Astronomiýanyň ähmiýeti

Astronomiýanyň durmuşdaky orny diňe wagt ölçeglerini kesgitlemek we ugur tapmaklyk bilen çäklenmeýär. Astronomiýa hil hem mukdar taýdan tapawutlanýan asman jisimlerini, Älemdäki tozanlary, gazlary, planetalary, guýrukly we süýnýän ýyldyzlary, Aýy, Güni hem-de adatdan daşary uly ýyldyzlary, Akmaýanyň ýoluny öwrenmek bilen, adamyň gelejegi üçin iňňän ähmiýetli maglumatlary-da toplaýar. Asman jisimlerini öwrenmek bilen geçirilýän ylmy-barlag tejribelerinde Ýerde henize çenli mümkin bolmaýan maglumatlar alynýar. Muňa geliý elementiniň ilki Günde tapylyp, soňra Ýerde açylmagy astronomiýada edilýän gözegçilikleriň wajyplygyny ýene bir gezek görkezýär. Şeýlelikde, asman jisimlerine edilen gözegçilikleriň netijesinde alnan maglumatlaryň gelejekde hem adamzat üçin peýdaly boljakdygyna şek-şübhe ýokdur. Asman jisimlerini öwrenmek bilen adamzat ruhy tarapdan hem baýlaşýar we özüniň Ýeriň, Gün sistemasynyň we Galaktikanyň möçberinde täsin we ajaýyp bir ýaşaýjydygyna göz ýetirýär. Asman jisimlerine gözegçilik etmek boýunça alnan maglumatlardan peýdalanyp, ýyldyzlarda bolup geçýän hadysalary jikme-jik öwrenmek mümkin. Ýeriň şertlerinde şeýle ylmy işleriň ýola goýulmagy halk hojalygy üçin uly peýda getirerdi. Şu meselede öňi bilen planetalary we adamzada mälim bolan beýleki asman jisimlerini öwrenmek örän wajypdyr.

Günüň adamzat we Ýerdäki janly-jandar, ösümlikler üçin ähmiýetiniň biçak uludygyny nazara alyp, astronomiýa ylmynyň dürli derňew usullaryny ulanmak bilen, onda bolup geçýän hadysalar jikme-jik öwrenilýär. Bu ýagdaý adamzada ýaşaýşy üçin barha köp mukdarda energiýa baýlyklaryny almagyň aňsat we arzan usullaryny ele almaga kömek eder. Ýeriň jümmüşindäki kuwwatly hadysalaryň we onuň üstünde bolup geçýän özgermeleriň wagta görä üýtgemeklerini takyk bilmek, olardan peýdalanmagy öwrenmek biziň gelejekki nesilleriň öňündäki borjumyzdyr.

Ýyldyzlara görä ugur tapmak. Adamzat heniz astronomiýanyň nämedigini bilmeýän döwürlerinden başlap, durmuşyň talabyna görä, ýaşaýan ýerini üýtgetmäge we uzak ýollara syýahat etmäge gitmeli bolanda, ilki bilen daş-töweregiň aýratynlyklaryna görä ugur alan bolsa, soňra Aýa, Güne we ýyldyzlara görä ugur tapmagy ulanyp başlapdyr. Şeýlelik bilen, astronomiýa ylmy adamyň durmuşyna öz-özünden ornaşyp başlaýar. Bulutsyz gijelerde ugur kesgitlemegiň kyn däldigine garamazdan, adamyň öňünde uly mesele ýüze çykýar. Ýyldyzlar arasynda ugur tapmak üçin, asman gümmezindäki käbir ýagty ýyldyzlary bilmek zerurdyr.

Diýarymyzyň çäginde, şol sanda, Ýeriň demirgazyk ýarym togalagynda ugur tapmak üçin ulanylýan ýyldyzlaryň iň esasylarynyň biri bolup Kiçi we Uly Ýedigenler hyzmat edýär. Olaryň içinde, hususan-da, Demirgazyk ýyldyzy peýdalanylýar. Sebäbi ol ýyldyzyň öz omuny üýtgedişini teleskopsyz saýgaraýmak asla mümkin däldir. Golaýynda ýagty ýyldyzyň ýoklugy we radiusy l°-a golaý bolan kiçijik töwerek boýunça hereket edýändigi sebäpli, Demirgazyk ýyldyzynyň hereketini saýgarmak juda kyn. O1, hakykatdan hem, gazyk ýaly bolup, bir ýagdaýda dur. Onuň gözýetimdäki beýikligi gözegçilik edilýän Ýeriň geografik giňligine deňdir. Demirgazyk ýyldyzynyň görünýän ýagtylygy 2,1 ýyldyz ululygyna deňdir. Oňa golaý ýerleşýän ýagty ýyldyzlardan Kiçi Ýedigeniň çetki iki ýyldyzyny we olardan hem çeträkde ýerleşýän Uly Ýedigeniň ýagty ýyldyzlaryny belläp geçmek bolar. Olaryň kömegi bilen Demirgazyk ýyldyzyny tapmak aňsatdyr. Olarsyz Demirgazyk ýyldyzyny we şol sanda Kiçi Ýedigeni tapmak şeýle bir aňsat hem däldir.

Gözegçi Demirgazyk ýyldyzyny Uly Ýedigeniň ýagty ýyldyzlarynyň kömegi bilen tapyp biler. Şeýle maksat üçin Uly Ýedigeniň Dubhe we Merak ýyldyzlaryny ulanmak has-da amatlydyr. Uly Ýedigeniň ýagty ýyldyzlary ujy egri saply susagy ýada salýar. Olaryň ýedisiniň hem atlary bardyr. Uly Ýedigeniň susagynyň ujy däl-de, beýleki tarapynyň demirgazyga has golaý ýyldyzy Uly Ýedigeniň alfasydyr, onuň ady Dubhedir. Ondan aşakda (ýagny demirgazykdan uzaklaşýany) Uly Ýedigeniň bettasydyr. Oňa Merak ýyldyzy diýýärler. Olaryň golaýynda Dubhe bilen bir hatarda ýerleşýän Uly Ýedigeniň iň öçügsi ýyldyzy ýerleşýär. Onuň ady Kaffadyr. Susagyň okarasynyň çep, peski ýyldyzy Uly Ýedigeniň gammasydyr. Onuň ady Fekdadyr, Kaffadan soňky ýyldyza Uly Ýedigeniň Alioty diýilýär. Altynjy ýyldyzyna Misar diýilýär. Misaryň has golaýynda ýerleşýän öçügsi ýyldyza Alkor diýilýär. Bu ýyldyzyň üsti bilen gadymy spartanlar ýetginjekleriň görejini barlapdyrlar. Eger ýaş ýigit şol ýyldyzy saýgarýan bolsa, onda onuň göreji sagdyn diýlip hasap edilipdir. Şol döwürde harby gullukda bolmagyň at-abraýy uly eken. Uly Ýedigeniň iň soňky ýedinji, eta ýyldyzyna Benitnaş ýa-da Alkaid diýilýär. “Saply susagyň” Demirgazyk ýyldyzyndan aşakda we ýokarda ýerleşýän wagtlarynda Dubhe bilen Merakyň üstünden inderilen hyýaly çyzyk gözýetime perpendikulýary döredýär we ol perpendikulýar edil demirgazyk gözýetimi görkezýär. Merakdan başlap Dubhäniň üsti bilen olaryň özara aralygy 5 gezek hyýaly göçürilen halatynda hem Demirgazyk ýyldyzyna golaýlaşylar. Gözegçileriň arasynda Uly Ýedigeniň kiçeldilen şekiline meňzäp duran Ülkere hem Kiçi Ýedigendir öýdýänler az däldir. Şeýle ýagdaýa düşmezlik üçin, Ülkeriň dogup ýaşýan ýyldyzlaryň hataryna girýändigini we doly Aýyň görünýän meýdany ýaly meýdanda ýerleşýändigini, Demirgazyk ýyldyzyň bolsa gözegçilik edilýän ýerlerdäki nyşanlara görä omunyň üýtgemeýändigi ýatdan çykarylmaly däldir.

Demirgazyk ýyldyzyny tapyp, oňa seretsek, onda seredýän tarapymyz demirgazyk, sagymyz gündogar, çepimiz günbatar, arka tarapymyz bolsa günorta bolar. Türkmenistanyň çäginden çar tarapy gyşyna Üçýyldyza (Oriana), tomsuna bolsa Wega-Deneb-Altair ýyldyzlarynyň döredýän üçburçlugyna gözegçilik etmek bilen hem kesgitlemek mümkin. Gyş agşamynda adamyň ünsüni özüne has çekýän ýyldyzlar toparynyň biri hem Üçýyldyzdyr (Orion ýyldyzlar topary). Ol ýyldyz toparyny tapmak juda aňsatdyr, çünki başga şeýle golaý, ýagtylyklary boýunça birmeňzeş we hatara duran Üçýyldyz görünýän däldir. Üçýyldyzyň sagdaky ýyldyzy asman gümmezini iki deň bölege bölýär, ýagny onuň üstünden gurşawy iki deň bölege bölýän asman ekwatory geçýär.

Türkmenistanyň islendik çäginden güýz aýlary ilkagşam dik depä gözegçilik edilende, üç ýagty ýyldyzyň uly gönüburçly üçburçlugy emele getirýändigini görmek bolýar. Ol ýagty ýyldyzlar Wega, Deneb we Altairdir. Üçburçlugyň gysga kateti, ýagny Wega bilen Denebi birleşdirýän çyzyk günbatary we gündogary görkezýär. Gysga katetiniň ortasyndan we Altair ýyldyzyndan göni çyzyk geçirsek, onuň ýokarky tarapy demirgazygy, aşaky ujy bolsa günorta tarapy görkezýär.

Ýyldyzlara görä wagty hasaplamak. Asman gümmezinde görünýän ýyldyzlaryň orunlarynyň gije-gündiziň we ýylyň dowamynda birmeňzeş üýtgeýändigi we ol üýtgemegiň gaýtalanýandygy adamlara köp asyrlar mundan öň mälim bolupdyr. Adamlar ýyldyzlaryň asmanda birmeňzeş üýtgemeginden çen tutup, ugur tapmagy, wagty ölçemegi we senenamalary düzmegi öwrenipdirler. Senenama düzmek üçin, ýyldyzlaryň hereketlerindäki ýüze çykýan tapawutlary bilmek ýeterlikdir. Ol tapawut, esasan, ýyldyzlaryň orunlarynyň asman ekwatoryndan aradaşlygyna baglylykda ýüze çykýar. Wagty Uly Yedigeniň “Saply susagyna” görä kesgitlemek has amatlydyr. Uly Ýedigeniň Dubhe we Merak ýyldyzlaryny edil sagadyň kiçi dili ýaly ulanmak has amatlydyr. Sebäbi olar edil sagadyň kiçi diliniň ujy ýaly hereket edip, Demirgazyk polýusynyň töweregine bir aýlawy, sagadyňky ýaly 12 sagatda däl-de, 24 sagatda tamamlaýarlar.

Diýmek, ýyldyz “sagadynyň dili” bir sagadyň dowamynda diňe 15 gradusy, 6 sagadyň dowamynda bolsa töweregiň ‘/4-ini sagat diliniň hereket edýän ugrunyň tersine bolan ugur boýunça geçer. Ýyldyz sagadyny ulanmak üçin Demirgazyk ýyldyzyny sagadyň merkezi edip, Uly Ýedigeniň Dubhe we Merak ýyldyzlaryny bolsa sagadyň kiçi diliniň ujy hökmünde ulanmak amatlydyr. Ýyldyz sagadyny ulanmak üçin, ilki bilen, hasap başlangyjyny bellemeli. Mysal üçin, ýyldyzlar görnüp başlan pursatynda, Dubhe bilen Merak gözýetime parallel bolup, gündogara ugrukdyrylandyr. Diýmek, asman “sagadynyň dili” asman gümmeziniň demirgazyk polýusyndan gündogara tarap seredip dur. Şol pursatda Aşgabat wagty takyk 19 sagady görkezýär. 6 sagatdan soň Dubhe we Merak ýokarky nokada barar, ýagny “sagat dili” dik ýokaryk sereder. Şol pursatda Aşgabat wagty gije sagat 12-ni (24-i) görkezer. Şeýle dowam etdirip, wagty hasaplap bolar. Emma bu ýerde ýyldyz wagtynyň her günde 4 minuda golaý ir tamamlanýandygy we gije-gündiziň dowamlylygynyň üýtgeýändigi üçin ýyldyz “sagadynyň kiçi diliniň” gün-günden ýuwaş-ýuwaş üýtgeýändigini hasaba almak zerurdyr.

Ýyldyzlara görä wagt hasaplanylanda, wagty Uly Ýedigensiz bilmek üçin, asman ekwatorynda ýerleşýän ýyldyzlardan hem peýdalanyp bolar. Ýöne olar boýunça wagt hasaplanylanda, asman gümmezinde ýyldyzlaryň geçýän burç ululygynyň asman ekwatoryndan uzaklyklaryna baglydygyny ýatdan çykarmaly däldir. Gözegçilik edilýän ýyldyzlar polýuslara näçe golaý bolsa, olar şonça az ýol geçýärler. Şeýlelik bilen, asman ekwatorynda ýerleşýän ýyldyzlaryň bir sagadyň dowamynda geçýän ýoly göze görünýän iň uzak ýoldur. Ýyldyzlar ekwatoryň göni gündogar gözýetiminde dogup, burç boýunça gyşyk ýokaryk galýarlar hem-de ýazky we güýzki gije-gündiziň deňleşýän wagtynda, takmynan, 6 sagatdan soň özleriniň iň ýokarky derejesine, ýagny kulminasiýa ýetýär. Şol pursatda olar ýerli meridiandan geçýärler. Gündogar gözýetimden ýerli meridiana çenli bolan aralyk 90 gradusa deňdir. Diýmek, ilk agşamdan ýyldyza seredip, onuň omuny belläp, geçen ýoluna görä wagty uly bolmadyk takyklyk bilen kesgitläp bolar.

Gün sagadynyň kömegi bilen wagty hem-de çar tarapy kesgitläp bolar. Diňe onuň üçin ikinji jedwelden ugur almalydyr. Günden peýdalanyp, el sagadynyň kömegi bilen demirgazyk-günorta çyzygyny tapmak has amatlydyr. Şeýle maksat üçin sagadyň kiçi dilini bir sagat yza süýşürmeli. Çünki biz Günüň ortaça hereket wagtyna görä däl-de, 1930-njy ýylda wagt barada kabul edilen Düzgünnama boýunça wagty ýöredýäris. Mysal üçin, sagat 15-de sagadyň kiçi dilini Güne tarap ugrukdyrýarys, uly we kiçi dilleriniň arasyndan hyýaly çyzyk geçirip, günorta we demirgazyk taraplary tapmak bolar.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top