Ýyldyzlaryň içki gurluşy we energiýa çeşmeleri

Älemde iň köp ýaýran jisimler ýyldyzlardyr. Ýyldyzlaryň maddasyna ýyldyz plazmasy diýilýär. Ýyldyz plazmasy ýokary temperaturaly we tiz hereket edýän elektronlaryň çakyşmagy sebäpli döreýän güýçli ionlaşan elektronlaryň we protonlaryň mukdary deňräk bolan neýtral maddadyr. Daşky elektrik we magnit meýdanlarynyň plazma bolan täsiri astynda dürli tolkunly elektromagnit we mehaniki yrgyldylar döreýär. Älemiň 98 % massasy ýyldyz plazmasyndan ybarat bolup, galan 2 %-i bolsa ýyldyzara boşlukdaky dürli hilli tozanlara degişlidir. Ýerde geçirilen tejribelerde maddany ýyldyz plazmasy ýaly halda saklamak juda kyndyr. Häzirlikçe, jisimi bu ýagdaýda bary-ýogy bimäçe sekuntlap saklap bolýar.

Ýyldyzlaryň içki gurluşy edil Günüň içki gurluşy ýalydyr. Günde bolup geçýän ähli hadysalar ýyldyzlara hem mahsusdyr. Diňe ýyldyzlar reňklerine görä özboluşly aýratynlyklara eýe bolup bilerler. Tapawut diňe ýyldyzyň Gersşprung-Rasseliň çyzgysynyň esasy yzygiderliginiň haýsy ýerindedigine baglylykda tapawutlanýar. Esasy yzygiderlikden aýratyn ýerleşýän ýyldyzlara hem termoýadro täsirleşmesi mahsusdyr.

Ýyldyzlaryň ömri köp elementleriň emele gelmegi bilen baglydyr. Ýyldyzlardaky fiziki şertleri öwrenmek üçin, maddanyň dürli fiziki ýagdaýlaryny bilmek örän zerurdyr. Ýyldyzlaryň esasy häsiýetnamalary hökmünde olaryň Äleme saçýan şöhlesiniň mukdary – şöhle saçyşy, massalary we göwrümleri ulanylýar. Adaty ýyldyzlarda bolup geçýän hadysalar Gündäki fiziki hadysalar ýalydyr we olaryň öz aralarynda tapawutlary şeýle bir uly däldir. Ýyldyzlaryň arasynda tapawutlanýanlary hem bardyr. Olar häsiýetleri boýunça, hil we mukdar taýdan bimäçe topara bölünýärler.

Günden tapawutlanýan ýyldyzlaryň biri hem goşa ýyldyzlardyr. Häzire çenli görünýän ýyldyzlaryň arasynda goşa ýyldyzlar az däldir. Beýle diýlende, teleskopda ýakyn aralykda ýerleşýän iki ýyldyza goşa ýyldyz diýip bolmaz. Çünki goşa ýyldyz bolmagy üçin, olaryň hökmany ýagdaýda özara baglanyşykly bolmagy şertdir. Olar belli bir merkeziň töwereginde ýa-da biri-biriniň töwereginde hereket etmelidir. Diňe şeýle ýagdaýda olara fiziki taýdan goşa ýyldyzlar diýilýär. Uly Ýedigeniň “susagynyň”sapynyň ujundan ikinji ýyldyzy Misar goşa ýyldyz bolup, ol Alkor bilen üçem ýyldyz sistemasyny döredýär. Misar-A bilen Misar-B-niň aralygy 14″ bolup, olar Alkordan 11 minut uzaklykda ýerleşýärler. Alkor we Misar umumy agyrlyk merkeziniň töwereginde 20000 ýylda bir aýlaw edýärler. Gadymy Spartada ýetginjek harby gulluga çagyrylanda Alkory we Misary saýgaryşy boýunça gözleriniň ýitiligi barlanylýar ekeni. Misar we onuň golaýynda ýerleşýän hemrasy teleskopda açylan ilkinji goşa ýyldyzdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top