Galaktikalar. Metagalaktika

Galaktikalar. Aýsyz açyk gijelerde şäher yşygyndan uzakda gözegçilik edilende, asman gümmezinde seçelenen merjen däneleri ýaly bolup görünýän dürli reňkli, ululy-kiçili ýyldyzlar we ummasyz köp göze görünmeýän ýyldyzlar belli bir agyrlyk merkeziniň töwereginde aýlanyp, Galaktika diýlen ýyldyz üýşmeleňini düzýärler. Galaktikalaryň spiral, ellips, töwerek we belli bir şekilde bolmadyk görnüşleri bardyr. Galaktikalaryň sany juda köpdür. Ýakyndaky Galaktikalaryň ählisi ýerli Galaktikalar toparyny döredýärler. Ýerli Galaktika toparyna biziň Galaktikamyz we onuň golaýyndaky 20-den gowrak Galaktika girýär. Ýerli Galaktika toparyna Uly we Kiçi Magellan bulutlary hem-de şekili boýunça meňzeş, emma ululygy boýunça biziň Galaktikamyzdan sähelçe uly bolan “Andromeda dumanlygy” atly Galaktikalar girýärler. Älemdäki ähli Galaktikalara tutuşlygyna Metagalaktika diýilýär.

Plankyň we Winiň kanunlaryna laýyklykda gyzgyn hem-de gyzgyn däl asman jisimleri elektromagnit tolkunlaryny şöhlelendirýärler. Eger jisimiň temperaturasy 1000 K-dan az bolsa, onda ol infragyzyl we radiotolkunlar bilen şöhlelenýär. Jisimiň temperaturasynyň artmagy, onuň umumy şöhlelenme energiýasynyň artmagyna getirýär we netijede, gysga tolkun uzynlyklarda şöhlelenme döräp başlaýar. Jisimiň temperaturasy 2000K bolanda, gyzyl şöhlelenme artýar. Eger temperaturasy 6000 K, ýagny Günüň üstüniň temperaturasyna golaý bolsa, onda sary-gök şöhlelenme köpelýär, ýokary temperaturalarda bolsa (10 000 – 20 000 K) melewşe şöhlelenme artyp başlaýar. Asman jisimleriniň spektrlerinde çyzykly, üznüksiz we siňdirme şöhlelerine gözegçilik etmek bolýar.

Galaktikanyň magnit meýdanynyň induksiýa çyzyklary onuň tekizligine paralleldir. Olar gyşaryp, Galaktikanyň spiral şahalarynyň ahyryna çenli gidýär. Galaktikanyň magnit meýdanynyň induksiýasy 1010 tesla töweregi, bulutlarda bolsa ondan hem ýokarydyr. Onuň magnit meýdany ýokary tizlikli elektronlaryň hereketlerini togtadýar. Munuň özi metr ýa-da ondan hem uzyn elektromagnit tolkunlarynda ýylylyk tebigy bolmadyk (sinhrotron) radioşöhlelenmäni döredýär. O1 bize hemme tarapdan gelýär. Güýçli radioşöhlelenme Akmaýanyň ýolundan has köp gelýär.

Hemme tarapdan gelýän we mukdary boýunça üýtgemeýän şöhle galyndysyna relikt şöhlesi diýilýär. O1 temperaturasy 3 K bolan absolýut gara jisimleriň bimäçe millimetrden onlarça santimetre çenli saçýan şöhlesidir. O1 şöhleler baryp birnäçe milliard ýyl mundan ozal N we Ne neýtral atomlarynyň täsirleşmesi esasynda emele gelen elektromagnit tolkunlarydyr. Relikt şöhlesi amerikan alymlary A.Peniasom we R. Uplson tarapyndan 1965-nji ýylda açyldy. Alymlara bu açyşlary iiçin 1978-nji ýylda halkara Nobel baýragy berildi. Gelýän tolkunlaryň güýji ähli tarapda meňzeşdir. Asmanda Günüň hereket edýändigi sebäpli, Dopleriň hadysasyna laýyklykda, relikt şöhlesiniň temperaturasynyň peselmegi we ýokarlanmagy anyklanyldy we şonuň esasynda Gün sistemasynyň hereket edýän tizligi kesgitlenildi. O1, takmynan, 390 km/s deňdir. Alnan tizlik beýleki usullardaky alnan tizliklerden tapawutlanýar.

Galaktikalaryň aýratynlyklary. Galaktika ýüzlerçe milliard ýyldyzlaryň, ýyldyzara gazlaryň, dumanlyklaiyň we bulutlaryň belli bir agramlyk merkeziniň töwereginde hereket etmeginiň netijesinde emele gelýän ýyldyz sistemasydyr.

Biziň Galaktikamyz, ýagny Akmaýanyň ýoly Galaktikasy “S” harpyna meňzeş spiral Galaktika diýlip hasap edilýärdi. Onuň düzüminde 100 milliarddan gowrak ýyldyz bar diýlip çak edilýär. Muňa garamazdan, ol uly Galaktikalaryň hataryna girenok. Çünki uly Galaktikalardaky ýyldyzlaryň sany 300 milliarda ýetýär. Şöhle Akmaýanyň ýoly Galaktikasynyň bir çetinden beýleki çetine 100 müň ýyla golaý wagtda ýetýär. Galaktikanyň massasy 1,410″ Gün massasyna deňdir. Gün sistemasy Galaktikanyň Orion şahasynda, ýagny merkezden 10 kiloparsek uzaklykda ýerleşip, 250 km/s tizlik bilen hereket edip, Galaktikanyň töwereginde 180 – 200 million ýylda bir aýlaw edýär. Yyldyzlaryň hereket edýän tizligi Galaktikanyň merkezinden uzaklaşdygyça artyp, 9-10 kps uzaklykda iň ýokary derejesine, ýagny 255 km/s-e ýetip, soňra azalyp başlaýar. Bu bolsa Kepleriň kanunyna laýyk gelenok. Onuň sebäbini Galaktikanyň merkezindäki dykyzlykdan we merkeziň magnit meýdanyndan görýärler. Galaktikanyň dartyş güýjünden sypmak üçin merkezde 700 km/s tizlik bilen, Günüň çägindäki ýyldyzlar 610 km/s tizlik bilen, Galaktikanyň çetinde bolsa öz tizliklerinden 240 km/s uly tizlik bilen hereket etmelidirler. Akmaýanyň ýoluna iň ýakyn Galaktika bize garşy tarapda, Günden 80000 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär diýlip çak edilýär. Onuň düzüminde 100 müňe golaý ýyldyz bar diýip çak edilýär. Akmaýanyň ýoluna ýakyn Galaktikalaryň hataryna Uly we Kiçi Magellan bulutlary hem-de Andromeda dumanlyklary hem girýär. Olaryň hemmesi ýerli Galaktikalar toparyny düzýärler. Biziň Galaktikamyzyň Gün tarapynda giňligi 2 müň ýagtylyk ýylyna ýetýän üç sany täsin: Abdalgolak, Orion we Perseý şahalary bar. Abdalgolak şahasy merkezden 8,7 kps uzaklykda ýerleşýär. Iç ýüzünde Gün sistemasy ýerleşýän Orion şahasy Galaktikanyň merkezinden 10 kps uzaklykda ýerleşýär. Galaktikanyň Perseý şahasy merkezden 12,3 kps uzaklykda ýerleşýär. Ol şahalar aňyrdan gelýärlermi ýa-da golaýda 3-e bölünýärlenni – henize çenli mälim däl.

Ýerdäki we kosmosdaky dürli şöhlelere gözegçilik edýän ululy-kiçili teleskoplaryň kömegi bilen alnan soňky maglumatlar Galaktikanyň täze keşbini berýär. Soňky alnan maglumatlara görä biziň Galaktikamyzyň kesişýän şahalarynyň bardygy we Galaktikanyň merkezini, onuň esasy spiral şahalarynyň başlanýan ýerleri bilen birleşdirýän uzynlygy 27 müň ýagtylyk ýylyna ýetýän garry we gyzyl ýyldyzlardan bolan germewiň bardygy mälim boldy. Ol germewiň Gün sistemasyny Galaktikanyň merkezi bilen birleşdirýän çyzygyna 45 gradus eňňitdigini geçirilen hasaplamalar görkezdi. ABŞ-nyň älemşynaslarynyň bir topary Galaktikanyň tekizliginiň golaýynda ýerleşýän 30 milliona golaý ýyldyzy öwrenenden soň şeýle netijä geldiler. Galaktikanyň ýadrosynyň düzümine ençeme has uly gyzyl we gysga wagtda ýagtylygyny üýtgedýän sefeidler girýär. Galaktikanyň ýadrosy has uly ýyldyzlardan we adaty sefeidleriň has ýaş nesillerinden ybaratdyr. Olar merkezden uzakda ýerleşip, ýuka gatlagy ýa-da diski emele getirýärler. Bu ýyldyzlaryň arasynda tozan materiýasy we gaz buludy ýerleşýär. Kiçi gyzgyn ýyldyzlar we has uly ýyldyzlar Galaktikanyň töwereginde gurşaw sistemasyny emele getirýärler. Her Galaktikanyň merkezinde gara girdap bar diýlip hasap edilýär. Biziň Galaktikamyzyň merkezinde massasy 4 million esse Gün ýaly bolan „gara girdap“ bar diýlip çaklanylýar.

Beýleki Galaktikalar. Bize iň ýakyn Galaktikanyň biri hem Magellan bulutlarydyr. Olar Türkmenistanyň çäginden görünmeýärler. Geçirilen barlaglara görä, Uly we Kiçi Magellan bulutlary biziň Galaktikamyza iň ýakyn bolan Galaktikalardyr. Uly Magellan buludy Altyn Balyk, Kiçi Magellan buludy bolsa Tukan ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Ilkinji gezek olary Magellan bilen Ýeriň töweregine gämide syýahat edenleriň biri metbugat üsti bilen mälim edipdir. Şöhle Uly Magellan buludynyň bir gyrasyndan beýleki gyrasyna 10000 ýylda ýetýär. Kiçi Magellan buludynyň bir çetinden beýleki çetine ýetmek üçin şöhlä 4300 ýyl gerekdir. Uly Magellan buludyndan bize şöhle 196000 ýylda, Kiçi Magellan buludyndan bolsa 163000 ýylda ýetýär. Olar bize iň ýakyn Galaktikalardyr. Olar ýerli Galaktika toparyna girýärler. Olar biziň Galaktikamyzyň hemrasydyr. Ýerli Galaktika toparyna biziň Galaktikamyz we onuň golaýyndaky 20-den gowrak Galaktika girýär. Bu topara Andromeda dumanlygy Galaktikasy hem girýär. O1 bizden, takmynan, 2249400 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Andromeda ýyldyz dumanlygy Andromeda ýyldyzlar toparynda ýerleşýär. Oňa dürbüsiz göz bilen seretmek bolýar. Görünýän Galaktikalaryň köpüsiniň töwereginde täji bar. Onuň düzümine Galaktikanyň töweregini gurşap alan togalaga meňzeş kiçijik ýyldyzlar toplumy, ýyldyzara hem-de Galaktikanyň ýyldyzlarynyň daşyny gabap duran seýrek gazlar, tiz hereket edýän elektronlar, kosmos elektromagnit tolkunlary girýärler.

Galaktikalary şekilleri boýunça tapawutlandyryp bolýar. Galaktikalaryň köpüsi eilipse meňzeşdir. Emma spiral we olardan tapawutly şekillere meňzäp duran Galaktikalar hem bardyr. Galaktikalaryň öwrenilýän çägine Metagalaktika diýilýär. Metagalaktikanyň giňligi 13,7 milliard ýagtylyk ýylyna barabar diýlip çak edilýär. Bu netijä gelnen döwründe iň daşdaky asman jisimi, takmynan, Günden 7 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär diýip hasap edilýärdi. Sonky alnan maglumatlara görä, iň uzakdaky asman jisimi Günden 9,1 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top