Älemiň gurluşy

Gyzyl reňkdäki süýşme. Älemiň giňelmegi. Älemiň gurluşy we ösüşi. Älem giňdir we Älem geňdir. Bize görünýän ýyldyzlar Älemiň iňňän kiçi bir parçasydyr. Olar biziň Galaktikamyzyň ýyldyzlary bolup, Akmaýanyň ýoly galaktikasyny emele getirýärler. Bize görünýän ýyldyzlar, şeýle seredilende, hereket etmeýän ýalydyr.

Emma baryp XVIII asyrda Ýaldyrak (Sirius) ýyldyzyna onlarça ýylyň dowamynda edilen gözegçilikler esasynda onuň hereket edýändigi anyklanyldy. Ýaldyrakdan soň başga-da köp ýyldyzlaryň hereket edýändigi mälim edilýär we ýyldyzlaryň hususy hereketleri baradaky maglumatlar ýyldyz kataloglaryna girizilip başlanýar. Hereket edýän ýyldyzlaryň arasynda iň „ýyndamy“ diýlip, Bernardyň uçýan ýyldyzy hasaplanylýar. O1 ýyldyz her ýylda gije bilen gündiziň ýazky deňleşýän nokadyna görä, omuny 10 sekunda golaý üýtgedip, iki asyryň dowamynda Aýyň görünýän diametri ýaly ýol geçýändigi anyklanyldy. Onuň şeýle tiz hereket edýändigi sebäpli, bu täsin ýyldyza “uçýan ýyldyz” diýlip at dakyldy. Golaýdaky ýyldyzlaryň hereketleri netijesinde, olaryň bize görünýän şekilleri ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýär. Muňa Uly Ýedigeniň ýedi ýagty ýyldyzynyň aradaşlyklarynyň üýtgeýşi mysal bolup biler. Uly Ýedigeniň 7 ýagty ýyldyzynyň orunlary 100 müň ýylda göze bildiräýjek derejede üýtgeýär. Demirgazyk ýarym togalakda göze görünýänleriň arasynda iň ýyndamy Arktur ýyldyzydyr. O1 bir ýylyň dowamynda öz omuny 2 sekunda golaý üýtgedýär.

Älemiň gurluşy baradaky işlerde Habblyň hemişeliginiň uly ähmiýeti bar. Sebäbi, onuň kömegi bilen Älemiň ýaşy we giňelişi kesgitlenilýär. Eýnşteýniň taglymatyna görä, Älem giňelýär, emma älemşynas Fridman onuň gysylma häsiýetiniň bolaýmagynyň ähtimaldygyny belleýär. Alnan maglumatlara görä, Gün 250 km/s tizlik bilen hereket edýän bolsa, ol golaýdaky ýyldyzlara görä, 20 km/s tizlik bilen hereket edýär. Günüň Galaktikada uçup barýan nokadyna apeks nokady diýilýär. O1 Gerkules ýyldyz toparyna tarap hereket edýär.

Älemiň düzüminde biziň Galaktikamyz biçak kiçijik omy tutýar. Älemde biziň Galaktikamyzdan, ýagny Akmaýanyň ýoly Galaktikasyndan başga-da millionlarça, milliardlarça Galaktikalar bar. Galaktikalaryň hemmesiniň özara giňelýändiklerini olaryň spektrleri görkezýär. Galaktika näçe uzakda bolsa, onuň gyzyl süýşmesi şonça-da artýar. Az sanly golaýdaky Galaktikalarda spektral çyzyklaryň melewşe tarapa süýşýändigini görmek bolýan hem bolsa, olaryň aglabasynda diňe gyzyl süýşmä gözegçilik edip bolýar. Galaktikalaryň daşlaşýan tizligi, olara bolan aralyga baglydyr. Şeýlelik bilen, iň uzakdaky Galaktikalar bizden, takmynan, 60000 km/s tizlik bilen uzaklaşýarlar.

Gün sistemasynda ýaşaýyş. Adamzady hemişe: “Biz Älemde ýekemi ýa-da bizden başga-da aňly-düşünjeli durmuş barmy?” diýen sorag gyzyklandyryp gelýär. Gün sistemasynyň planetalarynda ýaşaýşyň bardygy ýa-da ýokdugy hakdaky sowal bizi has hem tolgundyrýar. Älem ýeterlik öwrenilmedik bolsa-da, Gün sistemasynyň içki we daşky planetalary, hatda olaryň hemralary barada alnan örän kän maglumatlara görä, henize çenli ol ýerlerde ýaşaýşyň alamatyny tapmak başardanok.

Ýerden başga sekiz planetanyň arasynda Ýere diňe Mars sähelçe çalym edýär. 1877-nji ýylda Marsyň üstünde kanallaryň açylmagy bolsa älemşynaslaryň ony hemme-taraplaýyn öwrenmek islegini has-da artdyrdy. Sebäbi, kanallardan başga-da, Marsda hem edil Ýerdäki ýaly gije-gündiz çalyşýar. O1 ýerdäki howa şertleri bolsa edil Ýeriň altynjy yklymyny (materigini), ýagny Antarktidany ýada salýar. Marsyň howasynyň dykyzlygy Ýeriň howasynyň dykyzlygyndan 30 essä golaý az bolmak bilen tapawutlanýar. Ilkinji gezek italiýaly alym Skiaparelli Marsyň üstünde kanallara meňzeş sudurlaryň bardygyny açanyndan soň we Loweliň bolsa: „O1 kanallary adama meňzeş jandarlar guran bolaýmasyn?“ diýen çaklamasyndan soň, bu täsin planeta älemşynaslary has-da özüne çekdi. Henize çenli alnan maglumatlara görä, Marsyň üstünde ýaşaýşyň, hatda örän sada gömüşiniň hem alamatyny tapmak başardanok. Oňa garamazdan, Marsyň öwrenilmegi dowam etdirilýär. Beýleki planetalarda ýaşaýyş üçin şertler biçak ýowuzdyr.

1-nji Merkuriý planetasynda asla howa ýok diýen ýaly. Onuň üstüniň gyzgynlygy +420 gradus gyzgynlykdan -120 gradus sowuga çenli üýtgeýär.

2-nji planeta bolan Weneranyň üstündäki galyň bulutlar zerarly, onuň üstüne Günüň şöhlesi ýetenok. Oňa garamazdan, onuň üsti juda gyzgyndyr. Ol ýerde howanyň basyşy Ýeriň howasyndaky basyşdan 90 esse artykdyr. Marsdan daşky planetalar asla Ýere meňzänoklar. Ýupiter wodoroddan we geliýden emele gelendir. Onuň galyňlygy 1000 km-den gowrak bolan atmosferasy bar. Ýupiteriň metala öwrülen ýadrosy, gaty wodorod gabygy we üstünde bolsa suwuklyga öwrülen wodorod “okeanlary” we “deňizleri” bar. Atmosferasynyň 60 km beýikliginde edil Ýeriň üstündäki ýaly şertler bar. Ondan ýokarlarda atmosferanyň temperaturasy peselip, atmosferanyň ýokary gatlagynda -160° S gradusa çenli sowaýar. Beýleki uly planetalar hem Ýupitere meňzeşdir. Diňe Satumyň hemrasy Titanda Ýeriň atmosferasyna meňzeş atmosfera emele gelipdir. Oňa garamazdan, Gün sistemasynyň bu ýerlerinde temperatura 200 gradusa çenli sowaýar.

Älemde ýaşaýyş. Eger Gün sistemasyndan uzaklaşyp, Galaktikamyzyň dürli künjeklerinden Ýerdäki ýaly ýaşaýşy gözlesek, onda ony öz Günümiz ýaly orta möçberli ýyldyzlardan gözlemelidiris. Galaktikamyzdaky 100 milliarda golaý ýyldyzdan 40000-e golaýy Güne örän meňzeşdir. Olarda planetalar sistemasy bolup, ýaşaýşyň ähtimallygy juda ýokarydyr. Iň ýakyn ýyldyz bolan Sentawranyň Proksimasyndan (Proksima golaýdaky diýmekdir) şöhle bize 4,22 ýylda gelip ýetýär. Üçünji kosmos tizligi bilen, ýagny 16,6 km/s tizlik bilen uçulanda Proksima ýetmek üçin, takmynan, 76208 ýyl gerek.

Başga ýyldyzlarda täze, dürli ululykdaky planetalaryň açylandygy baradaky maglumatlar metbugatda peýda bolup dur. Häzire çenli başga ýyldyzlaryň töwereginde aýlanýan 300-e golaý planetany açmak başartdy. Ýaşaýşyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak üçin, alymlar başga ýyldyzlardaky planetalaryň 10-syny saýladylar. Olar saýlanylanda, merkezi ýyldyzyň Güne meňzeşdigi, planetalaryň ululyklary we merkezi ýyldyzdan uzaklyklary nazara alyndy. On planetanyň ilkinjisi Täzy ýyldyz toparynyň Bettasynyň töwereginde aýlanýar. O1 Günden 26 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýär. Ikinji orunda 40 ýagtylyk ýyly uzaklykda ýerleşýän Garward katalogynyň HD 10307 belgili planetasydyr. Şol onluga Pegasyň 51-nji ýyldyzyndaky 1995-nji ýylda ilkinji açylan planeta hem girýär. Bimäçe ýylyň dowamynda şol 10 planeta durmuşyň alamatyny tapmak üçin hemme taraplaýyn öwreniler.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan, 10-njy synplar üçin “Astronomiýa” dersi boýunça okuw kitaby

Teswir ýaz

Scroll to Top