Ýyldyz senenamasy

(G. Gurbandurdyýewiň «Türkmen milli wagt hasaplary

we senenamalary» atly kitaby boýunça)

Gadymy wagtlarda türkmen halky asman jisimleriniň hereketlerine gözegçilik edip, öz sene hasaplaryny ýöredipdirler, ýagny ekin ekmek, toý tutmak ýaly düýpli işlerinde  Güne, Aýa, ýyldyzlara esaslanypdyrlar. Halk arasynda olar bilen bagly yrymlar, çaklamalar döräpdir. Magtymguly Pyragynyň:

Ýer göteren sary öküz

Bilmen, niçe ýaşyndadyr.

Dört müň dört ýüz aýagy bar,

Hemmejesi döşündedir –

diýen şygryndaky sary öküziň Gün, dört müň dört ýüz aýagynyň bolsa ondan bölünip çykýan şöhlelerdigini synçy adamlar aňýarlar. Ýa-da «Sekiz topbak, ýedi ýaýraň, iki ýyndam, bir bek» diýen tapmaçanyň çözgüdi hem sekiz topbak Ülker, ýedi ýaýraň Ýedigen, iki ýyndam Aý bilen Gün, bir bek bolsa, Demirgazyk ýyldyzydyr.

Türkmen halky Günüň, Aýyň, ýyldyzlaryň hereketi bilen bagly ýyldyz senenamasyny hem ýöredipdir. Oňa çarwa hasaby hem diýilýär. Ata-babalarymyz ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtlaryna seredip, ýyl içindäki günleri 12 döwre bölüpdirler. Özi-de bu senenama ýörgünli wagt hasaplarynyň biri bolup, ol çarwaçylyk (maldarçylyk), çomruçylyk (ekerançylyk) işlerini alyp barmakda has amatly bolupdyr. Milady aý, gün hasabynda her aýda 28 (29), 30, 31 gün bar bolsa, ýyldyz senenamasynda günleriň sany ýyldyzlaryň dogup, ýaşmagy bilen baglydyr. Bu senenama boýunça, fewral aýynyň 22-sine togsan dolup, gyş gutarýar we ýaz pasly başlanýar.

Bu döwür beýik Magtymguly Pyragynyň «Ilimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza, togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz» diýen setirlerinde öz beýanyny tapypdyr. Ýyldyz senenamasy häzirki senenamada şu döwürlere gabat gelýär:

  1. Çarwa nowruzy – 22.02 – 20.03
  2. Nowruz – 21.03 – 22.05
  3. Ülker – 23.05 – 20.06
  4. Aralyk – 21.06 – 22.07
  5. Üçýyldyz – 23.07 – 11.08
  6. Ýaldyrak – 12.08 – 22.09
  7. Mizan – 23.09 – 22.10
  8. Akrap – 23.10 – 22.11
  9. Garagyş – 23.11 – 07.12
  10. Uly çille – 08.12 – 16.01
  11. Kiçi çillе – 17.01 – 05.02
  12. Ahyrky garagyş – 06.02 – 21.02

1. Çarwa nowruzy. Bu döwür fewral aýynyň 21-inde gyşyň gutarmagy bilen başlanýar, ýagny çarwa hasaby boýunça aňzak gyş gutaryp, pasyllaryň soltany ýaz gelýär. Bu hasaba «Togsan doldy» ýa-da «Çarwa nowruzy» diýilýär. Çarwa nowruzy fewralyň 22-sinden tä martyň 20-sine çenli dowam edýär. Çarwalar bu döwri «Ýeliň aýy» diýip hem atlandyrýarlar. Bu dowürde çarwalaryň, çopandyr çoluklaryň işi ýetik bolýar. Owlak-guzy alynýar. Bu döwür gyş bilen bahar paslynyň çalyşýan döwri bolany sebäpli, ýyly howa häli-şindi sowuk howa bilen çalşyp durýar.

Umuman alanyňda, Çarwa nowruzy özboluşly howasy bilen tapawutlanýar. «Togsan doldy», Çarwa nowruzynyň başlanan güni ata-babalarymyzyň aý-gün hasabynda gyşyň gutaranlygynyň, ýaz paslynyň bolsa başlananlygynyň alamatydyr.

2. Nowruz – Gündogaryň iň gadymdan gelýän toý-baýramlarynyň biri hasaplanýar. Bu baýramçylygyň aňyrsynda astronomik sebäpler ýatyr. Ol gyşyň, sowuk howanyň doly sowlup, tebigata jan girmesi bilen alamatlanýar. Nowruz baýramçylygy her ýylyň mart aýynyň 21-inde Milli bahar baýramy hökmünde döwlet derejesinde bellenip geçilýär.

Gün şol wagt Balyklar ýyldyzlar toparynda bolup, ýer ýüzünde gije bilen gündiziň ýazky deňleşmesi bolýar we astronomik ýaz pasly başlanýar. Gün şol gün gös-göni gündogardan dogýar. Gün Aşgabat şäherinde sagat 7-de dogýar, agşam sagat 19-da bolsa ýaşýar.

Nowruz döwri martyň 21-inden maý aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. Bu dowürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki çigrek howa sowulýar, howanyňortaça temperaturasy + 10 °C-den ýokary geçýär we ýagýan ygalyň mukdary çürt-kesik artýar, tebigat doly janlanýar. Nowruzda gündizler uzalýar, babadaýhanlar köpçülikleýin ýaz ekişine girişýärler. Mart aýynyň ahyry aprel aýynyň 20-si aralygynda ýurdumyzyň ähli ýerinde gowaça ekişi geçirilip gutarylýar, gawun-garpyz, kädi gämikleýär we bakja ekinleriniň şitilleri açyk meýdana geçirilýär.

3.Ülker. Bu döwür maýyň 23-ünden iýunyň 20-sine çenli dowam edýär. Ülker 8–9 sany köreksi ýyldyzlardan ybarat bolup, Teles (Öküzçe) ýyldyzlar toparyna degişlidir. Ülker ýyldyzlar toplumy aprel aýynyň 12-sinde agşamara ýaşýar we maý aýynyň 23-ünde irden dogýar. Ülker asmana galyp ugrandan soň, tomus düşýär. Muny «Ülker dogdy – tomus, ýaşdy – gyş» diýen atalar sözi hem tassyklaýar. Ülker dogandan soň arpa, bugdaý oragyna girişilýär. Şonuň üçin

«Ülker desse astynda galmaz» diýen halk pähimi döräpdir. Ülker döwründe howa bulutlaşyp, yzygiderli ýagyş ýagýar. Muňa türkmenler «Ülker suwa batdy» diýýär. Ir gyrkylan goýunlaryň buýup, heläk bolýan wagtlary seýrek bolmaýar. Ol halk tarapyndan «Ülkerden öň gyrkma goýny, ýeserdir Ülkeriň oýny» diýen aýtgylarda teswirlenipdir.

Ata-babalarymyz ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagtyndan hasap tutup, ekerançylyk işlerini geçiripdirler. Meselem, Ülker batandan 20 gün geçende (maý aýynyň 2-si), jöwen, kenep, künji, 40 gün geçende (maý aýynyň 22‑si) şaly ekilipdir we güýzlük däneli ekinleri ýygnamaga girişipdirler, 60–70 gün geçende (iýunyň 2–10-y aralygy) bolsa, nohut, dary ýaly oba hojalyk ekinlerini ekip gutarypdyrlar. Şu ýerde daýhanlaryň Ülker hasabynyň häzirki ylmy esasda alnyp barylýan ekiş wagtlaryna dogry gelýändigini bellemek gerek.

Şeýlelikde, ata-babalarymyzyň paýhasyndan geçen Ülker hasaby häzir hem oba hojalygynda ähmiýetini ýitirmän gelýär.

4.Aralyk. Bu döwür iýunyň 21-inden tä iýulyň 22-sine çenli dowam edýär. Aralyk ýyldyz ady bolup, ol astronomlaryň arasynda Aldebaran ady bilen bellidir. «Aldebaran» arapçadan türkmençä geçirilende «Yzyndan barýan» diýmekdir. Sebäbi ol Ülker ýyldyz toplumynyň yzyndan ýöreýär. Oňa türkmen halky «Goşagylaw» diýýärler. Aralyk ýyldyzy Öküzçe (Teles) ýyldyzlar toparyna degişli bolup, gyzylymtyl öwüşginli goşa ýyldyzdyr. Käbir ýerlerde oňa Kör öküz gözi hem diýýärler.

Aralyk ýyldyzynyň dogýan wagty gije-gündiziň ýazky we güýzki deňleşme pursatlarynyň aralygyna dogry gelýär. Iýun aýynyň 21–22-sinde Ýeriň Demirgazyk ýarym togalagynda iň uzak gündiz we iň gysga gije bolýar. Astronomik jähetden tomus pasly başlanýar. Bu döwürde ygalyň arasy kesilip, tomsuň jowzaly yssy we gurak howasy başlap, topragyň üstüniň temperaturasy +70 °C-e, howanynky bolsa +40 °C…+45 °C-e çenli gyzýar. Aralyk ýyldyzy dogandan soň, ýagny iýun aýynyň 21-ine gündiz uzalyp, ýetjek derejesine ýetýär, gije bolsa gysgalýar. Gündiziň uzynlygy 14–15 sagada golaýlaýar.

 5.Üçýyldyz. Üçýyldyzyň dürli halklarda 21-den gowrak ady bar. Gazaklarda ony «Üç arhar», hakaslarda «Üç maral», «Üç at», demirgazyk amerikaly indeýlerde «Üç sugun», eskimoslarda «Üç dogan», belaruslarda «Üç uýalar» diýip atlandyrylýar. Ol dikleýin ýerleşen üç sany ýagty ýyldyzdyr. Üçýyldyz iýulyň 23-ünde dogýar we bu döwür awgustyň 12-sine, ýagny Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň daňdanlar görünýän wagtyna çenli dowam edýär. Üçýyldyz döwrüniň dowamlylygy bary-ýogy 20 gün bolany sebäpli, bu döwür halk arasynda saryja tomus diýlip hem atlandyrylýar. Bu döwürde gündizine howanyň temperaturasy +40 °C…+46 °C çenli ýokary galýar. Gijesine bolsa az-kem sowaşýar. Munuň ýaly ýagdaýda Garagumuň çägeliklerinde gijesine çyg hem düşäýýär. Şu ýerden hem «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen atalar sözi döräpdir. «Tün» diýmek gije, garanky diýen manyny berýär. Üçýyldyz döwri bilen baglanyşykly ýene-de bir nakyl bar: «Ýaldyragyň ýangyny – Üçýyldyzyň galgyny». Beýle diýildigi, entek Ýaldyragyň doglany görülmänkä, Üçýyldyz ep-esli ýokary galýar diýildigidir. Ol, şeýle hem, bu döwrüň entek örän yssylygyndan habar berýär.

 6.Ýaldyrak. Bu döwür gündogar gözýetimde daňdanlar Uly Köpek ýyldyzlar toparyna degişli iň ýagty ýyldyz bolan Ýaldyragyň dogmagy bilen başlanýar. Ýaldyrak awgustyň 12-sine dogýar we sentýabryň 22-sine çenli dowam edýär.

7.Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we ol tomsuň «Uly çillesi» hasaplanýar. Ýaldyragyň latynça ady Sirius. Ýaldyragyň dogmagy howanyň az-kem salkynlamagynyň alamaty hasaplanýar. Emma şeýle-de bolsa, jowzaly yssy howa, ýalynly günler entek aýrylyp gidibermeýär. Bu döwürde hem edil Üçýyldyz döwründäki ýaly Türkmenistanyň çäginde açyk we ygalsyz howa bolup, ortaça aýlyk temperatura +28 °C… +31 °C, aňry çägi bolsa +48 °C bolýar. Muňa garamazdan, gijelerine, esasan hem, daňdanlar howa salkynlaşýar. Şol döwürden başlap, kem-kemden howanyň temperaturasy peselip, çyglylygy artyp başlaýar. Ýaldyrak has ýagty ýyldyzlaryň biri. Ol Gün ulgamyna golaýlygy boýunça ýyldyzlaryň arasynda ýedinji orunda durýar. Ýaldyrak gabarasy, massasy we gyzgynlygy babatda Günden 2 esse ýokarydyr. Onuň ýagtylanyjylygy Günden 24 esse güýçlüdir.

Mizan döwri sentýabryň 23-ünden oktýabryň 22‑sine çenli dowam edýär. «Mizan» sözi terezini aňladýar. Bu döwürde gije bilen gündiziň güýzki deňleşmesi bolup geçýär. Mizan döwründe hemme oba hojalyk ekinleri bişip ýetişýär. Mizan döwründe hemme günler yssy bolmaýar. Gündiz gysgalyp, gije uzap başlaýar. Gijelerine howa salkynlaşýar. Halk arasynda «Mizanda duýdyryn, akrapda akdyryn, akrapda urmasam, ahyrýetde-de urmaryn» diýen aýtgy bar.

8.Akrap. Bu döwür oktýabryň 23-ünden noýabryň 22‑sine çenli dowam edýär. «Akrap» arap sözi bolup, ol içýan diýmekdir. Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlarynda ilkinji çigrek howalar bolup, oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Howa durnuksyz bolýar, häli-şindi üýtgäp durýar. «Akrap geler gygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp» diýlişi ýaly, howa bulaşyp, güýz ýagyşlary ýagyp başlaýar.

Akrap gyşyň öňüsyrasyndaky döwür hasaplanýar. Akrabyň gelenliginiň buşlukçylarynyň biri hem göçýän guşlardyr. «Durna geçdi – duluňy ýap, gaz geçdi – gapyňy ýap» diýilmegi, sowuk howanyň golaýlaşýandygyndan habar berýär. Sebäbi göçýän guşlar bu aýda demirgazykdan ýyly günorta ýurtlara uçup geçýärler. Bu aýda agaçlaryň ýapraklary saralyp, ýere düşüp başlaýar.

9.Garagyş. Ýyldyz senenamasyna görä, gyş pasly noýabryň 23-ünden fewralyň 21-ine çenli dowam edýär. Ýöne ata-babalarymyz gyş paslyny dört döwre bölüpdirler:

Garagyş (23.XI–7.XII) gyşyň başlangyjy, uly çille (8.XII–16.I) gyşyň örküji, kiçi çille (17.I–5.II) we ahyrky garagyş (6.II–21.II). Olar jemi 90 güne deň bolup, bu döwürler ýagty ýyldyzlaryň dogýan we ýaşýan wagty bilen baglydyr. Ýyldyz senenamasynyň dowamlylygy ýurdumyzyň hemme ýerinde birmeňzeş däldir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 11-nji synplar üçin “Özüňi alyp barmagyň medeniýeti” dersi boýunça okuw kitaby

 

Teswir ýaz

Scroll to Top