Adaty däl ýyldyzlar

Görünýän ýyldyzlar biri-birinden diňe ýagtylyk saçyşlary, temperaturalary, ululyklary we reňkleri boýunça tapawutlanyp, fiziki taýdan beýle bir tapawutlanmaýan adaty ýyldyzlardyr. Adaty ýyldyzlar bilen bir hatarda göze görünmeýän ýönekeý, emma fiziki häsiýetleri boýunça has tapawutlanýan ýyldyzlar hem bar. Olara has täze, neýtron ýyldyzlary, kwazarlar, pulsarlar, “Gara girdaplar” we başga-da birnäçe ýyldyzlar degişlidir.

Has täze ýyldyzlar garaşylmadyk ýagdaýda partlama zerarly ýagtylygy müňlerçe esse artýan ýyldyzlardyr. Ýyldyz partlanda, onuň massasyna baglylykda merkezi bölegi neýtron ýyldyzlaryna, „gara girdaba” ýa-da ak karlige öwrülýär. Daşky gatlagy bolsa sekuntda birnäçe müň kilometre ýetýän tizlik bilen Äleme dargap gidýär. Muňa 1054-nji ýylda Öküzçe ýyldyzlar toparynda partlan we şondan bäri Äleme dargamagyny dowam etdirýän leňňeç şekilli dumanlyk mysal bolup biler. Bu has täze ýyldyzy gündizine hem görüp bolandygyny hytaý älemşynaslarynyň ýazgylary görkezýär. Emma 1006-njy ýylyň aprel-maý aýlary aralygynda Möjek ýyldyz toplumynda partlan ýyldyz has ýagty partlan ýyldyz diýlip hasaplanylýar. Şol döwürde asmanda birden peýda bolan bu täsin ýagty ýyldyz ençeme günüň dowamynda köpüň ünsüni özüne çekipdir. Oňa, esasan, günorta ýurtlarda, Hytaýda, Müsürde, Yrakda, Italiýada Şweýsariýada we Ýaponiýada gözegçilik edilendigi barada ýazgylar galdyrylypdyr. Ol ýyldyz barada has takyk maglumatlary Müsür lukmany we älemşynasy Ali bin Ridwan galdyrypdyr. Ali bin Ridwan ol ýyldyzy Zöhre ýyldyzynyň we doly bolmadyk Aýyň ýagtylygy bilen deňeşdiripdir.

Ýalpyldaýan ýyldyzlar wagtal-wagtal adaty ýyldyzlardan tapawutlanýan ýagdaýda bir wagtda Äleme öz massasynyň örän köp mukdaryny taşlap, gysga wagtlaýyn ýalpyldaýarlar. Bu hadysa, esasan, ýaş ýyldyzlarda bolýar. Oňa Kit ýyldyzlar toparynyň UV ýyldyzlaryna meňzeş üýtgeýän ýyldyzlar degişlidir.

Beýle bir ýyly bolmadyk kiçi ýyldyzlar – ak göýdük – karlikler. Olar ululyklary we şöhle saçyşlary boýunça Günden 10 essä golaý kiçi bolan ýyldyzlardyr. Ýyldyzyň termoýadro täsirleşmesi tamamlanandan soň, ol ýyldyz merkeze tarap gysylyp başlaýar. Şol ýyldyzyň massasy Günüň massasyndan 1,4 esseden artyk-bolmadyk halatynda, gysylma güýjüniň mukdary içki garşylyk bilen deňleşýän pursatyna çenli gysylýar we soňra partlap, örän dykyz, garamtyl radioişjeň kül ýyldyzyna öwrülýär. Olara sowuk kiçi ýyldyzlar (ak karlikler) diýilýär. Eger Gün sowuk kiçi ýyldyza öwrülse, onda onuň ululygy Ýer ýaly, dykyzlygy 200-300 tonna /sm3 bolardy.

Neýtron ýyldyzlary. Eger ýyldyzyň massasy Günüň massasyndan 1,4-3 esse artyk bolsa, onda ol radiusy 10-15 kilometre ýetýän togalak ýyldyza öwrülýär. Netijede, onuň dykyzlygy 2 • 1017kg /m3 bolýar we neýtron ýyldyzyna öwrülýär. Neýtron ýyldyzynyň güýçli magnit meýdany bolup, ol öz okunyň daşyndan bimäçe sekundyň dowamynda bir gezek aýlanýar.

Kwazarlar. Älemde gözegçilik edilýän iň täsin jisimleriň biri hem kwazarlardyr. Kwazarlar ýyldyza meňzeş, burç ululygy boýunça örän kiçi, ýagny has uzakda ýerleşýän, güýçli radiotolkunlary goýberýän asman jisimleridir. Kwazarlar 1967-nji ýylda açyldy. Olar asman jisimleriniň arasynda iň ýokary tizlik bilen bizden daşlaşýarlar we iň ýokary gyzyl süýşmä eýedirler. Kwazarlaryň goýberýän energiýalarynyň mukdary uly galaktikalaryň goýberýän energiýalarynyň mukdaryndan hem ençeme esse artykdyr. Älemşynaslar kwazarlara yzygiderli gözegçilik edýärler. Golaýda älemşynaslara Günden 9 milliard ýagtylyk ýyly uzaklykda, spiral Galaktikanyň aňyrsynda ýerleşen “QSO 2237 + 0303” kwazaryň täsin suratyny almak başartdy. Älemşynaslaryň hasabyna görä, bu kwazaryň şöhlesi Galaktikanyň dartylma güýjüne gyşaryp, spiral Galaktikanyň gapdallaryndan sowlup geçip, dört sany asman jisimi bolup düşüpdir. Aralykdaky Galaktikalaryň dartyş güýji ol kwazardan gelýän şöhläni bir ýere ýygnap, ýagtylygyny güýçlendiripdir.

Pulsarlar. Wagtal-wagtal belli bir ululykda radiotolkunlary Äleme goýberýän neýtron ýyldyzlaryna pulsarlar diýilýär. Ýyldyzlar massalary Günüň massasyna deň, emma göwrümi Günden müňlerçe esse kiçi (radiusy 10 km golaý) bolan neýtron ýyldyzlarydyr. Pulsarlar ýyldyzlaryň partlamasyndan soň galan kiçijik ýyldyzlar diýlip çak edilýär. Olaryň magnit meýdanynyň oky, ýyldyzyň aýlanýan okuna görä gyşyk bolýar we olar diňe magnit meýdanynyň okunyň ugruna radioşöhleleri goýberýärler. Netijede, olara diňe magnit meýdanynyň okunyň ugry Ýere gabat gelen halatynda gözegçilik edip bolýar. Pulsarlar radiotolkunlardan başga-da Äleme ýagtylyk, rentgen we gamma şöhlelerini hem goýberýärler. Iň haýal pulsar öz okunyň töwereginde 4 sekuntda bir, «ýyndamlary» 1 sekuntda 30-a golaý, has “ýyndamlary” bolsa 1 sekundyň dowamynda müňe golaý aýlaw edýärler. Käbir pulsarlaryň goýberýän radiotolkunlarynyň wagta görä üýtgeýändikleri mälim boldy. Ilkinji pulsar 1967-nji ýylda iňlis astronomy E. Hýuşyň ýolbaşçylygynda açyldy.

Gara girdaplar (gara deşikler) o1 görälik kanunyna laýyklykda asman gümmezinde bolaýmaly adatdan daşary ýokary dykyzlykly asman jisimi. Oňa Ýerden göni gözegçilik edip bolanok. Çünki onuň dartyş güýjünden sypmak üçin ýagtylygyň tizliginden ýokary tizlik bilen hereket etmeli. “Gara girdaplara” diňe olara gaçýan gazlaryň tolgunmaklary zerarly emele gelýän gysga tolkunly rentgen şöhleleri boýunça gözegeilik etmek bolýar. „Gara girdaplara” öwrülmek üçin, ýyldyzlaryň massasy Günüň massasyndan 4 esseden köpräk uly bolmaly. Degişli şertler dörän halatynda şeýle ýyldyzlar ömrüniň ahyrynda “gara girdaplara” öwrülip bilerler diýlip çak edilýär. Gara girdaplara öwrülmek üçin, dartylma güýji zerarly, adatdan daşary tiz gysylma gerek. Uly ýyldyzlar şöhle saçyp gutaranlaryndan soň dartyş güýjüniň täsiri astynda adatdan dasary tiz gysylyp, gara girdaba öwrülýärler diýlip çak edilýär. Häzirlikçe diňe gara girdabyň ýesirligine düşen ownuk parçalaryň tolgunmaklary sebäpli goýberilýän rentgen tolkunlaryna gözegçilik etmek bilen, olaryň ýerleri anyklanylýar.

Ýer bilen Güni gara girdaplara öwürmek üçin olary Şwarsşildiň radiusyna çenli gysmaly, ýagny olaryň häzirki massalaryndan hiç zat ýitirmän, gysyp, Ýeri 9 millimetrlik, Güni bolsa 3 kilometrlik şara öwürmeli. Eger-de Güni Şwarsşildiň radiusyna çenli gysyp bolsady, onda onuň 1 santimetr kubunyň massasy 18 milliard tonna golaý bolardy.

2005-nji ýylyň maý aýynyň başlarynda iki sany kiçi gara girdap birleşdi. Soňky alnan maglumatlara görä, Ýere iň golaý gara girdaba çenli aralyk 6 müň ýagtylyk ýylyna deňdir.

Ýyldyzlaryň ösüş ýollary. Bulutlara meňzeş maddalaryň ýuwaş-ýuwaşdan bir merkeze ymtylyp, gysylmaklary zerarly, ýyldyz emele gelýär diýlip çak edilýär. Içki temperaturasy millionlarça gradusa, basyşy bolsa milliardlarça atmosfera ýetende, ýadroda termoýadro täsirleşmesi başlanýar. Şol pursatdan täze ýyldyz döredi diýlip hasap edilýär. Asman jisimlerini öwrenmekdäki alnan maglumatlara görä, ýyldyzlaryň ösüş ýollarynyň olaryň Äleme şöhle saçyşyna, massalaryna we reňklerine baglydygy anyklanyldy. Ýyldyzyň şöhle saçyşynyň massa görä çalt we L = m39 kanunalaýyk ösýänligi mälimdir. Ýyldyzyň şöhle saçyşyny bilmek bilen “massa-şöhle saçyş” diýilýän baglanyşyk boýunça ýyly kiçi ýyldyzlardan başga islendik ýyldyzyň massasyny kesgitläp bolar. Şeýlelikde, ýyldyzlaryň belli bolan massalaryny we şöhle saçyşlaryny deňeşdirmek bilen, olar barada täze maglumatlaryň hem birgidenini anyklap bolýar. Ýyldyzlaryň şöhle saçyşyny olaryň temperaturasy we reňki bilen baglanyşdyrýan çyzga Gersşprung-Rasseliň çyzgysy diýilýär. Şol çyzgynyň ýokarsynda abssissa okuna parallel bolan aşa äpet ýyldyzlar yzygiderli ýerleşýär. Olaryň reňkleri we temperaturalary dürli bolsa-da, şöhle saçyşlary meňzeş diýen ýalydyr.

Öňki esasy yzygiderligiň ortasyndan ýokarlygyna saga tarap gyzyl äpet ýyldyzlaryň yzygiderligi aýrylyp gidýär, aşak tarapda bolsa dürli temperaturaly ýyly kiçi ýyldyzlar ýerleşýär. Şolar partlamagy ähtimal bolan täze ýyldyzlaryň we gyzgyn ýyldyzlaryň başga görnüşleriniň ak-mawy yzygiderligini düzýärler. Ýyldyzyň bu çyzgydaky omunyň, ozaly bilen, onuň massasy we ýaşy arkaly kesgitlenýändigini ylym görkezýär. Diýmek, çyzgy hem ýyldyzlaryň ösüş ýollaryny görkezýär.

Ýyldyz uly boldugyça, onuň jümmüşindäki temperatura hem şonça ýokarydyr we şeýle ýyldyzlarda wodorod çalt “ýanyp”, geliý gazyna öwrülýär. Mawy ýyldyzlar esasy yzygiderlikde bolmak bilen, wodorody 106 -107 ýylyň dowamynda, Gün bolsa öz wodorodyny 10’° ýylyň dowamynda “ýakar”. Diýmek, Günüň içki energiýasy ýene milliardlarça ýyla ýeter.

Ýyldyzlaryň ýadrosyndaky wodorodyň ýanmagy bilen onuň ösüş ýagdaýy çaltlanýar. Gyzyl äpetleriň dykyz we gyzgyn ýadrosynda geliýniň ugleroda öwrülmegi bolup geçýär. Geliýniň mukdarynyň azalmagy bilen täsirleşme gutarýar. Ýyldyz gysylyp başlaýar we ol sowuk kiçi ýyldyza öwrülýär. Beýle bir gyzgyn bolmadyk kiçi ýyldyzlar käbir ýyldyzlaryň ahyrky ýagdaýydyr. Şeýle ýagdaýa ýetmek üçin Güne ýene ençeme milliard ýyl gerek bolar. Ýyldyzly asmanda diňe bir haýal üýtgeşikler bolman, eýsem hatda partlama hadysalary hem bolup geçýän wagtlary bardyr. Käbir ýyldyzlar göräýmäge adaty ýyldyz ýalydyr, emma olar birden partlap, Äleme örän kän mukdarda ýyldyz plazmasyny pytradýarlar. Netijede, olar täze ýyldyzlara öwrülýärler. Partlan ýyldyzdan neýtron ýyldyzy emele gelýär. Onuň dykyzlygy atom ýadrolarynyň dykyzlygyna çenli artýar. Olar örän kuwwatly radio we rentgen şöhleleriniň çeşmesine öwrülýär. Neýtron ýyldyzynyň bir çaý çemçe maddasynyň Ý erdäki massasy 10 million tonna golaý bolmaly.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top