Astronomiýa

Ýyldyzlar Älemiň esasy jisimleridir

Aýsyz açyk gijelerde, säher yşygyndan uzakda, asman gümmezinde merjen däneleri ýaly ululy-kiçili, dürli reňklerde öwşün atýan ummasyz kän ýyldyzlary görmek bolýar. Göwnüňe bolmasa, olar sanardan juda artyk ýaly bolup dur. Emma, asman gümmeziniň bize görünýän we görünmeýän taraplarynda göreji sagdyn adamyň 6000-e golaý ýyldyzy görüp biljekdigi mälimdir. Ýyldyzlaryň reňkleri olaryň üstüniň temperaturasyna baglydyr. Ýyldyzlar Äleme […]

Ýyldyzlar Älemiň esasy jisimleridir Giňişleýin oka »

Günüň işjeňligi we elektromagnit şöhlelenmesi

Günüň atmosferasynda wagtal-wagtal döräp, bir-birinden tapawutlanýan ýokary zarýadly şöhle saçyşynyň barha artmagy zerarly, Günüň işjeňligi üýtgäp durýar. Netijede, Günüň fotosferasynda bimäçe kiçijik gara tegmiller döreýär. Olaryň umumy meýdany 200000 km2 çenli bolup, 10-20 gün saklanýar. Olara älemşynaslar eýýäm 4 asyryň dowamynda yzygiderli gözegçilik edip gelýärler. Ilkinji gezek garategmile Galileo Galileý 1609-njy ýylda gözegçilik edipdir. Ondan

Günüň işjeňligi we elektromagnit şöhlelenmesi Giňişleýin oka »

Gün we onuň gurluşy

Göze görünýän we görünmeýän ýyldyzlaryň arasynda bize has golaý ýyldyz Gündür. O1 Ýerdäki durmuşyň döremeginiň we onuň dowam etmeginiň esasy girewidir. Onuň massasy 2 • 1030 kg bolup, ol bizden orta hasap bilen 149,6 million kilometr uzaklykda ýerleşýär. Günüň suwuk gaza meňzeşligi sebäpli, onuň aýlanma tizligi ekwatoryň golaýynda 27 güne ýetýän bolsa, polýuslarynyň golaýynda 32

Gün we onuň gurluşy Giňişleýin oka »

Gün sistemasynyň kiçi jisimleri

Meteorlar we meteoritler. Asman gümmezinde görünýän iň täsin jisimleriň biri hem süýnýän ýyldyzlardyr-meteorlardyr. Halk arasynda süýnýän ýyldyzlar gömende: “Ynha, ýene biriniň ýyldyzy söndi – bir bende dünýäden ötdi” diýilýär. Şeýle pikire görä, asmandaky ýyldyzlaryň her biri bir adamyň ykbalydyr. Hakykatda, süýnýän ýyldyzlar özboluşly täsin asman jisimleridir. Olar kosmosdaky has kiçi jisimleriň ýollarynyň Ýere gabat gelen

Gün sistemasynyň kiçi jisimleri Giňişleýin oka »

Äpet planetalar 

Ýupiter planetasy (Müşter, Kerwengyran ýyldyzy) we onuň aýlary. Gün äleminiň 5-nji we iň uly planetasydyr. Ol Günden 778,3 mln. km uzaklykda hereket edip, onuň töwereginde bir aýlawy 11,9 ýylda tamamlaýar. Öz okunyň töwereginde 9,9 sagatda bir aýlanýar. Ýupiteriň diametri 142 600 km. Onuň massasy Ýeriň massasyndan 300 esse artyk. Magnit meýdany bar. Onuň içki gurluşy

Äpet planetalar  Giňişleýin oka »

Ýere meňzeş planetalar

Gadym zamanlardan bäri Gün sistemasynyň Merkuriý, Wenera (Zöhre), Mars, Ýupiter (Müşteri) we Saturn (Keýwan) planetalarynyň bardygy mälim. 1781-nji ýylda Gerşell tötänlikden Uran planetasyny açýar. Uranyň gyşarmasy boýunça 1846-njy ýylda Neptun planetasy açylýar. Uranyň we Neptunyň planetalarynyň gyşarmaklary esasynda bolsa, 1930-njy ýylda Pluton planetasy açylýar. Olary ýyldyzlaryň arasyndaky dürli ugurlara edýän hereketleri üçin “planeta”, ýagny azaşan

Ýere meňzeş planetalar Giňişleýin oka »

Günüň we Aýyň tutulmagy

Aýyň we Günüň tutulmagy, esasan, täze Aý doganda, doly Aýda (14-nji gije) we Aý ekliptika tekizliginde hereket edeninde bolýar. Çünki, diňe şol döwürde Gün, Aý we Ýer bir hatara düzülýär. Täze Aýda Gün-Aý-Ýer setiri emele gelýär we Gün tutulma hadysasy bolup geçýär. Aýyň 14-i gijesi Gün- Ýer-Aý hatary emele gelýär we şol döwürde Aý tutulma

Günüň we Aýyň tutulmagy Giňişleýin oka »

Pluton näme üçin planeta hökmünde kabul edilmedi?

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Pluton belli bir wagtdan soň planeta hökmünde kabul edilmedi. Ýöne onuň sebäbi näme? Halkara Astronomiki Birleşik (HAB) bir jisimiň planeta bolmagy üçin 3 şertiň möhümdigini bellediler. Muňa görä, jisim: Gün sistemasyna degişli bolmaly. Hawa, bu şert Plutonda bar. Özüni dogry şekile salyp bilmegi üçin ýeterlik çekiş güýji bolmaly. Hawa, bu-da onda bar.

Pluton näme üçin planeta hökmünde kabul edilmedi? Giňişleýin oka »

Aýdaky fiziki şertler

Aý Ýeriň tebigy hemrasydyr. Ol Ýere iň golaý asman jisimidir. Orta hasap bilen Aý Ýerden 384 40 km. uzaklykda hereket edip, Ýeriň töwereginde ýyldyzlara görä bir aýlawy 27,3 günde, Güne görä bolsa bir aýlawy 29,53 günde tamamlaýar. Aýyň öz okunyň töwereginde we Ýeriň töwereginde aýlanýan wagtlarynyň özara deňligi sebäpli, Ýerden elmydama onuň bir tarapy görünýär.

Aýdaky fiziki şertler Giňişleýin oka »

Gün sistemasy – umumy gelip çykyşy bir bolan jisimleriň toplumydyr

Asmanjisimleri öwrenilende, alnan maglumatlara görä, Ýerdäki ýaşaýşyň sebäpkäri bolan Günüň ýaşynyň Ýeriňkiden 0,5 mlrd. ýyla golaý uludygyna garamazdan, Gün sistemasynyň ululy-kiçili jisimleriniň hemmesi belli bir umumy kanunalaýyklykda emele gelipdir diýlip çak edilýär. Gün sistemasynyň jisimleriniň gelip çykyşy barada doly hem-de kanagatlanarly jogap berýän düşünjäniň ýoklugy üçin, häzire çenli Gün sistemasynyň gelip çykyşy barada täze-täze çaklamalar

Gün sistemasy – umumy gelip çykyşy bir bolan jisimleriň toplumydyr Giňişleýin oka »

Scroll to Top