koordinatalar 10-njy jedwelde görkezilendir.

Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny hasaplamak üçin, dürli maglumatlardan peýdalanmak zerurdyr. Emma Aýyň Güne görä ýyldyzlaryň içinde edýän hereketiniň tizligi 12,19 gradus, ugry bolsa günbatardan gündogaradyr. Netijede, Aý her günde 49 minut öňki gününden giç dogup, giç ýaşýar. Şeýle sada hasaplamalar bilen Aýyň dogýan we ýaşýan wagtyny takyk kesgitläp bolar.

Hijri-kainary senenamasyny hasaplamak. Musulman dünýäsinde köp seneler, şol sanda, Gurban baýramy we mukaddes Oraza aýy diňe hijri-kamary hasaby boýunça berilýär. Aýyň Ýeriň töwereginde Güne görä aýlanýan wagtynyň 29 gije-gündiz 12 sagat 43,2 sekunda deňligi sebäpli, şol seneler hatda bir obada-da tapawutly ýöredilýär. Muňa täze Aýa gözegçilik edýän adamlaryň seljeriş ýagdaýynyň tapawutlanýandygy we gözegçilik edilýän ýer sebäp bolýar. Emma hijri-kamary hasabyny Aýa seretmezden, gündogaryň meşhur älemşynaslarynyň biri bolan Ulugbegiň usuly bilen hem ýokary takyklykda kesgitläp bolýar. Ulugbegiň usulynyň takyklygy 3500 ýylda 1 gije-gündiz diýlip hasap edilýär.

Täze hijri ýylynyň we onuň aýlawynyň milady hasabynyň haýsy gününe gabat gelýändigi Ulugbegiň usuly boýunça şeýle kesgitlenilýär: hasaplanyljak ýylyň sanyny 210-a bölüp, galan san tapylýar. Mysal uçin, 2000-nji ýyly 210-a bölsek, 9-dan ýetip, 110 galyndy galýar. O1 galyndynyň iň golaý sany Ulugbegiň birinji jedweliniň ýokarky setirinden tapylýar, ol 90 bolar. Galan 20 ýyly bolsa, birinji sütünden tapýarys. Soňra 1-nji sütünden 20 bilen başlanýan setiriň 90-a inderilen sütüniniň kesişýän öýjügini tapýarys. 015-i görkezýär. Diýmek, 2000-nji ýylda hijri-kamary senesiniň täze ýylynyň birinji güni penşenbe gününde başlanýar. Galan aýlaryň başlanýan günlerini bolsa 5-lige görä, Ulugbegiň ikinji jedwelinden kesgitlenilýär. Jedweliň 1-nji setirindäki 5-den aşak göni çyzyk inderip, galan aýlaryň başlanýan günleri anyklanylýar.

Türkmenistanyň çäginden Mekgä (kybla) bolan ugry kesgitlemek. Her bir musulman üçin Mekge sözi mukaddesdir. Musulman dininiň şertlerini ýerine ýetirýän ildeşlerimiz her günde 5 wagt namazy berjaý edýärler. Yslam dinine uýýanlar namaza duranlarynda, ýüzüni Mekgä, ýagny kybla tarap tutýarlar. Hezreti Omaryň oglunyň aýtmagyna görä, ýüzüni Günüň tomusky we gyşky ýaşýan nokatlarynyň arasyna tutup, okan namazyň dürs bolýar. Mekgä bolan ugry bimäçe usullar boýunça kesgitläp bolýar.

Usullaryň iň sadasy kartanyň kömegi bilen Aşgabadyň we Mekgäniň ýerleşýän ýerini meridianalara hem-de parallellere görä kesgitlemekdir. Mekgä bolan ugry Ýeriň üstündäki üçburçluk esasynda çözmekdir. Onuň üçin öňürti Mekgäniň we islendik nokadyň (mysal üçin, Aşgabadyň) geografik koordinatalaryny tapyp, soňra şol nokatdan Mekgäniň meridianyna perpendikulýar geçirýäris we netijede, depelerinde Mekge, Aşgabat we perpendikulýaryň kesişýän nokady ýerleşýän gönüburçly üçburçluk emele gelýär. Ol üçburçlugyň bir kateti – Mekgä meridianynyň Aşgabat paralleli bilen kesişýän nokadydyr, ikinji kateti bolsa Aşgabat şäheri we Aşgabat paralleliniň Mekge meridiany bilen kesişýän nokadydyr. Gönüburçly üçburçlugyň gipotenuzasy bolsa Mekgäni we Aşgabady özara birikdirýän çyzykdyr. Üçburçlugyň taraplaryny Ýeriň merkezi bilen birikdirip, Ýeriň radiusyna görä Mekgä bolan ugur kesgitlenilýär. Ýeriň radiusyny tiç nokat üçin hem 6378,16 km-e deň diýip kabul edip bolar, çünki Mekge bilen Aşgabadyň aralygy şeýle bir uly däldir. Soňra ikinji kateti kesgitläp, depesinde Aşgabat ýerleşýän ýiti burçy tapyp, Mekgä bolan ugry anyklarys. O1 burç günbatar nokatdan, ýagny mart aýynyň 21-ine we sentýabr aýynyň 22-sine ýaşýan nokadyndan çepe tarap 38 gradus gyşarýar.

Ikinji usulda ýyldyzlaryň kömegi bilen kesgitlenilýär. Ýyldyzlara görä Mekgä bolan ugry tapmak üçin, Mekge tarapda ýerleşýän asman jisimlerinden peýdalanyp bolar. Dekabr aýynyň 22-si töwereklerinde Günüň ýaşýan nokadyna tarap eliňi öňe uzadyp, şonuň inine görä çepe seredilse, edil Mekgä bolan ugra seredildigi bolar. Tomus aýlarynda Içýan ýyldyzlar toparynyň iň ýagty ýyldyzy Antares Mekge tarapda ýaşýar.

Asman jisimleri öwrenilende alnan täze maglumatlar. 400 ýylyň dowamynda astronomlar asman jisimlerini Ýerdäki teleskoplaryň kömegi bilen öwrenip geldiler. Alnan maglumatlar fizika we himiýa ylymlarynyň kanunlaryna laýyklykda öwrenilip, anyklanylyp gelindi. Gün sistemasyny öwrenmek üçin mümkinçilikleri boýunça has ýokary bolan kosmos gämileriniň ençemesi uçuryldy. Arş gämileri goýberilende, olary barýan menzillerine tiz ýetirmek üçin beýleki planetalaryň dartyş güýjünden peýdalanyp başlanyldy. Adamzat arş gämisiniň kömegi bilen iň golaýdaky asman jisimine, ýagny Aýa gadam basdy (20.07.1969). Onuň üstüniň dürli ýerleriniň nusgasy getirildi. 2006-njy ýylyň ýanwar aýynda “Stardast” atly kosmos gämisi “Uaýld-2” kometasynyň guýmgyndan we kellesinden nusgalar getirdi. Ilkinji gezek alymlara kometanyň maddasyny ýörite tejribehanalarda öwrenmek mümkinçiligi döredi.

Käbir alymlaryň pikirine görä, göze görünýän maddanyň massasy göze görünmeýän maddanyň massasyndan 5 essä golaý az, başga alymlaryň pikirlerine göräbolsa 10 essä golaý azdyr. Netijede, biziň görýän ähli jisimlerimiz süýdüň köpügini ýada salýar.

“SWAS” zondunyň 3 ýylyň dowamynda alan maglumatlaryna esaslanyp, älemşynaslar Älemiň giňligi 13,7 milliard ýagtylyk ýylydyr diýen netijä gelipdiler. Emma “Spiser” teleskopynyň soňky alan maglumatlary Älemiň giňliginiň ol möçberden has uludygyny görkezýär. Diýmek, Älemiň hakyky giňligi älemşynaslaryň ulanýan teleskoplarynyň kuwwatyna bagly bolup galýar.

“Kassini” arş gämisi Saturndan we onuň hemrasy Titandan täsin maglumatlary iberdi. Titanyň atmosferasynyň Ýeriň atmosferasyna çalym edýändigi anyklanyldy. Hakykatdan hem, Titanyň galyň, organiki birleşmelere baý atmosferasy Ýeriň atmosferasynyň 3 -4 milliard ýyl mundan öňki döwrüni ýada salýar. Titanyň atmosferasynyň daşky gatlaklarynda uglewodorodyň çylşyrymly organiki molekulalarynyň gaz görnüşinde bardygy anyklanyldy. Häzirki wagtda görünmeýän massanyň görünýän massa täsiri we uly-kiçi astronomik sistemalaryň belli bir tekizlikde ýerleşýändikleri belli boldy.

Adamyň Älemdäki orny. Astronomiýa ylmy boýunça alnan maglumatlara görä, Ýeriň, Gün sistemasynyň, Galaktikamyzyň we Älemiň iňňän täsin gurluşy bar. Galaktikalar öz aralarynda ýerli Galaktikany düzýär. Hemme gözegçilik edilen Galaktikalar Metagalaktikanyň düzümine girýär. Gyzyl süýşmä laýyklykda Metagalaktikanyň giňelmegi dowam edýär. Älemde kwazarlar, neýtron ýyldyzlary, “gara girdaplar” we başga-da asman jisimleriniň birgideniniň bardygy mälimdir. Olara çenli aralyklar dürli-dürlüdir. Ýagtylyk, takmynan, 300000 km/s tizlik bilen hereket edip, Günden 8,5 minutda Ýere gelip ýetýän bolsa, ol Plutona 5,5 sagatda baryp ýetýär. Güne iň golaý ýyldyz bolan Sentawranyň Proksimasyndan şöhle Güne 4,22 ýylda, Galaktikamyzyň merkezinden bolsa 32600 ýylda gelip ýetýär.

Gün Galaktikanyň daşyndan 200 million ýylda bir gezek aýlanýar. Biziň Galaktikamyzda 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar. Bize iň ýakyn Galaktikalar Magellan bulutlary we Andromedanyň dumanlygydyr. Uly Magellan buludyndan bize şöhle 196000 ýylda, Kiçi Magellan buludyndan bolsa 163000 ýylda, Andromeda Galaktikasyndan şöhle bize 2 million 300 müň ýylda gelip ýetýär. Henize çenli biçak uzak aralykda adamzatdan başga janly-jandaryň bardygy barada maglumat almak başardanok. Öň Älemiň giňligi 13,7 millard ýagtylyk ýyly diýlip hasap edilen bolsa, indi 9,1 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Galaktikalar toplumynyň bardygy mälim boldy. Munuň özi Älemiň giňliginiň çäksizdigini görkezýär.

Ýerdäki durmuşy saklamak üçin adamyň orny iňňän uludyr. Sebäbi, bar bolan maglumatlara görä, adamzat diňe Gün sistemasynda däl-de, eýsem ýakyn kosmosda hem ýeke-täkdir. Ýaşaýşyň döremegi üçin, biziň Galaktikamyz şeýle bir baý däldir. Sebäbi, diňe merkezi ýyldyzyň öz häsiýetleri boýunça biziň Günümize meňzeş bolan halatynda ýaşaýyş emele gelip biler diýlip hasap edilýär. Alnan maglumatlara görä, biziň Galaktikamyzda häsiýeti boýunça Güne meňzeş ýyldyzlaryň sany 40000-e golaýdyr. Megerem, şolaryň birinde planetalar sistemasy emele gelip, onda hem ýaşaýyş üçin amatly şertleriň dörän bolaýmagy ähtimaldyr. Gün sistemasynda we ýakyn kosmosda adamzadyň ýeke-täkligi onuň öňünde iňňän wajyp meseleleriň biri bolan ýaşaýşy, durmuşy goramak meselesini goýýar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top